Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy
Aşgabat, 25-nji fewral (TDH). Şu gün Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň demokratik esaslaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda bu düzümlere möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary öňde durýan wezipelere amal edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilýändigini, täze işlenip taýýarlanylýan kanunlaryň we döwlet derejesinde kabul edilýän çözgütleriň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek işleriniň yzygiderli alnyp barylmalydygyny nygtady.
Mejlisiň ýolbaşçylary milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, halkyň arasynda guralýan jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň dowamynda Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny giňden wagyz etmek, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, parlamentiň işine ösen tejribeleri ornaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewlerini hem-de maslahatlaryny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny habar berdiler.
Soňra ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylary täze taryhy eýýamda Türkmenistanda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Şunda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär.
Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary amala aşyrylýan işler, şol sanda Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň agzalarynyň raýatlarymyzyň we ýurdumyzyň zenanlarynyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça görýän çäreleri barada habar berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri tarapyndan hormatly Prezidentimiziň ýaşlar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, olaryň jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça öňde goýan möhüm wezipeleriniň amala aşyrylyşy barada aýdyldy.
Milli Liderimiz kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralaryň işini kämilleşdirmek, möhüm kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi, raýat jemgyýetiniň demokratik edaralarynyň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekdi.Bu babatda hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň parahatçylykly ösüşine, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de onuň many-mazmunyny açyp görkezmek boýunça köpçülikleýin wagyz-nesihat çärelerini guramaga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri işjeň ilerletmekde, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda möhüm orun eýeläp, türkmenistanlylary täze, uly zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.
Bu gün raýatlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, türkmenistanlylaryň, şol sanda zenanlaryň we ýaşlaryň döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagy, ýaş nesliň döwrebap terbiýelenilmegi we bilim almagy bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Şol bir wagtyň özünde milli Liderimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda we beýleki döwlet meýilnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we demokratik ösüşinde Mejlisiň deputatlaryna, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna hem-de wekillerine möhüm orun degişlidir.
Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň deputatlar düzümi bilen duşuşyk geçirdi.
Strategik döwlet maksatnamalaryny hem-de oňyn demokratik özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça Mejlisiň amala aşyrýan işleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Döwlet Baştutanymyzyň her ýylyň başynda halkyň saýlanlary bilen däbe öwrülen duşuşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol duşuşyklaryň barşynda milli parlamentiň ýerine ýetiren işleriniň jemi jemlenilýär, onuň işine baha berilýär, ýurdumyzyň öňünde duran wajyp wezipeleri nazara almak bilen, Mejlisiň ýakyn geljek üçin işiniň maksatnamasy kesgitlenilýär.
... Ruhyýet köşgüne ýygnananlar hormatly Prezidentimizi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen salamlaşyp, olaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda haýsydyr bir jogapkärli işe başlananda halkymyz bilen maslahat-geňeş edip, onuň pikirine esaslanmak ýaly ajaýyp milli däbimiziň bardygyny belledi. Şu parasatly däbe eýerip, şu günki duşuşykda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şu ýyl ählimiz üçin aýratyn uly ähmiýete eýedir. Ýene-de birnäçe aýdan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy giňden we dabaraly bellenip geçiler. Bu şanly seneler milli senenamamyzda aýratyn möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyzlyk güni biziň milli baýramymyzdyr. Bu şanly baýram bizi abadan we bagtyýar durmuşyň bähbidine täze belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, nesip bolsa, Garaşsyz döwletimiziň döredilen taryhy senesi bolan 27-nji sentýabry täze şöhratly üstünliklere we ýeňişlere besläp belläris. Ýetilen sepgitler bolsa ýurdumyzyň parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aňladýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen maliýe-ykdysady çökgünlige garamazdan, biz geçen ýyl täze ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagy dowam etdik. Ähli pudaklarda häzirki zaman tehnologiýalaryny we sanly ulgamlary ulandyk. Innowasion-önümçilik düzümlerini döretmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp bardyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Netijede, ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi üpjün edildi hem-de senagat, maýa goýum, durmuş syýasatyny amala aşyrmak, ilatyň durmuş taýdan abadançylygynyň ýokary derejesini gazanmak, ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu duşuşykda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýy we halkara meseleleri barada jikme-jik durup geçmejekdigini bu meselelere ýaňy-ýakynda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen ýörite iş maslahatlarynda we Ministrler Kabinetiniň geçen, 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde düýpli seredilendigini aýtdy. Şoňa görä-de, häzir ýurdumyzyň kanun çykaryjy ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde duran wezipelere serediler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Biz döwletimiziň, jemgyýetimiziň we her bir şahsyýetiň bähbitlerini nazara alyp, milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Mejlisiň deputatlarynyň Ministrler Kabineti, kanun çykarmak işi boýunça degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, geçen ýylda belli bir işi edendigine garamazdan, men heniz siziň alyp barýan işiňizden nägiledigimi aýtmak isleýärin diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde dünýä çalt depginler bilen özgerýär. Her hepdede diýen ýaly, täze soraglary ýüze çykarýar. Bu soraglar gyssagly çözülmegini talap edýär. Bütin adamzat bolsa koronawirus pandemiýasy sebäpli, ählumumy çökgünligi başdan geçirýär. Bu bolsa soňky ýüz ýylda adamzadyň başyna düşen iň uly betbagtlykdyr.
Pandemiýa dünýä ykdysadyýetine her aýda 400 milliard amerikan dollaryna golaý zyýan ýetirýär. Häzire çenli bütin dünýä boýunça 500 million iş orny ýitirildi. Mundan başga-da, sebitde we Ýer ýüzünde ekologiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy düýpli ynjalyksyzlyk döredýär.
Biz goňşy ýurtlar we dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Aral deňziniň guramagy netijesinde dörän ekologiýa betbagtçylygynyň netijelerini azaltmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam edýäris. Ýöne bu ugurda ýagdaý heniz çylşyrymly bolmagynda galýar. Şeýle bolansoň, biz deputatlarymyzdan bolup geçýän bu ýagdaýlar bilen bagly çalt we anyk çärelere garaşmaga haklydyrys. Deputatlar möhüm ähmiýetli kanunçylyk namalaryny çalt taýýarlap, kabul etmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni wajyp meselelere çekip, Mejlisiň tutuş hukuk binýadyny hil taýdan ýokary derejede ösdürmegi, ilkinji nobatda bolsa, durmuş ugruna gönükdirilen hukuk döwleti hökmünde ýurdumyzyň häzirki we geljekki döwrüni gönüden-göni kesgitleýän kanunlary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. Bu bolsa ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, iş bilen üpjünçilik we zähmete hak tölemek, durmuş kepillikleri ýaly örän möhüm ugurlara degişlidir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmak, ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasy wezipeleri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Maksatnamasynda göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmegiň, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň we hereket edýän kanunlary kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bazar gatnaşyklary şertlerinde biz ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasaty alyp barýarys, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen önümler bilen doly üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, bu gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlary kämilleşdirmek we döwrebap ýagdaýa getirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Dünýä ykdysadyýetinde amatsyz ýagdaýlaryň dowam edýändigine, çylşyrymly maliýe-ykdysady şertlere garamazdan, biz ähli pudaklarda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden ulanmak boýunça işleri dowam etmelidiris, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermäge, ýurduň maliýe-ykdysady ulgamyny durnukly ösdürmäge aýratyn üns bermelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz döwlet serişdelerini netijeli ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini hem giňeltmegiň wajypdygyny belledi.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijilere goldaw bermek, goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlarda alnyp barylýan işleri-de dowam etmek zerurdyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlaryň ünsüni ýene-de bir möhüm meselä çekdi. Häzirki wagtda öňde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk ulgamynda şäher bilen obanyň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak boýunça möhüm wezipeler durýar.
