Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Aşgabat, 19-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň medeniýet ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ş.Durdylyýewi we B.Öwezowy hem-de Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şol sanda ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edilişi, ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk, gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, ýerleri taýýarlamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli we maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, häkim dürli maksatly desgalaryň gurluşyklary, welaýatyň ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işini üpjün etmek, elektrik energiýanyň, tebigy gazyň we agyz suwunyň bökdençsizligini ýola goýmak barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ähli agrotehniki işleri talabalaýyk geçirmek, ekiş möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary we ýerleri möwsüme doly taýýarlamak, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny degişli derejede saklamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda gowaça ekişi bilen bir hatarda, beýleki ekinleriň ekişine guramaçylykly girişmek meseleleriniň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda meýilleşdirilen işleriň we gurluşyklaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegi, şolarda häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň we täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça welaýatda iş saparynda bolup, sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýlary bilen tanşandygy barada hasabat berdi.

Wise-premýer Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we onuň ýanynda sadaka jaýynyň gurluşygynyň batly depginlerde alnyp barylýandygy, Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň we ýokanç keselleri hassahanasynyň, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda kottejler toplumynyň gurluşyklarynyň dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we desgalaryň bellenilen möhletlerde gurlup, ulanylmaga berilmegi ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk guralmalydygyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýyny gözegçilikde saklamalydygyny tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan desgalaryň daşky we içki bezeg işleriniň welaýatyň aýratynlyklaryna laýyk gelmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere hem-de häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew eziz Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şöhratly baýramçylyga ajaýyp sowgat boljak möhüm ähmiýetli gurluşyklarda işleriň barşyna berk gözegçilik etmek, olaryň ýokary hilli we öz möhletinde ulanylmaga tabşyrylmagy üçin ähli tagallalary etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewi çagyrdy.

Häkim welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleriň agrotehniki talaplara laýyk gelmegini üpjün etmek, ýerleri we oba hojalyk tehnikalary ekiş möwsümine taýýarlamak, şol bir wagtyň özünde ýazlyk gök we bakja ekinleriniň ekiljek ýerleriniň, şonda ulanyljak tehnikalaryň taýýarlyk derejesi boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, sebitiň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda welaýatyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işleriniň ýola goýulýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda alnyp barylýan işleri talabalaýyk guramagyň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Şeýle hem gyş paslynyň dowam edýän günlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işini üpjün etmek, etraplarda, şäherlerde we şäherçelerde durmuş düzümine degişli desgalaryň bökdençsiz hereketini ýola goýmak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günler alnyp barylýan meýdan işleri bilen bir hatarda, ýaz ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, taýýarlyk işleri batly depginlerde ýola goýulmalydyr. Ýaz ekişini gysga wagtda we guramaçylykly geçirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Mary welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada aýdyp, bu ýerde durmuşa geçirilýän hemmetaraplaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde Mary welaýatynyň çäginden gözbaş alan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynda degişli işler alnyp barylýar.

Bular barada aýtmak bilen, wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmek, şol bir wagtyň özünde binalarda häzirki zamanyň ösüş tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgelerini utgaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de häkim D.Annaberdiýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň özara tejribe alyşmak maksady bilen, Mary welaýatyna iş saparynyň guralmalydygyna ünsi çekdi. Olar welaýatyň medeni durmuşyndaky hem-de oba hojalygyndaky oňyn tejribeler bilen tanşarlar. Munuň özi häkimleriň iş tejribesini mundan beýläk-de baýlaşdyrmakda has-da ähmiýetli bolar diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowany hem-de medeniýet ministri A.Şamyradowy çagyrdy.

Wise-premýer M.Mämmedowa medeniýet ulgamynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda ýaýbaňlandyrylan çäreleri giňden beýan etmek boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanandygy we ony üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlarynyň kesgitlenendigi barada hasabat berdi.

Medeniýet ministri A.Şamyradow şu günler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň şanly seneleri mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi. Eziz Diýarymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes seneleriň hormatyna köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlar, bäsleşikler, sergiler we dürli derejedäki maslahatlar guralar.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilýän desgalaryň açylmagynyň we şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralaryň häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Meýilleşdirilen medeni çäreler milli ýörelgelere we häzirki zaman tejribelerine kybap gelmelidir, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orun eýeleýän medeni çärelerde ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýarlygy we milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda ýetilen sepgitler öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu işleri döwrüň talabyna laýyk derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bitirilýän beýik işleriň, Türkmenistanyň halkara giňişliginde eýeleýän ornunyň waspy ýetirilmelidir. Munuň özi halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda we Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünlikleriniň giňden wagyz edilmeginde ähmiýetlidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işler häzirki döwrüň ösen talaplaryna we halkara ölçeglerine doly kybap gelmelidir. Şeýlelikde, ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, oňa häzirki zamanyň ösüş tejribeleri, täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Aýratyn-da, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18574?type=feed

20.01.2021
Ösüşleriň berk binýady

Ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilikde ylmy işleri giňden peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işler dowam edýär. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, aýratyn-da önümçilikde ylmyň gazananlaryny we täze tehnologiýalary peýdalanmakda möhümdir.

Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak, işewürlige, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň sazlaşygyny üpjün etmek maksady bilen, 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan Konsepsiýasy amala aşyrylýar.

Şu babatda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek işinde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda ony okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ylym ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek ugrunda kesgitlenen uly wezipeleri çözmek üçin alnyp barylýan işler binýady mäkäm tutulan Türkmenistan döwletimizi ýakyn geljekde kuwwatly ylmy mümkinçiligi bolan ýurda öwrer. Munuň özi häzirki we geljekki nesliň ýokary derejede ylymly-bilimli bolup, häzirki zamanyň ösen halkara akymlaryna mynasyp derejede sazlaşykly goşulmagyny üpjün edýär. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe işler barha rowaçlanýar. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny aýdyň görkezýär.

Ymamguly REJEPOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18534



20.01.2021
Döwletiň daş ýarsyn!

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen bagly oýlanmalar

Şu ýazgylary men hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserindäki şeýle setirler bilen başlamagy müwessa bildim: «Beýik geografiki açyşlar döwrüniň syýahatçylaryna ägirt uly bolup görnen hem bolsa, älem giňişligi özleşdirilýän häzirki zamanda, iş ýüzünde Ýer togalagy o diýen uly bolmadyk saýýara bolup çykdy. Dürli kontinentlerde ýerleşýän ýurtlar birek-birege has ýakynlaşdylar. Şeýle bolansoň, bizden müňlerçe kilometr uzakda bolup geçýän çökgünlikler bize-de azda-kände öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem meniň çykyşlarymda we kitaplarymda häli-şindi duş gelýän «hoşniýetli goňşuçylyk» diýen jümläni ulanamda, men diňe bir Türkmenistan bilen serhetdeş ýurtlary göz öňünde tutmak bilen çäklenmän, eýsem, Orta Aziýadan uzakda ýerleşýän döwletleri hem göz öňünde tutýaryn. Adamzadyň medeni ösüşiniň häzirki döwri älem giňişligini özleşdirip, maglumat we beýleki IT-tehnologiýalaryň ýokary depginli ösmegine getiren nobatdaky ylmy-tehniki rewolýusiýasynyň täsiri bilen biziň hemmämizi birek-birege baglanyşykly edip goýdy. Özi hem, bu ýagdaýda geň görer ýaly zat ýok...».

Ählumumy adamzat ösüşine hem bähbidine dahylly şu sözler taryh gatynda galan maglumatlar bilen sepleşýär weli, türkmen milleti, onuň döwletlilik ýörelgeleri, edim-gylymy açyk-aýdyň äşgär bolýar duruberýär.

...Garagum Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda özboluşly köpri bolup ýatyr. Goja taryh bolsa türkmenleriň erkinlik, azatlyk ugrundaky gaýduwsyz göreşleriniň, şol bir wagtda-da parahatçylygy baýdak edinmegiň, ynanyşmagy dostana gatnaşyklaryň baş çelgisi hasaplamagyň hut Garagum, ondaky ýaşaýyş bilen bagly bolandygyndan habar berýär.

Ynha, saralan sahypalaryň birindäki ýazgy. Pýotr I «Baltika we Gara deňizleriniň üsti bilen Ýewropa penjire açmak bilen bir wagtyň özünde gyrgyz (gazak bolmaly — G.O.) hem-de türkmen çöllükleriniň üsti bilen ähli aziýaly ýurtlaryň açaryny hem derwezesini tapmak barada» berk perman berýär.

