Habarlar
Sanly ykdysadyýet — durnukly ösüşiň ygtybarly kepili

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan syýasatynyň netijesinde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol sanda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyny giňden ýola goýmak, elektron resminamalar dolanyşygyny hem-de elektron senagatyny kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalaryň üpjün ediliş derejesinde şäherleriň we obalaryň tapawudyny aradan aýyrmak ýaly wezipeler amala aşyrylyp, durmuşymyza giňden ýaýrap, yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça wezipeler maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyndan şeýle hem adamyň intellektual ukyplarynyň doly derejede ulanylmagyndan we beýleki zerur bolan şertleriň ýerine ýetirilmeginden ybaratdyr. 

                                                                   

Umuman aýdylanda, sanly ykdysadyýet — munuň özi, innowasion tehnologiýalaryň esasynda gurnalan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolup, şol bir wagtyň özünde harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykaryp, ykdysady netijeliligiň we ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Sanly giňişligiň aýratynlygy bolup, harytlary bazarlara dessin çykarmak we sarp edijiler üçin ähli amatlyklary döretmek mümkinçilikleriň artmagy çykyş edýär. Beýle diýilmegi, onlaýn düzgüninde hödürlenýän harytlaryň we hyzmatlaryň internet ulanyjylaryň ählisi üçin elýeterliligi bilen häsiýetlendirilýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet harytlaryň we pul serişdeleriň dolanyşygynyň täze tizligi, harytlaryň hem-de hyzmatlaryň ýokary hili we olara laýyk gelýän sarp edijiler üçin döredilýän amatlylygyň derejesi bilen adaty ykdysadyýetden tapawutlanýar. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýete düýpgöter geçmek üçin intellektual tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek, şeýle hem degişli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ýaly meseleler möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Mundan başga-da, bu işi amala aşyrmak üçin ykdysadyýetiň döwlet hem-de hususy sektorlarynyň wekillerini, ýuridiki we fiziki taraplary, IT hünärmenlerini, jemgyýetiň beýleki agzalaryny degişlilikde çekmek zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň bilen birlikde, sanly ykdysadyýet çygrynda maglumatyň we innowasion tehnologiýalaryň goragynyň üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenýär. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçilmegi maglumatlaryň kibergoragynyň üpjün edilmegini hem talap edýär. Goragyň şu görnüşine düzüm birlikleriň ählisi degişlidir. Öz gezeginde, ol maliýe we söwda ulgamlarynyň hem-de ykdysadyýet ösüşiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen faktor hökmünde çykyş edýär. Mundan başga-da, sanly ykdysadyýetde ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gös-göni täsir edýän dolandyryş işiniň, kanunçylygyň şertnamalaýyn gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi, şeýle hem ýokary tehnologiýalaryň, bäsleşige ukyply taslamalaryň hödür edilmegi özleriniň oňyn netijelerini berýär. Has takygy, sanly ykdysadyýetiň pudaklarynda önümçiligiň ähli görnüşleri awtomatlaşdyrylýar, pudaklaýyn edara-kärhanalaryň öňünde goýlan wezipeler bolsa merkezleşdirilen dolandyryş, şeýle hem şertnamalaýyn ýörelgeler arkaly amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň artykmaçlyklary diňe bular bilen çäklenenok. Täze ykdysady we innowasion şertlerde önümçiligiň hiliniň hem-de ykdysady işiniň subýektleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, tehnologik pudaklarda döwrebap iş orunlarynyň döredilmegi ýaly mümkinçilikler emele gelýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda, öňdebaryjy ýurtlaryň tejribesinde, hökümet tarapyndan ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak meselelerine işeňňirlik bilen çemeleşilýär, hususan-da ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, şeýle hem döwlet hyzmatlarynyň elektron görnüşleriniň hereket edip başlamagy ýaly özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Dünýä ykdysady ulgamynda sanly özgertmelere sezewar bolmaýan pudaklaryň sany barha azalýar, sebäbi olar döwrüň talaplaryna laýyk gelip bilmeýär, şol laýyksyzlygyň netijesinde bolsa, pudak özüniň bäsleşige ukuplylygyny ýitirýär. Sanly ykdysadyýete geçmek meselesinde, ilki bilen, döwlet dolandyryş edaralaryna we bank ulgamlaryna innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny gazanmaly. Soňra şol tehnologiýalar degişli ykdysadyýetiň pudaklarynda we jemgyýetde ýüze çykýan gaýry zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin peýdalanylanda aýdyň netijeleri gazanmaga, ykdysadyýetiň ösüşine oňaýly täsirini ýetirýärler. 

                                                                   

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, sanly ykdysadyýete geçmek üçin döwletiň öňünde çözülmeli iki sany möhüm wezipe durýar. Olaryň birinjisi — täze ykdysady şertlere laýyk gelýän, şeýle hem ykdysady işe ähli gatnaşyjylaryň hukuk goraglylygyny, şol sanda kibergoragyny üpjün edýän kämil kanunçylyk binýady döretmekden ybaratdyr. Şondan soň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmegi zerur bolup durýar. Olaryň ikisi hem önümçiligiň sanly ýörelgesine eýermäge, şeýle-de ykdysadyýetiň pudaklarynda innowasion ösüşi gazanmaga niýetlenendir. 

                                                                   

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän ykdysady we durmuş hadysalardan düzülen ulgam bolmak bilen, şol bir wagtda internet torundan peýdalanmaga giň mümkinçilikleri bolan, täze görnüşli ykdysady nusgany emele getirýär. Sanly ykdysadyýet şertlerinde zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň pese düşmegi, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy, şonuň ýaly-da beýleki peýdaly aýratynlyklary ýüze çykýar. Ykdysadyýetde innowasion özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin üpjünçilik ulgamynyň döwrebaplygy, elektron dolanyşygynyň ýola goýulmagy, elektron söwdasynyň amala aşyrylmagy ýaly ugurlaryň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda dünýäniň aglaba ýurtlarynyň ilaty internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýar. Ony ulanyjylaryň sany ýyl-ýyldan artýar, bu bolsa sanly ykdysadyýetiň kämilleşmegi üçin amatly ýagdaýy emele getirýär. Netijede, ol ykdysady ösüşe itergi berýän güýç diýip hasap edilip, onuň jemgyýetiň durmuşynda tutýan orny barha pugtalandyrylýar. Sanly ykdysadyýetde we onuň üpjünçilik ulgamynda bolup geçýän tehnologiki ösüş meýilleri (bulut tehnologiýalary, maglumatlaryň sanlylaşdyrylmagy) ähli internet torunyň ulanyjylary üçin täze hilli hyzmatlary hödürleýär. 

                                                                   

Ykdysadyýetiň innowasion pudaklarynyň emele gelmegi, sanly ykdysadyýetde bolup geçýän prosesleriň kanunalaýyk dowamaty hökmünde çykyş edýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet jemgyýeti we döwleti düzýän ähli elementleriň bütinleý yzygiderli sanlylaşdyrylmagynyň netijesinde emele gelýär, sanly ykdysadyýetiň ösüşi bolsa, onuň subýektleriniň özara amala aşyrylýan sanly şertnamalaýyn gatnaşyklaryny ýola goýmak işiniň gurnalmagy bilen bagly bolup durýar. Bu işde ilkinji mesele bolup, berk kanunçylyk binýadynyň döredilmegi çykyş edýär, ondan soň sanly ykdysadyýete geçiş prosesiniň tehniki üpjünçilik meselesi orta çykýar. Şu ýerde, maglumat tehnologiýalary bilen bagly aragatnaşygyň, bank hem-de maglumat üpjünçiliginiň sazlaşykly gurnalmagy, sanly ykdysadyýete geçiş prosesleriň hökmany şerti hökmünde çykyş edýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda elektron ulgamlarynyň ornaşdyrylmak işiniň has-da üstünlikli dowam etdirilmegine oňaýly şert döredýär. 