Bu wezipeler aragatnaşygyň maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň, şol sanda maglumat hyzmatlarynyň, onuň maglumat-kommunikasiýa üpjünçiligini ösdürmegiň, adamyň intellektual mümkinçiligini doly derejede ulanmagyň hilini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagy talap edýär.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek netijeli ulgamlary ornaşdyrmaga, uzak möhletli ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga şert döredýär, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we kämil görnüşlerini ýola goýmaga, durmuş şertlerini gowulandyrmaga hemaýat edýär hem-de tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň azalmagyna, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan, sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin onuň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyz sebitiň we kontinentiň möhüm ulag-logistika merkezine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň we çig mal serişdeleriniň ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek we gaýtadan işlemek, şeýle hem ýokary goşmaça binýady bolan taýýar önümleri öndürmek milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri boldy.
Şoňa görä-de, maýa goýumlaryny çekmek, kärhanalary hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilelikdäki kärhanalary döretmegi höweslendirmek, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmek wajypdyr.
Şu maksat bilen, bu ugurda milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, hususan-da, ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek üçin «Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak zerurdyr.
Ýurdumyzyň aýry-aýry sebitlerini we çäklerini üpjün edýän ulgamlary täzelemek we ösdürmek boýunça hem netijeli işleri alyp barmaly. Bu ulgamlara telekeçileri çekmek üçin şertleri döretmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şundan ugur alyp, sebitlerde hojalygy dolandyrmagyň bazar ykdysadyýetiniň kadalaryna laýyk gelýän täze usullaryny ulanmagyň, täze iş orunlaryny döredip, daşary ykdysady işi has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şu maksat bilen, erkin ykdysady zolaklary döretmek we olaryň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmäge yzygiderli üns bermek gerek.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hukuk binýadyny berkitmek parlamentiň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir. Sebäbi adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, saglygyny, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny, jemgyýetçilik ahlagyny üpjün etmek, döwlet häkimiýetini amala aşyrmagyň tertibini, jemgyýetçilik tertibini we howpsuzlygyny gazanmak, eýeçiligi, adamyň, jemgyýetiň hem-de döwletiň kanuny bähbitlerini goramak we netijeli durmuşa geçirmek hukuk kadalaryny kämilleşdirmegiň esasy ölçegidir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek maksadalaýykdyr.
Arbitraž kazylar tarapyndan jedellere seretmegiň tejribesini öwrenmegiň möhüm ähmiýetini nazara alyp, Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Bulardan başga-da, Raýat kodeksiniň kämilleşdirilen, rejelenen görnüşini taýýarlamak boýunça işi dowam etmeli. Şonuň bilen birlikde, döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, kodeksde halkara hususy hukugyň kadalary hem beýan edilse, maksadalaýyk bolardy diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz milli parlamentiň deputatlaryna ýüzlenip, olaryň syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri bilen ysnyşykly işlemelidigini we olary ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere çekmelidigini, ýerlerde ýaş işçi-daýhanlar, talyp ýaşlar bilen duşuşyklary geçirip, olaryň pikirlerini we isleg-arzuwlaryny öwrenmelidigini belledi.
Zenanlar we ýaşlar guramalary bilen bilelikde hukuk öwreniji zenanlaryň gatnaşmagynda zenanlaryň we gyzlaryň arasynda alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, zenanlaryň hukuklary we borçlary, milli maşgala däpleri we gymmatlyklary, ahlak terbiýesi barada söhbetdeşlikleri geçirmek wajypdyr. Mejlis syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary, zenanlaryň we erkekleriň deňhukuklylygy (gender deňligi) hakynda kanunlaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi ýola goýmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz adam üçin iň uly baýlygyň onuň saglygydygyny nygtap, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, döwletiň we jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirmek üçin ähli tagallalaryň edilýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň saglygyny goramak bilen bagly, şol sanda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän ýörite kanunlary kabul etmegiň wajypdygyny nygtady.
Biz ilatymyzyň ýaşaýyş jaý-durmuş şertleriniň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty yzygiderli alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri her ýyl 10 göterim ýokarlandyrylýar.
Biz mundan beýläk hem bu işi dowam ederis. Ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylyk ulgamynda geçirilýän her bir özgertmäniň kanunçylyk esasyny berkitmäge aýratyn üns bereris. Raýatlarymyzyň zähmet çekmäge, sagdyn we howpsuz zähmet şertlerine konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak, zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Zähmet kodeksiniň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri hem dowam etmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesli mynasyp terbiýelemegiň üstünlikleriň girewi bolup durýandygyny nygtap, maşgala gymmatlyklaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Çünki ýaşlarymyzyň belent ahlak sypatlary şol gymmatlyklar esasynda emele gelýär.
Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara hormat goýmak, Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine sarpa goýmak duýgularyny terbiýelemek maşgaladan başlanýar.
Şoňa görä-de, maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, jemgyýetçilik pikirini öwrenip, Türkmenistanyň Maşgala kodeksine häzirki döwrüň talaplaryna esaslanýan degişli üýtgetmeleriň girizilmegi maksada laýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Bu ugurda biziň esasy maksadymyz watandaşlarymyzy, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlarymyzy Watany söýýän, ýurdumyzyň geljegi hakynda alada edýän, milli däp-dessurlarymyza buýsanyp ýaşaýan raýatlar hökmünde terbiýelemekdir diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, halkymyzyň kalby bolan medeniýetimizi yzygiderli ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns bereris, öz köklerini ata-babalarymyzdan alyp gaýdýan milli mirasymyzy gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga we giňden wagyz etmäge aýratyn ähmiýet bereris diýip nygtady. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk etmek bu ugurda döwletimiziň alyp barýan halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Köpýyllyk gatnaşyklaryň netijesinde Gadymy Merw, Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanalary, Köne we Täze Nusaý galalary ýaly taryhy-medeni ýadygärlikler we goraghanalar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Türkmen halkynyň «Görogly» dessançylyk sungaty we «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty bolsa Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Biz dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny, ahalteke bedewlerini we türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegi öwretmek boýunça senetçilik sungatynyň ähmiýetini dünýä derejesinde ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň şäherleriň döredijilik ulgamyna girizmek boýunça zerur işleri amala aşyrýarys.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli däp-dessurlarymyzy, ýurdumyzyň taryhyny, milli mirasyny aýawly saklamak, şeýle hem döredijilik işgärleriniň ýaşaýyş jaý-durmuş şertlerini gowulandyrmak, hukuk we durmuş taýdan goragyny kepillendirmek, bu ugurda hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, «Döredijilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamak hem maksadalaýyk bolar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçip, ýaş nesillerimiziň sagdyn we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, häzirki zaman bilimlerini ele almagyny, watançylyk ruhunda terbiýelenmegini üpjün etmegiň baş maksat bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen dürli bilim edaralarynyň gurluşygy dowam etdirilýär.
Bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmek we onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Bilim hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça-da zerur işleri alyp barmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Energetika diplomatiýasy Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Biziň başlangyçlarymyz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň energetika serişdeleriniň halkara bazarlara durnukly we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek boýunça Rezolýusiýalary kabul edildi.
Türkmenistan uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, senagaty ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ägirt uly möçberlerde maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmegi esasy wezipe edip goýýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýangyç we energetika serişdelerini tygşytly hem-de netijeli ulanmaga uly üns berilýär.