Newanyň kenaryndaky patyşa köşgüni birwagt Garagumuň içi bilen akan Amyderýanyň aňry ýüzünde, ýagny Buhara hanlygynda «arzyly çägäniň» bardygy, ondan bolsa altyn alynýandygy hakdaky agyz suwardyjy habar heýjana salypdyr. Şol bir wagtyň özünde-de, Amyderýanyň ozal Kaspä (Hazara) guýandygy, emma Hywa hanynyň ony eýdip-beýdip Arala sowandygy, eger bendi açyp, derýany öňki hanasyna akdyryp bolsa, derýada gämi gatnawyny ýola goýup, şeýdibem, bu ülkäniň baýlyklaryny aňsat ýol bilen daşap boljakdygyna ynanypdyrlar.

Şeýlelikde, 1714-nji ýylyň 29-njy maýynda knýaz Bekowiç-Çerkasskiniň baştutanlygynda Kaspi deňziniň gündogar kenarlaryny — Garagumy öwrenmek, Amyderýanyň aşak akymlary, Hywa, Buhara barada doly maglumat ýygnamak maksady bilen, ýörite ekspedisiýa ugratmak hakda perman çykarýar. Şondan iki ýyl soň — 1716-njy ýylda bu ekspedisiýa türkmen topragyna aralaşýar. Tutuş 45 günläp, onda-da jöwzaly tomsuň yssysynda 6 müň ýabyly, müňlerçe ýük mally, esasan, düýeli kerweniň Garagumuň suwsuz çöllüginiň üsti bilen Gurýewden Hywa çenli 1450 wýorstlyk ýol sökýär.

Biziň bu ýerde ünsi çekjek bolýan aýratynlygymyz — ekspedisiýadakylaryň haýran galyp ýazyşlary ýaly, sähraýy türkmenleriň gorkman-ürkmän, şonça ýygyny öz guýularyna, oýuna-obasyna düşende, açyk göwün bilen hezzetländigi, «Göni gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýlenine uýup, hoşniýetlilik bilen ýene-de ýoluna ataryp goýberendigi, gerek bolsa, indiki menziline çenli howpsuzlygyny kepillendirip, ugradyp gidendigi hakynda haýran galyp ýatlandyklarydyr:

«Türkmenler, edil Garagumuň özi ýaly giň göwünli hem parasatly. Olar seniň duşman däldigiňi bilseler, törlerinden orun berýärler. Gapylaryndaky ýyldyrym ýaly syçrap duran bedew atlary olaryň guwanjy, ýaýla gidende aňyrsy-bärsi görünmeýän dowardyr düýe hem gylýal sürüleri olaryň eklenji. Suwa golaý ýerde mesgen tutan türkmenleriň dürli ekinleri ýetişdirişlerine söz diýer ýaly däl, ýer-ekin medeniýeti juda gowy berjaý edilýär. Iň esasy aýratynlyk bolsa, türkmenleriň erkinlik, özbaşdaklyk hakdaky synmaz pikirleridir».

Ine, mukaddes Garaşsyzlygyň gözbaş alyp gaýdýan çuňluklary nirede!

* * *

Türkmen şahandaz halk. Namysjaň halk. Myhmanyny tanamaýanam bolsa, törüne geçirip, tarhandökerlik bilen söwüş edibilýän halk. Nätanyşdan tanyş, tanyşdan dost, duşmanyndan ýürekdeş gözleýän millet. Okap gören bolsaňyz, «Görogly» şadessanynda beg Görogly Gyratyna atlananda, eýeriň bir gaşyna almaz gylyjyny, beýleki gapdalyna-da gazma dutaryny taýlaýandyr.

Hüňkar şa kyrk müň lek leşger tartyp gelende jeňe giren Görogly goşunbaşy Mustapa beg asgyn gelenini aňdyranda, oňa gylyç götermän, gaýtam, dost-doganlyga ähti-peýman edişýär.

Şahyr Italmaz Nuryýewde şeýle setirler bar:

Biz — türkmenler,
Sähraýy halk, sähraýy,
Sähra dek, Älem dek giňdir ýüregmiz.
Sährada garşy alsak her gün, her aýy,
Hem-de, dostlar, bitin bolsa çöregmiz,
Başga zat däl, şudur biziň geregmiz.

Biziň illerde çöregi bitin bolmak — döwletiň daş ýarmagy diýmekdir. Döwletiň daş ýarmagy — bitewüligiň, agzybirligiň, güýjüň-kuwwatyň bilen gara daşlary hem talhan etmek diýmekdir.

Owaly-ebedi «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýýän türkmende «Il bolup ýaşamak» diýen gadymy ýörelge-de bardyr. Il bolup ýaşamak — asly ynsanperwer milletimiziň, Oguz han atamyz aýtmyşlaýyn, düýp hemsaýasy — ýakyn goňşusy bilen-ä ilki, soňam alys-u-daşdaky iller, ýurtlar bilen supraly gatnaşyk etmek däbi diýmekdir. Taryh Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň — ilçileriň üsti bilen gatnaşyklary sazlamagyň, ýurtlaryň arasynda agzybirligi saklamagyň ilkinji ädimleriniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dörändigini habar berýär. Siwilizasiýalary, ykdysady gatnaşyklary, iň esasy hem, dostanalygy menzillerinde külterlän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde Türkmenistan otyr ahbetin!

Aýratyn buýsanç bilen bellenmeli hakykat bolsa müňlerçe ýyl mundan öň Hytaý hökümdarlary bilen Parfiýa patyşalygynyň arasynda ilçileriň gatnandygy hakdaky maglumatlaryň taryhyň gatynda galanlygydyr. Gör, biziň milletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak köprüleriniň binýady nähili uzaklardan gaýdýar!

Türkmeniň «Goňşy dilenip alynmaýar, ony Taňry berýär» diýen bir gadymy sözem bar. Rast, Taňry beren bolsa, ähli kaýyllyk jem bolandyr. Gadymy Oguz däplerinden gaýdýan ýörelge bolsa goňşyňy dogandanam ýeg görmekdir, mähriban saýmakdyr. «Kyýamat güni goňşudan» diýilmegem şonuň üçindir. Bu ýörelge — däp döwür-döwranlar özgerse-de, üýtgewsizligine galýar. Muňa Owganystan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklarymyz anyk mysaldyr. Ynha, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan, ujundan sanly gün gädilen 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasynda iki ugur: Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugry boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň ulanyşa tabşyrylmagyny mysal görkezmek bolar.

Bu taslamalary türkmen hünärmenleriniň abraý bilen berjaý edendiklerini aýratyn guwanç hem buýsanç bilen agzamalydyrys.

Global howpsuzlyk meselesi hemişe-de dünýä üçin üýtgewsiz möhümligine galýar. Asyrlar çalyşsa-da, syýasy düzgünler üýtgese-de, dünýäniň ykdysady ulgamynda berk baglanyşyk, täze hyzmatdaşlyk derejeleri dörese-de, umumy öýümiz bolan Ýer togalagynyň haýsydyr bir ýerinde döreýän gapma-garşylyklar ýa-da umumadamzat ösüşine howp salýan wehimler bizi hiç wagt biparh goýmaýar.

Parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlyk, ylaýta-da, biziň zamanamyzda zerurdyr. Şunda çuňňur oýlanyşykly hem-de uzak geljegi nazarlaýan konstruktiw garaýyşlar XXI asyryň ösüşlerini kesgitleýär. Şu babatda Türkmenistanyň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän teklipdir başlangyçlary biziň ýaşaýan döwrümiziň möhümliklerinden ugur alýar.

Ählumumy abadançylygyň we ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Türkmenistan dünýäniň energetika döwleti bolmak bilen, ägirt uly ýangyç serişdeler kuwwatyna eýe bolup, özüniň bu kuwwatyny bütin adamzadyň hyzmatynda goýmagy parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň esasy binýady hökmünde kesgitleýär. Biziň ýurdumyz bu meselede öňdengörüjilikli, oýlanyşykly syýasaty amala aşyryp, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, köpugurly turbageçiriji düzümi döretmek we ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär.

Energiýa geçirijileriň howpsuzlygyna dahylly meseleleriň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň duşuşyklarynda we beýleki iri forumlaryň barşynda öňe sürlendigi dünýäniň global meseleleri bilen dahyllydyr.

