Golaýda kabul edilen «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Elektron hökümet hakynda Türkmenistanyň milli kanunçylygy Konstitusiýa esaslanmak bilen, ýokarda agzalan Kanundan hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. Ol elektron hökümetiň işiniň tertibini kadalaşdyrmakda, bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan resminamadyr. Mälim bolşy ýaly, döwlet dolandyryş we hyzmat ediş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar.
Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy, täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk, şol sanda sanly hyzmatlary köpeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Innowasion ýol bilen ösüşi şertlendirýän sanly ulgam ähli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine yzygiderli ornaşdyrylýar. Munuň özi köpugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, iri möçberli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna, şeýle hem döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini, dessinligini we aýdyňlygyny üpjün etmäge aýratyn täsirini ýetirýär.
Syýasatçylar, ykdysatçylar we bilermenler tarapyndan «sanly ykdysadyýet» adalgasy giňden ara alnyp maslahatlaşylýan meselä öwrüldi. Muny köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen düşündirip bolar. Biziň häzirki ýaşaýan maglumatlar jemgyýetimizde, önümçilige garanyňda, hyzmatlar ulgamy agdyklyk edýär. Şu sebäpli maglumat tehnologiýalary esasy orun eýelemek bilen, ol adamlara hyzmatyň mehanizmini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýär. Internetiň ýüze çykmagy, bu ählumumy tora elýeterliligiň bahasynyň peselmegi dünýäde hakyky maglumat öwrülişiginiň bolup geçendigini, onuň netijesinde durmuşyň, şol sanda ykdysadyýetiň özgerýändigini görkezýär.
Soňky ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge dünýä döwletleriniň islegleriniň has-da artmagyny onuň ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmekde we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary hilini üpjün etmekde döredýän artykmaçlyklary bilen düşündirip bolar. «Sanly ykdysadyýet» adalgasy ilkinji gezek 1995-nji ýylda amerikan alymy Nikolas Negroponte tarapyndan teklip edilýär. Ol bu adalgany ozalky ykdysadyýet bilen deňeşdirilende, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň okgunly ösmegi netijesinde kemala gelýän täze ykdysadyýetiň artykmaçlyklaryny häsiýetlendirmek üçin ulanypdyr. Onuň esasy aýratynlygy sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysady işi aňladýar. Adalgada «ykdysadyýet» sözi esasy kesgitleýji söz bolup durýan hem bolsa, bu özgertmäniň netijesinde giň ugurlarda — jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, adamlaryň özüni alyp barşynda, dünýägaraýşynda belli bir özgerişlikleriň bolup geçýändigi aýratyn bellärliklidir. «Sanly» sözi ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde tehnologiýalaryň täze görnüşiniň, hususan-da, internetiň ýüze çykmagy we gündelik durmuşymyzdan başlap, önümçilikde hem-de hyzmatlar ulgamynda olaryň giňden ýaýramagy bilen baglanyşyklydyr. Bu ýagdaý sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen, täze durmuş hakykatyny aýdyň görkezýär.
Täze tehnikalara we tehnologiýalara islegiň barha artýan döwründe sanly ykdysadyýete durnukly ösüşiň iteriji güýji hökmünde garalýar. Ol ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Sanly ykdysadyýetde önümçiligiň esasy faktory sanly görnüşdäki maglumatlardyr. Uly göwrümli maglumatlaryň gaýtadan işlenmegi we seljermäniň netijeleriniň giňden ulanylmagy hojalygy ýöretmegiň adaty görnüşinden tapawutlylykda, dürli önümçilikleriň, tehnologiýalaryň, enjamlaryň, şeýle-de harytlaryňdyr hyzmatlaryň getirilişiniň, saklanyşynyň we ýerlenişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly ykdysadyýetde uzak möhleti nazarlaýan döwlet syýasaty zerurlyk bolup öňe çykýar. Daşary ýurt tejribesinden görnüşi ýaly, sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýete geçmek belli bir wagty, serişdeleri we inženerçilik işini doly ele alan hünärmenleri talap edýär. Bu ugruň ösmegi üçin «döwlet — jemgyýet — ylym — işewürlik» gatnaşyklarynda düýpli özgerişlikleriň amala aşyrylmagy hem zerur şertleriň biridir. Şunda ylmy we tehnikany ösdürmek bilen bir hatarda, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak örän möhümdir.