Ilkinji milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy netijesinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän telekommunikasion aragatnaşyk ulgamynyň, ýokary hilli teleradioýaýlymlarynyň işini ýola goýmak üçin uly mümkinçilikler we şertler döredildi.
Ýurdumyzyň raýatlaryny ýokary tizlikli internet ulgamy bilen üpjün etmek boýunça hem köp işler amala aşyrylýar. Şol bir wagtda-da raýatlarymyza köpugurly poçta hyzmatlaryndan peýdalanmakda uly mümkinçilikler döredilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda poçta ulgamynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, poçta işiniň taraplarynyň hukuklaryny hem-de borçlaryny we bu ugurda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, ulgamyň hukuk esasyny kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlara hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman elektrik stansiýalarynyň gurlandygyny, bar bolanlarynyň durkunyň täzelenendigini belledi.
Ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen bir wagtda, Türkmenistany daşary ýurtlara elektrik energiýasyny iberýän döwlete öwürdik. Milli energetika ulgamyny ösdürmegiň ýakyn onýyllyklar üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledik. Dünýäniň energetika ulgamynda ýurdumyzyň tutýan ornuny berkitmek boýunça anyk çäreleri belledik diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Şonuň bilen birlikde, Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetika ulgamyny durnukly ösdürmegi üpjün etmek, munuň üçin ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň we çäkleriniň energiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek zerurdyr. Şu maksat bilen, energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, dikeldilýän çeşmeleriniň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak wajypdyr.
«Energiýany tygşytlamagyň 2018–— 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021–— 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» kabul edildi.
Bu ugurda hukuk esaslaryny berkitmek, kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Kanuny kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ekologiýa meselesi baradaky gürrüňi dowam edip, biziň Bitarap ýurdumyzyň tebigy çäklerinde we Hazar deňzinde erkin mesgen tutan aw guşlarynyň sanyny artdyrmak boýunça-da degişli işleriň alnyp barylýandygyny, döwletimiziň aw edilýän meýdanlaryny goramak we netijeli ulanmak boýunça çäreleriň görülýändigini, ýurdumyzda seýrek duş gelýän, ýitip gitmek howpy bolan haýwanlaryň görnüşlerini goramak we sanyny artdyrmak boýunça işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän çäreleriň kanunçylyk esasyny talabalaýyk getirmek maksady bilen, «Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakynda» Kanuny döwrebap ýagdaýa getirmegiň zerurdygyny nygtady. Şol Kanun ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlär.
Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň bazar gatnaşyklaryna geçýän şertlerinde balyk hojalygynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda Balyk hojalygy baradaky döwlet komiteti ýapylyp, telekeçileriň garamagyna berildi. Şunuň bilen baglylykda, balyk tutmak we suw-biologik serişdelerini aýawly saklamak hakynda kanunçylygy döwrebap ýagdaýa getirmek zerurlygy-da ýüze çykýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, behişdi ahalteke bedewlerimiz biziň buýsanjymyzdyr we şan-şöhratymyzdyr, ruhy galkynyşymyzyň egsilmez çeşmesidir, biz ahalteke bedewlerimizi goramak, bu ugurda asylly däplerimizi dikeltmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, atçylygy hemmetaraplaýyn öwrenmek we mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk işleri alyp barýarys diýip nygtady.
Bitarap ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden we dabaraly bellenýär. Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň maslahaty geçirilýär. Häzirki döwürde Bitarap döwletimiz halkara hojalyk işlerine işjeň goşuldy. Şonuň netijesinde, ýüze çykýan hukuk gatnaşyklary bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmegi hem talap edýär. Şoňa görä-de, döwrüň talaplaryna laýyklykda «Atçylyk we atly sport hakynda» Kanuna üýtgetmeler girizilse, dogry bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Biz ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, mähriban halkymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Halkara tejribä, häzirki döwrüň talabyna, durmuşyň milli kadalarynyň aýratynlyklaryna laýyklykda, oba hojalyk önümçiliginiň täze guramaçylyk-hukuk görnüşlerini peýdalanmak uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, suw serişdelerini netijeli we tygşytly ulanmak üçin ähli çäreleri görmek wajyp wezipedir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlary Suw kodeksini, şeýle hem «Döwlet ýer kadastry hakynda» Kanuny kämilleşdirmek boýunça hem zerur işleri alyp barmalydyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu kanunlaryň oba hojalygynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň hukuk giňişligini döretmekde oňyn netije berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyz daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açdy. Bu ugurda halkara bileleşigiň bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen işler alnyp barylýar.
Geçen, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy bellenildi. Biziň Bitarap döwletimiziň alyp barýan syýasaty bütin dünýäde giň goldaw tapýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça we Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagy netijesinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Rezolýusiýa kabul edildi.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 47-nji mejlisinde hem «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda we pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Rezolýusiýa kabul edildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýany kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Bitarap döwletimiziň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmäge niýetlenen häzirki zaman özgertmelerini amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolup durýan halkara şertnamalarynda, ylalaşyklarynda we konwensiýalarynda beýan edilen halkara hukuk kadalaryny düýpli öwrenmek zerurdyr. Şundan ugur alyp, Bitarap döwletimiziň daşary syýasat işini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmelidiris.
Hususan-da, «Diplomatik gulluk hakyndaky» Kanuna hem goşmaçalary girizmek, şeýle hem «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak wajypdyr. Bulardan başga-da, «Migrasiýa hakynda», «Migrasiýa gullugy hakynda» Kanunlara-da üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak zerurdyr.
Şunuň bilen birlikde, Mejlis ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmelidir. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň parlamentleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmegiň Mejlisiň esasy wezipeleriniň biri bolmalydygyny belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň çäklerinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň biridir. Şonuň ýaly-da, talaplara laýyklykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryň geňeşler we çäk boýunça öz-özüňi dolandyryş jemgyýetçilik edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmegini üpjün etmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.
Şu nukdaýnazardan, «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» Kanunyň taslamasyny taýýarlamak maksadalaýyk bolar. Bu Kanunda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryny kämilleşdirmek, dolandyryş ulgamlarynyň hukuk ýagdaýyny halkara tejribä laýyk getirmek, hukuk ýagdaýynyň täze kadalarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly olaryň işini döwrebap ýagdaýa getirmek göz öňünde tutulmalydyr.
Ýurdumyzyň saýlaw ulgamynyň kanunçylygyny kämilleşdirmek hem Mejlisiň üns merkezinde bolmalydyr. Şoňa görä-de, döwrüň talaplaryna laýyklykda, toplanan tejribe esasynda Saýlaw kodeksini yzygiderli kämilleşdirip durmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şeýle hem milli parlamentiň welaýat, etrap we şäher halk maslahatlaryna hem-de geňeşlere olaryň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guramak üçin ýakyndan ýardam bermelidigi bellenildi. Şu maksat bilen, bilelikde okuw maslahatlaryny geçirip, olarda degişli kanunçylyk namalaryny doly düşündirmek zerurdyr.