Şeýlelikde, 2008-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýasy kabul edildi. Bu resminama Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanyldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji mejlisiniň gün tertibine girizildi. Şonda BMG-niň agzasy bolan döwletleriň ählisiniň, şol sanda GDA agza ýurtlaryň biragyzdan goldawyna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek maksady bilen, gazyň gaýtadan işlenilýän möçberleriniň artdyrylmagynyň möhümdigini yzygider nygtaýar. Hususan-da, tebigy we ugurdaş gazy gaýtadan işleýän, benzini, dizel ýangyjyny we awiasion kerosini, şeýle hem sintetiki nebiti, polietileni we polipropileni öndürýän desgalar yzygiderli gurulýar. Geljekde-de bu ugurda uly halkara taslamalar meýilleşdirilýär.

* * *

...Oglan wagtlarymyz töwir edilende, ençe gary depelän eždatlarymyz: «Il agzybir, ýurt parahat, goňşy-golam abat, edenimiz oňuna, tutanymyz şowuna bolsun, ämin!» diýip, ellerini ýüze sylardylar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» adynyň düýp manysy şularda jemlenendir diýip pikir edýärin.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,

ýazyjy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18562

20.01.2021
Hormatly Prezidentimiz «Expo 2020 Dubai» Bütindünýä sergi­sine çagyryldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Muhammed bin Raşid al Maktum Hormatly Prezidentimize hat iberdi. Ol öz hatynda milli Liderimizi Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek «Expo 2020 Dubai» Bütindünýä sergisine çagyrdy.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär:

Sizi «Expo 2020 Dubai» Bütindünýä sergi­sine gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirlikle­rine çagyrmak we bu sergide Türkmenistanyň Milli güni hökmünde 2021-nji ýylyň 9-njy oktýabryny tassyklandygyňyz üçin hoşallyk bil­dirmek meniň üçin uly mertebedir.

Sebitimizde ilkinji gezek geçiriljek şunuň ýaly çäre bolan «Expo 2020 Dubai» Bütin­dünýä sergisine 200-den gowrak ýurtlar we halkara guramalar gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Şeýle hem ol COVID-19 pandemiyasyndan soň, dünýäni hyzmatdaşlyk ruhunda birleşdirjek hem-de ählumumy me­seleleriň umumy çözgütleriniň tapylmagyny tizleşdirip biljek ilkinji uly çäre bolar.

Türkmenistan şeýle iri möçberli forumyň çäklerinde milli medeniýetiniň baýlygyny we üstünliklerini görkezmäge ajaýyp mümkinçilige eýe bolýar. Munuň özi indiki on ýyllyk üçin durnukly ählumumy ösüşiň ýörelgelerini döretmekde hem biziň umumy tagallalarymyza itergi berer.

Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlykda halkyňyzyň özboluşly medeniýeti we mirasy barada baý mazmunly maksatnamanyň işlenilip taýýarlanylmagy hem-de biziň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Siziň sergä gatnaşmagyňyz uzak möhletleýin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem-de biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak işine hyzmat eder.

Sizin Alyhezretiniz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. 


https://www.atavatan-turkmenistan.com/ykdysadyyet/hormatly-prezidentimiz-expo-2020-dubai-butindunya-sergisine-cagyryldy/

19.01.2021
Hormatly Prezidentimiz Aşgabatdaky taslamalar bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz şu saparynyň dowamynda Aşgabadyň günorta böleginde Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän iri desgalara tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň gelen ilkinji desgasy halkara forumlary geçirmek meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi boldy.

Bu belent toplumyň gurluşygy “Bouygues Batiment Internasional” fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Täze gurulýan binada ýokary derejede mejlisleri we duşuşyklary geçirmek, şeýle hem hormatly myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy batly depginlerde dowam edýän Maslahatlar merkeziniň daşky keşbini gözden geçirip, desgada alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gurluşyk meýdançasynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de Maslahatlar merkeziniň daşky we içerki gurluşynyň çyzgylaryny görkezdi.

Soňra milli Liderimiz gurluşygy dowam edýän kaşaň “Arkadag” myhmanhana baryp gördi. Bu desgany hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgada işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ähli ölçegler boýunça—gurluşygyň hilinden başlap, timarlaýyş işlerine çenli gurulýan toplumyň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelmelidigine ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet münberiniň gurulýan ýerine tarap ugrady. Bu desga hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Köpetdagyň eteginde gurulýan münberden günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi açylýar.

Hökümet münberi öz ölçegleri bilen uly täsir galdyrýar. Tutýan meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bolan desga Gündogaryň köşk ymarat gurluşygy usuly boýunça bina edilip, 2 müň orunlyk myhmanlar üçin münberi öz içine alýar.

Münberiň öňünde meýdança gurlup, onda dabaraly ýörişler hem-de giň gerimli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli dabara geçiriler.



https://www.atavatan-turkmenistan.com/umumy/hormatly-prezidentimiz-asgabatdaky-taslamalar-bilen-tanysdy/


19.01.2021
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZYŇ TÄZE DESGALARYNYŇ GURLUŞYKLARYNDA IŞLERIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY

