Önümçilik: döredijilikli zähmetiň gymmaty

Önümçilik ýaly ymykly-düýpli hem-de durnukly-ugrugan ugurda il-ýurt ähmiýetli täzelik-tejribe, beýleki düzümler bilen deňeşdirilende, seýregräk bolup geçýär. Ýöne Gökdepäniň gön zawodyna welin şeýle kada degişli däl çemli: aram-aram habar tutup bildigimiz bes, heniz ir saýýan ýa-da asla garaşmaýan ýagşydan-ýagşy gowulyklaryňy til üstünden eşiden badyňa, ol ýere barmaga gyssanarsyň. Onsoň bu zawodyň işi hakynda okyjylary yzygiderli tanyşdyryp durmagymyzyň sebäbi hem öz-özünden düşnükli boluberer: tejribe derejesindäki gaýry ýerlerde hem ulanylmaly täzelikleri her gezek geleniňde görüp-eşidäýmek — juda seýrek ýagdaý. 

                                                                   

Hawa, zawodyň taryhynyň özi turuwbaşdan tejribe: 1995 — 1996-njy ýyllarda gurlan zawod, dürli sebäplere görä, tä 2015-nji ýyla çenli onçakly gowy işläp bilmändir. Onsoň daşary ýurtly hünärmenleriň hem başarmadyk endişesini — önümçiligi doly ýola goýmagy türkmen hünärmenleri öz üstüne alýar. Üýtgeşik maddy serişde çykarman, maliýe çykdajylary onçakly sarp etmän, öňki enjamlary işletmek üçin tejribeli we aýratyn ukyba eýe bolan işgärler gerek. Munuň üçin deri eýlemekde Aşgabatdaky we Marydaky önümçilikleriň tejribesi jikme-jik öwrenilýär. Şol ýerlerde oňat işläp, özüni tanadan hünärmenleriň zawoda ýolbaşçy we esasy tehnologik işlere çekilmegi, ýerli, özem döredijilik başarnykly ussalaryň hem şolara goşulmagy bilen zawod taslama kuwwatlygyna doly ýetdi. Şeýdibem geçen 6-7 ýylyň içindäki yzygiderliden köpugurly we düýplüden täzeçil öňegidişlikler gazanyldy. Şeýlelikde, geçen ýylda 40 müňe barabar dowaryň hem-de 20 müň töweregi sygryň derisini göne öwürmäge ýol açyldy. Bu ýyllar munuň daşyndan goşmaça önümçiligi ýola goýmagyň hem döwri boldy: tikinçilik sehi hem-de ýüň bölümi döredildi, zawodda iş orunlary hem azyndan 45 göterim artdy, işgärleriň sany indi 64-e ýetdi. Diýmek, iş orunlarynyň şunça köpelmegi peýda — eger her bir esasy önümçilik şeýle ýola goýulsa, onda birbada uly utuşuň iki-üçi gazanylar. Ýagny, bir tarapdan, her bir ýurtda juda möhüm durmuş görkezijisi bolan iş bilen üpjünçilik görnetin ýokarlansa, önümçiligiň şeýle çeýe diwersifikasiýasy arkaly öz bazarlarymyzy ýerli önümlerimiz bilen doly üpjün etmekden daşgary olary daşary ýurtlara hem ugratmaga has uly mümkinçilik açylar. Galyberse-de, goşmaça girdeji islendik edara-kärhananyň «elini giň edýär» ahbetin. Işe, işgärleriň durmuşyna degişli zerur meseleleri çözmäge serişde goldawy bolýar. Şeýle mümkinçiligiň bardygy, ylaýta-da, munuň eýýäm telekeçilik, ýagny döredijilik başarnygy bilen ulanylýandygy Gökdepäniň gön zawodynyň mysalynda görünýär. Hawa, işiň telekesi hemme ýerde edilmeli, muny hem bu ýerdäki ýolbaşçylardyr hünärmenleriň işinde görmek bolýar: önümleriň 30 göterime barabary telekeçililere satylýar. Munuň mukdar jähetden hem, syýasy-ykdysady taýdan hem agramyny megerem, her kim bilýändir: döwlet eýeçiligindäki kärhananyň önümleriniň tas üçden biri hususyýetçiler bilen hyzmatdaşlygyň oňyn-anyk netijesi.  

