Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak we azyk bolçulygyny pugtalandyrmak ugrundaky tagallalaryna hususy pudagyň wekilleri hem saldamly goşant goşýarlar. Telekeçileriň ir-iýmişiň we miwäniň dürli görnüşlerini ýetişdirmek ugrunda alyp barýan tutanýerli işleri bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Miweli oba» hojalyk jemgyýetiniň Gökdepe etrabynyň çägindäki kömekçi hojalygynda miweli baglary ýetişdirmekde we olardan bol hasyl almakda uly tagallalar edilýär. Kömekçi hojalygyň 36 gektara ýaýylyp gidýän giň meýdanyna alma baglary bezeg berýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we Gökdepe etrap birleşmeleriniň başlangyjy esasynda ol ýerde bolup, bagçylyk işleriniň alnyp barlyşy bilen tanşanymyzda, hususy pudagyň wekilleriniň bu ugurdaky rowaçly gadamlary bizde ýakymly duýgulary döretdi.
Kömekçi hojalygyň alma bagynyň 30 gektary «Ýaňgala» daýhan birleşiginiň, 6 gektary bolsa, «Köpetdag» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Olarda alma baglarynyň daşary ýurtlardan getirilen ýokary hasylly görnüşleri ýetişdirilýär. Kömekçi hojalygyň hünärmeni Söhbet Annaberdiýewiň aýtmagyna görä, bu ýerde mundan 6 ýyl ozal daşary ýurtlardan getirilen «golden renders», «fuji», «scarlet», «jeromin», «pinklady», «chief red» ýaly görnüşli alma nahallarynyň 93 müň düýbi oturdyldy. Almanyň bu görnüşleri Ýewropa döwletlerinde uly meşhurlyga eýedir. Baglara talabalaýyk ideg edilmegi netijesinde indi birnäçe ýyldan bäri olardan almanyň bol hasyly alnyp gelinýär.
Alma bagynda bolanyňda, işleriň oňat ýola goýlandygyna göz ýetirýärsiň. Bu ýerde baglary ýetişdirmegiň häzirki zaman ylmynyň ýokary gazananlaryndan, döwrebap usullardan ýerlikli peýdalanylýar. Baglary suwarmakda kämil tehnologiýalaryň ulanylyp, suwaryşyň damjalaýyn usulyndan peýdalanylmagy, dökünler bilen iýmitlendirmekde hem öňdebaryjy kämil usullaryň ulanylmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Alma bagynyň üsti tutuşlygyna ýörite örtük bilen basyrylypdyr. Munuň özi baglary amatsyz howa şertlerinden şeýle-de ýiti gün şöhlesiniň täsirinden goramakda uly ähmiýete eýedir.
Hünärmen bize baglaryň iýmitlendirilişi barada hem täsirli gürrüň berdi. Onuň aýdyşy ýaly, baglaryň ideg işleri ýylyň dowamynda yzygiderli ýerine ýetirilýär. Baglar, esasan-da, ýerli dökünler bilen iýmitlendirilýär. Maý aýynda karbamid, kaliý, noýabr-dekabr aýlarynda fosfor bilen gurplandyrylýar. Gyş aýlarynda, howa şertlerine baglylykda, baglarda çyrpym işleri degişli kadalara laýyklykda geçirilýär.
Kömekçi hojalygynda ýetişdirilýän baglaryň boýy 2 — 2,5 metre çenli ýetýär. Bu baglar 25 ýyla çenli hasyl bermäge ukyplydyr. Baglaryň her biri möwsümde 15—20 kilograma çenli hasyl berýär. Her ýylda alma bagyndan 300 tonnadan gowrak hasylyň alynýandygyny bize gürrüň berdiler. Datlydan tagamlylygy bilen tapawutlanýan bu almalar şerbetli içgileriň, mürepbäniň önümçiligi üçin örän bähbitli bolup durýar.
«Miweli oba» hojalyk jemgyýetiniň kömekçi hojalygynyň bagbanlarydyr hünärmenleri häzirki günlerde baglaryň idegini talabalaýyk alyp barmak bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uludan toý ediljek şanly ýylymyzda baglardan almanyň bol hasylyny ýetişdirmegi maksat edinýärler.
Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz.SURATDA: kömekçi hojalygyň alma bagy.Surata düşüren awtor.