AŞGABAT, 18-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy.
Dünýä meşhur bu kompaniýanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen iri möçberli gurluşyk taslamalarynyň ençemesine işjeň gatnaşmagy döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň hem-de Türkmenistanyň we Fransiýanyň uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda ýola goýýan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi maksat edinýändiginiň aýdyň görkezijisidir.
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Türkmenistanyň Milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, medeni we ykdysady ulgamlarda işjeň ösdürilmeginiň dowam edýändigini kanagatlanma bilen nygtady.
Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň iýun aýynda geçirilen ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dördünji mejlisi özara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna syn bermäge mümkinçilik berdi hem-de iki dostlukly ýurduň dürli düzümleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam etdi.
Milli Liderimiziň ynam bildirýän fransuz kompaniýalarynyň öz üstlerine ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin hemme çäreleri görýändigi aýratyn nygtaldy.
Emmanuel Makron öz hatynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Kararnamany kabul eden pursadyndan başlap, Fransiýanyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny üýtgewsiz goldaýandygyny belledi hem-de däp bolan hyzmatdaşlygyň has-da çuňlaşdyryljakdygyna umyt bildirdi.
Gurluşyk pudagy türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň öňden gelýän we däp bolan ugrudyr. Aşgabadyň ýüzüniň tuwagyna öwrülen dürli maksatly iri desgalaryň “Bouygues Batiment International” kompaniýasy tarapyndan ulanylmaga tabşyrylandygy şol gatnaşyklaryň netijelidiginiň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklaýandygyny bellemek gerek. Paýtagtymyzyň keşbinde Watanymyzyň ýokary durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar.
Ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti her ýyl täze özboluşly binalar we desgalar bilen ýetirilip, Türkmenistanyň aýratyn buýsanjyna, depginli ösüşiniň görkezijisine öwrülýär.
Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, täze ýaşaýyş, dolandyryş, senagat toplumlarynyň, ýol-ulag we durmuş düzümlerine degişli desgalaryň iri möçberli taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen giňişleýin tanyşmak üçin wagt tapyp, täze gurluşyklary hut özi yzygiderli gözden geçirýär.
Ýaşaýşyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň görülmegi netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we amatly şäherleriniň biri, iri çäreleri geçirmek hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin ähli şertler döredilýän sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi derejesini barha pugtalandyrýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň başyny başlap, olary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny — taýýarlanylyşyndan başlap, amala aşyrylyşyna çenli hemme işleri hemişe üns merkezinde saklap, öňde goýlan wezipeleri çözmäge täzeçil, toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny belleýär.
Döwlet Baştutanymyz şu saparynyň dowamynda Aşgabadyň günorta böleginde Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän iri desgalara tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň gelen ilkinji desgasy halkara forumlary geçirmek meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi boldy. Bu toplumyň gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Täze gurulýan binada ýokary derejede mejlisleri we duşuşyklary geçirmek, şeýle hem hormatly myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy batly depginlerde dowam edýän Maslahatlar merkeziniň daşky keşbini gözden geçirip, desgada alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gurluşyk meýdançasynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de Maslahatlar merkeziniň daşky we içerki gurluşynyň çyzgylaryny görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, gurluşykda ulanylýan timarlaýyş we gurluşyk serişdeleriniň häsiýetnamalaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Şol serişdeler daşky keşbi, mäkämligi we dowamlylygy bilen tapawutlanmalydyr.
Milli Liderimiz Maslahatlar merkezi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna halkymyz üçin ajaýyp sowgat bolar diýip, geçirilýän işleriň ýokary hilli bolmagyny hem-de dünýäniň şähergurluşygynyň ölçeglerine we milli binagärligiň däplerine kybap gelmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze Maslahatlar merkeziniň ýurdumyzyň işjeň syýasy durmuşynyň jemlenýän ýerine öwrülmelidigini bellemek bilen, meýilleşdirilen ýokary derejeli duşuşyklary we maslahatlary geçirmek üçin ähli şertleri döretmegiň möhümdigini aýtdy, munuň özi dünýä giňişliginde Türkmenistanyň abraýynyň has-da artmagyna ýardam eder.
Soňra milli Liderimiz gurluşygy dowam edýän kaşaň “Arkadag” myhmanhanasyna baryp gördi. Bu desgany hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgada işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, onuň ähli ölçegler boýunça — gurluşygyň hilinden başlap, timarlaýyş işlerine çenli ýokary halkara ölçeglere kybap gelmelidigine ünsi çekdi.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda gurulýan durmuş maksatly desgalaryň bina edilmegine häzirki zaman talaplary bildirilýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, durmuş maksatly binalaryň taslamalary taýýarlanylanda we olaryň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribeleri bilen milli binagärlik ýörelgelerini utgaşdyrmagyň esasy ugur edinilýändigini aýdyň görkezýär.
Milli Liderimiz döwrebap binanyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen içgin gyzyklanyp, olaryň bildirilýän talaplara doly laýyk gelmegi hem-de bellenen möhletlerde tamamlanmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Binanyň içki we daşky bezelişi, myhmanhana otaglarynyň gurluşynyň işlenip taýýarlanylyşy aýratyn, milli öwüşgine eýe bolmalydyr. Munuň özi myhmanhananyň hyzmatlaryndan peýdalanjak daşary ýurtly myhmanlara türkmen halkynyň özboluşly däpleri bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döreder.
Myhmanhana toplumynda oňaýly ýaşamak we dynç almak üçin döredilýän şertler Gündogaryň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine doly kybap gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Täze myhmanhananyň ýerleşýän ýerini nazara alyp, onuň ýurdumyza gelýän jahankeşdelerde oňyn täsin galdyrmagy we myhmanlaryň paýtagtymyzyň günorta künjeginiň ajaýyp ýerlerini synlap bilmekleri üçin ýokary derejeli şertler üpjün edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da, täze gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalarda, aýratyn-da, döwrebap myhmanhanalarda halkara derejeli çäreleri geçirmek mümkinçiliginiň döredilmegi zerurdyr diýip, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhananyň ýerleşýän ýeriniň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, bu ýerlerde tokaý zolaklarynyň döredilmegi, myhmanhananyň çäginiň bagy-bossanlyga bürenmegi we binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň zerurdygyna ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň myhmansöýerlik däpleri dünýä nusgalykdyr. Asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerine laýyklykda, türkmen halky myhmanlaryna we gadyrly dostlaryna kalbynyň töründen orun berýär. Halkymyzyň döreden nusgalyk ýörelgeleri täze gurulýan myhmanhanalarda öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz desganyň gurluşygynyň ýokary hil derejesine eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet münberiniň gurulýan ýerine tarap ugrady. Bu desgany hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär.
Köpetdagyň eteginde gurulýan münberden günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi açylýar.
Hökümet münberi öz ölçegleri bilen uly täsir galdyrýar. Tutýan meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bolan desga Gündogaryň köşk-ymarat gurluşygy usuly boýunça bina edilip, myhmanlar üçin 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar.
Münberiň öňünde meýdança gurlup, onda dabaraly ýörişler hem-de giň gerimli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli dabaralar geçiriler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Hökümet münberinde alnyp barylýan gurluşyk-abadanlaşdyryş işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary hem-de gurluşygyň ýokary hilini hem-de bellenilen möhletde tamamlanmagyny üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Hökümet münberinde Watan goragçylarynyň dabaraly ýörişini ýokary derejede guramak maksady bilen, bu ýerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz harby ýörişleri geçirmäge taýýarlyk görlende Hökümet münberiniň öňündäki meýdançadan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň guramaçylykly geçmegi üçin zerur bolan ähli şertleriň üpjün edilmegini tabşyrdy. Şol tehnikalar Milli Goşunymyzyň güýjüni we kuwwatyny, onuň häzirki zaman tehniki üpjünçiligini açyp görkezýär.
Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanylýan behişdi bedewleriň çykyşlary üçin ähli şertler göz öňünde tutulmalydyr. Ahalteke bedewi taryhymyzda mynasyp orny eýeläp, türkmen jigitleriniň ençeme nesillerine wepaly gulluk edip gelýär. Bedew olar üçin wepaly ýoldaş we dost bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp ahalteke bedewleriniň köp sanly myhmanlaryň öňünde gözelligini görkezmegi üçin ähli şertleri döretmegi tabşyrdy.
Wise-premýer M.Mämmedowa şu ýyl şanly senäni — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk, hususan-da, degişli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýdyp, bu ýerde dabaraly ýörişler bilen bir hatarda, giň gerimli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak üçin ähli şertleriň döredilmelidigini belledi.
Dabaralar häzirki zaman derejesinde, türkmen halkynyň ruhuna, onuň däplerine, baý milli mirasyna laýyklykda guralmalydyr. Çäreler geçirilende, agşamky yşyklandyryş ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary göz öňünde tutmak gerek diýip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Okgunly ösýän Türkmenistanyň täze taryhynyň başlangyç nokadyna öwrülen mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň giňden baýram edilmegine berilýän uly ähmiýeti nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet münberiniň açylyş dabarasyna örän jogapkärli taýýarlyk görmek barada görkezme berdi.
Milli Liderimiz potratçynyň ünsüni gurluşygyň hiline hem-de desgany bellenilen möhletde ulanmaga bermegiň möhümdigine çekdi. Şeýle hem milli binagärligiň däplerini ulanmak, geçirilýän işleriň bildirilýän talaplara kybap gelmegini üpjün etmek barada tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň netijelerini jemläp, täze gurulýan desgalaryň şäheriň şu bölegindäki ajaýyp binagärlik toplumyna sazlaşykly goşulyp, bu ýerde ozal gurlan desgalar hem-de gözel tebigat bilen utgaşmalydygyny belledi.
Bu talap, elbetde, binagärleriň hem-de taslama düzüjileriň öňünde çylşyrymly döredijilik wezipelerini goýýar. Olaryň üstünlikli çözülmegi ak mermerli paýtagtymyzy, onuň gözel keşbini has-da özgertmäge ýardam edýär.
Şeýle hem täze binalar we desgalar gurlanda, olaryň oýlanyşykly ulanylmagyny göz öňünde tutup, toplumlaýyn ýaşaýyş-durmuş, inžener-tehniki hem-de ösen ulag-kommunikasiýa düzüminiň talabalaýyk bolmalydygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.



https://metbugat.gov.tm/blog?id=2276

19.01.2021
Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda Hormatly Prezidentimiziň taryhy başlangyçlaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

