Aşgabat, 4-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi, möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisine Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi çagyrdy.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şu ýylyň bäş aýynda milli parlamentiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar berdi.
Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak maksatnamasyna laýyklykda, täze hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we hereket edýänlerini kämilleşdirmek babatda işler dowam edýär. Kabul edilýän resminamalar giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolmalydyr.
Habar berlişi ýaly, ýylyň başyndan bäri Mejlisiň maslahatlarynyň ikisi geçirilip, kanunlaryň we kararlaryň 74-si, şol sanda Türkmenistanyň kanunlarynyň 40-sy we Mejlisiň kararlarynyň 34-si kabul edildi. Halkara we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Mejlisde duşuşyklaryň 4-si geçirildi. Deputatlar birnäçe halkara we sebitara forumlara gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, demokratik esaslary has-da çuňlaşdyrmakda, halkara giňişlikde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny berkitmekde we öňe sürýän başlangyçlaryny ilerletmekde deputatlaryň goşandyny aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz zenanlaryň maşgala gymmatlyklaryny, ahlak ýörelgelerini saklamakda, ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm orun eýeleýändigini nazara alyp, gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi. Onuň barşynda şu ýylyň 22-nji maýynda Mejlis tarapyndan kabul edilen kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Halk Maslahatynyň agzalary degişli wagyz-nesihat işlerine, şol sanda şanly senelere bagyşlanan çärelere, daşky gurşawy goramak we ýurdumyzyň ekologik abadançylygyny üpjün etmek, milli mirasymyzy goramak, ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, arassaçylyk, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak meseleleriniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda olar üçin okuwlar guraldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň häzirki ýagdaýyny we döwletimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi barada aýdyp, häzirden bu möhüm çärä taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün tertibine girizilen meselelere geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ähli ulgamlarda durnukly makroykdysady görkezijileri üpjün etmek maksady bilen, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bäş aýyň netijeleri boýunça jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,3 göterim ýokarlandy.
Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek satuw haryt dolanyşygy 17,5 göterim artdy.
Ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 120,4 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 92,2 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň çäklerinde hasabat döwründe durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp baryldy.
Wise-premýer döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şu döwürde jemi 52 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy.
Hasabatyň çäklerinde Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde bolan saparyň netijeleri barada hem hasabat berildi. Saparyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşykda ykdysady gatnaşyklaryň wajyp meselelerine garaldy hem-de GDA-nyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysady toplumyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi. Geljek ýyl üçin döwlet býujetini taýýarlamak gaýragoýulmasyz çäreleriň hatarynda görkezildi. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlary bilen bilelikde 2022-nji ýyl üçin maksatnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Ykdysady çökgünlik ýagdaýyndan has çalt depginde çykmak bu maksatnamada esasy wezipe bolmalydyr. Şeýle hem ykdysady çökgünligiň başlanmagyndan ozalky görkezijilere ýetmegi gazanmak zerurdyr. Bar bolan mümkinçiliklerden ugur alyp, ýurdumyzy ösdürmek boýunça ozal kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini hem üpjün etmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, saglygy goraýyş hem-de durmuş taýdan goraglylyk ulgamlaryna uly möçberde maýa goýumlary gönükdirmek babatda ozal berlen tabşyryklaryň talabalaýyk ýerine ýetirilmeýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet eýeçiligine degişli kärhanalary, desgalary hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek işlerini has-da çaltlandyrmagy, zähmet haklarynyň öz wagtynda tölenilmegine berk gözegçilik etmegi ýakyn geljek üçin esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu ugurlardaky işleriň ýagdaýyny seljermegi hem-de işi bildirilýän talaplara laýyklykda guramak maksady bilen, netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşy, nebiti gaýtadan işlemek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler we ýetilen sepgitler barada hasabat berildi. Benziniň önümçiligi boýunça meýilnama 112,8 göterim, dizel ýangyjynyň önümçilik meýilnamasy 100,3 göterim, polipropileniň önümçilik meýilnamasy 118,8 göterim, suwuklandyrylan gazyň önümçilik meýilnamasy 115,5 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 116 göterim, tebigy gazy eksport etmegiň meýilnamasy 123,7 göterim, maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy bolsa 117,7 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem wise-premýer Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 20, 25, 30 mikrometr galyňlykdaky gaplama örtüklere goşmaça polipropilen örtüginiň ak sadap görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada hasabat berdi. Polipropilen örtüginiň bu görnüşi süýji önümleri gaplamakda we sowgatlyk önümleriň daşyny örtmekde giňden ulanylýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şeýle görnüşdäki önümleriň her ýylda 2 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Ol içerki we daşarky bazarlara ugradylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebit pudagynda alnyp barylýan işleri düýpli seljermegi tabşyrdy. Berlen tabşyryklara garamazdan, bu ugurda heniz öňegidişlikler duýulmaýar diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen ýerlerde köpräk bolup, pudaklarda bar bolan meseleleri çözmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýadarlaryny çekmek, daşary döwletleriň öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan iri nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilen örtükleriniň täze görnüşleriniň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işjeň peýdalanylýandygyny belläp, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebithimiýa önümleriniň öndürilýän mukdaryny köpeltmek, görnüşlerini artdyrmak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň möçberleriniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,8 göterime deň boldy. Şeýlelikde, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 103,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102,3 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,8 göterime deň boldy. Oba we suw hojalygy boýunça, şeýle hem ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş ýerleriniň suw üpjünçiligini ýola goýmak babatda döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşygyna gönükdirilen maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 127,1 göterim berjaý edildi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, edara-kärhanalar tarapyndan ýer böleklerini hemişelik we wagtlaýyn ulanmak boýunça teklipler hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz ekin meýdanlarynda ýetişdirilen galla hasylynyň köpçülikleýin ýygnalyp başlanandygyny aýdyp, orak möwsümini gysga wagtda, gallanyň ýitgisine ýol bermän, ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. Möwsümde tehnikalar bökdençsiz işledilmelidir. Gallaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen etraplarda ýygy-ýygydan bolup, daýhan birleşikleriniň işini, oragyň alnyp barlyşyny ýerinde görmegi, olara zerur bolan kömegi bermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe şu toplum boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hem-de önüm öndürmegiň meýilnamasy 117,1 göterim ýerine ýetirildi.