Sanly ykdysadyýetiň kanunçylyk binýadyny berkitmek, döwrebaplaşdyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, «Kiberhowpsuzlyk hakynda» hem-de «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny, 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýalary, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edilip, Pudagara topar döredilip onuň düzümi tassyklandy.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dürli hyzmatlary sanly görnüşde bermek bilen, olary dürli, şol sanda kiberhowplardan we kiberhüjümlerden goramak işleri-de alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, kibergiňişlikde milli bähbitleri, adamyň hem-de raýatyň hukuklarynydyr azatlyklaryny goramagyň guramaçylyk we hukuk esaslaryny kesgitlemekde, ýurduň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmekde «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny uly ähmiýete eýedir. Maglumat alyş-çalşygynda, ony okamakda we saklamakda häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanmak, hyzmaty ýeňilleşdirmek hem-de tizleşdirmek maksady bilen, dünýä tejribesinde giňden ulanylýan QR-kod, ýagny dessin tassyklanýan kod arkaly hyzmatlary ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýady «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny arkaly berkidildi.
Ösen ýurtlarda ornaşdyrylýan hem-de oňyn netijeleri berýän köpugurly «Bir penjire» ulgamy ilata köp görnüşli sanly hyzmatlary hödürlemekde adam faktoryny aradan aýyrýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kesgitlenilişi ýaly, «Bir penjire» söwda we logistika bilen meşgullanýan taraplara ähli import, eksport we üstaşyr amallarda kadalaşdyryjy talaplary ýerine ýetirmek üçin ýeke-täk ulgamdan peýdalanyp, standartlaşdyrylan maglumatlary we resminamalary ibermäge mümkinçilik berýän mehanizmdir. Bütindünýä Söwda Guramasy hem agza döwletlerini bu ulgamy döretmäge çagyrýar. Çünki ol söwdanyň ösmegine, aňsatlaşdyrylmagyna uly itergi berýär. Telekeçilere wagty we çykdajyny tygşytlamaga mümkinçilik döredýär. Şeýle-de söwda bilen meşgullanýan taraplaryň we döwlet edaralarynyň arasyndaky maglumat dolanyşygyny çaltlaşdyrmakda hem-de ýönekeýleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
Biziň ýurdumyzda-da milli we sebitleýin «Bir penjire» ulgamyny döretmekde maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda köpugurly «Bir penjire» bilen bagly kadalar beýan edildi. Olar halka edilýän sanly hyzmatlaryň dürli görnüşini bir ýere jemledi. «Eksport-import amallary üçin «Bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topar döredildi. Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin «Bir penjire» taslamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň, Ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Sanly ulgamyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, pudagara elektron maglumat alyş-çalyş işiniň, elektron döwlet hyzmatlarynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bu çygyrda gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, ýakynda «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Onda elektron hökümetiň işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrmakda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, ygtyýarly edaranyň hem-de beýleki döwlet edaralarynyň mümkinçilikleri kesgitlendi. Elektron hökümetiň esasy wezipeleri, ýörelgeleri, kömekçi hyzmat ediş pudaklary, döwlet maglumat binýatlary hem-de ýeke-täk barabarlandyryjysyndan peýdalanmak bilen bagly kadalar beýan edildi. Döwlet edaralarynyň resmi web-saýtlary we döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portaly, resminamalaryň bir ülňä getirilmegini amala aşyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawy, görnüşleri, ýerine ýetirilişiniň hiline baha bermek, elektron döwlet hyzmatlaryna hem-de olaryň ýerine ýetirilmegi baradaky sargytnama bildirilýän talaplar, sargyt edijileriň hukuklary kesgitlendi. Pudagara elektron maglumat alyş-çalşygynyň, döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlarynyň we gorlarynyň işi bilen bagly kadalar resmileşdirildi.
Durmuşymyza yzygiderli ornaşýan, hemmämiz üçin elýeterli bolan elektron tölegler, internet söwda, internet mahabatlandyrmasy sanlylaşdyrylan ykdysadyýetiň oňyn netijeleriniň diňe käbiridir. Şunda maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçiliklerini giňden ulanmagyň netijesinde sarp edijileriň gymmatly wagtynyň we serişdeleriniň tygşytlanmagyna, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilmegine, kagyz göterijide ulanylýan maglumatlaryň sanynyň azalmagyna sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň döredýän amatlyklary hökmünde baha bermek bolar.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde daşary ýurtlaryň tejribesini öwrenmek arkaly ylym-bilim ulgamy-da düýpli özgerdilýär. Elektron senagat depginli ösdürilýär. Elektron tölegler we internet söwda hyzmatlary ornaşdyrylýar. Ulgamyň maddy-tehniki hem-de kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu özgertmeleriň geljekde has guwandyryjy netijelere ýetirjekdigine şek-şübhe ýokdur.
Gahryman ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.