2021-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda «Türkmenleriň döwletlilik ýörelgesi, asylly işler Arkadagyň göreldesi» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň bu ulgama gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň maliýe, ykdysady we bank toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna eýe bolan 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ilkinji günlerinden başlap taryhy wakalara, dünýä ýaň salan beýik işlere beslenýär. Ýakynda has takygy, üstümizdäki ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki süýümli halkara aragatnaşyk ulgamlarynyň açylmagy hem munuň anyk subutnamalary boldy. Bu taryhy wakalaryň ählisiniň özeninde bolsa, ilkinji nobatda, adam hakdaky aladanyň durandygy açyk aýdyň duýulýar. Sahawaty türkmen topragyndan uzaýan bu dostluk ýollary, röwşenlik paýlaýan elektrik geçirijileri, optiki-süýümli halkara aragatnaşyk we üstaşyr akymlary doganlyk owgan halkyna nur, rysgal-bereket bolup dolýar. «Kyýamat güni goňşudan» diýen parasatly pederlerimiziň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik ýaly asylly ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän türkmen halkynyň ýürek ýylysy goňşy owgan halkyny mähir bolup çoýýar. Şonuň bilen birlikde, bu taryhy wakalar «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni öňe sürýän milli Liderimiziň daşary syýasat babatda hem, ilkinji nobatda, umumadamzat bähbitlerini, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginiň esasynda, durnukly ösüşiň gazanylmagyny ileri tutýandygyny nobatdaky gezek bütin dünýä äşgär etdi. Bu taryhy pursatlara şaýat bolanlar hem, ony teleýaýlymlar arkaly synlanlar hem ulanmaga berlen täze, iri taslamalaryň doganlyk owgan halkyny galkyndyrandygyny, olaryň asuda ýaşaýşa, abadan durmuşa, röwşen geljege bolan umytlaryny has-da artdyrandygyny äşgär duýdylar. Şonuň üçin-de, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan tutuş dünýä-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, türkmen halkynyň durmuşa geçirýän bu nusgalyk işleri giň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Bellenilişi ýaly, bu iri taslamalar, ilkinji nobatda, owgan halkynyň durmuş düzümleriniň rowaçlanmagynda, ýurduň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak boýunça täze mümkinçilikleriň açylmagynda örän uly ähmiýete eýedir. Maslahatda parahatçylygyň hem-de birek-birek bilen ynamly gatnaşyklary alyp barmagyň türkmeniň ata-baba döwletlilik ýörelgesi bolup gelýändigi, bu günki günde gadymy Beýik Ýüpek ýoluny zamanabap derejede gaýtadan dikeldýän Türkmenistanyň 2021-nji ýyla halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna mahsus beýik işleri bilen dünýä nusgalyk görelde görkezýändigi aýratyn nygtalyp bellenildi.

Çykyş edenler şol beýik işleriň gözbaşynda duran Watny beýgeldip, beýgelmek düşünjesine eýerýän alym Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, umumadamzat bähbitli ynsanperwer başlangyçlarynyň, il ähmiýetli, ýurt bähbitli alyp barýan parasatly syýasatlary mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi



19.01.2021
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde, ministrligiň ýolbaşçylary we wekilleri bilen Halkara Pul Gaznasynyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi

2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda, ministrligiň ýolbaşçylarynyň degişli müdirlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) wekiliýeti bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň halkara maliýe guramalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri halkara maliýe guramalary we düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Ýurdumyzda ykdysady ösüşi alamatlandyrýan esasy makroykdysady görkezijileriniň derejesi durnukly saklanylýar, pul-karz syýasaty kämilleşdirilýär, önümçilik hem-de eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän pudaklara yzygiderli goldaw berilýär. Halkara maliýe edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyklar yzygiderli ösdürilýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde, ministrligiň ýolbaşçylarynyň we degişli müdirlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) wekiliýeti bilen göni wideoaragatnaşykda geçirilen duşuşyk hem biziň aýdanlarymyza doly şaýatlyk edýär.

Duşuşykda gaznanyň işgärleriniň saparynyň maksatlary, ýurdumyzyň soňky ykdysady ösüşleri, çaklamalary we strategiki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşyldy şeýle-de duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky Ylalaşygyň IV maddasyna laýyklykda göz öňünde tutulýan maslahatlara taýýarlyk boýunça meselelere seredildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň halkara maliýe guramalary we düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler. Mähriban Watanymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagyny arzuw etdiler.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi


18.01.2021
Goňşa barýan ýol

Taryh taryhy wakalardan döreýär.

Beýik döwür beýik işlerden hasyl bolýar.

Beýik işleri beýik adamlar amala aşyrýarlar.

Sanlyja gün ozal, 14-nji ýanwarda türkmen gündogary taryhy wakalaryň merkezine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet köşgünde teleköpri arkaly döwletli-derejeli tutumlaryň birbada üçüsine — Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisiniň, Serhetabat — Turgundy, Ymamnazar — Akina ugurlary boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegine ak pata berdi. Dabara wideoaragatnaşyk arkaly Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani hem gatnaşdy.

Munuň özi şol bir wagtyň özünde türkmen Lideriniň başlangyjy bilen dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, biziň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary berlen 2021-nji ýylyň şan-şöhratly wakalarynyň hem badalgasyna öwrüldi. Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toý kerweni ýola düşdi.

Eýsem, taryha ýazylan bu wakalar diňe demir ýol, elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk düzümleriniň işe girizilmeginden ybaratmy?! Aslynda, bu desgalar bitirilen we bitirilýän işiň diňe göze görünýän bölegi ahyry — göýä uzyn hem möwçli derýanyň ýaplary, berdaşly daragtyň şahalary ýaly! Bu wakalaryň düýp gözbaşlary, asyl kökleri barada pikir öwreniňde, has düýpli esaslar bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň.

Munuň özi «Ýakyn goňşuçylyk — alys geljek» ýörelgesine daýanyp, doganlyk ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermek we bu ösüşi üpjün etmek ýaly umumy maksadyň amala aşyrylmagydyr.

Türkmen döwletiniň Ýer ýüzüniň bu böleginde ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmek, şeýdibem häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmak, netijeli sebitara we yklymara hyzmatdaşlyga badalga bermek strategiýasynyň rowaçlanmagydyr.

«Biz Owganystany parahat we gülläp ösýän ýurt, sebitiň ähli döwletleriniň hoşniýetli goňşusy we hyzmatdaşy hökmünde görmek isleýäris» diýýän hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky anykdan aýgytly tagallalarynyň dowam etdirilmegidir.

Bu taslamalaryň owgan halkynda öz güýçlerine ynam, bitewi hem abadan geljege umyt döretmekdäki ähmiýetiniň özi nämä degmeýär?!

Bularyň ählisi bolsa gelip-gelip, bir akabada — milli Liderimiziň jahan degresinde, dünýä derejesinde ykrar tapan PARAHATÇYLYK we YNANYŞMAK taglymatynda jemlenýär. Bu sözler biziň üçin diňe bir şygar däl, onda döwrüň çyragyny, belent maksatlaryň myradyny görýäris.

Taryhy wakalar şol günüň ertesi, 15-nji ýanwarda Çärjew etrabynda, Garagumuň altyn öwüşginli alaňlarynyň arasynda «mawy altynyň» berekedini özünde jemläp ýatan «Malaý» gaz käninde gaz gysyjy desganyň açylmagy bilen dowam etdi.

Gadymy kitaplarda: “Iki halkyň arasyndaky bir sözde müň kelamyň güýji bardyr” diýilýär. Diýmek, halklaryň durmuşy bilen dahylly her bir wakanyň söhbedi-de ömürlere, ykballara barabardyr.

1. DEMIR ÝOLUM — ÖMÜR ÝOLUM

Ine, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Akina menzilinden Andhoý şäherine tarap ilkinji otly ýola düşýär. Özi-de ýük wagonlarynyňdyr ýurdumyzyň eksport önümleriniň — dizel ýangyjydyr mineral dökünler, ösümlik önümleri guýlan çelekleriň 20-sini hatarlan otly Beýik Ýüpek ýolunyň mas ýüklenen kerwenlerini ýada salýar. Onuň belent zogy-da hyýalyňda kerwen jaňynyň düňňürdisi bilen utgaşýar. Kerwen jaňynyň sesi bolsa hemişe-de parahatçylygyň owazy, berekediň buşlugy hasaplanypdyr.

Ýol bolsun, täze kerwen!

Dost-dogan illere bereket elt!

Kerkiden ugran kerwen Andhoýa ýetdi

Asyl-ha, şatlykly wakalaryň bir häsiýetli aýratynlygy bar: olar öň başdan geçirilen, özleri bilen ruhdaş pursatlaryň ählisini şol tereň täsiri bilen gaýtalap bilýär. Ruhyýet köşgünde äpet monitorlar arkaly Akina — Andhoý demir ýolunyň dabaraly açylyşyny, owgan doganlarymyzyň ony uly şatlyk hem joşgun bilen garşylaýşyny synlap oturyşymyza, 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň düýbüniň tutulyşyna gatnaşan, soňra 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda onuň dabaraly açylyşyna şaýat bolan, dostlukly Akinada owgan gardaşlarymyzyň guwanjyny paýlaşmak miýesser eden pursatlary ýatlaýarys. Olar gyzykly kinofilmiň görnüşleri deýin, birin-birin aňyňda aýlanyp, bitewi sazlaşygy döredýär.

