Düýn ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, dürli medeni-köpçülikleýin çäreler ýaýbaňlandyryldy. Olaryň hatarynda mähriban Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesil barada edilýän aladalaryň aýdyň nyşany bolan baýramçylyk dabaralaryna giň gerim berildi.
Ir säher bilen paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň ýanyndaky meýdançada, “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähinde, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, “Ertekiler dünýäsi” çagalar seýilgähinde şanly sene mynasybetli, aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Uly ruhubelentlige beslenen dabaralar ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn bilimli bolmagy bilen bir hatarda, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, saglyklaryny berkitmek meselelerine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ajaýyp döwrüň körpeleri hem-de olaryň ene-atalary ýurdumyzda körpe nesliň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy we saglyklaryny berkitmekleri ugrunda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Çagalaryň, şol sanda mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli bäsleşikler geçirilip, ýeňijilere höweslendiriji baýraklar gowşuryldy. Ýaşajyk sazandalaryň, tansçylaryň çykyşlary, ertekileriň gahrymanlary bilen guralan oýunlar, sport bäsleşikleri, dürli sergiler baýramçylyk çäreleriniň şatlygyny artdyrdy.
Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyz maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesdigini nygtap, çagalaryň üns-alada bilen gurşalmalydygyny wajyp wezipe hökmünde kesgitleýär. Hormatly Prezidentimize söýgüsi çäksiz bolan körpe nesiller bu günki gün milli Liderimiziň paýhasly ýörelgelerinden ruhlanyp, özleri hakynda edilýän alada tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli welaýat merkezlerinde hem baýramçylyk çärelerine giň gerim berildi. Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşan dabaralarda milli Liderimiziň baştutanlygynda bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrülen eziz Diýarymyzyň waspy belentden ýetirildi.
Umuman, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, ýurdumyzda geçirilen medeni-köpçülikleýin çärelerde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bedew batly ösüşleri, milli Liderimiziň tagallasy bilen, körpe nesiller barada edilýän alada we bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň bu ugurda ýeten derejesi giňden beýan edildi.
(Ýörite habarçymyz).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/30377