Ugur tyg­şyt­ly­ly­ga ta­rap

Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmekde, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde, raýatlaryň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmakda oňyn işler alnyp barylýar. Hususan-da, oba we şäher ýerlerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de energiýanyň dürli görnüşlerinden aýawly we netijeli peýdalanmagy ýola goýmak babatda birnäçe işler durmuşa geçirilýär, degişli döwlet Maksatnamalary kabul edilýär.

Ýurdumyz tebigy gazyň, ýangyjyň gorlaryna, şeýle hem ýel we Gün energiýa çeşmelerine baýdyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen 2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» kabul edildi. Şeýle hem bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şol meýilnamada ýyladyş we gyzgyn suw üpjünçilik ulgamlary üçin kadalaşdyrmagyň intellektual ulgamlaryny, gurluşlary we enjamlary ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak ýaly işler göz öňünde tutulandyr.

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmäge uly üns berilýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi we ornaşdyrylmagy halka hödürlenýän hyzmatlaryň, önümçiligiň, söwdanyň, bilimiň, ýagny işleriň ähli görnüşleriniň ygtybarly amala aşyrylmagyna, awtomatlaşdyrylmagyna we tizlendirilmegine mümkinçilik berýär. Munuň üçin bolsa, akylly ulgamlary taslamak we intellektual çözgütleri ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek möhümdir.

Energiýany tygşytlamak üçin, ilki bilen, elektrik energiýasynyň, suwuň we tebigy gazyň sarp edilişine, şeýle hem üpjün edilen ýylylyk energiýasyna ygtybarly gözegçilik etmek we bu baradaky sanly maglumatlary ýygnamak esasy mesele bolup durýar. Bu ugurda dünýä ýüzünde birnäçe öňdebaryjy kompaniýalar bilen bir hatarda Russiýa Federasiýasynyň «Bolid» kompaniýasy hem oňyn işleri durmuşa geçirýär. Has takygy, bu kompaniýa tarapyndan işlenip taýýarlanylan АСКУЭ «Ресурс» ulgamynyň üsti bilen elektrik energiýasynyň, gyzgyn we sowuk suwuň, tebigy gazyň hem-de ýylylyk energiýasynyň sarp edilişini awtomatik usulda hasaba almak, bu baradaky maglumatlaryň binýadyny döretmek, sarp edijileri Internet ýa-da Internet ulgamyndaky şahsy otaglar bilen üpjün etmek we bu otaglarda sarp edilen energiýa boýunça tölegleri görkezmek ýaly tehnologiki çözgütler hödürlenýär. АСКУЭ «Ресурс» ulgamy 2006-njy ýyldan bäri dürli ýurtlarda ornaşdyrylyp gelinýär. Mundan başga-da, energiýanyň sarp edilişine gözegçilik etmek, şeýle hem çylşyrymly fiziki hadysalary awtomatlaşdyrmak maksady bilen akylly ulgamlary taslamak, Zatlaryň Internetini (Internet of Things) ulanyp, intellektual çözgütleri işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça Şweýsariýanyň «STMicroelectronics» kompaniýasynyň alyp barýan işlerini hem belläp geçmek ýerlikli bolardy. Bu kompaniýa köp ýyllaryň dowamynda oňyn iş tejribesini toplap, köp üstünlikler gazanyp gelýär. Şeýle hem ol ýarymgeçirijili abzallary we elektron gurluşlary öndürmek bilen bagly birnäçe işleri alyp barýar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hereket edýän Ýaş alymlar geňeşi hem öz meýilnamasyna laýyklykda, degişli işleri durmuşa geçirýär. Has takygy, bu geňeşiň düzümine girýän agzalar intellektual ýa-da akylly ulgamlary guramak, awtomatlaşdyrmak, dolandyrmak we aralykdan maglumat alyş-çalşygyny ýola goýmak ýaly çözgütler boýunça ylmy işleri alyp barýarlar. Bu işleriň hataryna «Akylly öý ulgamy», «Aralykdan dolandyrylýan elektrik enjamlary», «Elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň monitoringi», «Gaz syzmasyny habar beriji akylly gurluş» ýaly işler bilen bir hatarda, «Ýaşaýyş jaýlaryny ýyladyş we gyzgyn suw bilen üpjün etmekde sarp edilýän energiýany hasaba alyjy intellektual ulgamyň taslamasyny» hem belläp geçmek gerek. Bu taslamanyň çäklerinde hojalykda sarp edilýän ýylylyk energiýasyny we suwy hasaba alyjy akylly ulgamy ulanmagyň mümkinçiligi ýüze çykar. Munuň üçin bolsa degişli datçikler, mikrobarlagçy we goşmaça enjamlar ulanylyp, elektrik zynjyryň çyzgysy işlenip düzüldi we bu çyzga laýyklykda, dünýä tejribesinde giňden ornaşdyrylmagy dowam etdirilýän Zatlaryň Interneti tehnologiýasy boýunça maglumatlary Internet ulgamy arkaly her bir ulanyjynyň şahsy otagynda çyzyklar ýa-da olary şekiller bilen beýan etmek bolar.

Netijede, ýaşaýyş jaýlaryny ýylatmak we gyzgyn suw bilen üpjün etmek üçin sarp edilýän ýylylyk energiýasynyň mukdaryny intellektual ulgamlaryň esasynda hasaplamaga hem-de bu maglumatlary aralyga habar bermäge mümkinçilik döreýär. Bu bolsa ýurdumyzyň baý energiýa gorlaryny tygşytlamaga we olardan netijeli peýdalanmaga itergi berer.

Nurýagdy OTUZOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň elektroenergetiki ulgamlar we torlar hünäriniň 3-nji ýyl talyby.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24185