Uzynlygy 88 kilometr bolup, 85 kilometri ýurdumyzyň çäginde, galan 3 kilometri Ymamnazar — Akina serhetýaka nokatlarynyň arasynda ýerleşýän bu polat ýoluň açylyşy Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň ilkinji tapgyrynyň üstünlikli durmuşa geçirilmesi hökmünde taryha ýazyldy. Şeýlelikde, iki gadymy goňşy el-ele berip, hyzmatdaşlygyň täze dünýäsine derwezesini açdy.

Ýollara uzamak mahsus. Birleşmek, birleşdirmek mahsus. 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda goňşy ýurduň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde 10 kilometre barabar bolan demir ýol şahasynyň açylmagy, şeýle hem Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegi, bu gün bolsa onuň ulanyşa girizilmegi şol döwletli işleriň mynasyp dowamyna öwrüldi.

Şeýlelikde, Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý demir ýoly bu gün ýurtlaryň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulmagy, täze bazarlara çykmagy üçin täze giňişlikleri açýar. Ol Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmeginde, şäherleri, kärhanalary gurmagynda, iş orunlaryny döretmeginde hem juda ähmiýetlidir. Bulardan hem başga, ol Owganystan üçin Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň bazarlaryna çykmak mümkinçiligini döredýär. Bu ýurdy sebitiň ulag ulgamynyň möhüm düzüm bölegine öwürýär. Netijede, Owganystan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülmek mümkinçiligine eýe bolýar.

Dabarada bellenilişi ýaly, Owganystanyň demir ýol müdirliginiň geçiren seljermesine laýyklykda, bu ýol boýunça daşalýan ýükleriň möçberi birinji ýylda 20 göterim hem-de ikinji ýylda 50 göterim artar. Munuň özi ýük daşamalarynyň tizliginiň artmagyna getirer, iş orunlary peýda bolar.

Demir ýol diýmek diňe bir relslerden ybarat däl. Ol köp serişdedir adam güýjüni, irginsiz zähmeti talap edýän iş. Täze taslamanyň üstünlikli amal edilmeginde ýol gurluşykçylarymyzyň zähmetidir olaryň döwrebap tehnikalary, enjamlary, işleriň sowatly, göwnejaý guralmagy möhüm orny eýeledi. Demir ýoly çekmekden başga-da, 30 kilometrlik ýoluň ugrunda ätiýaçlyk we gapdal ýollary guruldy, konteýner terminallary hem-de beýleki kömekçi desgalar bina edildi we enjamlaşdyryldy.

Bu ýoluň gurluşygy geljekde hem dowam etdiriler.

***

“XVII asyrda döräp, XIX asyrda bolsa doly aýaga galan polat relsler bu gün dünýäniň ýüküni çekýär” diýen jümle Zeminiň ähli künjegi üçin mahsusdyr. Şol bir wagtda dünýäniň senagat öwrülişiginiň demir ýollaryň çekilmegi bilen baglylykda bolup geçendigi-de hakykatdyr. Munuň şeýledigine häzirki wagtda tutuş dünýädäki umumy ýük dolanyşygynyň 60 göteriminden gowragynyň demir ýoluň paýyna düşýändigi hem anyk delildir. Rahatlygy, ykjamlygy, ygtybarlylygy bilen demir ýollar ýolagçy gatnawynda hem möhüm ähmiýete eýe.

Türkmenistanyň demir ýol babatdaky hyzmatdaşlygy giň gerimlidir, dowamlydyr. Muny Owganystan bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalar hem aýdyň görkezýär.

Serhetabat — Turgundy — Hyrat: ýol gurluşygy dowam edýär

Ýatlamalar 2017-nji ýylyň 29-njy noýabryna alyp gidýär. Şol gün bereketli Pendi sähralary bilen gadymy Hindiguş daglarynyň aralygynda — türkmen-owgan serhet ýakasynda ýene-de bir döwletli tutumyň şaýady bolupdyk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iň günorta künjeginde Serhetabat — Turgundy demir ýol şahasynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, has anygy, gaýtadan gurulmagyna badalga bermek bilen, tyllaýy güýz gününi taryhyň altyn sahypasyna öwürdi.

Owgan topragynda demir ýoly çekjek türkmen gurluşykçylaryny, ýörite niýetlenen ýol gurujy maşynlary, ýük göterijileri, soňra bolsa dürli tehnikalary we gurluşyk serişdelerini, rels-şypally gözenekleri we beýlekileri özünde jemlän wagonlaryň 42-si hatar gurap, goňşy ýurda tarap geçip gitdi...

Şondan soňra üç aýa ýetirmän, zor-zeberdest türkmen gurluşykçylary eltiji ýollar bilen birlikde, onuň düzümlerini hem gurnadylar. Ýoluň umumy uzynlygy 13 kilometrdir. Ol gapdal ýollaryň 6-syny, ýük ýüklemek, düşürmek üçin niýetlenen ýollaryň hem 7-sini öz içine alýar.

Ýeri gelende aýtsak, 2007-nji ýylyň iýunynda hem Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna türkmen hünärmenleri Serhetabat — Turgundy demir ýolunda umumy bahasy 550 müň amerikan dollaryna deň bolan düýpli abatlaýyş işini geçiripdiler.

Demir ýol şahasynyň täzeden gurulmagy bolsa bu geçelgäniň mümkinçiliklerini iki esseden-de agdyk ýokarlandyrdy. Anyk aýdylanda, ýoluň geçirijilik kuwwatlylygy, gurluşyk işleri geçirilmezden öň, her günde 25 sany wagon bolan bolsa, täze ýol işe girizilenden soň, bu görkeziji her günde 50 — 75 sany wagona çenli baryp ýetdi. Ýükler, esasan hem Russiýa, Baltika ýurtlary, Gazagystan, Täjigistan we beýleki döwletlerden gelip, üstaşyr geçýär.

Häzirki wagtda Hyrat — Turgundy demir ýolunyň gurluşygy hem alnyp barylýar. Onuň uzynlygy 173 kilometre deň bolar. Demir ýoluň ugrunda menzilleriň 4-sini, kommunikasiýa we duýduryş ulgamlaryny, perrony gurmak meýilleşdirilýär. Diýmek, Serhetabat — Turgundy demir ýoly doganlyk ýurduň jümmüşine ümzük atýar. «Aňry tarapdan hem Eýranyň demir ýolunyň Hyrada birleşdirilip, demir ýol halkasynyň döredilmegi ýeneki ösüş-özgerişleriň badalgasyna öwrüler» diýip, owganystanly hünärmenler guwançly gürrüň berýärler.

***

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilen 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna girişilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň, ugurdaş optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüniň tutulmagy bilen bagly taryhy dabaralar boldy. Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň açylyşy-da şu senä gabatlanypdy. Taryhy wakalar mynasybetli, doganlyk ýurduň ady dessanlara ýaraşyk beren gadymy Hyrat şäherinde bolmak miýesser edipdi.

Hyradyň «Möwlana Jelaletdin Balh» kongresler merkezinde guralan tutumly dabarada görkezilen wideogörnüşler täsirliligi bilen ýatda galdy. Onda ylma teşne owgan ýigidiniň gazetleriň birinde degişli bildirişi gören dessine, mähetdel etmän, Aşgabatdaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine okuwa girmek üçin synag tabşyryşy, nesibesi duşup, yhlasy gowşup, bu ýokary okuw mekdebinde türkmen deň-duşlary bilen el-ele, egin-egne berip, hünär öwrenişi beýan edilýär. Ol okuwyny tamamlandan soňra, paýtagtyň demir ýol menzilinden “polat kerwene” goşulyp, Serhetabat — Turgundy ugry bilen, göni dogduk mekanyna — Hyrada dolanyp barýar. Uly joşgun, uly hyjuw bilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynda işe başlaýar...

Sanlyja minuda sygdyrylan şu pursatlardan görnüşi ýaly, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan ägirt uly taslamalar goňşy ýurtda ýaş nesliň bagtly ykbaly, arzuw-umytlary, röwşen geljegi bilen baglanyşdyrylýar.

“Lapis Lazuli” geçelgesi: Beýik Ýüpek ýoluny yzlap

Biziň Bitaraplyk syýasatymyz adamzadyň geljegi üçin ýokary jogapkärçilik ýörelgelerine daýanýar. Ol umumadamzat bähbitlerini ileri tutýar. Bu hakykat Türkmenistanyň dostlukly ýurtlar bilen yzygiderli amala aşyrýan ýol-ulag taslamalarynda hem aýdyňlygy bilen açylýar.