                                                                   

Goý, durnukly ösüşiň ygtybarly kepili bolan sanly ykdysadyýeti döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna ornaşdyrmakda giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt ähmiýetli tutumlary hemişe rowaç alsyn! 

                                                                                                           

Zamira BABANAZAROWA,

                       

Lebap welaýat kazyýeti, kazynyň kömekçisi.

23.03.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr

Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär 

                                                                   

 Aşgabat, 21-nji mart (TDH). Şu gün halkymyz Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen dabaralandyrdy. Folklor-etnografiýa toparlarynyň çykyşlary, milli lybaslar, aýdymdyr tanslar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu gadymy baýramyň tebigatyň we durmuşyň galkynyşyny alamatlandyrýandygyny görkezdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Gutlagynda nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir. 

                                                                   

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Ol medeniýetleriň gadymy  taryhyny, zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar. 

                                                                   

Şu günki esasy wakalar Garagum derýasynyň kenarynda guraldy. Bu ýerde milli dessurlaryň we özboluşly ýörelgeleriň bitewi sazlaşygyny döreden ertekilerdäki şäheriň keşbi janlandyryldy. 

                                                                   

Hatara düzülen ak öýler, haly düşelen sekiler, bereketli gazanlar, ruhubelent aýdym-sazlar we şatlyk-şowhun bu günki baýrama özboluşly dabara berýär. Nowruz baýramynyň hormatyna guralan toýda älemgoşar öwüşginli bezegleri bolan öýleriň ýanynda hoş owazly aýdymlar belentden ýaňlandy. 

                                                                   

Baýramçylyk meýdançasynyň esasy girelgesinde myhmanlary — hormatly ýaşululary, dürli zähmetkeş toparlarynyň wekillerini, köp sanly aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny, ilki bilen, çagalar garşylap, Nowruz baýramyna bagyşlanan goşgyny ruhubelentlik bilen okadylar. 

 Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýar. Bu sene adamlaryň arasynda ylalaşyklylygyň berkarar bolýandygyny äşgär edýär. 2010-njy ýyldan bäri Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýän bu baýram iň ähmiýetli we möhüm baýramlaryň biridir. 

                                                                   

Bu ýerde milli ylma, ýurduň taryhyna bagyşlanan sahnalaşdyrylan çykyşlar guraldy. Şolarda teatrlaryň artistleri dünýäde filosofiýanyň, lukmançylygyň, matematikanyň, astronomiýanyň we beýleki ylymlaryň ösüşine mynasyp goşant goşan Gündogaryň görnükli alymlarynyň keşplerini janlandyrdylar. Döredijilik toparlarynyň, aýdymçylaryň we sazandalaryň belent ruha beslenen aýdymlary, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Çagalar hormatly myhmanlary şadyýan, belent owazly aýdymlary, labyzly goşgulary bilen garşyladylar. 

                                                                   

Şeýle hem bugdaý däneleriniň şinelendirilişi, Nowruzyň esasy tagamy bolan semeniniň taýýarlanylyşy görkezildi. Şu ýerde taýýarlanylan milli tagamlar, tamdyrdan çykan çörek baýramçylyga gatnaşyjylara hödür edildi. Mundan başga-da, çal, gatyk, süzme, aýran we beýleki süýt önümleriniň taýýarlanyş usullary görkezilýär. Dabaranyň çäklerinde ýüň egrilişini, gamyş dokalyşyny görmek bolýar. Isleg bildirenler keçe taýýarlamagyň usullaryny hem öwrenip bilýärler. 

 Baýramçylygyň geçýän ýerinde agyllary, öri meýdanlaryny synlamak bolýar. Ýurdumyzyň tans toparlary çopan tansyny ýerine ýetirdiler. Dabara gatnaşyjylar agyllardaky dowarlary synladylar. Goýun sürülerini goramaga werziş bolan alabaýlar olaryň aýratyn ünsüni çekdi. Eýesine wepaly alabaýlary ýetişdirmegiň usullary türkmen halkynyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar we ol häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýär. 

                                                                   

Bu ýerde guralan sergide bereketli topragymyzda ýetişdirilýän önümler hem-de ekerançylygyň baý milli däpleri görkezildi. Ähli ýerde ýörite gapda ösdürilýän we Nowruzyň esasy baýramçylyk bezegi bolan gök öwüsýän bugdaý maýsalary bar. 

                                                                   

Topragyň janlanýandygyny, tebigatyň oýanýandygyny alamatlandyrýan Nowruz gadymy döwürlerden bäri halk döredijiliginiň ähli görnüşlerini, pederlerimiziň ruhy we medeni gymmatlyklaryny özünde jemledi. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden nusgalyk däp-dessurlary bu baýramçylyga gatnaşan döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda öz beýanyny tapdy. 

                                                                   

Serginiň ekerançylyk bölüminde suwaryşyň gadymy usullary görkezildi. Ýaş oglanlar jykyryň ýörite gaplar berkidilen tegelek halkasyny herekete getirýärler. Şular ýaly usul bilen gadymy döwürde ekerançylyk meýdanlary, bag-bakjalar, üzüm suwarylypdyr. Joşgunly sazlar bilen birlikde, oba hojalyk işleriniň esasy pursatlary görkezildi. 

                                                                   

Häzirki zaman ýyladyşhana toplumlarynyň şekilleriniň ýanynda milli önüm öndürijileriň dürli oba hojalyk önümleriniň, bag nahallarynyň, türkmen agaçlarynyň we dag etekleriniň, meýdanlarynyň bezegi bolan gülleriň sergisi guraldy. Nowruz ekerançylykda täze möwsüme badalga berýär. 

 Türkmen halky toý-dabaralarda at çapyşyklaryna möhüm ähmiýet berýär. Birnäçe halkara bäsleşikleriň ýeňijisi, abraýly baýraklaryň eýesi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylar üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Çalasyn türkmen ýigitleri sarç bedewlere atlanyp, çylşyrymly çykyşlary we ussatlyklary bilen ýatdan çykmajak pursatlary görkezdiler. Atly ýigitleriň çalasyn hereketleri ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, gözelligi bilen bitewi sazlaşygy emele getirdi. 

                                                                   

Bu ýerde türkmen halkynyň gadymdan gelýän halk senetçilik däpleri görkezilýär. Ak öýleriň ýanynda ajaýyp el işlerini döredýän zenanlary we meşhur artistleri görmek bolýar. Halylaryň, dokma önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi edebi-sazly çykyş bilen sazlaşykly utgaşdy. 

                                                                   

Bagşylaryň ýerine ýetiren aýdymlary dabaranyň ähmiýetini artdyrdy. Diňleýjiler ajaýyp çykyşlara hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem meşhur sazandalaryň, estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary, tans toparlarynyň çykyşlary bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi. 

 Dabaranyň dowamynda ýaşlar milli oýunlary görkezdiler. Ýerine ýetirilen aýdymlar, tanslar olaryň dabarasyny has-da artdyrdy. Sirk artistleriniň we beýleki çylşyrymly oýunlary ýerine ýetirýän ussatlaryň çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. 

                                                                   

Serginiň “Nowruz aşhanasy” bölüminde desterhanlar giňden ýazylyp, olar milli tagamlar, dürli ir-iýmişler bilen bezeldi. Ussat aşpezler tagamlaryň taýýarlanyş usullarynyň aýratynlyklaryny görkezdiler. 

                                                                   

Baýramçylyk äheňinde bezelen belent başly hiňňildiklerde bat alýan ýaşlaryň şatlykly sesleri baýramçylyga aýratyn dabara eçildi. Olar türkmen toýlarynyň esasy bezegi bolan hiňňildikde uçup, ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryna täze güýç, arassa yhlas we nurana arzuwlar bilen gadam goýýandyklaryny görkezýärler. 

