Milli senagatyň mümkinçilikleri

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň senagatyny ösdürmek wezipesine uly üns bermek bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini döwlet ähmiýetli derwaýys wezipeleriň hatarynda goýýar. Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginlerde ösýän pudaklarynyň biri bolan himiýa senagaty ägirt uly kuwwatlyklara eýedir. Bu ugruň uly eksport mümkinçilikleri bar. HormatlyPrezidentimiziň baştutanlygynda himiýa toplumyny ösdürmek boýunça badalga berlen giň gerimli işler milli ykdysadyýetimizi dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyny netijeli peýdalanmak, eksport ugurly senagat önümleriniň möçberini artdyrmak maksadyndan ugur alýar.

Häzirki döwürde himiýa pudagyny ösdürmek boýunça birnäçe wezipeler öňde goýlup, olaryň durmuşa geçirilmegi milli senagaty ösdürmäge täze itergi berer. Bu ugurda ýokary düzümli etana baý bolan gaz känleriniň binýadynda gazhimiýa toplumyny gurmaga aýratyn üns bermek ilkinji wezipeleriň hatarynda görkezilýär. Şeýle önümçilikler gysga wagtyň içinde polietilen bilen polipropileniň önümçiligini giňden ýola goýmaga, rezin-tehniki we kauçuk önümçiligi üçin çig mal binýady bolup hyzmat edýän önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Şu önümçilikleriň utgaşmagynyň senagat önümleriniň ýüzlerçe görnüşlerini öndürmek üçin serişde hökmünde ulanylýan polimerleriň dürli görnüşlerini çykarmaga şert döredýär.

Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ägirt uly serişde mümkinçiligi bar. Iri gazhimiýa we nebithimiýa pudaklaryny döretmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Şeýle kuwwatlyklaryň döredilmegi, elbetde, geljekde hem milli ykdysadyýetiň yzygiderli ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, çig maly gaýtadan işlemek arkaly gymmatly önümleriň öndürilmeginiň möçberleriniň ykdysadyýetiň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna mümkinçilikleri döreder.

Himiýa senagaty milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän pudagy bolup, bu pudagyň öndürýän önümleriniň görnüşleri yzygiderli artýar. Ýurduň çig mal, gor serişdeleri oba hojalygynyň içerki islegini doly kanagatlandyryp biljek möçberlerinde mineral dökünleriniň ähli görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýär. Himiýa pudagynyň çig mal we önümçilik mümkinçilikleriniň doly herekete girizilmegi ýerli bazary ýokary hilli harytlar bilen doldurmak, milli senagatyň eksport kuwwatyny artdyrmak wezipeleriniň oňyn çözülmegine mümkinçilik berer. Ýurdumyzy ösdürmekde tutumly başlangyçlara badalga berýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Aýnur AKMYRADOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24043