2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda paýtagtymyzda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahaty (RECCA VII) geçirilip, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (“Lapis Lazuli”) gol çekildi. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, Owganystany Merkezi Aziýadan aýratyn sebit hökmünde göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu sebitiň üsti bilen bolsa onuň Hazarýaka we Kawkaz, Ýakyn Gündogar, Ýewropa sebitlerine çykalga edinmäge mümkinçiligi bar. Diýmek, deňze çykalgasy bolmadyk Owganystan üçin bu bäştaraplaýyn halkara ulag geçelgesiniň ähmiýeti örän uludyr.

2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Lazurit geçelgesiniň ulag taslamasynyň mümkinçiliklerini ulanmak meseleleri boýunça geçirilen wideomaslahatyň barşynda milli Liderimiz täze teklipleri öňe sürdi.

Ine, onsoň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň 14-nji ýanwarda täze desgalaryň işe giriziliş dabarasynda sözlän sözünde bir asyrdan gowrak wagtdan soň, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen öňden gelýän gatnaşyklaryny dikeltmegiň Owganystan üçin uly hormatdygy, şunda hem Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigi barada aýdanlaryna düşünmek kyn däldir.

***

Dünýäde ýol goýanlar taryha girýär.

Dünýäde diwar däl-de, köpri guranlar at-abraýa eýe bolýar.

Halkymyz «Müň içitden bir geçit» diýýär.

Sebitden sebite, yklymdan yklyma möhüm geçelgeleri, ýollary gurmak babatynda alnyp barylýan uly-uly işler, müňlerçe ýyl mundan ozal bolşy ýaly, şu günki günde hem Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidigini aýan-aýdyň tassyklaýar. Bu gadymy ýoly Gahryman Arkadagymyz anyk taslamalar bilen gaýtadan dikeldýär.

Kakamyrat REJEBOW.

“Türkmenistan”.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18375

18.01.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk hatyny iberdi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä mähirli salamyny we minnetdarlyk hatyny ýollady.

Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky hoş habary ýazan Maýkl Iraniniň hatyny uly kanagatlanma we şatlyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

“Ildeşimiziň sportuň agyr atletika görnüşi boýunça altyn hem-de kümüş medallara mynasyp bolmagy bizi diýseň begendirdi we guwandyrdy. Mundan başga-da, türgenimiziň itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzelemegi bizi has-da buýsandyrdy” diýip, milli Liderimiz öz hatynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyzda halkara sport çärelerini ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýän hem-de dünýä ölçeglerine kybap gelýän döwrebap sport toplumlary we desgalary, şol sanda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi gurlup, ulanylmaga berildi.

Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, soňky ýyllarda ýurdumyzda iri möçberli halkara sport çäreleriniň birnäçesi geçirildi.

Muňa mysal edip, 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisini we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen Aziýa çempionatlaryny görkezmek bolar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

“Biz şu ýyl hem Welotrek boýunça dünýä çempionatyny hem-de tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyryny, şeýle hem öňümizdäki 2022-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işlerini alyp barýarys” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda nygtalýar.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirmek bilen, ýurdumyzyň geljekde hem agyr atletika boýunça ýaryşlary ýene-de kabul etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Maýkl Iranini özüne amatly bolan wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. “Biz gadymy türkmen topragynda Sizi hormatly we gadyrly myhman hökmünde görmäge örän şat bolarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de alyp barýan ähli asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18382?type=feed

18.01.2021
Durmuş ähmiýetli ykdysady ösüşler

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 13-nji ýanwarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda şanly baýramçylyga gabatlanyp, Ahal welaýatynda ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň barşy barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiziň sebitleýin syýasaty welaýatlar üçin deň ösüş şertlerini döredýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ilat üçin ýokary hilli durmuş derejesini üpjün etmegi nazarlaýan bu sebit syýasatynda ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda goýulýar. Sebitleriň ykdysadyýetiniň toplumlaýyn ösdürilmegi babatynda uzak möhletleýin taslamalar, täze özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ykdysady syýasatyň täze ugry ykdysady taýdan maksadalaýykdygy we uzak möhletleýin bähbitler nukdaýnazaryndan ähli ykdysady hem-de dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi, ykdysady kuwwaty artdyrmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmegi göz öňünde tutýar. Ykdysadyýetiň netijeli hususy ulgamyny döretmek hem-de bäsdeşlik esasynda döwlet-hususy gatnaşyklary ösdürmek hem möhümdir. Senagatlaşdyrmaga tarap alnan ugur diňe ykdysady däl-de, eýsem, durmuş ähmiýetli bolup durýar. Häzirki döwürde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň esasy bölegini öz kärhanalarymyzda öndürmek meselesi baş wezipeleriň biri bolup durýar. Ykdysady ösüşi, doly we öndürijilikli iş üpjünçiligi we ähli adamlar üçin mynasyp iş orunlaryny döretmeklige ýardam etmek ugry Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleri bilen baglanyşykly bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilen we amala aşyrylýan maksatnamalaryň we meýilnamalaryň çäklerinde gurulýan kärhanalaryň, desgalaryň, binalaryň ulanmaga berilmeginiň netijesinde, müňlerçe täze iş orunlary döredilýär. Ýeňil senagatda taýýar önümleriň, şol sanda getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmek we täzelemek boýunça işler hem yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Dokma senagatynyň önümçiliginiň depginli ösmegi, harytlaryň çykarylyşynyň artdyrylmagy ýeňil senagatyň eksport mümkinçiligini pugtalandyrýar.

Iş maslahatynyň barşynda şu ýyl ulanylmaga beriljek desgalaryň arasynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan hem-de Kaka etraplarynda ýokary halkara ülňüleri esasynda enjamlaşdyrylýan dokma toplumlarynyň bardygy habar berildi. Her biri 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen täze döwrebap senagat toplumlarynyň gurluşygyna 2018-nji ýylda badalga berlipdi. Bu pudagyň depginli ösüşi welaýatyň ilatyny, esasan-da, aýal-gyzlaryny iş bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Häzirki döwürde milli binagärlik äheňlerinde öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyk gelýän ähli amatlyklary bolan ajaýyp ýaşaýyş jaýlary, döwrebap önümçilik we medeni-durmuş maksatly täze-täze binalar we desgalar, awtomobil we demir ýollary, seýilgähler gurlup, ulanmaga berilýär. Ýurdumyzda durnukly ösüşiň ýene bir wajyp maksady bolan üpjünçilik ulgamlary pudaklaryny gurmak boýunça hem uly möçberli işler alnyp barylýar. Halkara ähmiýetli demir ýollarynyň, gara ýollaryň, deňiz portunyň, howa menzilleriniň gurulmagy, senagatda gaýtadan işleýän pudaklaryň ýokary depginler bilen ösdürilmegi, innowasiýa häsiýetli iri kärhanalaryň gurulmagy we ulanmaga berilmegi durmuş-ykdysady ösüşiň oňyn görkezijileridir.

Hormatly Prezidentimiziň özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan gurluşyk işleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyryp, olaryň asuda, abadan, eşretli durmuşda ýaşamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri we medeniýetli dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gurluşyk senagatyna ägirt uly serişdeleri goýbermek bilen, ýurdumyzyň geljegini gurýarys, onuň ösmegi üçin ygtybarly esasy döredýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalary netijesinde iri taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, durmuş-ykdysady ulgama goýberilýän uly möçberli maliýe serişdeleri özygtyýarly Watanymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilen maýa goýumlarydyr.

Nesip bolsa, halkymyzyň agzybirligi, jemgyýetiň jebisligi, bir maksada gulluk edip, milli Liderimiziň daşynda jemlenmegi bilen, biz öz beýik maksatlarymyza ýeteris. Bizi beýik ýeňişlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!

Bahar JEPBAROWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18335

18.01.2021
Arkadagly Watan ösüşlere beslenýär

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän ýurdumyzda garşylaýan her bir günümiz, aýymyz, ýylymyz ajaýyp üstünliklere beslenip, eşretli günlere ulaşýar. Biz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» adyna eýe bolan ýylymyzy garşyladyk. Bu ýyl parahatçylygyň, ynsanperwerligiň gadyr-gymmatyny ýene bir ýola bütin dünýä ýaýjak ýyl bolar. Elbetde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigini-de buýsanç bilen nygtamalydyrys.

