Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümleriniň kömekçi hojalyklary bilen yzygiderli gyzyklanýar. Sebäbi bar bolan serişdeleri we mümkinçilikleri doly peýdalanmagyň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Harby we hukuk goraýjy edaralarda ýokary düşewüntli kömekçi hojalyklaryň döredilmegi bu meseläniň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär. Diňe goranmak häsiýetli Harby doktrinasyna daýanýan döwletimiz öz Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, yzygiderli serişdeler goýberýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky we býujetden daşary hasaplaşygyndaky edara-kärhanalarynda hem-de kömekçi hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň netijesi-de ýylsaýyn ýokarlanýar. Şolaryň her biriniň kuwwatlylygy, öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagy harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümini azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge we şol bir wagtda ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde öz goşantlaryny goşmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümlerinde maldarçylygy we ekerançylygy has-da giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekýär. Häzirki wagtda ministrligiň tabynlygyndaky harby bölümleriň ençemesiniň kömekçi hojalyklarynda iri şahly mallar, dowarlar, düýeler, guşlar, gulluk atlary, gulluk itleri we balarylary idedilýär. Idedilýän mallara ot-iýmlik serişdeleri ministrligiň öz hasabyna, ýagny ot-iýmlik ekinleri ekmek arkaly üpjün edilýär. Mallar ýörite baka goýlup soýulýar we alnan et önümleri şahsy düzümiň azyk üpjünçiligine goýberilip, býujetiň maliýe serişdeleri tygşytlanylýar. Ondan artan et önümleri harby gullukçylara we gullukçylara elýeterli bahadan berilýär. Bulardan başga-da, idedilýän sygyrlardan, düýelerden hem süýt we süýt önümleri alynýar. Süýt we süýt önümlerini almakda sygyrlary we düýeleri sagmagyň tehnologik işiniň guralyşy hem bildirilýän talaplara kybap gelýär. Kömekçi hojalyklaryň weterinar gullugynyň işi ýokary derejede ýola goýlup, ol sygyrlaryň we düýeleriň sagdynlygynyň saklanmagyna, olardan alynýan süýdüň, çalyň ýokumlylygynyň artdyrylmagyna jogap berýär. Şonuň bilen birlikde, mallar üçin bol ot-iým gorunyň üstüni ýetirip durmak üçin anyk çäreler görülýär, munuň üçin bolsa, ýer böleklerinde oba hojalyk ekinleriniň arpa, ýorunja we mekgejöwen ýaly ýörite görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.
Şahsy düzümiň azyk üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, kömekçi hojalygynda balarylary ýetişdirmek arkaly bal önümçiligi ýola goýlup, meýilnamalaýyn esasda harby uçarmanlara berilýär we goşmaça esasda bolsa harby okuwçylara, ministrligiň çagalar baglaryndaky körpelere, harby hassahanadaky näsaglara berilýär, harby türgenleşiklere gatnaşýan şahsy düzümiň iýmit üpjünçiligine hem goýberilýär.
Üpjünçiligiň hilini has-da gowulandyrmak, tygşytlylygy gazanmak hem-de azyk bolçulygyny döretmek boýunça harby bölümleriň kömekçi hojalyklaryndaky ýyladyşhanalarda we ekin meýdanlarynda gök we bakja önümlerinden ýeralma, sogan, kädi, pomidor, hyýar, şaly, limon we beýleki önümler yzygiderli ösdürilip ýetişdirilýär. Kömekçi hojalyklarynda ekerançylygy ösdürmek maksady bilen, ministrlige üzümçilik, ekerançylyk we miweli baglar üçin ýerler bölünip berildi. Bu ugurlarda alnyp barylýan işler diňe ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, degişli düzümleri gerekli önümler bilen üpjün etmäge hem mümkinçilik berýär.
Şu edilýän işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ýurt goragçylary hakdaky aladalarynyň aýdyň beýanydyr. Çünki hormatly Prezidentimiz «Watan goragy mukaddesdir» atly eserinde «Watan goragçysy hiç zatda kemçilik çekmeli däldir, onuň azygy bol, egin-eşigi ýyly, tehnikasy — ýaragy gurat bolmalydyr» diýip belläp geçýär. Biz — Watan goragçylary hem edilýän çäksiz aladalara mukaddes borjumyzy mynasyp haklamak bilen jogap bereris! Çünki bolelinlige saldamly goşant goşmak harby ulgamdaky kömekçi hojalyklaryň baş maksadydyr.
Batyr DURDYGULYÝEW,
maýor.