Akhanyň ak ýoly dowam, Arkadag!

Şeýle bir halatlar, hadysalar bolýar. Göwnüňe bolmasa, olar biziň güýjümizden has daşary gelýän ýaly bolup görünýär. Ýaly däldir-de, daşarydyr. Ony täsin waka diýibem bilýärler. Ol beýle däl. Düýbünden başga zat. Takygyny aýtsaň, Gudratdan gelýän güýç, adatylykdan ýokary göterilýän başarnyk, başgalyk. Şaglap inende, bada gelende, adam bulaň ählisine ukyplydyr. Aslynda, ynsan güýjüne gelýän zat barmy?! Ýokdur. Ony dünýe boýun alýar. Aldyrýan ägirtler, ärler bardyr. Şolaryň güýji bilen dünýe bakylygyny-müdimiligini saklaýar. Dürli taraply ussatlara baş egýäň, tär-tilsimini ele alanyna haýran galýaň. Men bu ýerde nämäni ýaňzytjak bolýan?! Sözümiz, söhbedimiz bedewe ugrugýar.

Gahryman Arkadagymyzyň at çapmakdaky ussatlygyna aperin diýýän. Bu uly aýratynlyk hem artykmaçlyk. Men bu barada ýazan uly göwrümli goşgymy ýatlaýyn.

Hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyz ýurt başyna Döwlet guşy bolup gonan mahallarydy.


Giň sähraýa salam berip ugradyň,
Ajaýyp görnüşiň çekdim suratyn.
Ýylgyryşyň, nepisligi sungatyň,
Sen ak atda, Sen gyr atda, ganatda.


Undup bilmez bu pursady synlan göz,
Ejiz gelýär tarypyňa sözlän söz.
Gaýratyňda Oguz hanmy, ýa Öwez.
Sen ak atda, Sen gyr atda, ganatda.


Gudrat güýji göreçlerde galýandyr,
Erteki bi, şony ýada salýandyr.
Goç ýigitler şeýdip bagta barýandyr,
Sen ak atda, Sen gyr atda, ganatda.


Jümle-jahan bilen alýarsyň demi,
Atyň toýnagynda dünýäniň heňi,
Görünýär gülşenli günleriň reňi,
Sen ak atda, Sen gyr atda, ganatda.


Saňa güýç gelýändir pederleriňden,
Senden güýç barýandyr ýüpek seriňden,
Aýlanaýyn ganatyňdan, periňden,
Sen ak atda, Sen gyr atda, ganatda.


Asman giňdir, giňdir onuň gujagy,
Garşy alar, alar göwni açygy.
Göter Dünýäm, Özüň bilen uçaly,
Sen ak atda, Sen gyr atda, ganatda.


Şoldur, türkmen Söwer Ogly bilen, Akhan aty bilen asman sary uçandyr. Döwrüň özgerişini, ösüşini başga hiç zat bilen deňäp bolmaz. Şu getirilen mysal laýykdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň her bir meselede hiç kimsäge meňzemeýän çuňdan oňyn oýlanmasy hemem ondan çykarýan aýdyň çözgüdi bar.

Ýakynda, uly toýlaryň öňüsyrasynda mähriban Arkadagymyzyň hut özüniň seýisläp ýetişdiren Akhan atynyň dowamy, at taýy-taýçanagy dünýä indi.

Hormatly Prezidentimiz aňyrdan gelýän asylly ýoly yzarlap, ak şäherimiziň, mermer şäherimiziň ady bilen sazlaşdyryp, oňa Aşgabat ismini dakdy. Şahyr eser ýazanda, gözüniň öňüne getirmesi esasynda döredýändir.

Gahryman Arkadagymyzyň bu buşlugy, hoşlugy pajarlap ösýän döwrümiziň ösüşi bilen baglanyşdyryp alandygyna haýran galýaň.

Söwer Ogluň kalbynyň toýdugyny, şatlykdygyny-şagalaňdygyny bir gezek däl, müňläp gezek gaýtalaýandyryn.

Mähriban Arkadagymyzyň merkezi şäherimiziň 140 ýyllygynyň hormatyna “Aşgabat” atly kitabyny ýazýandygyny, “Ak şäherim Aşgabat” şygryny oňa girizýändigini eşidenimde, diýseň guwandym, buýsandym. Şahyr kalbynyň bardygy bize joşgunly derýa.


Her bir üstünligňi belleýändirin,
Aýry däldir, Akhan, senden ykbalym.
Ýeňişe ýarlygňa begenýändirin,
Setirleri bagyşlandyr yhlasym.


Nesibäm ekeni nesliňi görmek,
Özüň deý şöhrata, şana dolsun ol.
Arkadag ýöreýen ýollarda ýörmek,
Aşgabat ismine eýe bolsun ol.


Aýlawlarda çapdyň Arkadag bilen,
Sen türkmeni belentlige ýetirdiň.
Döwür-döwran bilen, eşret çag bilen,
Hemem meni şahyrlyga getirdiň.


Sendedir erjellik, tutanýerlilik,
Ýöne ýere tanymallyk gelmeýär.
Gazanan mertebäň ömrüňe bellik,
Türkmeni göterşiň nämä degmeýär?!


Barmaklarym üstünligňi sanaýar,
Entekler güýç bardyr, ganatyňy ýaý!
Adyganym, seni dünýä tanaýar,
Ol abraýdan ýetdi maňa-da serpaý.


Arkadag ajaýyp eser döredýär,
Dessanyny ýazdy gözel şäherňe.
Seniň bilen baky ýolun ýöredýär,
Gözellik, gönezlik sergin säherňe.


At taýa alaja dakandyr Ene,
Gözlerden, dillerden ol sizi gorar.
Çapyber, üzülmez ömür bar ýene,
Asyrlar geçse-de, wagt sizi sorar.


Bu bir eýýam, indi gaýtalanmajak,
Arkadagly günler bagtymyzadyr.
Ser salýan sährama, gül gujak-gujak,
Alnymda Gün dogýar, ýagtymyzadyr.


Gözel ŞAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Gahrymany.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/24049