                                                                   

Aýdymçylaryň we sazandalaryň çykyşlary, şol sanda nusgawy aýdymlaryň we sazlaryň häzirki zaman estrada öwüşginleri bilen sazlaşmasy dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan gadymy «küştdepdi» tansy türkmen durmuşynyň ösüşini, beýik ýeňişlere ynamly gadamyny alamatlandyrdy. Nowruz baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlar gadymy baýramçylyk dessurlarynyň häzirki döwürde ösdürilýändigini, döwürleri hem-de nesilleri baglanyşdyrýandygyny aýdyň görkezdi. 

 Müňýyllyklar we asyrlar geçse-de, bu baýramyň ähmiýeti birjikde peselmeýär. Taryhy tapgyrlary geçip gelen Nowruz türkmen halkynyň häzirki durmuşynda-da möhüm orun eýeleýär. Öwşün atýan gymmat bahaly daş kimin, bu baýram adamlara şatlyk eçilýär we gözelligi, hoşniýetliligi, dost-doganlyga, agzybirlige bolan çagyryşy, ruhubelentligi özünde jemleýär. 

                                                                   

 Şu gün Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem guraldy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň pelsepewi dünýägaraýşyny we ähli döwürlerde-de aýratyn ähmiýeti bolan ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşýar. 

                                                                   

Häzirki zaman jemgyýetimiziň ruhubelentliginiň, zähmetsöýerliginiň aýdyň nyşany bolan bu sene halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyryp, ýüreklerde ata Watanymyza, bagtyýar şu günümize hem-de nurana geljegimize buýsanç duýgularyny berkidýär. Munuň özi diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, durmuş, jemgyýetçilik-syýasy ösüşi, medeni hem-de ruhy baýlygy alamatlandyrýar. Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen şu günki dabaralar bularyň ählisiniň ajaýyp beýany bolup, 22-nji martda-da dowam eder.

22.03.2022
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Bagtyýar halkym!
Gadyrly watandaşlar!
 

                                                                   

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda rysgal-berekede, toý-baýrama beslenip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! 

                                                                   

Siziň her biriňize parahat we bagtyýar durmuşy, maşgala abadançylygyny, berk jan saglygyny arzuw edýärin. ªatlyk-şowhuna beslenip giňden bellenýän baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli raýatlaryny il-ýurt bähbitli beýik işlere ruhlandyrjakdygyna, şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan gadymy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn. 

                                                                   

Türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklar arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir. 

                                                                   

Abu Reýhan Birunynyň, Omar Haýýamyň, Alyşir Nowaýynyň, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň we beýleki Gündogar akyldarlarynyň nusgawy eserlerinde Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti çuňňur beýan edilýär. 

                                                                   

Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynda, halk döredijiliginde, medeni mirasynda Nowruza giň orun berilmegi onuň taryhy kökleriniň asyrlaryň jümmüşine uzaýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Halkymyzda Nowruz baýramy bilen bagly yrym-ynançlaryň, däp-dessurlaryň ençemesi bar. Merdana pederlerimiz Nowruzda berjaý edilýän däpleriň we ynançlaryň üsti bilen, nesilleri Watana wepalylyk, tebigata we durmuşa söýgi, ynsanperwerlik ruhunda terbiýeläpdirler, ýaşlaryň kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri, halal zähmet çekmek endiklerini kemala getiripdirler. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji martynyň «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edilmegi, Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bu gadymy baýramyň halkara derejede ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu baýram mynasybetli geçirilýän çäreler Nowruz baýramyny belleýän halklary, ýurtlary birek-birege ýakynlaşdyrmak bilen, medeni-ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlanmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatynyň we taryhy-medeni gymmatlyklarynyň rowaçlanmasynyň baýramy hökmünde giňden bellenilýär. Bu bolsa bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan Diýarymyzyň durmuşyndaky şanly seneleriň, milli baýramlaryň raýatlary belent maksatlara we halal işlere ruhlandyrmakda örän uly ähmiýetiniň bardygyny görkezýär. 

                                                                   

Bu gün «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň nurana bahar pasly türkmen topragyna düşümli gadam basyp, eziz Diýarymyzy lälezarlyga besledi. Ajaýyp ýaz paslynyň ýagyşly-ýagmyrly, gül-gunçaly, hoştap howaly tereň dünýäsi Garagum sähramyzyň, keremli daglarymyzyň, boz meýdanlarymyzyň görküne görk goşdy. Nowruz günlerinde ekerançylyk bilen bagly däpleri berjaý edýän daýhanlarymyzyň, ýaş agaç nahallaryny oturdýan bagbanlarymyzyň, sonarly sähralarda owlak-guzy möwsümine girişen maldarlarymyzyň buýsançly kalplarynda bahar joşguny — Nowruz şatlygy möwç urýar. Döwürdeş şahyrlarymyzyň Nowruzyň waspyny ýetirýän goşgularynda mukaddes topragymyzyň bereketliligi, halkymyzyň milli gymmatlyklary, ajaýyp tebigatymyzyň gözellikleri çeper şöhlelenýär. Täze eýýamda täze, baý many-mazmuna beslenýän Nowruz baýramynyň şatlyk-şowhuny her bir bagtyýar maşgala ojagyna sahawatlylyk, döwletlilik, agzybirlik getirýär. 

                                                                   

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda hem-de ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda geçirilýän baýramçylyk dabaralary mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň, eziz Watanymyzyň gülläp ösüşleriniň özboluşly subutnamasyna öwrülýär. 

                                                                   

 Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
 

                                                                   

Sizi bahar gözelliklerinden gaýnap-joşýan ýurdumyzda giň gerim bilen bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

                                                                   

 Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuş arzuw edýärin. 

                                                                   

 Goý, Nowruz nagmalary göwünlere ganat berip, ykballara baky bagtyň ýakymly owazy bolup dolsun! 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

21.03.2022
Ýaşyl zolaklaryň giňeldilmegi ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň nyşanydyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine gatnaşdy 

                                                                   

 Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabara halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza bolan ygrarlylygyny alamatlandyrýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsüminiň Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe gabat gelmeginde özboluşly many bardyr. 

                                                                   

Gadymy döwürlerden bäri ýaşaýşyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy dünýäde giňden bellenilýär. Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny şöhratlandyrýan Nowruzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem-de oňa raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmek we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň güni hökmünde halkara baýram derejesiniň berilmegi bu senäniň ähmiýetini artdyrýar. 

                                                                   

Ir bilen şu günki dabara gatnaşyjylar paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň çägine degişli günorta künjegine ýygnandylar. Aýdym-sazlaryň belent owazy bu ýerde özboluşly dabaraly ýagdaýy döretdi. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bu çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. 

                                                                   

Ak mermerli Aşgabat barha gözelleşýär we öz çäklerini giňeldip, dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmündäki derejesini pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz şäher ilatynyň ýaşaýşy hem-de döredijilikli zähmeti üçin amatly gurşawyň döredilmegini, adamlaryň wagtlaryny peýdaly we şatlykly geçirmegi üçin zerur şertleriň üpjün edilmegini paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Soňky ýyllarda tutuş etraplar döwrebaplaşdyryldy, ähli zerur düzümi bolan täze ýaşaýyş toplumlary, seýilgähler emele geldi. Binagärligiň we inženerçilik-tehniki çözgütleriň möhüm desgalary hasaplanylýan ýüzlerçe binalar guruldy. Şolaryň käbirleriniň abraýly halkara baýraklara mynasyp bolmagy hem-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi milli binagärlik ýörelgeleriniň dünýä nusgalykdygyny görkezýär. 

