(2021-nji ýylyň 31-nji marty)
Türki dilli ýurtlaryň hormatly döwlet Baştutanlary!
Ilkinji nobatda men Türkmenistan bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalaryňyz we halkara giňişlikde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde biziň ýurdumyza berýän goldawyňyz, şeýle hem Türkmenistanyň oýlanyşykly içeri syýasata esaslanýan parahatçylykly daşary syýasat ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine yzygiderli berýän ýardamyňyz üçin, siziň ähliňize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Bu ýagdaý biziň milli häsiýetlerimize mahsus bolup, dost-doganlyk, özara goldaw we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.
Men şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, uly sarpa bilen bu halkara maslahata hormatly myhman hökmünde çagyrandygy üçin, Onuň Alyhezreti, Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy jenap Nursultan Abişewiç Nazarbaýewe aýratyn minnetdarlyk bildirýärin.
Şeýle hem türki dilli döwletleriň arasyndaky dostana gatnaşyklaryň we birek-birege amatly hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegini maksat edinýän şu günki ýokary derejeli duşuşygyň netijeli geçirilmegi babatda döredilen amatly şertler üçin öz hoşallygymy bildirýärin.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Şu günki ýokary derejeli duşuşyk biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň has belent sepgitlere çykarylmagynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Onuň gün tertibine türki dilli döwletleriň sazlaşykly hereketleriniň we toplumlaýyn işleriniň ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen iri mowzuklar girizildi.
Hususan-da, maslahatyň dowamynda häzirki döwrüň we uzak möhletli geljegiň derwaýys soraglary ara alnyp maslahatlaşylýar. Şol bir wagtda birnäçe möhüm guramaçylyk soraglaryna hem seredilýär. Men duşuşygyň netijesinde kabul ediljek çözgütleriň ähli taraplar üçin hem bähbitli boljakdygyna ynanýaryn.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara syýasatyň gün tertibine girýän derwaýys soraglar boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Bu başlangyçlar, hususan-da, ählumumy howpsuzlygyň gazanylmagy, energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ulag pudagynyň ösdürilmegi, daşky gurşawyň goralmagy, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi ýaly soraglary we beýleki ugurlary öz içine alýar. Biziň döwletimiz dünýä derejesindäki bu teklipleri iş ýüzünde amala aşyrmaga örän çynlakaý çemeleşýär.
Şonuň üçin, şu gün geçirilýän ýokary derejedäki duşuşykda men halkara ähmiýetli käbir soraglara uly hormat bilen siziň ünsüňizi çekmek isleýärin.
Birinjiden, ählumumy energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi döwrümiziň gaýragoýulmasyz işleriniň biri bolup durýar.
Türkmenistan dünýäniň energiýa serişdelerinden deňhukukly we adalatly peýdalanmagyň zerurdygy baradaky düşünjeden ugur almak bilen, bu serişdeleriň dünýä bazarlaryna iberilmeginde degişli taraplaryň ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutýan ygtybarly we durnukly ulgamyň döredilmegi ugrunda çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz halkara guramalaryň çäklerinde, esasan hem Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde bütindünýä energiýa howpsuzlygy boýunça gepleşikleriň ýola goýulmagyny teklip etdi. Bu ugurda işlenip düzülen degişli Kararnamalar Guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan giň goldaw tapdy.
Biz ählumumy energiýa howpsuzlyk ulgamynyň döredilmegine gyzyklanma bildirýän ýurtlary bu işe işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.
Türkmenistan bu ugurdaky tagallalaryny mundan beýläk-de dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Şol sebäpli, biziň ýurdumyz nebitgaz serişdeleriniň we elektrik energiýasynyň dünýä bazarlaryna çykarylmagy ugrunda netijeli halkara hyzmatdaşlygy alyp barar. Munuň bolsa ähli ýurtlar, şol sanda türki dilli döwletler üçin hem örän peýdaly boljakdygyna ynanýaryn.
Ikinjiden, ulag we aragatnaşyk pudagy häzirki döwürde möhüm ähmiýetli ykdysady ugurlaryň hatarynda durýar. Biziň döwletlerimiz bu ugurlarda ýokary netije berýän bilelikdäki işleri amala aşyrmak üçin örän uly mümkinçiliklere eýedir.
Türkmenistan özüniň döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi hem-de sebit we halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi üçin zerur işleri durmuşa geçirdi. Biz bu çärelerde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmegiň peýdaly boljakdygyna ynanýarys.
