AŞGABAT, 13-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edilişi, şol bir wagtyň özünde ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin habar berdi.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda Kaka etrabynyň çäginde umumy meýdany 6 gektara barabar bolan ýyladyşhana, Kaka we Babadaýhan etraplarynda ýokary halkara ülňüleri esasynda enjamlaşdyrylýan dokma toplumlary we Aşgabat — Tejen aralygynda ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji nobatdakysynyň binalar toplumy ulanmaga berler. Şu günler döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna gabatlanyp ulanmaga beriljek desgalardaky işler häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda welaýat boýunça meýilleşdirilen ähli işleriň guramaçylykly geçirilmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şeýle hem ýaz ekişine taýýarlykly girişmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, welaýatyň ilatyny elektrik energiýasy, tebigy gaz hem-de agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin ähli zerur tagallalar edilmelidir. Döwlet Baştutanymyz eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýynyň berk gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şu nukdaýnazardan, şanly baýramyň medeni maksatnamasyny taýýarlamaga hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýdi.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow çagyryldy. Wise-premýer milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň etraplaryna guran iş saparynyň netijeleri, aýratyn-da, welaýatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli gurlup, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyk işleriniň, şol sanda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işler ýokary hil derejesine we halkara görkezijilerine laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleler ünsden düşürilmeli däldir diýip belledi we bu babatda wise-premýere hem-de häkime anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa geçirilýän ideg işleri we ýaz ekişine görülýän toplumlaýyn taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde bar bolan umumybilim berýän orta mekdeplerde okuw ýylynyň ikinji ýarymyna başlamaga görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Şeýle hem häkim sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada aýdyp, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasynyň hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň gurluşygynyň barşy, onda ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri, şeýle hem Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň we şäheriň Görogly köçesiniň ugrunda 15 sany ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary barada giňişleýin maglumat berdi. Bu desgalardaky gurluşyk işleri kesgitlenen tertipnama laýyk derejede dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan meýdan işleri bilen bir hatarda, ýaz ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, taýýarlyk işleriniň batly depginlerde ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Ýaz ekişini gysga wagtda we guramaçylykly geçirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şeýle hem welaýatyň ilatynyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suw bilen üpjünçilik derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunuň bilen birlikde, mekdeplerde okuwyň ikinji ýarym ýyllygyna girişmäge taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler barada aýdyp, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, dürli maksatly desgalary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Bellenilen işler bilen bir hatarda, şanly sene mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasyny taýýarlamak meselesine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra şol bir wagtda göni aragatnaşyga çagyrylan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Daşoguz welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça welaýata bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin kuwwatly binýady döretmäge mümkinçilik berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Daşoguz welaýatynda gurulýan desgalaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy, sebitiň ykdysady ösüşine bolşy ýaly, welaýatyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna-da oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz bu işlerde döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň mundan beýläk-de dowam etjekdigini aýdyp, gönükdirilýän serişdeleriň maksadalaýyk ulanylmagyny gazanmagyň esasy wezipeleriň biridigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere hem-de häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow hem-de ýurdumyzyň bilim ministri O.Gurbanow çagyryldy.
Bilim ministri häzirki döwürde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okuwyň ikinji ýarym ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri, ýokary okuw mekdeplerinde gyşky synaglaryň dowam edýändigi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, gyş günlerinde mekdepleriň we beýleki bilim ojaklarynyň ýyladyş ulgamynyň işine möhüm ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde umumybilim berýän mekdepleriň okuw gollanmalarynyň, degişli bilim esbaplarynyň üpjünçilik derejesi yzygiderli gözegçilikde saklanylýar. Şol bir wagtyň özünde mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak wezipelerine möhüm ähmiýet berilýär. Ministr bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmek, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde sanly ulgamy ornaşdyrmak, ylmyň gazananlaryny we täzeçil tehnologiýalary işjeň özleşdirmek babatda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, orta mekdeplerde okuwyň ikinji ýarym ýylyna guramaçylykly girişmek üçin ähli zerur çäreler görülmelidir. Munuň üçin mekdepleriň üpjünçilik derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň bilim ulgamynda milli Liderimiziň baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ony hil babatda dünýäniň ösen derejesine çykarmak, şol bir wagtyň özünde ýaş alymlaryň ylmy açyşlary üçin zerur şertleri döretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunlukda, bu ugra sanly ulgamy ornaşdyrmak, bilimiň derejesini ýokarlandyrmak, hünär taýdan kämilleşdiriş meselelerini işjeňleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmakda, sanly ulgamy işjeňleşdirmekde, halk hojalygynyň pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda ýurdumyzyň bilim edaralaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Bu ulgamda alnyp barylýan işler häzirki döwrüň ösen talaplaryna we halkara ülňülere doly laýyk gelmelidir. Bilim edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, oňa häzirki zamanyň ösüş tejribeleri, täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem bilim ulgamyna degişli edaralarda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18153?type=feed
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ýardam etmek maksady bilen, jenap Sýan Naýçeni Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.
Siziň Alyhezretiňiz, jenap Sýan Naýçeniň üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmegi üçin özüne bagly ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirmek bilen, ony mähirli kabul edip, ynam bildirmegiňizi hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan wezipe borçlaryny ýerine ýetirende, oňa ýardam etmegiňizi Sizden haýyş edýärin.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi hökmünde wezipesini tamamlan jenap Sun Weýduna wezipesini ýerine ýetiren mahaly oňa işinde ýardam edendigiňiz üçin hoşallyk bildirýärin.
Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.
* * *
Aşgabat, 12-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.
Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Milli Liderimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk barada arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri, hususan-da, sebit möçberindäki möhüm taslamalary amala aşyrmakda strategik hyzmatdaş bolan Hytaý bilen däbe öwrülen dostlukly, özara hormatly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýäniň gün tertibindäki möhüm meselelere umumy çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň, halkara başlangyçlarynda biri-birine berýän goldawlarynyň geçen ýyllaryň içinde ähli ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.
Häzirki wagtda şeýle üstünlikli hyzmatdaşlyk, umumy pikire görä, halkara işleri oňyn ilerletmegiň, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň, sebitde we dünýäde abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky ynamly gatnaşyklar türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etdi. 2013-nji we 2014-nji ýyllarda amala aşyrylan özara döwlet saparlarynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň toplumy uzak möhletli, strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berdi.
Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň özara gyzyklanmasyny we özara üsti ýetirilýän, uly kuwwata eýe bolan milli ykdysadyýetleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komiteti şol gatnaşyklaryň netijeli amala aşyrylmagyny ugur edinýär.
Ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi — Türkmenistandan Hytaýa «mawy ýangyjy» akdyrýan halkara gaz geçirijisiniň gurulmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de tagallalary netijeli utgaşdyrmagyň aýdyň mysallarynyň hatarynda görkezildi.
Türkmenistanyň gündogar sebitinde ýerleşen iri Malaý gaz ýatagyndan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý halkara gaz geçirijisine gymmatly energiýa çig malynyň milliardlarça kub metri baryp gowuşýar.
Ýakynda bu ýerde ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr bolan Malaý gaz gysyjy desgasy dabaraly ýagdaýda işe giriziler. Ol çep kenardan iki sany kommunikasiýa ulgamy boýunça «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäge akdyryljak türkmen tebigy gazynyň eksportyny iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer.
Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alşylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy iki ýurduň hem-de olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary has-da berkitmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18012?type=feed