                                                                   

Şeýlelikde, şäher ösüşiniň konsepsiýasy tapgyrlaýyn esasda oýlanyşykly durmuşa geçirilýär. Aşgabat ata Watanymyzyň paýtagty hökmünde ýurdumyzyň ösüşini, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, jemgyýetimiziň medeni we ruhy durmuşynyň derejesini, aň-paýhas mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Şeýle hem şäher gurluşygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Paýtagtymyzyň ilaty ýyl-ýyldan köpelýär, Aşgabat täze abadanlaşdyrylan hem-de döwrebaplaşdyrylan gurluşyklar arkaly çägini giňeldýär. 

                                                                   

Şäheriň günorta künjegi Köpetdagyň dag eteklerine tarap uzaýar. Demirgazykda bolsa Garagum sährasyna çenli çägi öz içine alýar. Şol ýerlerde häzirki zaman kottejleri, mellek ýerleri bolan ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly desgalar kemala gelýär. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän bu ýylda hem ata Watanymyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga büremek boýunça ýaýbaňlandyrylan asylly çäre üstünlikli dowam edýär. Halkymyzyň “Bag durmuşyň bezegidir” diýen paýhasly jümlesi biziň günlerimizde nurana arzuwlaryň amala aşýandygyny görkezýän hakykata öwrüldi. 

                                                                   

Şäheriň gözelligi we arassalygy paýtagtymyzyň adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, şäher ilatynyň döredijilik we watansöýüjilik ruhuny belende göterýär. Şäheriň çäginde seýilgäh zolaklarynyň köpelmegi, meýdançalarda, ýol ýakalarynda hem-de paýtagtymyzyň eteklerinde köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi we bar bolan baglara degişli derejede ideg edilmegi ekologiýa ýagdaýyny ýokarlandyrýar. Seýilgähleriň belent başly suw çüwdürimleri bilen utgaşmagy ýakymly howa gurşawyny emele getirýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň ulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerinde saklandy. Döwlet Baştutanymyzy şu günki dabara gatnaşyjylar mähirli mübäreklediler. 

                                                                   

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary garşyladylar. 

                                                                   

 Şu pursatda ýaňlanan aýdymdyr-sazlar dabara öwüşgin çaýyp, hemmeleri ruhlandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow okuwlaryny ata Watanymyzyň bähbidine zähmet bilen üstünlikli utgaşdyrýan köp sanly ýaşlar bolan dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, bag nahalyny oturtmak üçin taýýarlanan ýere geldi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň ýanyna häzirki döwrüň bagtyýar nesliniň wekili gelip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bag ekmek çäresine badalga bermegi haýyş etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ilkinji bag nahalyny ekip, bu çärä badalga berdi. Hormatly Prezidentimiz oglanjyga toý sowgadyny gowşurdy hem-de onuň bilen ýadygärlik surata düşdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan asylly çärä gatnaşmagy köpçülikleýin bag ekmek möwsüminiň ähmiýetini artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň berkarar eden milli dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini görkezdi. 

 Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag ekmäge girişdiler. Dürli görnüşli bag nahallarynyň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi hem-de ideginiň ýokary derejede ýola goýulmagy dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklarynyň döredilmeginde aýgytlaýjy ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Ählihalk çäresiniň öňüsyrasynda toprak ýagyş yzgaryny özüne siňdirip, howa arassalandy. Munuň özi çärä gatnaşyjylara joşgun berdi. 

                                                                   

Bag nahallarynyň köpçülikleýin ekilmegi adamzadyň durmuşynda aýratyn wajyp hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ekilen baglaryň bu künjegiň topragyna durnukly görnüşleriniň seçilip alynmagy, şunda ylmyň gazananlaryna möhüm ähmiýet berilmegi işiň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär. 

                                                                   

Alymlaryň hem-de hünärmenleriň tassyklamagyna görä, şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň töwereginde, ulag ýollarynyň ýakalarynda, şypahanalaryň çäklerinde saýaly baglaryň ekilmegi daşky gurşawyň arassalygyny, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýär, munuň adamlaryň saglygyna oňyn täsiri uludyr. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Bu ýerlerden ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi görünýär. Döwrebap desgalaryň bir bitewi sazlaşygy şäheriň binagärligine gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar. Munuň özi ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

...Sähra giňişliklerinde bag nahallarynyň ekilmegi ilatly ýerleri epgekden we tozanly ýellerden goraýar. Şeýle hem gür baglaryň sil suwlarynyň täsirini peseltmekde we umuman, amatly howa gurşawyny emele getirmekde ähmiýetlidigini bellemek gerek. Suw akabalarynyň kenarlaryna saýaly baglaryň ekilmegi topragy we kenary berkitmekde möhüm hasaplanylýar. Ýurdumyzyň dag eteklerinde arçalaryň ekilmegine möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Şol bir wagtyň özünde miweli baglaryň ekilmegi ýurdumyzyň gözelligini artdyrmak bilen bir hatarda, ter miwe önümleriniň bolçulygyny üpjün edýär. Bag nahallarynyň köpçülikleýin ekilýän möwsüminde saýaly we gyrymsy baglar bilen bir hatarda, miweli baglaryň, üzümiň ekilmegi zerur hasaplanylýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň töwereklerinde tokaý zolaklary kemala gelýär. Şunda ylmyň gazananlarynyň, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ykdysady babatda hem ekologiýa babatda hem örän bähbitlidir. 

                                                                   

Şu günki dabara gatnaşyjylaryň yhlasly zähmeti halkymyzyň asylly işlere bolan höwesini we agzybirligini aňladýar. Ýurdumyzda tutuş halkymyz üçin bähbitli bolan işlere hemmeleriň agzybirlikde gatnaşmagy asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Şeýle hem şu gün ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri hem geçirildi. Munuň özi seýilgähleriň arassalygyny, abadançylygyny we baglaryň ösüşini üpjün etmekde wajypdyr. 

                                                                   

Soňky ýyllarda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek çäresiniň yzygiderli geçirilmegi netijesinde, onlarça million düýp baglary özünde jemleýän tokaý zolaklarynyň çägi has-da giňedi. Her bir şäheriň, ilatly ýerleriň töwereklerinde tokaý zolaklary emele geldi. Ak mermerli paýtagtymyzyň günorta künjegi gür baglyga bürendi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň ruhubelentligini we işe bolan höwesini artdyrýan aýdym-sazly çykyşlaryň ähmiýetlidigini belläp, sungat ussatlaryna minnetdarlyk bildirdi hem-de hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. 

                                                                   

Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasy tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Müňlerçe adamlar bu çärä uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşdylar. Şonuň netijesinde, şäherlerimiziň we paýtagtymyzyň töwereklerinde tokaý zolaklary döreýär, munuň özi bolsa amatly gurşawyň döremegine ýardam berýär hem-de ilatyň saglygyna oňyn täsirini ýetirýär. Paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, her bir adamyň bu sogap işe goşant goşmagy parzdyr. Bu bolsa Diýarymyzyň gözelligini artdyryp, arassa howa gurşawynyň kemala gelmegini üpjün eder.

21.03.2022
Bazarlar harytlar bilen baýlaşýar

 «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bagtyýar halkymyz täze döwre gadam basdy. Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» tassyklanyldy. 30 ýyllyk döwür üçin taryhy çözgüdiň kabul edilmegi milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen birlikde, hususy ulgamyň ösdürilmeginde-de täze sahypalary açar. Eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri gyşarnyksyz durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan meselelerini we oňyn çözgütlerini öz içine alan maksatnamada «ýurdumyzyň altyn gaznasy» diýlip atlandyrylan milli telekeçilik pudagy hem möhüm ugurlaryň hatarynda öňe çykýar. Ol telekeçiligi, iri kompaniýalaryň döredilmegini hemmetaraplaýyn goldamak, bazar gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny kesgitläp, ykdysady ösüşiň mümkinçiliklerini döretmek, gaýtadan işleýän döwrebap senagat desgalaryny gurmak, şäher we oba ýaşlaryny iş bilen doly üpjün etmek we başga-da köp sanly wezipelerden ybarat. Ýörite habarçymyz bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Birleşme eksport» jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň direktory Myratberdi SEÝIDOW bilen söhbetdeş boldy.  