Mundan ozal Türkmenistanyň başlangyjy we şu duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň goldamagy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmek barada üç sany Kararnama kabul etdi. Asylly maksatlara gönükdirilen bu halkara resminamalary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, häzirki wagtda ählumumy ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça örän köp işler durmuşa geçirilýär.
Men doganlyk türki dilli döwletlerimiziň mundan beýläk-de halkara ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegi maksat edinýän bilelikdäki hereketlere işjeň gatnaşjakdyklaryna ynanýaryn.
Üçünjiden, Türkmenistanyň halkara işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ekologiýany we daşky gurşawy goramakdyr. Bu häzirki döwürde jemgyýetiň we durmuşyň derwaýys soraglarynyň biri bolup durýar. Merkezi Aziýa sebiti barada aýdylanda, ilkinji nobatda, Aral deňziniň çylşyrymly ýagdaýy ünsi çekýär. Bu ekologik wehim Aralýaka sebitinde we beýleki döwletlerde ýaşaýan halklaryň durmuşyna we saglyk ýagdaýyna gönüden-göni täsir edýär. Şu sebäpli hem agzalan heläkçiligi we onuň oňaýsyz täsirlerini aradan aýyrmak gaýragoýulmasyz häsiýete eýedir.
Türkmenistan ekologiýanyň we daşky gurşawyň goralmagy babatdaky tagallalaryny ählumumy derejede işjeň görnüşde alyp barýar. Biziň ýurdumyz «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň awtory bolup çykyş etdi. Şeýle hem Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny işläp düzmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Häzirki wagtda Türkmenistan bu ugurda dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Men bu zerur işleriň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we giňeltmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn hem-de ähli taraplary agzalan resminamalaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga çagyrýaryn.
Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan üç ugur we halkara hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň maksady türki dilli döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalarda öz beýanyny tapjakdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynda medeniýete, ylma we bilime uly orun degişlidir. Biz bu barada hemişe belläp geçýäris. Sebäbi umumy medeni-ruhy mirasymyz we gymmatlyklarymyz döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi üçin berk esas bolup hyzmat edýär.
Şunuň bilen baglylykda, biz türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara gurama bolan TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň giňeldilmegini maksadalaýyk hasaplaýarys.
Şunuň netijesinde, meşhur şahyrlarymyzyň we ýazyjylarymyzyň, tanymal medeniýet we sungat işgärlerimiziň eserleriniň dünýä derejesinde tanyşdyrylmagy we ýaýradylmagy üçin degişli işleriň geçirilmegini teklip edýäris.
Häzirki wagtda biz 2024-nji ýylda meşhur türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek boýunça taýýarlyk işlerine başladyk. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga, hususan-da, türki dilli ýurtlar bilen bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilmegine uly üns berýäris.
Şol bir wagtda men ýurtlarymyzyň medeniýet ulgamynda alyp barýan hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Men ýene-de bir derwaýys meselä siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda bütin dünýä örän çynlakaý synagy başdan geçirýär. Indi bir ýyldan gowrak wagt bäri täze görnüşli koronawirus pandemiýasy ähli ýurtlara uly howp bolup abanýar. Bu howply ýagdaýy ýeňip geçmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň bilelikde uly tagalla etmegi zerur bolup durýar.
Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda COVID-19 howpunyň öz çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirdi. Şol bir wagtda biziň ýurdumyz bu ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça bilelikdäki we özara ylalaşykly çözgütleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürdi. Şeýle hem bu ugurda sebit derejesinde anyk çäreleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşdy.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşde ähli ýurtlaryň jebisleşip, öz tagallalaryny we güýçlerini birleşdirmekleriniň tarapdary bolup çykyş edýär. Biziň döwletlerimiziň bu ugurda bilelikde işlemek boýunça belli bir derejede tejribe toplandyklaryny bellemek bolar.
Geljekde ýurtlarymyzyň saglygy goraýyş ulgamlarynyň we ylmy-barlag edaralarynyň koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde egin-egne berip, dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde iş alyp barmaklarynyň örän dogry boljakdygyny nygtamak isleýärin.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Sözümi jemlemek bilen, men bu günki ýokary derejeli duşuşygyň we onuň dowamynda seredilen soraglaryň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ösmegine ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.
Üns berip diňläniňiz üçin köp sag boluň!
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24782?type=feed
Aşgabat, 30-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça milli parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly düzüminiň döredilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň hukuk esaslarynyň berkidilmegini, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder.
28-nji martda geçirilen saýlawlar ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Merkezi saýlaw toparyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we döwlet Baştutanymyza Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy. Bu çözgüdiň tutuş halkymyz tarapyndan buýsanç bilen kabul edilendigi nygtaldy.