Durmuş ählimizden aýgytly hereketleri, döredijilik başlangyçlaryny, möhüm özgertmeleri talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, tutuş kanunçylygy seljermek we täzelemek zerurdyr. Häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen täze belentliklere tarap ynamly barýan Garaşsyz döwletimiziň hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge, kanun çykaryş esaslaryny has-da berkitmäge mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz deputatlara hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýyl berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek we ilkinji nobatda bolsa, mähriban halkymyzyň durmuş taýdan ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek boýunça meýilnamalar barada durup geçdi. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, gülläp ösmegini, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagyny üpjün etmek we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň birnäçesi kabul edildi. Bu maksatnamalaryň doly amala aşyrylmagy üçin biziň ählimiz tutanýerli we yhlasly işlemelidiris, Mejlisiň deputatlary hem bu maksatnamalarda göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esaslaryny berkitmek üçin, döwrüň talaplaryna laýyklykda hereket edýän kanunlary kämilleşdirip, zerur bolsa täze kanunlary kabul etmelidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen mejlisinde möhüm wezipeler kesgitlenildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu wezipeler döwlet dolandyryşyny we jemgyýetimizi kämilleşdirmäge gönükdirilen özgertmeleriň çäklerinde döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmek bilen baglydyr. Ýurdumyzyň wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralarynyň ösüşinde bu täze tapgyr möhüm we oňyn ädim bolup durýar. Bu tapgyr döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny berkitmäge, durnukly syýasy institutlary döretmäge gönükdirilendir.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasy hil taýdan täze, iki palataly parlament ulgamyna geçirilýär.
Bu bolsa döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda örän möhüm taryhy wakadyr. Şeýle hem biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgämiziň we onuň amala aşyrylmagyna gönükdirilip durmuşa geçirilýän yzygiderli döwlet syýasatymyzyň dabaralanmagynyň aýdyň mysalydyr.
Munuň özi raýatlarymyzyň saýlamak we saýlanmak babatda konstitusion hukuklaryny erkin ulanmaklary esasynda döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga wekilçilik edaralarynyň üsti bilen gatnaşmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňümizdäki saýlawlary barada durup geçip, olaryň ozalkylardan bütinleý tapawutlanýandygyny belledi. Göni däl diýlip atlandyrylýan şeýle saýlawlar ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär.
Şoňa görä-de, öňde duran saýlawlar syýasy ulgamy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak wezipelerinden ugur alnyp, ýokary derejede, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady. Bu saýlawlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, saýlaw kanunçylygynyň talaplary gyşarnyksyz berjaý edilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň örän gysga wagtyň içinde döredijilikli işläp, saýlaw kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça uly işleri amala aşyrandygyny belledi.
Konstitusiýamyza laýyklykda, «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Kanun kabul edildi, şol resminamadan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlandy, Saýlaw kodeksine hem üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu bolsa bize saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge mümkinçilik berer.
Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler hökmünde il içinde at-abraýly we uly hormatdan peýdalanýan, Watany söýýän ak ýürekli adamlaryň hödürlenmegi örän möhümdir. Sebäbi geljekde Milli Geňeşiň Halk Maslahaty palatasynyň işiniň degişli derejede netijeli bolmagy onuň agzalarynyň bilim derejesine we hünär taýýarlygyna bagly bolar. Bu talaplaryň berjaý edilmegi Milli Geňeşiň palatalarynyň özara sazlaşykly işini ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir, Mejlis we Merkezi saýlaw topary bu ugurdaky işi dowam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda saýlaw hukuklary diňe bir yglan edilmän, eýsem, olardan peýdalanmak üçin ähli zerur şertler hem döredilendir. Biziň tutuş jemgyýetimiz, jemgyýetçilik birleşiklerimiz ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet ulgamyny özgertmäge uly gyzyklanma bildirip, bu işe işjeň gatnaşýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda ýerlerde ilat arasynda öňde durýan saýlawlaryň ähmiýeti barada düşündiriş işlerini geçirmegi dowam etmelidir, duşuşyklary we teleradioýaýlymlarda çykyşlary guramalydyr.
Ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň özgerdilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň, şeýle hem sebitleriň bähbitlerine milli parlamentde has gowy wekilçilik etmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa döwrüň wagty ýeten meselelerini çözmäge ýardam eder, kanunlaryň taýýarlanyşyny we ulanyşyny kämilleşdirmäge oňyn täsirini ýetirer, deputatlaryň saýlawçylar bilen has ysnyşykly gatnaşyklaryny ýola goýmaga şertleri döreder, kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi netijeli amala aşyrmaga gowy mümkinçilik berer.
Şeýlelikde, biz erkin bäsleşik, aç-açanlyk, pikir we söz azatlygy babatda demokratik kadalara eýerip, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçireris diýip, milli Liderimiz belledi we geçmişde we häzirki şertlerde jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň toplan baý tejribesiniň öňe gitmek üçin bahasyna ýetip bolmajak goşant bolup durýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň demokratiýa, aç-açanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy esasynda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny, adamyň we raýatyň kanunyň öňünde deňligini, hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamagy, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmagy hem-de kabul etmegi, jemgyýetçilik pikirini hasaba almagy ileri tutmak esasynda hereket etjekdigine berk ynam bildirdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçmäge taýýarlyk görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we taryh üçin örän gysga döwrüň içinde ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň berk esaslarynyň döredilendigini nygtady.
Halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly özgermeler bolup geçdi. Bütinleý täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Şu döwürde döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däplerini dikeltdi.
Ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine dünýäniň döwletleri we halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklaryň gymmatly tejribesi toplandy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan saýlap alan milli ösüş ýolunyň berkdigini we netijelidigini subut etdi. Ýurdumyz halkara derejede möhüm syýasy, ykdysady we ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürdi. Parahatçylygy döredýän ýurt hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolup, uzak möhlete niýetlenen ösüş maksatlary bolan kuwwatly we sazlaşykly ösýän döwlete öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy tassyklanyldy.
Bu Maksatnama laýyklykda ähli serişdeler we usullar arkaly Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmeleriň taryhy ähmiýetini, döwletimiziň halkara abraýyny wagyz etmek, türkmen döwletini gurmagyň tejribesini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek boýunça öňde örän möhüm we jogapkärli wezipeler durýar.
Mejlis, ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri şu mynasybetli alyp barmaly işleriniň esasy ugurlaryny anyk kesgitlemelidir.
Türkmen jemgyýetiniň gazanan durmuş-ykdysady ösüşiniň şu günki derejesine, häzirki taryhy döwrüň hakyky ýagdaýyna baha bermekde, mähriban halkymyzda eziz Watanyna buýsanç duýgularyny terbiýelemekde we ösdürmekde zerur bolan ähli serişdeler ulanylmalydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilýän çärelerde, döredilýän edebi we sungat eserlerinde eziz Watanymyzyň häzirki keşbi doly açylyp görkezilmelidir.
Biziň her birimiz yhlasly zähmetimiz bilen ata Watanymyz bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany mundan-da gözel, has kuwwatly döwlete öwürmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ruhubelentlik bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli Liderimiziň her ýylyň başynda milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşyp, döwletimiziň kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek barada gymmatly maslahatlary berýändigini, her bir pudagy depginli ösdürmegiň aýdyň ugurlaryny görkezip, hereket etmegiň ýollaryny salgy berýändigini, anyk wezipeleri kesgitläp, adalatly bellikleri edýändigini nygtady.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän şu taryhy duşuşyk biziň üçin çuňňur many-mazmuna, uly ähmiýete eýe bolup durýar diýip, Mejlisiň Başlygy aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda türkmen halky döwlet, rysgal-bereket tapýar. Häzirki çylşyrymly dünýäde ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeler, gazanylan üstünlikler, özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara beslenmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Şu günki taryhy duşuşykda öňde goýlan wezipeleriň özeninde Beýik Şahsyýetiň — milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlarymyzyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, halkymyzyň jebisligi, agzybirligi, her bir öýüň abatlygy, her maşgalanyň abadançylygy, her bir adamyň bagtyýarlygy hakyndaky beýik aladalary, döwlet binýadynyň müdimi mizemezligi baradaky maksatlary dur diýip, milli parlamentiň ýolbaşçysy nygtady.
Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimize Mejlisiň işine hemişe üns berýändigi, bu babatdaky kömegi we goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu gün döwlet Baştutanymyzyň parlamentiň işindäki kemçilikler babatda adalatly bellikleri aýdandygyny hem-de kanunlary kämilleşdirmek, işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri beýan edendigini we täze jogapkärli wezipeleri goýandygyny nygtady.
Mejlisiň Başlygy döwlet Baştutanymyzyň hukuk özgertmelerini yzygiderli amala aşyrmak boýunça berýän maslahatlarynyň deputatlary tutanýerli hem-de netijeli zähmet çekmäge borçly edýändigini belläp, milli Liderimizi deputatlaryň ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk, ynsanperwerlik kadalaryna eýerip, kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Ýurdumyzda, aýratyn hem, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek halkymyzyň geljegi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ilaty sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek hem-de daşky gurşawy goramagy üpjün etmek ulgamynda kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär.
Deputatlaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda milli parlamentiň täze, iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly, şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny milli demokratik ýörelgelere laýyklykda, guramaçylykly geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigi nygtaldy.
Mejlisiň Başlygy milli Liderimize berk jan saglygyny, halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, deputatlaryň türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen milli däp-dessurlaryny we egsilmez ruhy gymmatlyklaryny ýol-ýörelge edinip, geljekde hem Ministrler Kabineti, döwlet we jemgyýetçilik guramalary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde, öňde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz görşüňiz ýaly, biziň öňümizde örän uly we jogapkärli wezipeler durýar diýip, olaryň üstünlikli çözüljekdigine, halkymyzyň ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly ýubileýini mynasyp garşylajakdygyna, mähriban Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.
Rowaçlyklaryň ýyly boljak parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, nesip bolsa, biz eziz Watanymyza çäksiz buýsanyp, öňde goýan uly maksatlarymyza we belent sepgitlerimize ynam bilen ýeteris. Çünki Garaşsyz, Bitarap döwletimiz arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan ýurdudyr, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň mekanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, abadan hem-de bagtyýar durmuşy, alyp barýan işlerinde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edip, çykyşyny “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ruhubelent şygar bilen jemledi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21930?type=feed
Aşgabat, 24-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy.
Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew taýýarlanan taslamalar, olaryň gurluşyklary, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli taslamalar, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Taslamalaryň tanyşdyrylyşynyň barşynda milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ak mermerli Aşgabadyň demirgazyk künjeginde peýda boljak “Aşgabat-siti” şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina ediljek desgalaryň çyzgylary görkezildi.
Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalary gurmak hem-de binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň öňe süren uzak geljege gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Görkezilen taslamalaryň hatarynda «Aşgabat-siti” binagärlik taslamasy, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda “Altyn kölüň” kenarynda ýerleşjek döwrebap kottejler toplumynyň taslamalary aýratyn orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna şeýle hem ýene-de bir ajaýyp beýik binanyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow taslama bilen tanşyp, täze desgada ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent derejesiniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy hem-de birnäçe maslahatlary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa milli Liderimize Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýörite sazçylyk mekdebiniň, medeniýet we sungat mekdebiniň, mejlisler we konsertler zalynyň, okuwçylar üçin niýetlenen umumyýaşaýyş jaýlarynyň, üsti ýapyk sport toplumynyň we açyk sport meýdançasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň belent gerşinde bina edilýän ýadygärligi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, medeniýet we sungat ulgamyna degişli desgalarda döredijilikli işlemek, ýaşlaryň sungat dünýäsine çuňňur aralaşmagy üçin zerur şertleriň döredilmelidigini, binada häzirki zaman enjamlarynyň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda 140 ýyllygy bellenilýän Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar.
Taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda milli Liderimize “Daşkent” seýilgähiniň, şeýle hem bu ýerde saglygy goraýyş ylmy-kliniki ulgamyna degişli Halkara sagaldyş-dikeldiş, Halkara fiziologiýa merkezleriniň taslamalary görkezildi. Şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde bina ediljek durmuş maksatly binalaryň taslamalary we gurluşyklary ýerine ýetirmegiň tapgyrlary barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binalaryň gurluşygynda ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna, olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Aýratyn-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň gurluşyklarynda ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine eýe bolmagy möhüm talap bolup durýar.
Bu gün paýtagtymyzyň halkara ähmiýetli işewürlik maslahatlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilýändigini nazara alyp, şu ugra degişli desgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunda, “Aşgabat” işewürlik toplumynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen talaplarynyň we ýokary halkara ülňüleriň göz öňünde tutulmagy möhüm şert bolup durýar. Şeýlelikde, gurulýan desgalaryň hil derejesine, bezeg aýratynlyklaryna we bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegine yzygiderli gözegçilik ýola goýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Aşgabat şäheriniň durmuş ulgamyna degişli düzümlerini kämilleşdirmek meseleleriniň oňyn çözgüdi paýtagtymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine itergi berer. Şunda şäher ilatynyň döredijilikli işlemegi, amatly dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir. Munuň özi täze gurulýan binalaryň taslamalary taýýarlanylanda göz öňünde tutulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde ak mermerli Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi. Maslahatda Aşgabadyň 140 ýyllyk senesi dabaraly belleniljek şu ýylda ýurdumyzyň baş şäherini dünýäniň iň gözel we abadanlaşdyrylan şäherleriniň birine öwürmek boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, Aşgabat köp wakalary başyndan geçiren gadymy şäherdir. Köpsanly pidalara hem-de weýrançylyklara getiren 1948-nji ýylyň ýer titremesinden soňra şäherimiz düýbünden täzeden dikeldildi. Soňky ýyllarda Aşgabadyň ösdürilmegine ägirt uly üns berilýär, munuň üçin uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär, şäherimiziň çäkleri has-da giňeldildi diýip, milli Liderimiz belledi.
Ýöne muňa garamazdan, paýtagtymyzy has-da ösdürmek, özgertmek, degişli desgalaryň göwnejaý derejede saklanylmagyny hem-de öz wagtynda abatlaýyş işleriniň geçirilmegini üpjün etmek boýunça kemçilikler az däl diýip, döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylaryň degişli hasabatlaryny diňledi.
Milli Liderimiz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy we Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlygyň çäklerinde, şanly sene mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly binalaryň gurluşyk işlerini öz wagtynda tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere ýola goýlan gözegçilik işleri barada hasabat berdi.
Häzirki döwürde paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we olaryň bellenen möhletlerde tamamlanmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, binagärlik we bezeg işleri babatda sanly ulgamyň, täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň esasynda, şeýle hem guruljak binalaryň ýerleşjek ýerlerini nazara almak bilen, gurluşyklaryň taslamalary bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşmeleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Täze binalar ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir.
Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Gurlup, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda işleriň ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir we dowam edýän gurluşyklar kesgitlenen möhletlerde tamamlanmalydyr.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde dürli medeni hem-de köpçülikleýin çäreleri geçirmegiň meýilnamasy taýýarlanyldy.
Olary durmuşa geçirmegiň çäklerinde “Ak şäherim Aşgabat” atly ХХ halkara köpugurly sergi, döredijilik bäsleşikleri, konsertler, medeni-köpçülikleýin çäreler, dürli maksatly desgalaryň hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary, sport bäsleşikleri, at çapyşyklary we beýlekiler guralar.