                                                                   

 — Myratberdi, ýurdumyzyň hususy pudagynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň abadan hem bolelin durmuşynda giň beýanyny tapýar. Söhbedimizi türkmen telekeçileriniň alyp barýan giň gerimli işlerinden başlasak?! 

                                                                   

— Elbetde, diňe geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň halk hojalygynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler mukaddes Garaşsyzlygyň otuzynjy ýylynyň jemlemesi hökmünde taryhymyza ýazyldy. Döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilmegi, köp möçberde yzygiderli maýa goýumlaryň goýulmagy netijesinde hususy pudak dürli ugurlarda işleri kämilleşdirip, ýokary netijeleri gazanmagy başardy. Muňa geçen ýylyň jemlerinden-de göz ýetirmek bolýar. 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 115,7 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini 117, 8 göterime barabar boldy. Türkmen telekeçileri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň ençemesini, şol sanda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini, paýtagtymyzdaky «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň binalar toplumyny, şonuň ýaly-da, döwrebap ýyladyşhanalary we senagat ugurly desgalary gurup ulanmaga berdiler.  

 — Soňky döwürde ak bazarlarymyz öz önümlerimiz bilen baýlaşýar. Diýmek, işewürler bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini giňeltmek ugrunda barha yhlasly işleýärler... 

                                                                   

— Dogry bellediňiz. Türkmen telekeçileri tarapyndan senagat, oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň möçberi barha artýar. Täze önümçilikler döredilip, önümleriň görnüşi yzygiderli köpeldilýär. Ýylyň jemleri boýunça geçirilen giňişleýin mejlisde berlen hasabatda bellenilişi ýaly, döwlete dahylsyz ulgamda unaş önümleriniň öndürilişinde 12,9 göterim, şöhlatda 9,1 göterim, süýji-kökede 8 göterim, süýtde 6,7 göterim, plastmassa we aýna süýümli turbalarda 33,2 göterim, gök önümlerde 5,2 göterim, miwe we ir-iýmişlerde 7,5 göterim, ýumurtgada 1,2 göterim ösüş gazanyldy. Geçen ýyl hususyýetçiler tarapyndan 9 müň gektardan gowrak meýdanda gök-bakja ekinleri ekilip, ondan bol hasyl alyndy. Miweli baglardyr üzüm nahallary ekilen 13 müň gektardan gowrak meýdandan alnan hasyl hem terligine, şeýle-de iri önümçilik kärhanalarynda gaýtadan işlenilip, ilata hödürlenildi. 

                                                                   

 — Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «...Türkmenistan azyk önümlerini beýleki döwletlerden getirýän däl-de, tersine, bu önümleri beýleki döwletlere iberýän ýurda öwrüler» diýip belledi. Gürrüň eksport ugurly önümleriň möçberiniň ýene-de artdyrylmagy barada barýar. Munuň özi önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşligiň artmagyna getirermi? 

 — Bäsdeşlik bar ýerinde ösüş bar, ýokary hil, netijelilik bar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň ekologik taýdan arassa önümleriniň dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilmegi-de bäsdeşligiň netijesinde gazanylýan üstünlikdir. Geçen ýyl «Geljege miras», «Ak Diýar», «Batly gadam», «Lälezar zaman», «Abraýly dostlar» hususy kärhanalary, «Türkmen senet» hojalyk jemgyýeti senagat önümleriniň dürli görnüşini, «Datly şerbet», «Duýgy» hususy kärhanalary, «Balkandag», «Hasar» hojalyk jemgyýetleri süýji we konditer önümlerini, «Nurana söwda hyzmaty», «Maksatly söwda» hususy kärhanalary dürli däneli ekinleriň hasylyny daşarky bazarlara eksport etdiler. Eksporta gidýän oba hojalyk önümleriniň arasynda ekologik taýdan arassa, süýji tagamly pomidor hem esasy orun tutýar. Telekeçi Maksat Ibragimow «Maksada okgunly» haryt nyşany bilen öndürýän hind guşunyň etiniň 22,5 tonnasyny Azerbaýjan Respublikasyna eksport etdi. 

                                                                   

 — Esasy hyzmatdaşlar hökmünde haýsy ýurtlary agzap bolar?  

                                                                   

— Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyz, Belarus, Azerbaýjan, Ermenistan, Täjigistan Respublikalary, Russiýa Federasiýasy, Pakistan Yslam Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Owganystan biziň esasy hyzmatdaşlarymyzdyr. Daşary döwletleriň işewürleri bilen onlaýn görnüşde işewürlik maslahatlary, sergiler geçirilýär. Özara pikir alyşmalar guralýar, teklipler öwrenilýär. Galyberse-de, hususy pudagyň wekilleri daşary ýurtlara guralýan döwlet saparlarynyň düzüminde bolup, ykdysady forumlara, halkara sergilere gatnaşmaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle mümkinçiligiň geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda milli Liderimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary wagtynda hem dörändigini aýtmaly. Goňşy ýurda saparyň çäklerinde Daşkent şäherinde geçirilen bilelikdäki ykdysady forumda söwda şertnamalarynyň we maýa goýum ylalaşyklarynyň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleri öndürýän kärhanalary döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek barada hem ylalaşyklar gazanyldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde hususy ulgamdan «Aýdyň gijeler», «Ak bulut» hojalyk jemgyýetleriniň döwrebap önümleriniň bolandygyny bellemek ýakymly.  


 — Myratberdi, 4-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlendi. Bu döwürde hususy pudagyň gazanan ilkinji üstünlikleri guwandyrýar. 

                                                                   

— Mejlisde aýdylyşy ýaly, şu ýylyň iki aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüşiniň 162,8 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüşiniň 113,7 göterime barabar bolmagy hususy pudagyň täze döwürdäki ilkinji ädimleriniň ösüşlere beslenýändiginden habar berýär. Milli Liderimiz bazarlaryň hem-de dükanlaryň halkyň giňden sarp edýän harytlary bilen bolelin üpjün edilmeginiň, nyrhlaryň derejesine gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtap, bu işlerde telekeçilere aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Bu aýdylanlardan ugur alyp, daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan täze önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak babatda yhlasly işläris. Döwletimiziň ýokary ynamy türkmen işewürlerini täzeçe işläp, eksport ugurly önümleri öndürmäge, dünýä bazarlarynda mynasyp orun almaga ruhlandyrýar. Türkmen telekeçileri geljegi nazarlaýan 30 ýyllyk maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, eziz Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.  

                                                                   

 — Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! 

                                                                                                           

Söhbetdeş bolan Keýik UMAROWA.          

«Türkmenistan».

20.03.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşy

 (Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 19-njy marty) 

                                                                   

 Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy!
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary we deputatlar!
Gadyrly watandaşlar!
Hormatly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar! 

                                                                   

Ilki bilen, şu belent münberden size we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna ählihalk saýlawlarynda maňa bildiren ynamyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Bu saýlawlaryň netijesinde men Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandym. 

                                                                   

Mähriban halkymyň meni Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlap, bildiren uly ynamy watandaşlarymyzyň asuda we abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi hem-de berkemegi üçin has-da yhlasly zähmet çekmäge borçly edýär.  

                                                                   

Meniň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegim mynasybetli geçirilýän dabaraly çärä gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin hormatly ýaşulularymyza, mähriban enelerimize, ýaşlarymyza, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalaryna, Mejlisiň deputatlaryna, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekillerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. 

