Türkmen halkynyň her bir güni uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýär. Häzirki bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler munuň aýdyň nyşanydyr. Esasan hem ýurdumyzyň ösüşi, dünýädäki belent abraýy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şu ýyl eziz Diýarymyzda şanly wakalar, ösüşler sanardan kän bolup, bularyň her biri buýsançly söhbetlere mynasypdyr. Berkarar Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän täze sepgitler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, durmuşa geçirýän belent maksatlarynyň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär. Gazanylýan beýik ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny we röwşen geljeginiň has-da ösüşlidigini dünýä aýan etdi. Döwür öňe barýar, durmuş ösýär, özgerýär. Şu şanly ýylymyzda gazanylan iň beýik ösüşler halkymyzyň durmuşyndaky belent üstünlikler bolup kalba dolýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyz milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünliklere beslenýär. Şolaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasyndaky Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi ýaly halkara ähmiýetli taslamalar bar.
Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegine bagyşlanan çäre her birimizi buýsanja besledi. Hut şu pursat hem Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy — dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde «Taryhy tejribäniň düýpli medeni we aň-düşünje gorlarynyň we häzirki zaman garaýyşlarynyň öňüni alyş diplomatiýasynyň türkmen nusgasynda jemlenmegi Türkmenistanyň içerki ösüşinde-de, dünýä giňişliginde-de üstünlik gazanmagyna ýardam berýär. Milli bitewülige we hoşniýetli goňşuçylyga, beýleki halklar bilen parahatçylyk söýüjilikli we dostlukly gatnaşyklara gadyr goýmagy türkmen halkyna taryhyň özi öwretdi» diýip aýdanlaryny ýatladym.
Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara hem örän buýsandyryjydyr. Türkmen türgeniniň gazanan bu uly üstünligi mynasybetli guralan dabara Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylyny mynasyp mazmun bilen baýlaşdyrdy.
Hawa, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, Watanymyzyň halkara abraýy artýar. Parahatçylyk ugrunda tagallalaryň birleşdirilmegi bilen ösüş üpjün edilýär. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýetine ýokary baha berilýändigini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi-de tassyklaýar.
Hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerimiziň esasynda parahatçylygyň üpjün edilmegi barada taýsyz tagalla edýän milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Maýsa ANNAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.