Ösüş depgini “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 104,3 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 136,7 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 152,6 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 108,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça degişli işler geçirildi.
Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük daşamagyň meýilnamasy 102,7 göterim, ýük dolanyşygy boýunça 104,8 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag kompaniýalarynyň maliýe ýagdaýyny durnuklylaşdyrmagy, koronawirus pandemiýasy bilen şertlendirilen döwürde olaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi hem-de öz borçlaryny berjaý etmegi üçin bu düzümlere ýeterlik derejede goldaw bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň elektron senagatyny döretmek meselelerine ünsi çekip, bu ugurdaky işleriň talabalaýyk alnyp barylmaýandygyny, munuň, ilkinji nobatda, hünärmenleriň ýetmezçiligi bilen baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere işleriň ýagdaýyny seljermegi hem-de bildirilýän talaplara laýyklykda degişli işleri ýola goýmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde — gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde, paýtagtymyzyň häkimliginde şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýylyň başyndan bäri gurluşyk-senagat toplumynda önümçilik we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 130,3 göterim ýerine ýetirildi. Şunda ösüş depgini 118,2 göterime deň boldy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýanwar — maý aýlary döwründe işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 108,9 göterim berjaý edildi. Ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,3 göterime barabar boldy.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önüm öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 124,6 göterim ýerine ýetirildi. Onuň ösüş depgini 119,5 göterim derejesinde üpjün edildi.
Hasabat döwründe Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 120 göterim ýerine ýetirildi. Önümçilik görkezijileriniň ösüş depgini 121,4 göterime deň boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan hasabat döwründe önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 162,2 göterim berjaý edildi. Onuň ösüş depgini 133,9 göterime barabar boldy.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 120,8 göterim berjaý edildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, howanyň yssy döwrüniň ýetip gelendigini, welaýatlarda, şäherlerde we etraplarda ýangyna garşy howpsuzlyk düzgünleriniň ýola goýluşyna berk gözegçilik edilmelidigini belledi. Desgalarda, binalarda ýangyna garşy ulanylýan enjamlaryň, howuzlaryň hem-de beýleki serişdeleriň bardygyny we guratdygyny barlamak boýunça birnäçe tabşyryklar berildi.
Şeýle hem sowadyjy enjamlary ulanmak üçin elektrik energiýasynyň artykmaç sarp edilmegini azaltmaly, köçeleri yşyklandyrmagyň, dürli mahabatlary görkezmegiň tygşytly düzgünini üpjün etmeli diýip, milli Liderimiz belledi.
Elektrik energetikasy boýunça içerki we halkara taslamalaryň durmuşa geçirilişine, ozalkysy ýaly, aýratyn üns berilmelidir. Şunda elektrik energiýasynyň önümçilik we eksport möçberleri, ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwaty artdyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynda hem-de telekeçilik ulgamynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
2021-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,1 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 112,4 göterime, nah matalaryň önümçiligi 101 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 124,1 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 100,6 göterime barabar boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 114 göterim ýerine ýetirilip, 134,5 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 122-si geçirilip, 12 müň 835 şertnama hasaba alyndy.
Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,5 göterime barabar boldy.
Telekeçilige berilýän goldawyň netijesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Şol önümleriň öndürilişiniň ösüş depgini degişlilikde 126 göterime hem-de 106,6 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Tomus paslynyň ýetip gelmegi bilen baglylykda, doňdurmany, miwe suwlaryny köpräk öndürmek zerurdyr.
Ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, telekeçiligi ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy pudagyna döwlet goldawyny bermek boýunça nobatdaky çäreleri taýýarlamak möhümdir. Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta telekeçilige, aýratyn-da, syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalara maliýe we maddy-enjamlaýyn taýdan ýardam bermegi göz öňünde tutmagyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şu döwürde şanly seneleriň hormatyna döredijilik bäsleşikleri, medeni çäreler, sergiler, duşuşyklar, wagyz-nesihat işleri, täze desgalaryň açylyş dabaralary geçirildi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynda ýylyň başyndan bäri poligrafiýa önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 115,9 göterim berjaý edildi.