                                                                   

Pursatdan peýdalanyp, meniň bilen birlikde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşan watandaşlaryma hem minnetdarlyk bildirýärin. Olar ählihalk saýlawlaryna türkmen halkynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde iň mynasyp adamlary hödürländigini subut etdiler. 

                                                                   

Şeýle hem men bu örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni halkara talaplara laýyklykda, aç-açanlyk hem-de aýdyňlyk ýagdaýynda, ýokary derejede gurandyklary üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalaryna, milli we halkara synçylara, saýlawlary üstünlikli geçirmäge gatnaşan ähli watandaşlaryma tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. 

                                                                   

 Hormatly watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar! 

                                                                   

Men şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek bilen, halkyma wepaly hyzmat etjekdigim barada kasam etdim. Häzir bolsa bu wezipede nähili işlejekdigim, ilkinji nobatda zerur bolan haýsy meselelere seretjekdigim barada aýtmak isleýärin. 

                                                                   

Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk. 

                                                                   

Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir. Şu belent maksatlara ýetmegiň ýoly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen hem-de ata Watanymyzyň geljek 30 ýylda gülläp ösmegine gönükdirilen Milli maksatnamada aýdyň beýan edildi. Bu maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» diýlip atlandyrylýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda uly işleri bitirdi. Oňyn syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleri üstünlikli amala aşyrdy. Hereket etmegiň oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamasyny durmuşa geçirdi. Milletiň Lideriniň döwleti dolandyrmakda, ýurdumyzy ösdürmekde maksada okgunlylygy hem-de syýasy öňdengörüjiligi, halkyna ynamy we söýgüsi türkmen döwletini ynamly ösüş ýoluna çykarmaga mümkinçilik berdi. 

                                                                   

Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin bellenen esasy ýol, öňde goýlan maksatlar, geljegi uly wezipeler meniň geljekde alyp barjak işimiň esasynda durýar. 

                                                                   

Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar. 

                                                                   

Halkara gatnaşyklarda Türkmenistan ozalky syýasy garaýyşlarynda galýar. Biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna, hereket edýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklara, şertnamalara hem-de konwensiýalara laýyklykda, öz halkara borçnamalaryny doly ýerine ýetirer. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki halkara maliýe-ykdysady guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkider. 

                                                                   

Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris. 

                                                                   

Ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!  

                                                                   

 Hormatly dabara gatnaşyjylar! 

                                                                   

Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek işini dowam etdirer. Döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatdaky ynsanperwer syýasatyny mundan beýläk hem üpjün ederis. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ygtyýarlyklary has-da kämilleşdiriler. 

                                                                   

Biziň goranyş häsiýetli doktrinany berjaý edýän milli Ýaragly Güýçlerimize döwletimiziň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny goramakda, durnuklylygyny üpjün etmekde uly orun degişlidir. Bitarap Watanymyzyň goranmak kuwwaty halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şuny göz öňünde tutup, biz milli Ýaragly Güýçlerimiziň, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary ederis. Bu edaralar üçin geljekde hem häzirki zamanyň iň kämil tehnikalaryny, beýleki zerur enjamlary satyn alarys. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrarys. 

                                                                   

Geljekde biz Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasaty durmuşa geçireris. 

                                                                   

Howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolar. 

                                                                   

Men saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarymda paýtagtymyzda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny, welaýatlarda täze, häzirki zaman obalarynydyr şäherçelerini gurmak barada jikme-jik aýtdym. Nesip bolsa, bu işleri geljekde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem dowam etdireris. 

                                                                   

Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler. Geljekde ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, şol sanda Gün batareýalaryny öndürmegi giňden ýola goýmak we ornaşdyrmak hem meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Mundan başga-da, daşary ýurtlardan ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin maýa goýumlaryň möçberi-de artdyrylar. 

                                                                   

Ekologik abadançylygy üpjün etmek, geljek nesillerimiz üçin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de olaryň biologik dürlüligini artdyrmak, tebigy serişdelerimizi netijeli we durnukly peýdalanmak, şeýle hem bereketli topragymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek boýunça giň gerimli işler geçiriler. 

                                                                   

Önümçilige häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalary hemişelik esasda ornaşdyrylar we suwarmagyň ozal ulanylýan usullary kämilleşdiriler. Ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmäge, mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny artdyrmaga, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmäge aýratyn üns berler. 

                                                                   

Biz ahalteke atlarynyň baş sanyny we dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslyk mekdebiniň baý däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak, türkmen alabaýlarynyň sanyny köpeltmek boýunça hem möhüm işleri dowam etdireris. 

                                                                   

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biridir. Munuň üçin biz dünýä standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini dörederis. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini özümizde giňden öndürip, olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrarys. 

                                                                   

Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys. 

                                                                   

 Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris. 

                                                                   

Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ajaýyp sungat ösüp gelýän nesillerimizi terbiýelemekde, gadymy senedimizi ösdürmekde mynasyp orny eýeleýär. Şoňa görä-de, halylarymyzy täze göllerdir nagyşlar bilen baýlaşdyrmak, ýerli we daşary ýurtly alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça işler dowam etdiriler. 

                                                                   

Hususy pudak üçin hem döwletimiz ähli şertleri döredýär. Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder. 

                                                                   

Döwletimiziň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge gönükdiriler. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler. 

                                                                   

Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar. Bu çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler. 

                                                                   

Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçinem, ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler. 

                                                                   

Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris. Şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek işlerini-de alyp bararys. Şonuň ýaly-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça hem işleri geçireris. 

                                                                   

 Hormatly dabara gatnaşyjylar! 

                                                                   

Men ilaty durmuş we hukuk taýdan goramagy güýçlendirmek döwlet Baştutanynyň baş wezipeleriniň biri bolmalydyr diýip hasaplaýaryn. Biziň döwletimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata beýleki durmuş kömeklerini bermek boýunça görülýän çäreleri hiç wagt ünsden düşürmez. 

                                                                   

Biz köp çagaly maşgalalara döwlet goldawyny mundan beýläk-de gowulandyrarys. Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar. 

                                                                   

 Hormatly watandaşlar! 

                                                                   

Men ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geljekde etmeli işlerimiz barada umumylaşdyryp gürrüň berdim. Kabul eden maksatnamamyzda öňde goýan wezipelerimizi öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin biz ähli mümkinçiliklerimizi ulanyp, agzybirlikde we jebislikde, el-ele berip işlemelidiris. 

                                                                   

Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn. 

                                                                   

 Watan diňe halky bilen Watandyr! 

                                                                   

 Döwlet diňe halky bilen döwletdir! 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

 Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris! 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň gatnaşan, şol sanda meniň üçin ses beren ähli saýlawçylara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Men özüme bildirilen örän uly ynama ýokary baha berýärin. Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin. Şoňa görä-de, mukaddes Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we mähriban halkymyzyň parahat, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gujur-gaýratymy, bilim-tejribämi we başarnygymy gaýgyrmajakdygyma sizi ýene-de bir gezek ynandyrýaryn. 

                                                                   

Biz Türkmenistan atly beýik döwletde, parahat we arassa asmanyň astynda, uzak hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamalydyrys, abadan we gül ýaly durmuşymyza buýsanmalydyrys. 

                                                                   

 Bu ýurt biziň Watanymyzdyr! 

                                                                   

 Bu ýer biziň mähriban topragymyzdyr! 

                                                                   

 Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys! 

                                                                   

 Ýaşasyn türkmen halky! 

                                                                   

 Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!