                                                                   

Şu ýerde ähli işleriň, ozaly bilen, ylmy hyzmatdaşlygyň, hususan-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary bilen alnyp barylýandygy hem şeýle tejribäni öwrenjeklere ýatladylmaly ýagdaý. Munuň özi täzelik girizmekde iň netijeli we gysga usullaryň ulanylmagyny üpjün edýär. Kärhana uly bolmasa-da, ol hatda iri önümçilik düzümlerine-de çetin-endişe meseläni — öz serişdeleriniň hasabyna enjamlary täzelemek üçin maliýe-guramaçylyk işlerini öňräkden bäri geçirip gelýär.  

                                                                   

Aslynda, bu oňyn tejribäni ýurdumyzyň ugurdaş-u-ugurdaş däl ulgamdyr, sebitdir künjeklerinde netijeli ulanyp boljakdygyna göz ýetirmek kyn däl. Hiç bolmanda, diňe maldarçylygy alanymyzda-da, ýurdumyzyň islendik ýerinde bu pudagyň ýeterlik möçberde gön önümlerini çig mal bilen, özem diýseň arzan bahadan üpjün edere mümkinçiligi görnetin-ä! Diýmek, gönden önýän aýakgapdyr ýantorbalaryň, kemerdir okuwçy horjunlarynyň, deriden tikilen gaýry egin-eşiklerdir telpek-başgaplaryň ýokary hilliden arzan bolmagyna ähli tebigy serişdelerdir şertlerimiz bar.  

                                                                   

...Düýe ýüňüniň bejerijilik ähmiýetine ozal kembaha garan kişi hökmünde şeýle ýatlamany dile getirmekçi: Daşkentde okaýan mahalymyz täjigistanly ýoldaşym Alijon düýe ýüňüni guragyry üçin ulanjakdygyny özüne mahsus çekinjeňlik bilen çala ýaňzytdy. Muny Alijonyň şol ýerdäki okaýan türkmenleriň aglabasynyň egninde görüp, dillenendigini duýup, ýanýoldaşymyň şol mahallar atlandyryşy ýaly, «ýeňsiz» örýändiginden peýdalanaga-da, ýüň däl-de, «ýeňsiziň» özüni sowgat beripdim. Diýmek, gön zawody hem bolsa, dokma pudagynyň gaýry bu ugra degişli ulgamdaşlary bolup, saglyk we ykdysady taýdan möhüm işe — düýe ýüňünden ýorgan tikmegi ýola goýan işgärlerden köp hoşal bolýarsyň. Diňe saglyga ýaramly ýylylygy däl, eýsem, peşene-kaşaňlygy bilen hem parh edýän, bir döwürlerde diňe barlylara elýeterli bolan, Garaşsyzlykdan ozal bolsa gözümizden uçuberen agar çäkmenler-ä, şükür, indi şu günümiziň ýaşulularynyň sarpaly lybasyna, sähelçe göwşüllänleri hem gündelik egneataryna öwrülip gitdi. Munuň sebäbi Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet tarapyndan önjeýli işlemegine ilki badalga, indi bolsa uly goldaw alan hususyýetçilerimiziň gadymy senetlerimizi döwrebap usullar bilen utgaşdyryp bilýändikleri.  

                                                                   

Gönüň, ozaly bilen, saglyk, galyberse-de, ykdysady taýdan peýda-bähbidiniň üstüne indi barha artýan ekologik taýdan ähmiýetini ýatlap geçmek artykmaçlyk etmese gerek. Mundan ötri, «husyt iki çykarar» ýaly, älem ykrarly pähime goşant, ýagny bu ýerde «gysganjyň çykdaýjysy üç esse» diýsek, hakykata has-da ýakynlaşarys. Hawa, hakyky gön önümleriniň emeli-ýasama harytlardan gymmadyrak bolýan ýagdaýynda-da, olaryň «ömrüniň» has uzaklygy, tene-bedene tebigy ýakymlydygy belli ahbetin! Onsoňam, ýasama gön önümlerini çykarmak üçin ekologiki çykdajylaryň mal derisinden öndürilendäkiden az bolmajagy aýan zat.  

                                                                                                           

Hakberdi AMANMYRADOW.

                       

«Türkmenistan».