Ýurdumyzy ösdürmek boýunça döwlet tarapyndan alnyp barýan giň gerimli durnukly ösüş strategiýasynyň binýatlyk ugry iň täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp, diwersifikasiýalaşan häzirki zaman ykdysady gurluşy döretmekden ybarat bolup durýar. Şunda depginli durnukly ösüşi, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagy, önümçilik serişdeleriniňdir gurallarynyň üznüksiz döwrebaplaşdyrylmagyny, ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny we howpsuzlygyny üpjün edýän milli ykdysadyýetiň nusgasyny döretmek zerurlygy ileri tutulýan ugur bolup öňe çykýar. Bäsdeşligiň deň şertlerini döretmek milli ykdysadyýetiň düzümini kämilleşdirmek syýasatynyň esasy höweslendirijisi bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň ähli görnüşlerini we ýüze çykmalaryny doly möçberde üpjün etmek wajyp wezipedir.
Ýurduň jemi içerki önüminiň düzüm üýtgemelerine döwlete dahylsyz bölek saldamly goşandyny goşýar. Hususy maýa innowasion ösüşe hem, ykdysadyýetiň anyk böleginde täze öňegidişlikleriň gazanylmagyna hem, ýokary bäsleşikli hyzmatlaryň ösüşine hem ýardam etmäge gönükdirilendir.
Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär» diýlip bellenen. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda hususy eýeçiligi we telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Netijede, halkyň arasynda emläk eýeleriniň ösen gatlagy döreýär we kuwwatlanýar. Olar ýurduň öndüriji güýçleriniň ösüşine saldamly goşant goşýar. Amala aşyrylýan maksatnamalarda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine uly ähmiýet berilýär, döwlet — hususyýetçilik hyzmatdaşlygy, sözüň doly manysynda, alnyp barylýar. Bu bolsa senagatçylar we telekeçiler gatlagynyň günsaýyn artmagyna getirýär. Bu ugur «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasy ýörelgesi hökmünde kabul edilendir.
Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň strategik wezipelerini amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary kiçi we orta telekeçiligi goldamak, ykdysadyýetiň hususy bölegini kadaly ösdürmek babatda özara arabaglanyşykly işleri ýola goýýarlar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, ýörite maksatnama işlenip düzüldi we amala aşyryldy. Pudaklaýyn, sebitleýin maksatnamalaryň aglabasynda ykdysadyýetiň hususy böleginde görkezijileriň geljekki ösüşi öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanda kiçi telekeçiligi goldamagyň ýeterlik derejede kämil ulgamy hereket edip, döwlet tarapyndan bu ugra uly goldaw berilýär. Ýerli häkimlikleriň öz-özüňi dolandyryş edaralary hojalygy ýöretmek işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Sebäbi ýurdumyzda işewürlik ýerli häsiýetde we aýry-aýry sebitlere dahylly bolmagynda galýar.
Häzirki wagtda Diýarymyzyň hususy eýeçiliginde köp sanly hojalyk birlikleri (ýuridik şahslar): lomaý we bölek satuw söwdasynda, awtoulaglary abatlamakda, oba we tokaý hojalyklarynda, balyk tutmakda, gurluşykda, işläp bejerýän önümçiliklerde, hünärmentlikde, ylmy we tehniki işlerde hem-de ençeme beýleki ugurlarda has giň gerimde döredilýär.
Kiçi we orta telekeçilikde birnäçe maksatlar göz öňünde tutuldy. Bar bolan sarp ediş harytlarynyň importyny ýerli önümler bilen çalyşmak, azyk bazarlarynyň haryt bolçulygyny üpjün etmek, ýerli gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek ýaly işleri mysal hökmünde görkezmek bolar. Käbir ýagdaýlarda kiçi we orta telekeçilik öz önümlerimizi goňşy döwletlerde ýerlemek üçin hem döredildi. Türkmenistanyň şertlerinde hususy bölekde kärhanalary döretmek ilatyň, ilkinji nobatda-da, ýaşlaryň we zenan maşgalalaryň iş üpjünçiligine düýpli täsirini ýetirdi. Mary welaýatynda soňky ýyllarda döredilen «Eşretli bagtyýar zaman» hususy kärhanasy we «Üç nesle dowamat» hojalyk jemgyýeti aýdylanlara aýdyň mysaldyr. Ilki agzalan hususy kärhanada 150 adam, beýlekisinde bolsa 163 adam üçin döwrebap iş orunlary döredildi. Bu iş orunlarynda tehniki taýdan ösen döwletleriň enjamlary we tikin maşynlary oturdyldy. Şular ýaly mysallaryň ýüzlerçesini getirse bolar. Döwrebap iş orunlarynyň döredilmegi ilatyň iş üpjünçiliginiň wajyp ugruna öwrülýär.
Ýurdumyzda hususy eýeçiligi, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmegiň ýene bir wajyp ugry innowasiýa önümlerini öndürýän önümçilikleri döretmek bilen baglanyşyklydyr. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri şu ugra gönükdirilendir. Bu hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda täze döreýän pudagyň — elektron senagatynyň önümlerini öndürmäge ýöriteleşdirilendir.
Agrosenagat toplumynda et we et önümleri, süýt we süýt önümleri, gök önümler, azyklyk bakja, miwe we ir-iýmişler ter hem-de gaýtadan işlenip, konserwirlenen görnüşde-de taýýarlanýar. Gurluşyk materiallaryny, ilatyň gündelik sarp edýän harytlarynyň käbir görnüşlerini öndürmek we ýerlemek babatda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu önümleriň sanawy gitdigiçe artýar.
Bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde diňe önümleri öndürmek bilen çäklenilmän, eýsem, olary amatly ýerlemek wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa, öz gezeginde, içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän önümlere islegi öwrenmegi talap edýär. Dünýä tejribesinde bu ugra döwrebap maglumat tehnologiýalary, hakykat ýüzünde — sanly ykdysadyýet ornaşdyrylýar. Şu jähetden, sanly ulgama çalt depginler bilen geçmek wezipesi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi döwrüň talaby bolup durýar.
Parahat MERETLIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.
*Elektron neşir edilen gazetiň salgysy - maglumaty ýükläp almak üçin: "Türkmenistan gazeti" 04.06.2021ý.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/30599