20.03.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Şu gün — 20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji gatnaşan ählihalk çäresi hökmünde uly ähmiýete eýedir.                                                                  

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň badalga beriljek ýerine gelip saklandy. Döwlet Baştutanymyzy çärä gatnaşyjylar mähirli garşyladylar. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Meşhur sungat ussatlarynyň hem-de ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlarynda halkyň Arkadagly zamanasyna, eziz Diýarymyza, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip at berlen täze taryhy döwre buýsanç, joşgunly ýaşlygyň waspy öz beýanyny tapdy. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýanyna ýurdumyzyň ýaş nesliniň wekili baryp, bag ekmek dabarasyna ak pata bermegi haýyş etdi we bag nahalyny oturtmak üçin pili gowşurdy. Türkmen döwletiniň Baştutany ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, asylly işe ak pata berdi. Çärä gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerdiler. Bu asylly işe ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylary hem uly ruhubelentlikde goşuldylar. Nahallaryň welaýatlaryň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna durnukly baglaryň görnüşlerinden saýlanyp alnandygyny-da bellemek gerek. Baharyň şu ajaýyp gününde ildeşlerimiziň şeýle tutumly çärä işjeň gatnaşmaklary milli özboluşlylygyň, agzybir halkymyzyň yhlasly zähmetiniň aýdyň ýüze çykmasy boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy bellenilen ýylda 25 million, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýiniň dabaralandyrylan ýylynda bolsa 30 million düýp agaç nahaly oturdyldy. Diňe şunuň özi-de Diýarymyzda tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga, oňa aýawly çemeleşmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Bag ekmegiň döwlet syýasaty derejesine göterilmegi — munuň özi ynsanperwerligiň belent nusgasydyr.

  Bahar — jümle-jahanyň jana gelip, täze keşbe, täze görke girýän pursady. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bahary türkmenistanlylar üçin, turuwbaşdan, täzelenişiň, täze taryhy döwrüň badalgasy bolup geldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň düýn döwlet Baştutany wezipesine girişip, ilkinji gatnaşan çäresiniň ählihalk bag ekmek dabarasyna gabat gelmegini hem ýurdumyza ýaşyl baglardan serpaý ýapýan halkymyz gowulyga ýorýar. «Bir nahal ekseň, ömrüň baky» diýlişi ýaly, bag ýaşaýşyň dowamatlylygynyň nyşany hasaplanýar. Biz watandaşlarymyzyň belent ynamy bilen iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň ösüş-özgerişleriniň dowamat-dowam boljakdygyna, geljek 30 ýyla niýetlenen beýik maksatlaryň myradyna gowuşjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. 

                                                                   

 Goý, täze durmuşy buşlap gelen Milli bahar baýramynyň bosagasynda ekilen daragtlar geljege saýa salsyn! 

                                                                                                           

«Türkmenistan»

20.03.2022
MAGTYMGULY PYRAGY

 Türkmen binasy 

                                                                   

 Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy.
 

                                                                   

 Terki-dünýä eýleýir, gelse rakyplar gaşyna,
Bil, polatdan bina bolgan, budur türkmen galasy.
 

                                                                   

 Süleýman hem Rüstem Zal, Jemşit oňa bolmuş geda,
Günde ýüz müň salsa leşger, degmez şanyň belasy.
 

                                                                   

 Daglar ondan alar taglym, leşgerleri sap-sap durar,
Her salanda zülpükary, artar ýigitniň höwesi.
 

                                                                   

 Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýörişni, açylar gül lälesi.
 

                                                                   

 Her ýana ursa gadam saýýat, bolmaz hiç duşwar,
Hiç kim bendi kylyp bilmez, düşmez türkmen balasy.
 

                                                                   

 Aryflary dem-dem geler, toýy bardyr her zaman,
Merdi-merdan sözlüdir ol, ýokdur köňül gilesi.
 

                                                                   

 Aýdadyr Magtymguly, ýokdur köňülde hilesi,
Hak sylaýyp kylmyş nazar, bardyr onuň saýasy.
 

19.03.2022
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Türkmenistanda döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli türkmen halkynyň Arkadagy — Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Olarda açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda geçen bu jemgyýetçilik-syýasy wakanyň ýurdumyz üçin taryhy ähmiýeti bellenilýär. 

                                                                   

Hatlary iberenler Türkmenistanyň häzirki Prezidentini ýurdumyzyň ýyl ýazgysyna halkymyzyň iň gowy däpleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň nusgasy hökmünde girjek bu taryhy waka bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň rowaçlygynyň, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler. 

                                                                   

Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglaryny saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärleriniň adyndan Ý.Nuryýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow, “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory S.Kogogin iberdiler. 

                                                                   

Şanly waka bilen Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Gökdepe etrabynyň häkimi Ç.Çarlyýew, Akdepe etrabynyň häkimi B.Gylyjow, Demokratik partiýanyň Akdepe etrap komitetiniň başlygy B.Meredow we köp sanly beýlekiler gutladylar. 

                                                                   

 (TDH) 

                                                                   

 Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar 

                                                                   

 Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we daşary ýurtlardan köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda we telegrammalarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de ýurdumyzyň Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine, şeýle hem halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, 12-nji martda geçen ählihalk saýlawlarynyň jemgyýetimiziň demokratiýa ýolunda möhüm ädim bolandygy hem-de halkymyzyň watansöýüjiligini, jebisligini we ýurduň geljegi üçin jogapkärçiligini bütin dünýä aýdyň görkezendigi bellenilýär. 

                                                                   

Hatlarda we telegrammalarda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny dowam etjekdigine berk ynam bildirilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň saýlanan Baştutany Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärleriniň adyndan Ý.Nuryýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa iberdiler. 

                                                                   

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy tüýs ýürekden Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Elýasow, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Mämmetalyýew, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredow, Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Öwezow, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Geldynazarow, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamow gutladylar. 

                                                                   

Türkmenistanyň saýlanan Prezidentine tüýs ýürekden gutlaglaryny Merkezi bankyň başlygy G.Müşşikow, Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy J.Jumagylyjow, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Arabow, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Täçmuhammedow, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary M.Datdow iberdiler. 

                                                                                                           

(TDH)

19.03.2022
Milli öwüşginli brendler

 Ministrler Kabinetiniň 28-nji ýanwarda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine gönükdirilen düýpli wezipeleriň hatarynda dokma senagatyndaky işleri ilerletmegiň mümkinçilikleri barada hem aýtdy. Döwlet Baştutanymyz pudagyň ýokary tehnologiýaly kärhanalarynda öndürilýän milli brend nyşanly önümler bilen gyzyklandy.  

                                                             

Bu gün türkmen brendlerine dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Ýurdumyzyň dünýä standartlaryna laýyk gurlan dokma toplumlarynda we täzeden dikeldilip, döwrebaplaşdyrylan fabriklerde öndürilýän matalar, olardan tikilýän taýýar egin-eşikler özüniň milli nyşanlary bilen biri-birinden tapawutlanýar. Meşhurlygy gün-günden artýan «Bedew» haryt nyşanly jins önümleri, «Bürgüt» haryt nyşanly sport egin-eşikleri, «Gala» haryt nyşanly tikin-örme we trikotaž önümleri, «Ýeňiş» haryt nyşanly erkek köýnekleri, «Goza», «Wada», «Nusaý» haryt nyşanly hojalyk harytlary we ýene-de ençeme milli nusgalara beslenip öndürilýän önümler türkmen dokmasynyň abraýyny belende göterýän, dünýä bazarlaryndaky ornuny barha giňeldýän brendlerdir. Türkmen dizaýnerleriniň çeper döredijiligi bilen milli ruhda we döwrebap bezeglere beslenip taýýarlanýan gymmatly, halkyň gowy gören şol harytlarynyň hatarynda ýaňy dünýä inen bäbejiklerden başlap, dürli ýaşdaky zenanlara we erkeklere niýetlenip tikilen köp görnüşli döwrebap egin-eşikler bar. Dünýäniň ençeme satyn alyjy iri kompaniýalarynyň uly gyzyklanmasyny gazanýan önümler ykjamlygy, göze gelüwliligi, endamyňa ýakymlylygy bilen müşderiniň ösen talaplaryny ödeýär.  