Hasabatyň çäklerinde dürli maksatly täze desgalaryň we binalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem maglumat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ägirt uly işleriň ýerine ýetirilmelidigini, gurluşykda döwrebap tehnologiýalaryň we nou-haularyň giňden ulanylmalydygyny, binagärlik taslamalarynyň taýýarlanylmagyna ylmy esasda çemeleşilmelidigini, olaryň maýa goýum babatda bäsdeşlige ukyplylygynyň üpjün edilmelidigini belledi.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, şanly senelere bagyşlanan dabaralaryň medeni maksatnamasyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, baýramçylyk çärelerinde milli öwüşgine, täze taryhy eýýamyň ýokary döredijilik ruhuna ähmiýet berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň agzybir halkyny mähriban Watanymyzyň ösüşiniň bähbidine täze belentliklere ruhlandyrmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi. Şanly senäniň hormatyna döredijilik bäsleşikleri, sergiler, gyzykly söhbetdeşlikler, sanly ulgam arkaly dürli halkara onlaýn duşuşyklary, mediamaslahatlar, sport çäreleri guralar.
Teleradioýaýlymlarda hem-de internet saýtlarynda ak mermerli paýtagtymyzy wasp edýän suratlary, wideosýužetleri we makalalary ýerleşdirmek, olary daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Wise-premýer ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny nazara alyp, halkara medeni hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýändigini belläp, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz bilen doganlaşan daşary ýurt şäherleriniň ýolbaşçylarynyň we medeniýet hem-de sungat işgärleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
21-nji maýda “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň telefestiwalyny jemlemek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanan nyşanyň taslama görnüşleri milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde ak mermerli paýtagtymyzyň gazananlaryny görkezmegi guramagyň, şekillendiriş sungaty eserleriniň ýokary çeperçilik derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny, olaryň many-mazmunynyň döwrüň ruhuna laýyk gelmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan nyşanyň taslama görnüşlerini synlap, onuň çeperçilik we ähmiýeti babatda döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini hem-de baýramçylyk mynasybetli geçirilýän döredijilik bäsleşikleriň we beýleki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz şanly senäniň hormatyna Aşgabat şäherinde guralýan bezeg işlerine hemmetaraplaýyn we häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda çemeleşilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän düzümlerinde Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Taryhy we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti bolan şanly senä bagyşlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, ylym-bilim, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynda, ýaşlar guramasynda we beýleki jemgyýetçilik guramalarynda ýörite toparlar döredildi hem-de degişli iş meýilnamalary taýýarlanyldy.
Ýokary okuw mekdeplerinde ak mermerli paýtagtymyzy wasp edýän sergileri, maslahatlary we bäsleşikleri geçirmek, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda welosipedli ýörişi, mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri guramak meýilleşdirildi. Şeýle hem “Aşgabat — Ginnesiň rekordlar kitabynda” ady bilen dabaraly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri guralar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramyna bagyşlanan çäreleriň ýaşlaryň arasynda aýratyn terbiýeçilik we watançylyk ähmiýetiniň bardygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Hususan-da, milli Liderimiz mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň ýaş aýratynlyklary nazara alnyp, Watanymyzyň täze taryhynda Aşgabadyň eýeleýän orny barada sapaklaryň geçirilmegi, ýaşlarda ýurdumyzyň baş şäherine bolan buýsanjy we söýgi duýgularyny ösdürmek maksady bilen zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň taryhynyň öwrenilmegine hem-de ýeten derejesiniň wagyz edilmegine bagyşlanan sergileri guramak üçin bu şanly senäniň ähmiýetini belledi. Şeýle hem döredijilik bäsleşikleri we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler baýramçylygyň şowhunyny artdyrar. Olary geçirmek üçin paýtagtymyzyň taryhy ýerleri we ýadygärlikleriniň ýany saýlanyp alynsa, maksadalaýyk bolar. Bu ýerde körpe aşgabatlylar bilen gyzykly duşuşyklary geçirmek, çagalaryň surat bäsleşiklerini, Aşgabada bolan çuňňur söýgini beýan edýän aýdym-sazly çykyşlary we çeper okaýyşlary guramak bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp hem-de oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň köp derejede tutuş ýurdumyzyň abraýyny kesgitleýändigini belledi. Ak mermerli paýtagtymyz berkarar döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşini aýdyň görkezýän şäheridir. Jemgyýetimiziň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň, aň-bilim kuwwatynyň derejesini beýan edýän merkezidir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gözel Aşgabadymyza, onuň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine, ajaýyp binagärlik keşbine kanuny esasda buýsanýarys. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Şunuň bilen bir wagtda, häzirki güne çenli Aşgabady ösdürmek hem-de onuň gözelligini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlerde köp sanly ýetmezçilikler bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hökümetiň paýtagt şäherimizi abadanlaşdyrmak boýunça kabul eden Kararlaryny ýerine ýetirmekde säwliklere ýol berilýär, resminamalarda bu ugurda göz öňünde tutulan ähli işler hem-de olary maliýeleşdirmegiň möçberleri anyk kesgitlenilendir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa ýüzlenip, paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramyny bellemäge az wagt galandygyna garamazdan, bu şanly senä görülýän taýýarlyk işleriniň kanagatlanarsyz ýagdaýda bolmagynda galýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şäherde amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň hiliniň pesdigine ünsi çekdi. Paýtagtymyzda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegine ýeterlik üns berilmeýär.
Köçeleriň ugurlarynda zir-zibil üçin niýetlenilen gaplar ýeterlik mukdarda goýulmaýar. Köp ýerlerde ýollaryň we köçeleriň gyralaryndaky beton erňekleriň, şeýle hem asfalt örtüginiň ýagdaýy hem kada laýyk däldir. Baglara hem-de güllere ideg etmek döwrüň talabyna laýyk derejede guralmaýar.
Milli Liderimiz bu gürrüňi dowam edip, şäheri abadanlaşdyrmak, kiçi etrapçalaryň çäklerinde düzgün-tertibi, arassaçylyk kadalary hem-de ýollary arassa saklamak işlerine ýeterlik üns berilmeýändigini belledi. Awtoulag serişdeleri bellenilen ýerlerde ýuwulmaýar.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalaryny ýerleşdirmek meselelerine oýlanyşykly çemeleşilmeýändigine hem ünsi çekdi, munuň özi ýolagçylar üçin amatsyzlyklary döredýär we şol bir wagtda şäheriň keşbine oňaýsyz täsir edýär. Köp derejeli köprüler, ýollaryň ugrundaky duralgalar, ýerüsti we ýerasty geçelgeler ilat üçin amatly bolmalydyr hem-de häzirki zaman şäher durmuşynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Bu talaplar göwnejaý derejede ýerine ýetirilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şäherde ýaşaýyş jaý toplumlaryny, dürli maksatly beýleki binalary hem-de desgalary gurmak bilen bir hatarda, bagy-bossanly zolaklaryň döredilmegine ýeterlik üns berilmeýär. Sport we çagalar üçin oýun meýdançalary ýeterlik möçberde gurulmaýar, bar bolanlarynda abatlaýyş işleri geçirilmeýär. Umuman, paýtagtymyzda adamlaryň amatly hem-de işjeň dynç almagy, şol sanda çagalaryň sport bilen meşgullanmagy, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi üçin zerur şertler döredilmeýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şäheriň etraplarynda köçeleri, seýilgähleri we seýilbaglary bagy-bossanlyga öwürmek işleri ýaramaz alnyp barylýar. Esasy bölegi Köpetdag etrabynyň çäklerinde ýerleşýän protokol ýollary hem has gowy bezelmegini we abadanlaşdyrylmagyny talap edýär. Paýtagtyň ähli etraplarynda diýen ýaly, aýratyn-da, köne ýaşaýyş jaý toplumlarynyň içinde belli bir tertip-düzgün ýok.