Döwlet maksatnamalarynda medeniýet ulgamy üçin meýilleşdirilen çäreleri üstünlikli amala aşyrmak boýunça zerur işler ýerine ýetirildi.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanýan ägirt uly üstünliklerini giňden beýan etmek boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýerine ýetirilen işler, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini işjeň ornaşdyrmak mümkinçilikleriniň peýdalanylyşy barada maglumatlar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, gazetleriň we žurnallaryň elektron görnüşe geçmegini işjeňleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu ugurda işgärleri taýýarlamak, bölümleriň iş birligini kesgitlemek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça wezipelere laýyklykda, bu ugurda durmuşa geçirilýän özgertmeleri giňden beýan etmek işleri dowam etdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýaşlar üçin gyzykly we ähmiýetli gepleşikleri taýýarlamak, tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek meselelerine üns bermegi tabşyrdy.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýyl bilen bagly çärelere möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Degişli döwürde okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça degişli işler amala aşyryldy.
Ýurdumyzyň bilim edaralary üçin okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 75 görnüşi neşir edildi. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de orta mekdepleriň okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler.
Ýanwar — maý aýlarynda halkara guramalaryň wekilleri bilen bilelikde ylym-bilim meseleleri boýunça okuw hem-de ylmy maslahatlar ýokary derejede geçirildi.
Hasabat döwründe ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň täze usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler dowam etdirildi.
Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, ýokary tizlikli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen lukmançylyk dikuçarlary halkyň hyzmatyna berildi.
Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek, zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kämilleşdirmek, keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak maksady bilen zerur şertleri döretmek boýunça degişli işler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzir okuw ýylynyň tamamlanandygyna ünsi çekmek bilen ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryndan başga-da täze okuw ýylyna hem gowy taýýarlyk görmeli, ýokary we orta mekdeplerde ýeňil hem-de düýpli abatlaýyş işlerini geçirmeli, dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alşyny talabalaýyk guramaly diýip belledi.
Siz Hökümetiň bilim işgärleri bilen boljak maslahatyna hem düýpli taýýarlyk görüň! Bu maslahatda biz bilim ulgamynda geçiriljek nobatdaky özgertmeler bilen bagly meselelere serederis diýip, milli Liderimiz wise-premýere we degişli ýolbaşçylara degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglarynyň möhüm ähmiýetini belläp, olaryň geçirilýän döwründe jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem ähli mekdeplerde sanly ulgam boýunça täze okuwlary guramaly. Bu ugurda Ylymlar akademiýasyna esasy ornuň degişlidigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň bäş aýynda DIM tarapyndan geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen degişli işler geçirildi.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki özara saparlar, duşuşyklar we gepleşikler aýratyn orun eýeleýär. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň saparda bolandyklary bellenildi.
Hasabat döwründe sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşyklary geçirildi. Milli Liderimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XIV sammitine, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna, BMG-niň Durnukly ösüş meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.
Bäş aýyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary döwletleriň Baştutanlarynyň birnäçesi bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça yzygiderli maslahatlaşmalar geçirildi. “G5+1” görnüşinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygy hem-de “Merkezi Aziýa — Hytaý” ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy guraldy.
Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Ýanwar — maý aýlarynda ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň we beýleki degişli düzümleriň çäklerinde nobatdaky duşuşyklar, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetleriniň saparlaryna, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýine, hemişelik Bitaraplyk baýramyna bagyşlanan halkara maslahatlara we beýleki halkara çärelere taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz koronawirus bilen bagly ýagdaý mümkinçilik berse, 12-nji dekabrda geçiriljek ähli baýramçylyk çärelerine gatnaşar ýaly, diplomatlarymyzy çagyrmak meselesine hem garamagy tabşyryp, baýramçylykdan soň, olar bilen duşuşmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şol duşuşykda daşary syýasatymyzda ýakyn döwürde çözülmeli meseleleriň we öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere hem-de bu toparyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek barada degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletimiziň depginli ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Türkmenistanyň daşary syýasaty, ozalkysy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, beýleki halkara guramalar bolan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde gazanylan depgin durnukly saklanýar. Kabul edilen ähli durmuş maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hökümetimiziň we halkymyzyň guramaçylykly işi netijesinde ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi geçen bäş aýda 6,1 göterim möçberde boldy. Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, dükanlar we beýleki desgalar bellenen möçberde gurlup ulanmaga berildi. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasaty hem üstünlikli dowam edýär.
Biz şu ýyl üçin umumy wezipeleri kesgitledik. Indi bu wezipeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini gazanmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi we mejlise gatnaşyjylara galla oragynyň alnyp barlyşyny, durmuş maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyny ýerinde baryp görmek maksady bilen, şu aýda ähli welaýatlarda saparda bolmagy tabşyrdy. Şeýle hem iýul aýynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirmäge häzirden taýýarlyk görüp başlamak barada görkezme berildi. Bu mejlisde şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine serediler.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirmegi hem-de geçen bäş aýda alnyp barlan işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30707?type=feed