 Harytlaryň halkara ölçeglere laýyk gelmegi möhüm şertleriň biridir. «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgi bilen ýurdumyzyň çar künjegine ýaýradylýan we dünýä bazarlaryna çykarylýan egin-eşikleriň nusgalary döredilende, reňkleri saýlanyp alnanda, şekilleri, bezeg işleri ýerine ýetirilende, millilik bilen döwrebaplygyň sazlaşygyna aýratyn üns berilýär. Bu sazlaşyk önümleriň gymmatyny, gözelligini artdyrmak bilen, sarp edijileriň barha artýan islegini gazanýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň şol mejlisde öňe süren görkezmelerinden ugur alnyp, milli brendleriň sanawy ýene-de täze haryt nyşanlarynyň ikisi bilen artdyryldy. Baý taryhymyzy we şu günümizi şöhratlandyrýan ajaýyp nyşanly önümler dogrusynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň tikinçilik bölüminiň başlygy Ogulmaral Orazgeldiýewa şeýle gürrüň berýär:  

Bagtyýar şu günümizi taryh bilen baglanyşdyrýan «Gala» nyşany Gökdepe dokma toplumynda öndürilýän önümleriň gymmatyny beýgeltse, Gypjakdaky dokma toplumynda öndürilýän bürgüdiň özboluşly keşbi bilen bezelen geýimler toplumynda tizlik, çalasynlyk, halallyk, ýitigözlülik, eserdeňlik ýaly giň many jemlenýär. Gözellik, ykjamlyk, tämizlik bilen birlikde, döwrümiziň bedew badyny alamatlandyrýan «Bedew» haryt nyşanly jins matasy, ondan tikilip taýýarlanýan lybaslar dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny has-da berkidýär. Lybaslaryň tikiliş, bezeliş aýratynlygy her bir müşderiniň göwnünden turýar.Pudagyň halkara hil nyşanly kärhanalarynda öndürilýän hojalyk harytlary-da özüniň ýakymy, gözelligi, dürli görnüşliligi bilen dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar. «Goza», «Wada», «Nusaý» ýaly türkmen jemgyýetine mahsus atlar bilen bezelip, alyjylara hödürlenýän önümler ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň milli dokma pudagy baradaky aýratyn aladalarynyň netijesinde önümlerimiz ýene-de täze haryt nyşanlarynyň 2-si bilen baýlaşdy. Türkmen dünýäsi bilen bagly «Jeýtun» hem-de «Mäne» haryt nyşanlary golaýda işe girizilen Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynda öndürilýän önümleri bezär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, içerki bazaryň we ilatyň möwsümleýin islegleri öwrenilip, öndürilýän zamanabap, ýokary hilli önümler ildeşlerimizi begendirmek bilen birlikde, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň-da islegli harydyna öwrüler. 

                                                                                                           

Aýnabat DURDYÝEWA.

«Türkmenistan».

19.03.2022
Nowruz geldi ilime

Baharyň gelmegi bilen, türkmen topragy gyş ukusyndan oýandy. Zemin ýaşyl begrese bürenip, gözel görke girdi. Onuň ajaýyp keşbi — guşlaryň şirin owazy, gülleriň görki kalplary heýjana getirdi. Şahyrlaryň kalby bahar nagmasyna eýlendi. Çyplaň agaçlar gök don geýdi. Onuň waspyny şahyrlar goşgy bilen ýetirse, gyz-gelinler läle kakyp taryp etdiler. Asmanda çal bulutlar gübürdäp, Gökden inen ýagyş-ýagmyrlar teşne topragy gandyrdy. «Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!» diýip, bahar paslyny buşlan lirik şahyrymyz onuň säherlerini şeýle wasp edipdi: «Ir säherler çykyp salkyn eýwana, Daň atyp gelşin ýakyndan gördüm. Daň salamyn ýollap çygly otlara, Bileje çekişdim guşlaryň «derdin».

Dogrudan-da, bahar paslynyň säherleri şahyryň wasp edişi ýaly, örän üýtgeşik. Alys gözýetimiň gaýmagyny syryp, Günüň dogup gelşini ýakyndan görmegiň, asuda, parahat, abadan ýurdumyzda birek-birege ilkinji säher salamyny bermegiň, daň säheriniň çygly howasyndan säher bilen dem almagyň janyňa dermandygy öz-özünden görnüp dur.

Ynsan we tebigat — bu örän täsin hem ajaýyp sazlaşyk. Ynsan bilen tebigat bir göwrä öwrülip, durmuşy gözellige, ajaýyplyga, topragy ýaşaýşyň egsilmez çeşmesine, Zemini eşret mekanyna öwürýär. Häzir bu eşret mekanynda daň säherleri ajaýyp görke geldi. Dolan Aý gül ýüzi bilen agşamlaryna gülüp bakýar. Giň çöller özgerip, görke girýär. Zeminde zähmet gaýnap joşýar. Ýer bilen Asman arasynda gül çemenler birek-birege ýylgyryp bakýar hem-de ynsanlaryň kalbyna şatlyk paýlaýar. Mahlasy, türkmen topragy, gojaman Zemin yşkdan doldy. Altyn şapak gül görke giren sähralaryň gözelligine gözellik goşýar. Aýdym-sazyň, dutaryň ajaýyp owazy kalplary joşdurýar.

Ençeme asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten, dost-doganlygyň, agzybirligiň, rysgal-berekediň baýramçylygy bolan, bahar paslynyň ilkinji aýynda eziz Diýarymyzda uly şatlyk hem-de ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýän Milli bahar baýramy ynsanlaryň şatlygyny goşalandyrdy.

Külli türkmen topragynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza bagyş eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan şeýle toý-baýramlar hasda uludan tutulýar. Bereketli türkmen topragynda, asuda hem parahat ýurdumyzda tutulýan toý-dabaralarymyza diňe bir türkmen halkymyz däl, eýsem, daşary ýurtlardan gelýän myhmanlar hem uly buýsanç hem guwanç bilen gatnaşýarlar.

Hawa, eziz Diýarymyzda Milli bahar baýramynyň il asudalygynda ýurt abadançylygynda hormatly Prezidentimiziň daşyna barha jebisleşip bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň ähli raýatlaryny Asman-Zemini görke getirip, ynsanlaryň ruhuny galkyndyrýan bu baýramyň ýüreklerde bahar ýaly duýgulary oýarmagyny arzuw edeliň!

Orazjemal Myradowa, 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň

Maliýe kafedrasynyň mugallymy

18.03.2022
Bahreýniň Patyşasy Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabat, 17-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler.

Türkmen Lideriniň Bahreýn Patyşalygyna 2011-nji ýylda amala aşyran resmi sapary, Bahreýniň Patyşasynyň 2019-njy ýylda Türkmenistana döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda şanly sahypalar boldy. Iň ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça mundan beýläkki netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat goýan möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti ýurdumyzda 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlary barada durup geçdi. Onuň jemleri boýunça türkmen döwletiniň Baştutany wezipesine Serdar Berdimuhamedow saýlandy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etjekdigini belledi.

Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa soňky ýyllarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly ösüşleri gazanandygyny belläp, milli Liderimize Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine mundan beýläkki işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Bahreýniň Patyşasyna hoşniýetli sözler hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra milli Liderimiz telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berdi.

Bahreýniň Patyşasy Türkmenistanyň saýlanan Baştutanyny Prezident saýlawlaryndaky ýeňşi bilen mähirli gutlap, iň ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, häzirki döwlet Baştutanynyň başyny başlan syýasatyny dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Arap dünýäsiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Bahreýn Patyşalygy bilen özara bähbitli gatnaşyklary ähli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa dostluk we doganlyk däplerine, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, goldamak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň geljekde-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

18.03.2022