Aýry-aýry ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi kanagatlanarsyz abadanlaşdyrylýar. Ýollaryň käbir ýerleri yşyklandyrylmaýar.
Jaýlarda hem elektrik energiýasynyň kesilýän ýagdaýlary bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäherde heniz köne jaýlaryň hem köpdügini, olaryň ulanyş möhletiniň bireýýäm geçendigine garamazdan, şäher häkimliginiň bu meseläni hem çözmeýändigini belledi. Desgalaryň gurluşygyna hem-de ekologiýa kadalarynyň berjaý edilişine ýaramaz gözegçilik edilýär. Gurluşyk meýdançalarynyň gapdalynda materiallaryň we serişdeleriň galyndylary wagtynda aýrylmaýar. Bu bolsa şäherde tozanyň döremegine getirýär.
Milli Liderimiz şeýle hem paýtagtymyzyň häkimliginiň ýolbaşçysyndan we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýerden ýollaryň bezelişine aýratyn üns bermegi, şäheriň täze köçelerinde degişli ýol belgilerini we maglumat beriji enjamlaryň ýeterlik bolmagyny üpjün etmegi talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz şäher häkimliginiň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere ýaramaz ýolbaşçylyk edýändigine, paýtagtyň ýubileýine talabalaýyk taýýarlyk görmeýändigine ýene bir gezek nägilelik bildirip, bu ugurda geçirilýän çäreleri güýçlendirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Geldinyýazowa, M.Mämmedowa, şeýle hem medeniýet ministri A.Şamyradowa ýüzlenip, şäherdäki medeni aň-bilim edaralarynyň we desgalarynyň ýagdaýyna göwnejaý gözegçilik edilmeýändigini, häzirki döwürde olaryň ýagdaýynyň öwerlik däldigini aýtdy. Seýilgähler talabalaýyk abadanlaşdyrylmaýar we bezelmeýär. Ýadygärliklere göwnejaý seredilmeýär.
Medeni aň-bilim edaralarynda, okuw mekdeplerinde şäheriň 140 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan çäreler ýeterlik geçirilmeýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem bu sene bilen bagly makalalar we taryhy materiallar örän az berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz sanlyja ýylda täze Aşgabady döretdik diýip belledi. Şäheriň keşbi tanalmaz ýaly özgerdi. Emma paýtagtyň taryhy geçen ýoly baradaky materiallar gazet-žurnallarda örän seýrek çap edilýär. Şoňa görä-de, şäheriň geçmişi, şu güni, geljegi baradaky materiallar, şeýle hem 140 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak bilen bagly işler ilata, aýratyn-da ýaş nesillere yzygiderli ýetirilmelidir we düşündirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşýan ýolbaşçylara ýüzlenip, agzalan bu kemçilikler üçin olaryň ählisiniň şahsy jogapkärçilik çekýändigini aýtdy. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda alnyp barylýan işlerde iň täze innowasion tehnologiýalary ulanmalydygyny, şonuň esasynda zerur bolan üpjünçilik ulgamlaryny döretmelidigini ýene-de bir gezek ýatladyp, şäheri ösdürmegiň meýilnamasynda şu aýdylanlaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.
Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has-da gözelleşdirmelidiris. Ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň baýram edilmegine birnäçe aýyň galandygyny, bu ýubileýiň şäherlileriň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara bu şanly senä gabatlanyp, göz öňünde tutulan dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, 24-nji maýda paýtagtymyzy ösdürmäge öz zähmeti bilen uly goşant goşup, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara dabaraly ýagdaýda sylaglaryň gowşuryljakdygyny habar berdi. 25-nji maýda bolsa paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutarys, şeýle hem şol gün täze gurlan “Garagum” myhmanhanasyny dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz maslahaty jemläp, oňa gatnaşanlara halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hem-de belent sepgitlere ýetmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21828?type=feed
Aşgabat, 22-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna we döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna, ilki bilen, şol bir wagtyň özünde Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy.
Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem ýurdumyzyň baş şäherinde degişli arassaçylyk we abadançylyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hormatyna guralmagy meýilleşdirilýän dabaralaryň medeni maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde aýdym-sazly çykyşlar, döredijilik bäsleşikleri, ýurdumyzyň we paýtagtymyzyň ýeten derejesi barada gürrüň berýän sergiler guralar.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, dürli maksatly täze desgalaryň taslamalaryny taýýarlamak, şol bir wagtyň özünde şanly seneleri mynasyp garşylamak ugrunda gözegçilik edýän düzümlerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna, jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriň derejesine nägilelik bildirdi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, baýramçylyk çärelerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik işleriň, ýetilen sepgitleriň we gazanylýan üstünlikleriň öz beýanyny tapmagy ugrunda zerur tagallalary görmegi berk talap etdi.
Şeýle hem häkime paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň talabalaýyk ýyladylyşy, şäherde edara-kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmagy babatda anyk tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda desgalaryň gurluşyklarynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyna, olaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, şol bir wagtyň özünde gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunda ekiş möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň, beýleki gurallaryň möwsüme doly taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen, zerur işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişi batly depginlerde dowam edýär.
Mundan başga-da “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri we şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleri öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirmek ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygy barada hem hasabat berildi.
Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyp, häkim mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen gurluşyklaryň depginlerini ýokarlandyrmak, welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň “ak altyn” ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamagyň, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylyp, möwsüme doly taýýar edilmelidir.
Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň ähli agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegi üçin zerur çäreleri görmek möhümdir. Azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini ýokary hilli alyp barmagy dowam etmeli diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Mundan başga-da ýazky bag ekmek möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň etraplarynyň häkimlikleriniň guramaçylyk meselelerine geçmek bilen, G.Ýazmyradowy Tejen etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine, H.Mamydowy Bäherden etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz G.Çopanowy pensiýa gitmegi sebäpli, Babadaýhan etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä N.Gummadowy belledi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz pensiýa gitmegi sebäpli, A.Mämmedowy Sarahs etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä B.Taýyrowy belledi we degişli resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy arkaly häkime iberdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Welaýatyň etraplarynda ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Möwsümde işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça zerur işler geçirilýär.
Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak, ony bellenilen agrotehniki möhletlerde tamamlamak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işleri üpjün edilýär.
Mundan başga-da häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, welaýatda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işlerini bellenilen möhletlerde tamamlamak, olarda ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan hemmetaraplaýyn işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň talabalaýyk guralmalydygyny, gowaça ekiljek ýerleriň taýýarlygyna, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar bilen üpjünçilik meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen ähli agrotehniki çäreler öz wagtynda ýerine ýetirilmelidir.
Milli Liderimiz ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriň agrotehniki talaplara laýyk gelmelidigini, olaryň bellenilen möhletlerde geçirilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan ähli çäreleriň bellenilen möhletlerde we doly möçberde ýerine ýetirilmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak meseleleriniň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary B.Mämiýewa berk käýinç yglan etmek hakyndaky Buýruga gol çekip, ony resminama dolanyşygy arkaly häkime iberdi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarlygy, aýratyn-da, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şunlukda, kärendeçileriň ýokary hilli tohum, dökün we suw bilen üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilýär.
Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişini bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, bugdaý ekilen meýdanlarda degişli agrotehniki çäreler alnyp barylýar.
Häkim hasabatyň dowamynda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän yzygiderli çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, welaýatyň çäklerinde bar bolan durmuş maksatly desgalaryň üpjünçilik derejesini saklamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara we ylmyň gazananlaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Şunlukda, welaýatyň toprak-howa aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we ony bellenilen möhletlerde, ýokary hilli geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök ekinleriň ekişi bellenilen möhletlerde tamamlanmalydyr hem-de olara ideg işleri talabalaýyk ýola goýulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyp, sebitde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümini guramaçylykly geçirmek, ekiljek baglary taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmagyny talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanylmagy maksat edinilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz W.Nurgeldyýewi Daşoguz welaýatynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekip, ony resminama dolanyşygy arkaly häkime iberdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde işleriň ýagdaýy, obasenagat pudagynda möwsümleýin işleriň ýerine ýetirilişi, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk, güýzlük däne ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri barada hasabat berdi.
Şunuň bilen bir hatarda, ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri hem-de çagalar baglaryny elektrik energiýasy hem-de ýylylyk bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň, bu jogapkärli möwsümi gysga möhletlerde geçirmegiň ähmiýetini belledi. Munuň üçin oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de enjamlarynyň gurat saklanylmagy, ýer eýelerini ähli zerur serişdeler bilen üpjün etmek barada alada edilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilişini, şol sanda ösüş suwuny tutmagy, mineral dökünler bilen iýmitlendirmegi gözegçilikde saklamak gerek diýip nygtady. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň hem-de beýleki gök önümleriň degişli derejede ideg edilmegini üpjün etmek zerurdyr.
Şunuň ýaly-da, häkime ýer böleklerini hem-de nahallary ýazky bag ekmek möwsümine doly taýýarlamak tabşyryldy.
Milli Liderimiz kärendeçi ýüpekçileriň pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegini wajyp wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe we welaýatyň häkimine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň ýylylyk bilen üpjün edilişini elmydama gözegçilikde saklamak barada hem tabşyryk berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bellenilen işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtap, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatyň dowamynda A.Joraýewi Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň gurluşyk işleri boýunça orunbasary wezipesine belläp hem-de degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly häkime iberdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu günler gowaça ekişine toplumlaýyn taýýarlyk işleri alnyp barylýar, güýzlük bugdaýa ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek çäreleri durmuşa geçirilýär.
Şonuň ýaly-da welaýat häkimi ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, sebitiň ähli ulgamlarynyň işlerini talabalaýyk ýola goýmak boýunça görülýän çäreler, gurluşyklarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Şeýle-de, ýazky bag ekiş çäresine hem-de pile öndürmek boýunça nobatdaky möwsüme taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gymmatly ekiniň — gowaça ekişiniň bellenilen möhletlerde guramaçylykly geçirilmeginiň hem-de gowaça oňat ideg edilmeginiň “ak altynyň” bol hasylynyň girewidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini hem-de ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmelidigini belläp, öňdebaryjy agrotehnologiýalaryň we ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny işde işjeň ulanmagyň esasynda pagtaçylyk hem-de däneçilik pudaklarynyň düşewüntliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy wezipesiniň ilaty dürli görnüşli azyk önümleri bilen doly möçberde üpjün etmekden ybaratdygyny belläp, welaýatda ýazlyk gök ekinlere ideg edilişini, olaryň suwarylmagyny hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmegini berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimine öňde boljak bag ekmek çäresiniň guramaçylyk wezipesini çözmek boýunça tabşyryklary berdi hem-de gymmatly dokma çig maly bolan pile öndürmek boýunça möwsüme taýýarlygy ünsden düşürmezligi talap etdi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegi, Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny ünsden düşürmeli däldigini nygtap, döwlet Baştutanymyz häkime şunuň bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz guramaçylyk meselelerine geçip, işde goýberen kemçilikleri üçin A.Durdyýewi Mary etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä S.Gylyjowy belledi.
Hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri üçin Ö.Geldiýewi Garagum etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä K.Aşyrowy belledi.
Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy arkaly Mary welaýatynyň häkimine iberdi.
Milli Liderimiz iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi.
Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de guramaçylyk meselelerine geçip, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk tehnikalary we gurallary boýunça orunbasary wezipesine A.Ballyýewi, şeýle hem oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesine B.Orazmämmedowy belläp, degişli resminamalara gol çekdi hem-de olary elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyga “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýewi çagyrdy.
Wise-premýer E.Orazgeldiýew hasabaty dowam edip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän 600 baş bedew üçin niýetlenilen athananyň taslamasyny görkezdi. Bellenilişi ýaly, umumy meýdany 15,4 gektara barabar bolan bu toplumda tohum bedewleri idetmek hem-de ahalteke bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertler dörediler.
Wise-premýer şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Mary welaýatynda geçirilýändigini nazara alyp, Mary atçylyk sport toplumynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi we ýerine ýetiriljek işleriň gerimine degişli birnäçe çyzgylary we taslamalary görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şöhratly pederlerimiziň döreden we dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant hasaplanylýan milli gymmatlyklarymyzyň giňden wagyz edilmegi, bedewleriň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz meýilleşdirilen gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegi, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy, olarda zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler gözegçilikde saklanylmalydyr.
Soňra “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri, Mary welaýatynda hem-de paýtagtymyzda guralmagy meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleri we bedewleriň şanyna guraljak dabaralaryň maksatnamasy barada hasabat berdi.
Şanly senäniň hormatyna Mary welaýatynyň atçylyk sport toplumynda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy, dürli aralyklara at çapyşyklarynyň 6-sy hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy guralar. Aşgabat atçylyk sport toplumynda konkur, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde bolsa atlaryň arasynda uzak aralyga çapyşyk boýunça gyzykly bäsleşikler bolar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” hem-de suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, bezegçileriň, teleoperatorlaryň arasynda şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda, neşirýat önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda ahalteke bedewleriň çeper keşbini beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň jemleýji gününde bolsa Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda türkmen topragynda şöhrat gazanan ýelden ýüwrük ýyndam bedewleriň arasynda at çapyşyklary geçiriler. Şunuň bilen birlikde, sport bäsleşikleriniň maksatnamasyna sahna oýunlary we beýleki çäreler giriziler.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegi, olaryň häzirki taryhy eýýamyň ruhuna kybap ýagdaýda guralmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň çäklerinde sähra giňişliklerinde erkana gezip ýören meýdan atlarynyň häsiýetlerini, olaryň reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, sährada aýry-aýry topar bolup, gezip ýören meýdan atlarynyň taryhda näme maksat bilen ulanylandygyny kesgitlemek we bu ýagdaýlary ylmy taýdan öwrenmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowy çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, dürli görnüşli önümleriň bolçulygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň oňyn çözülmegine ýurdumyzyň telekeçileriniň goşandy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan döwrebap ýyladyşhanalaryň 6-sy, şol sanda Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew we Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda ýyladyşhanalar ulanmaga bermäge taýýar edildi. Munuň özi ýurdumyzyň telekeçileriniň şanly senelere mynasyp zähmet sowgady bolar.
Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmeginiň, bazarlarda ýokary hilli gök, bakja we miwe önümleriniň dürli görnüşleriniň ýeterlik mukdarda üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem azyk önümleriniň özümizden artýan bölegini eksporta ugratmak we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurt bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýerler Ç.Gylyjowa, E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21608?type=feed