Täze üstünliklere gönezlik

Halkymyzda gazanylan üstünlikler geljekde täze sepgitlere ýetmäge gönezlik hasaplanyp, olaryň gadyr-gymmatyna aýratyn sarpa goýulýar. Hut şu jähetden hem her bir ulgamda gazanylan ýeňişler gadam goýan Täze 2021-nji ýylymyzda has belent sepgitlere ýetmäge badalgadyr. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylymyza ser salanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda gazanylan üstünlikler, oňyn özgertmeler, guwandyryjy beýik işler Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şolardan haýsy birini ýatlanymyzda hem bizi täze zähmet üstünliklerine galkyndyrýar. Elbetde, şol ýetilen sepgitleriň her biri biziň üçin guwandyryjydyr. Ýöne biz ynsana ak ýol açýan bilim hakynda gürrüň etmegi makul bildik. Hormatly Prezidentimiziň “Bilim ähli ösüşleriň özenidir” diýip parasatly belleýşi ýaly, haýsy bir ýetilen belent sepgitler barada söz açylsa, onuň düýp özeninde hökmany suratda bilimiň, ylmyň gazananlarynyň bardygyna magat göz ýetirýärsiň.

Ýurdumyzyň bilim ulgamy dogrusynda gürrüň açylanda, türkmen halkymyzyň buýsanmaga haky bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýaş neslimize dünýä ülňülerine laýyk bilim berilmegi, olar baradaky aladalaryň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugruna öwrülmegi halk bähbitli işleriň iň bir naýbaşysy bolsa gerek. Sebäbi her bir maşgalanyň hem, ýurduň hem geljegi şu günki ýetişip gelýän nesle bagly. Akylly-başly, edep-terbiýeli, bilimli-ylymly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmen bolup ýetişen perzentli öý bagtlydyr, şeýle ogul-gyzlaryň ýetişýän ýurdy hem berkarardyr, has bagtyýar ertirlere gadamlary batlydyr.

Ylym-bilime aýratyn üns berýän, ýaşlaryň giň gözýetimli, kämil bolup ýetişmekleri üçin çuňňur alada edýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanýarys. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky üstünlikler her ýylymyzyň aýratyn öwüşgini bolup, kalbymyzy çoýýar. Hut soňky ýyllarda ýurdumyzda çuňňur bilimli ýaş neslimiz ýetişdi. Olaryň dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara ders, taslama, zehin, sport bäsleşiklerinde iň öňdäki orunlary eýeläp, altyn, kümüş, bürünç medallara, tapawutlanan diplomlara mynasyp bolmagy buýsançly başymyzy göge ýetirýär.

Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmekde, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekde, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Şu ýerde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde hem bu konsepsiýany durmuşa geçirmek bilen baglylykda degişli işleriň alnyp barylýandygyny nygtamak isleýäris. Mugallymlaryň sapak ýazgylarynyň, okuw-görkezme esbaplarynyň elektron görnüşiniň taýýarlanmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Bilim syýasatymyzyň iň möhüm bölegi dünýäniň esasy ylym we bilim merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan ybaratdyr” diýmek bilen, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleriniň wajypdygyny belläp, dil öwrenmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Berkarar döwletimizde çagalar bagyndan başlap ene dilimizi we dünýä dillerini öwretmek ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýar. Ondan daşary hem ýokary okuw mekdeplerimizde dünýä dilleriniň ençemesi öwrenilýär. Ýörite daşary ýurt dillerini okatmaga niýetlenen mekdeplerimiz hem hereket edýär. Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daşary ýurt dillerini has çuň we kämil öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Ine, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky gazanýan üstünlikleriniň birje ülşi barada gürrüň açdyk. Bularyň bary bolsa, ýeneki üstünliklere gönezlik we badalgadyr.

Sakasy — saglyk

Türkmen halkymyzda ynsan saglygyna berilýän ünsüň juda ýokarda goýulýandygyna bu ugurdaky pähimlere, tymsallara, rowaýatlara nazar aýlanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Aslynda, türkmen aga her bir işiň sakasyny saglykda görýär. Şonuň üçin-de ata-babalarymyz «Saglyk bolsa, galan zadyň bir alajy bolar» diýip, her bir işi jäht tutupdyrlar. Pederlerimiz heniz perzentleri dünýä inmezinden öň onuň saglygy hakynda alada edipdirler. Hut şonuň üçin hem halkymyzda “Saglygym — baýlygym”, “Saglyk — başymyň täji”, “Saglyk — öýüň soltany” diýen ýaly onlarça pähimleriň döredilmegi hem ýöne ýerden däldir. Ine, alyslardan aşyp gelýän halkymyzyň bu ýörelgesini Gahryman Arkadagymyz has belent derejelere ýetirip, ynsan saglygy hakyndaky aladalary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwürdi.

Elbetde, biziň saglyk hakynda hem aýratyn söhbet açmagymyz ýöne ýerden däldir. Ähli ösüşleriň özeninde ylym-bilim durýan bolsa, onuň hem gözbaşynda saglyk durýandyr. Ine, şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň saglyk ulgamyndaky ösüşlere aýratyn ähmiýet berip, halkymyzyň saglygyny berkitmekde uly işleriň geçirilmegine giň ýol açdy. Dünýäniň ösen döwletlerinden getirilen ýokary derejeli saglyk enjamlary bilen üpjün edilen onlarça anyklaýyş we bejeriş desgalarynyň ulanmaga berilmegi, dürli ugurlar boýunça hassahanalaryň açylmagy, dynç alyş merkezleriniň ulanmaga berilmegi — bularyň bary halkymyzyň saglygy hakyndaky aladadyr.

Ynsan haçan özi hakynda edilýän aladalary duýup ýaşanda, özüni bagtly saýýar. Şol bagtyýarlygy peşgeş beren milli Liderimize alkyş aýdýarys. Saglyk hakynda gürrüň edilende, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyny hem agzaman geçmek bolmaz. Türkmen halkymyz — sähraýy halk. Olar derman otlaryň ynsan saglygyna edýän peýdasyna berk ynanyp, olary durmuşlaryndan aýyrman ýaşapdyrlar. Şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň her bir jildini ýüzlerine sylyp, ony ýakyn gollanma hökmünde ulanýan halkymyz şeýle kitaplaryň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýärler.

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda her bir ýylymyzyň özboluşly atlandyrylmagy indi däbe öwrüldi. Buýsanç bilen garşylan Täze ýylymyzyň hem “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň köňül guşuny ganatlandyrdy. Sebäbi halkymyzyň aňynda, ruhunda parahatçylyga, ynanyşmaga bolan söýgi aýratyn orun eýeleýär. Ol söýgi öz gözbaşyny juda alyslardan, has dogrusy nesilbaşymyz bolan Oguz han atamyzdan alyp gaýdýar. Şeýle asylly ýollary asyrlaryň dowamynda berkiden ata-babalarymyz ony durmuş ýörelgeleriniň aýrylmaz bir bölegine öwrüp gelipdirler.

Aslynda parahatçylyk we ynanyşmak biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Ynanyşmagyň bolan ýerinde parahatçylyk bolýandyr. Hut şonuň üçin hem halkymyzda birek-birege ynanyşmak ýörelgesi ýöredilýär.

Elbetde, ähli adamzat üçin parahatçylygyň, abadan durmuşyň höziri başgadyr. Hut şonuň üçin-de, BMG-niň belent münberinden öňe sürülýän teklipleriň agramly böleginiň, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagy netijesinde, Ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegi baradadyr diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Umumadamzadyň parahatçylygy, ösüşi nazarlanýan beýik başlangyçlaryň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýan edilmegi mähriban halkymyzyň kalbynda, ruhy dünýäsinde ýaşaýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiziň rowaçlanýandygyna buýsanjyny artdyrýar.

Asmanda ak kepderileriň ganat ýaýyp ýörenine, reýhan bolup açylan güllere nazaryň düşende, erkana bökjekleşýän çagalaryň şadyýan seslerini, ajaýyp aýdymyň owazyny eşideniňde özüňi parahat durmuşyň gujagynda duýýarsyň. Bu pursatlar parahatçylygyň we bagtyýarlygyň keşbidir.

Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA,

«Mugallymlar gazeti».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18359

18.01.2021