Şu gün — 20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji gatnaşan ählihalk çäresi hökmünde uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň badalga beriljek ýerine gelip saklandy. Döwlet Baştutanymyzy çärä gatnaşyjylar mähirli garşyladylar. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Meşhur sungat ussatlarynyň hem-de ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlarynda halkyň Arkadagly zamanasyna, eziz Diýarymyza, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip at berlen täze taryhy döwre buýsanç, joşgunly ýaşlygyň waspy öz beýanyny tapdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýanyna ýurdumyzyň ýaş nesliniň wekili baryp, bag ekmek dabarasyna ak pata bermegi haýyş etdi we bag nahalyny oturtmak üçin pili gowşurdy. Türkmen döwletiniň Baştutany ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, asylly işe ak pata berdi. Çärä gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerdiler. Bu asylly işe ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylary hem uly ruhubelentlikde goşuldylar. Nahallaryň welaýatlaryň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna durnukly baglaryň görnüşlerinden saýlanyp alnandygyny-da bellemek gerek. Baharyň şu ajaýyp gününde ildeşlerimiziň şeýle tutumly çärä işjeň gatnaşmaklary milli özboluşlylygyň, agzybir halkymyzyň yhlasly zähmetiniň aýdyň ýüze çykmasy boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy bellenilen ýylda 25 million, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýiniň dabaralandyrylan ýylynda bolsa 30 million düýp agaç nahaly oturdyldy. Diňe şunuň özi-de Diýarymyzda tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga, oňa aýawly çemeleşmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Bag ekmegiň döwlet syýasaty derejesine göterilmegi — munuň özi ynsanperwerligiň belent nusgasydyr.
Bahar — jümle-jahanyň jana gelip, täze keşbe, täze görke girýän pursady. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bahary türkmenistanlylar üçin, turuwbaşdan, täzelenişiň, täze taryhy döwrüň badalgasy bolup geldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň düýn döwlet Baştutany wezipesine girişip, ilkinji gatnaşan çäresiniň ählihalk bag ekmek dabarasyna gabat gelmegini hem ýurdumyza ýaşyl baglardan serpaý ýapýan halkymyz gowulyga ýorýar. «Bir nahal ekseň, ömrüň baky» diýlişi ýaly, bag ýaşaýşyň dowamatlylygynyň nyşany hasaplanýar. Biz watandaşlarymyzyň belent ynamy bilen iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň ösüş-özgerişleriniň dowamat-dowam boljakdygyna, geljek 30 ýyla niýetlenen beýik maksatlaryň myradyna gowuşjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.
Goý, täze durmuşy buşlap gelen Milli bahar baýramynyň bosagasynda ekilen daragtlar geljege saýa salsyn!
«Türkmenistan»