Döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen öňe tarap

Türkmenistan ekologiýa ugurly önümleri çykarýan senagaty ösdürýär

Ahal welaýatynda gurlan täze döwrebap senagat toplumynyň – tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň esasy önümi EСО-93 benzinidir. Bu möhüm maýa goýum taslamasy milli Liderimiziň başyny başlan Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Şol strategiýanyň esasy ugry gazy we nebiti gazyp almagyň mukdaryny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini eksport etmegiň köpugurly ulgamyny kemala getirmek bilen bir hatarda, ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmakdan hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ybaratdyr. Dünýäde ilkinji we özboluşly zawodyň önümçilik kuwwatlyklary bu gün kesgitlenen talaplara laýyklykda işleýär. Bu ýerde çykarylýan sintetiki ýangyç örän kämil ekologiýa häsiýetleri bilen tapawutlanýar – onda daşky gurşaw üçin zyýanly kükürt birleşmeleri hem, azotly organiki birleşmeler hem bolmaýar. Kärhanada bir gije-gündizde 1800 tonna benzin öndürilýär, ol baglaşylan şertnamalar esasynda Owganystana hem-de Ýewropa döwletlerine iberilýär.

Häzir zawodyň ikinji nobatdakysyny gurmagyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar, şunda ýerine ýetirilýän taslama işlerinde täze innowasiýalary, sanly ulgamy has netijeli ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Mähriban Arkadagymyz zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy.

Hormatly Prezidentimiz zawodyň dolandyryş merkezinde toplumyň önümçilik işiniň guralyşy hem-de taýýar önümiň emele getirilişi barada hünärmenler bilen gürrüňdeş boldy. Mähriban Arkadagymyz hünärmenleriň zähmet şertleri, maşgala ýagdaýy, bilimi bilen gyzyklandy. Toplumyň işgärleri işlemek üçin hemme şertleriň döredilendigini aýdyp, munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Arkadag Prezidentimiz nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we ugurdaş okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynyň barşynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy üçin ýakyn geljege gönükdirilen möhüm wezipeleri öňde goýdy. Tebigy gazy geçirijiler arkaly dünýä bazarlaryna ibermek bilen çäklenmän, bu pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça öňdäki orny eýeleýän Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, gazhimiýa toplumlary gurmak, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri dowam etmek zerur bolup durýar. Şeýle iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde daşary ýurtlardan çekilen serişdeleri öz wagtynda gaýtarmagyň möhüm wezipe bolup durýandygy nygtaldy.

Milli Liderimiz pudagyň çig mal binýadyny artdyrmak bilen baglanyşykly iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň biriniň dünýäde iň iri «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmekden ybaratdygyny belledi. Onuň gorlary «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bilelikde, 27,4 trillion kub metr hasaplanylýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeler, ilkinji nobatda, energetika, wodorod we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ulgamyndaky innowasiýalar, ýangyç-energetika toplumynyň sanlylaşdyrylmagy has-da ösdüriler.

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly çig mal serişdeleriniň, senagat hem-de ylmy kuwwatynyň bolmagy netijesinde, milli ykdysadyýetimizde esasy orunlaryň birini eýeleýändigini nygtady. Bu pudakda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň döwrebap tehnikalaryň ulanylmagy ýurdumyzyň senagatynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösmegini üpjün eder, Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde ýeke-täk bolan, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki benzini öndürýän özboluşly zawodyň gurulmagynyň ähmiýeti bellenildi. Bu kärhana ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ep-esli giňeltmäge ýardam eder.

Mähriban Arkadagymyz Aşgabat şäheriniň ýokarsyndan dikuçarda aýlanyp, paýtagtymyzda Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmak hem-de olaryň uzakmöhletli geljege niýetlenilmegi, sazlaşyklylyk we oňaýlylyk, adamlaryň abadan durmuşy, döredijilikli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek meseleleri şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30554