G.Myradow ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini, bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň demokratik özgertmeleriň ýoly bilen belent ösüşlere tarap ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýandygyny belledi.
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysy referendumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdy.
Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň ähli tapgyry açyklyk, aýanlyk esasynda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine, halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçdi. Ähli dalaşgärlere saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çäreleri, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň şertler we mümkinçilikler döredildi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna 48 mandatyň ornuna jemi 112 dalaşgär hasaba alyndy. Munuň özi saýlawlaryň giň bäşdeşlik esasynda geçirilendigine şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny minnetdarlyk bilen kabul edip, ýekşenbe güni geçirilen saýlawlaryň döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy ähmiýetli waka, döwletimiziň demokratik esaslaryny berkitmekde, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygyny belledi.
— Saýlawçylaryň uly ynam bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlamagy, şu gün bolsa halk häkimiýetliliginiň täze edarasynyň agzasynyň wagtlaýyn şahsyýetnamasynyň gowşurylmagy ýatdan çykmajak pursada öwrüldi. Bu ynam mundan beýläk-de eziz Watanymyz, mähriban halkymyz üçin gujur-gaýratymy gaýgyrman zähmet çekmäge borçly edýär, men bu şahsyýetnamany türkmenistanlylaryň bildiren uly ynamy hökmünde kabul edýärin — diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyz saýlawçylara işde uly üstünlikleri, durmuşda bagt we abadançylyk arzuw etdi.
Bu gün ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge hem-de halkara tejribäni öwrenmäge we ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, saýlawlary guramaçylykly geçirmekde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary we sanly ulgam netijeli ulanyldy. Munuň özi saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegi, oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, tutuş ilatymyzyň, aýratyn-da, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän milli demokratik esaslaryň berkarar bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň kanunçylyk işini kämilleşdirmek, konstitusion özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly anyk wezipeleri kesgitledi.
Milli parlamentiň iki palataly düzüminiň döredilmegi jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň, şeýle hem sebitleriň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, demokratik düzümleriň berkidilmeginiň bähbidine gulluk etmek üçin täze mümkinçilikleri açar. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer şygaryň dabaralanýandygynyň aýdyň beýanydyr.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli taýýarlyk çäreleriniň ýaýbaňlandyrylan döwründe Türkmenistanyň täze taryhynda ilkinji gezek üstünlikli geçirilen we milli parlamentiň durmuşynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary şu ýylyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlarynyň öz pikirini aýan etmäge, döwlet ähmiýetli meselelere işjeň gatnaşmaga bolan konstitusion hukugynyň amala aşyrylmagynyň wajypdygyny belläp, saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşanlara minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň ähli işgärlerine mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24631?type=feed
Döwür ösýär, özgerýär. Adamyň durmuşy kämillige, köneden täzä, has anyk aýdylanda, ýönekeýlikden döwrebaplyga tarap barha öňe ümzük atýar. Şonuň bilen birlikde, şeýle döwürde ýaşamak üçin onuň adamyň öňünde goýýan talaplary hem artýar. Adam gündelik iş-aladalary, şahsy zerurlyklary, maşgala garamaty ýaly köp sanly hysyrdylarynyň her biri üçin aýratyn wagt tapyp, olaryň hemmesine-de ýetişmeli. Munuň üçin ol özüniň iň gymmatly baýlyklarynyň biri bolan wagtyny tygşytly we rejeli, netijeli peýdalanyp bilmegi başarmaly. Wagt häzirki zaman dünýäsiniň barha ösýän bazar ykdysadyýeti, maglumatlardyr bähbitleriň sansyz köpdürlüligi şertlerinde öz gadyr-gymmatyny has-da artdyrýar. Durmuş tejribesi bilen muňa kemsiz düşünýän adam welin, hemişe ondan ýerlikli peýdalanmagyň, täzeçilligiň, ösüşleriň gözleginde. Döreden «akyl önümleri» bolan sanly tehnologiýalar häzirki zaman dünýäsinde agzalan hysyrdylaryň ählisine-de ýetişmegi üçin adamyň iň dessin hem ygtybarly kömekçilerine öwrülýär.
