Türkmen telekeçileri ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, döwrebap önümçilikleri ýola goýup, täze iş orunlaryny döretmek wezipesine örän jogapkärli çemeleşýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Begmyrat Işanowyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän, «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän kärhanasy-da şeýle kärhanalaryň biri bolup, onda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda uly zähmet üstünlikleri gazanylýar.
Işewürlikde uly tejribesi bolan telekeçiniň konditer kärhanasy ýurdumyzda döredilen döwlete dahylsyz düzümleriň ilkinjileriniň biridir. Häzirki wagtda bu ýerde ýokary hilli süýji önümleriniň 50-ä golaý görnüşi öndürilip, owadan, göze gelüwli gaplara gaplanylýar we elýeterli nyrhlar bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki söwda nokatlaryna ugradylýar.
Kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 5 müň tonna süýji önümlerini öndürmäge niýetlenilendir. Bu ýerde haryt nyşany bilen süýji önümleriniň dürli görnüşi öndürilýär. Dürli agramdaky tagamly önümleri «Garagum», «Ýyldyz», «Aýazbaba», «Ülje», «Keýik», «Maýa», «Täç», «Aýly agşam» ýaly milli nyşanlar bezeýär. Ýakynda kärhanada «Çopantelpek», «Taýçanak» atly süýji önümleriniň täze görnüşleri hem öndürilip başlandy.
«Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasynyň edara binasynyň we önümçilik sehleriniň bir binada ýerleşmegi işleriň alnyp barlyşyny ýeňilleşdirýär.
Önümçilik sehlerine Türkiýäniň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylandyr. Häzirki wagtda kärhanada her çalşykda 30-a golaý işgär zähmet çekýär. Kärhanada işçi-hünärmenleriň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertler döredilipdir.
Kärhananyň işgärleri öndürýän süýji önümleriniň görnüşlerini has-da köpeltmegi, möçberlerini artdyrmagy hem-de ýokary hilli önümleri öndürip, ilata amatly bahalardan hödürlemegi maksat edinýärler.
Türkmen telekeçileri hususy ulgamyň ösmegi üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
Çary ÇARYÝEW.
Türkmen döwlet medeniýet instituty.