Täze binalaryň şuglasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçip barýan her bir güni bizi diňe bir paýtagtymyzyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan waka — ak mermerli Aşgabadyň 140 ýyllygyna barha golaýlaşdyrýar. Bu ajaýyp sene mynasybetli ýurdumyzda häzirden başlap giň gerimli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Paýtagtymyzda abadanlaşdyryş hem-de arassaçylyk işleri gowşamaýan depginlerde alnyp barylýar. Şonuň netijesinde Aşgabat şäheri barha gözel keşbe eýe bolup, tanalmaz derejede özgerýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerini düýpli döwrebaplaşdyrmak işiniň we tutuş türkmen topragyny gurşap alan oňyn özgertmeleriň başyny başlady. Bu çäreler häzirki döwürde anyk netije berýär. Şeýlelikde, dünýä ýurtlarynyň halklary Türkmenistanda bolup geçýän özgertmeleri uly gyzyklanma bilen synlaýarlar. Ähli özgertmeleriň gözbaşynda bolsa ak mermerli paýtagtymyz durýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ýokary netije berýändigine her ädimde gabat gelýäris. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň keşbi düýpli özgerdi. Ol sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi.

Milli Liderimiz diňe bir iri hem-de ähmiýetli gurluşyk taslamalaryny öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny berk gözegçilikde saklaýar. Munuň özi binalaryň bezeg işlerinden başlap, olaryň tehniki üpjünçiligine, desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyna we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine çenli ähli tapgyrlary öz içine alýar.

Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Bu ýerde şäher ilaty üçin ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän amatlyklar, oňyn şertler üpjün edilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda tutuş etraplar, onuň taryhy merkezi döwrebaplaşdyryldy. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary emele geldi. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän onlarça toplumlar peýda boldy.

Köpsanly binalar halkara derejesinde geçirilýän binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldular. Munuň özi türkmen paýtagtynyň ösüşinde gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we Aşgabadyň dünýäniň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Aşgabadyň şähergurluşyk taýdan ösüşi paýtagtymyzyň ykdysady görkezijilerini, onuň maýa goýum ýagdaýyny we işewürlik gurşawyny äşgär etdi. Bu bolsa bir tarapdan, daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini, beýleki bir tarapdan, ýurdumyzyň gurluşyklarynyň bäsdeşlige ukyplylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyny şertlendirdi.

Her bir baýramçylygy, şanly senäni mynasyp sowgatlar bilen garşylamak, olara gabatlap täze desgalary ulanmaga bermek ajaýyp däbe öwrüldi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, ak mermerli Aşgabadyň 140 ýyllyk senesiniň belleniljek günleriniň öňüsyrasynda hem paýtagtymyzda möhüm ähmiýetli desgalaryň birnäçesi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Ine, düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň günorta böleginde gurlan Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň açylyş dabarasy boldy. Paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň ugrunda gurlan, milli Liderimiziň toý baglaryny kesmeginde açylan bu banklaryň ajaýyp binalary ýurdumyzyň ähli babatda kuwwatly döwlete öwrülendiginiň, milli ykdysadyýetimiziň maddy-enjamlaýyn binýadynyň okgunly döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Däp bolşy ýaly, täze desgalaryň açylyş dabaralarynda hem aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Bu ýerde eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, Arkadag Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerini wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.

Ýeri gelende aýtsak, banklaryň binalarynyň gurluşygyna 2018-nji ýylda badalga berildi. Bu täsin desgalary ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän «BUIG Batiman Internasional» fransuz kompaniýasy gurdy.

«Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň binasy 15 gatdan ybarat bolup, onuň umumy meýdany 17 müň inedördül metrden gowrakdyr.

Binanyň aşaky gatynda bir sany 230 öýjükli awtomatlaşdyrylan depositariý we elektron nobatynyň ulgamy ornaşdyrylypdyr. Şeýle hem, bu ýerde pul girdeji kassalarynyň 8-isi, fiziki taraplara hyzmat edýän hasaplaşyk amallary nokatlarynyň 10-usy, ýuridiki taraplara hyzmat edýän hasaplaşyk amallary nokatlarynyň 22-si hereket edýär.

Bu bankda müşderileriň hasaplaryny açmak we alyp barmak, goýumlaryň dürli görnüşlerini hödürlemek, bankyň hyzmatlaryny hödürlemek, milli we daşary ýurt pul geçirimleriniň elektron ulgamyny hödürlemek, daşary ýurtlarda ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň okuw töleglerini SWIFT tölegler ulgamy arkaly geçirip bermek, goragyň iň häzirki zaman ulgamy bilen enjamlaşdyrylan we goraglylygyň ýokary derejesine eýe bolan bankyň ýörite gurnalan otagynda ýerleşdirilen hususy seýfleri kärendesine bermek, söwda däl amallary: pul serişdelerini çalşyrmagy, halkara walýuta biržasynda daşary ýurt puluny satyn almagy, halkara amallary boýunça maslahatlar, dürli pullaryň özara gatnaşyklary baradaky maglumatlary bermek, müşderiniň töleg resminamasyny taýýarlamak, şertnamanyň töleg şertlerini seljermek, şertnamalar boýunça netijeleri berip, kepillikleri bermek, akkredetiwleri resmileşdirmek ýaly we beýleki köpsanly hyzmatlar hödürlenilýär.

«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynda hem işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli oňaýly şertler döredildi. Bu ýerde hem müşderilere hyzmatlaryň köp görnüşleri hödürlenilýär.

Şeýlelikde, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen gurlan banklaryň täze döwrebap binalary paýtagtymyzyň şu işewürlik böleginde öňden bina edilen ajaýyp we täsin desgalar bilen sazlaşyk döredip, ýurdumyzyň baş şäheriniň gözelligini has-da artdyrar.

Öwezmyrat RAHYMOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25729