Eýsem-de, sanly tehnologiýalaryň bir adamyň durmuşyndaky orny, zerurlygy şeýle köptaraply bolsa, olaryň tutuş halkyň, jemgyýetiň, döwletiň durmuşyndaky ähmiýetiniň näderejede uludygy öz-özünden düşnüklidir. Adamzat indi maglumatlar jemgyýetinde, innowasiýalar eýýamynda ýaşaýar. Dessinlik, tizlik, habarlylyk, bökdençsiz, ýokary derejeli sanly aragatnaşyk ýaly görkezijiler şu eýýamyň, şu döwrüň aýratynlyklaryny, ösüşiniň hilini düzýär.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsinde haýsydyr bir ýurduň ösüşine baha berilmeli bolanda, ilkinji nobatda, şol ýurtda ylymly-bilimli, kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda edilýän tagallalar, ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylyşy, ykdysadyýetiň pudaklarynda olardan netijeli peýdalanylyşy göz öňünde tutulýar. Biziň ýurdumyzda milli Liderimiziň hut özüniň bu ugra içgin üns bermegi bilen, zerur bolan ähli şertler döredilip, tapgyrlaýyn hem toplumlaýyn maksatnamalar boýunça sanly ykdysadyýete geçmek babatda düýpli işler, özgertmeler durmuşa geçirildi. Häzirki döwürde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» 2020 — 2023-nji ýyllara niýetlenilen ikinji tapgyry dowam edýär. Ozalky tapgyrda Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň guramaçylyk meselelerini, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, synag taslamalaryny saýlap almak, bu ugurda aýratyn çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, sanly intellektual tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýurdumyzyň mümkinçiliklerini we ähli pudaklaryň taýýarlygyny, sanly ykdysadyýete geçmegiň we ony ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny seljermek hem-de kämilleşdirmek, bäsleşikleri yglan etmek, hyzmatdaşlary saýlap almak hem-de şertnamalary baglaşmak, maýa goýum gurşawyny emele getirmek, taslamalary maliýeleşdirmek üçin merkezleşdirilen we ýerli býujetleri emele getirmek ýaly wezipeler ýerine ýetirildi. Häzirki tapgyrda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, olaryň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek ýaly wezipeler yzygiderli ýerine ýetirilýär. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň bu tapgyrynda hyzmatlaryň dürli görnüşleri bir ýerde jemlenen, köpugurly «Bir penjire» ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş milli maglumat merkezini döretmek, ulgamyň işini döwrebap derejede ýola goýmak babatdaky işler güýçli depginde alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde köp sanly möhüm döwlet resminamalary bilen bir hatarda, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem tassyklanyldy. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň goşmaça ösüşini üpjün etmek hem-de sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak esasy maksat hökmünde kesgitlenilen bu resminamada bellenilen wezipeleri, esasan, sanly üpjünçilik ulgamyny ösdürmek; ilata sanly hyzmatlary hödürlemek maksady bilen, «Elektron hökümet» ulgamyny döretmek; adam maýasynyň ösüş derejesini ýokarlandyrmak, innowasion ösüş institutlaryny döretmek, sanly ekoulgamy özgertmegiň hasabyna döwletiň ösüşiniň depginini has-da güýçlendirmek; ýurduň ykdysadyýetine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we ony yzygiderli kämilleşdirmek ýaly dört ugur boýunça ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär. Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, döwrüň talaplaryna laýyklykda, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşleri artdyrylar hem-de kämilleşdiriler. Saglygy goraýyş, bilim, syýahatçylyk, jemagat hojalygy, bank, ätiýaçlandyryş, aragatnaşyk, ilaty durmuş taýdan goramak, söwda we ulag hyzmatlarynyň, häkimlikleriň, döwlet statistikasynyň we beýleki edaralaryň hyzmatlarynyň sanly ulgam arkaly çalt hem kämil derejede ýerine ýetirilmeginiň netijesinde, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüş depginleri, bäsdeşlige ukyplylygy görnetin ýokarlandyrylar.
Hormatly Prezidentimiz: «Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň sanly ulgama geçirilmegi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini çözmäge ýardam eder» diýip belleýär. Şonuň üçin milli Liderimiz ýurdumyzda sanly bilim we sanly ykdysadyýet ulgamlaryny ösdürmäge örän uly ähmiýet berýär. Sanly ulgama çalt we netijeli geçmek, sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan işjeň peýdalanmak dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýlarda has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Döwrüň talaplaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasion ugra geçirmegi çaltlandyrmaga, işewürlik hem-de maýa goýum işjeňliginiň ösüşini artdyrmaga, ösen we öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ähli ugurlarda ornaşdyryp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini, ilatyň abadançylyk derejesini has-da ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň hem-de uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlarynyň netijesinde, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler, ilkinji nobatda, halkyň bähbidinden ugur alýar. Ýurdumyzda innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler, amala aşyrylýan özgertmeler, nesip bolsa, ýakyn geljekde has uly ösüşleri gazanmaga ýardam berjek täze, döwrebap mümkinçilikleri döreder.
Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/24618