Beýik ösüşleriň berk binýady

«Türkmenistan— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler berk binýatlylygy we geljegi nazarlaýanlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Ynha, şu ýylymyz uly taryhy wakalara beslendi, belent üstünlikler gazanyldy. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda maksatlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.

Eziz Diýarymyzyň häzirki beýik ösüşleri biziň her birimizi buýsandyrýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyz syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda täze ösüşlere eýe bolýar, kanunçylyk has-da ösdürilýär. Muny biz ýakynda Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinden hem aýdyň göz ýetirdik. Iň esasy hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynyň bolmagy, möhüm ugurlar babatda aýratyn durlup geçilmegi ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň has-da berkidilýändigini beýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynda anyk ugurlar, aýdyň maksatlar kesgitlenilýär. Şeýle hem bu möhüm taryhy özgertmeler ýurdumyzyň Esasy Kanunyndan gelip çykmak bilen birlikde milli ýörelgelerimize, demokratiýamyza esaslanýar. Şonuň üçin hem milli ýörelgelerimiziň döwrebap ösdürilmegi, halkara hukuklaryna laýyk getirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda şeýle belleýär: «Häzirki döwürde Türkmenistan giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde örän uly wezipeler durýar. Biz döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek boýunça kanun çykaryjylygy kämilleşdirmäge ýardam bermelidiris. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza esaslanýan ynsanperwer hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen ugrumyzy has netijeli durmuşa geçirmäge hemaýat etmelidiris». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde uly wezipeler durýar. Esasan hem bu işler möhüm ugurlary öz içine alýar. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda bularyň her biri hakynda yzygider we aýdyň beýan etdi. Munuň özi Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň alyp barjak işlerinde aýdyň ýol, anyk maksatlar bolup beýan edildi.

Türkmen halkynyň gadymy hem-de şöhratly taryhy, ösen medeniýeti, milli ýörelgeleri bar. Bu ajaýyp gymmatlyklar asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçirilip gelipdir. Hut şeýle baý taryhy we milli ýörelgesi bolan halkymyzyň döwleti dolandyrmakdaky tejribesi häzirki döwürde hem döwrebap ösdürilýär. Munuň özi bolsa jemgyýetimiziň milli gymmatlyklar esasynda döwrebap ösdürilýändigini, barha öňe barýandygyny, milli kanunçylygyň berk binýat bolup durýandygyny aýdyň beýan edýär. Elbetde, şeýle baý taryhy tejribämiz häzirki döwürde hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup durýar. Sebäbi aýdanyňda köp asyrlaryň durmuş tejribesi dogry ýoly kesgitlemegi, ösüşli ýollary üpjün etmegi salgy berýär. Sözüň doly manysynda milli ýörelgeler halkyň ruhy gymmatlyklaryna hem doly laýyk gelýär hem-de jemgyýetiň agzybirligine, jebisligine, döredijilikli öňe gitmegine ýardam berýär. Bu bolsa berk binýady emele getirýär, ösüşleriň aýdyň ýoluny kesgitleýär. Bu hakynda hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda kabul ediljek çözgütler milletimizi birleşdirýän we ruhlandyrýan, halkymyzy täze belent sepgitlere gönükdirýän hakyky kadalara öwrülmelidir. Biziň agzybirligimiziň öňünde ýetilmejek maksat, ýerine ýetirilmejek iş ýokdur!» diýip belleýär. Bu bolsa halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň, agzybirliginiň ösüşleriň berk binýady bolup durýandygyny aňladýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda şeýle belledi: «Demokratiýanyň we bitewi dolandyryşyň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar, sebäbi maşgala türkmen jemgyýetiniň binýady bolup durýar. Ol özboluşly ilkinji guramadyr. Maşgalada gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleri emele gelýär we dürli soraglar çözülýär. Şoňa görä-de, her bir maşgala maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydyr. Ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýelemek üçin jogapkärçilik çekmelidir. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzda maşgala mukaddesligine, maşgalanyň jemgyýetdäki tutýan ornuna aýratyn üns berilýär. Häzirki ösen döwürde maşgala mukaddesligini goramak we maşgalanyň maddy, ruhy taýdan üpjünçiligini saklamak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Türkmen halkynyň döreden milli medeniýetinde hem, däp-dessurlarynda hem maşgala mukaddes ojak hökmünde garalýar. Maşgalanyň agzybirligi jemgyýetiň berk binýady hökmünde görülýär. Ynha, şu aýdylanlardan hem görnüşi ýaly, bu mukaddeslikleri gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek biziň her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Sebäbi aýdanyňda bu gymmatlyklar köp asyrlaryň tejribesinden geçip gelip, kämilleşip, mukaddeslik derejesine eýe bolýar. Şeýle gymmatlyklaryň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde goralýandygyny aýdyň görýäris. Sekiz we ondan köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy we olara täze jaýlaryň sowgat berilmegi, üç ýaşa çenli çagalara kömek pullaryň berilmegi we beýleki ýeňillikler döwlet tarapyndan maşgala hakynda uly aladalaryň edilýändigini aýdyň beýan edýär. Bu bolsa jemgyýetimiziň agzybirligidir, her bir adamyň bagtyýarlygydyr. Şeýle bagtyýarlygy peşgeş eden, halkymyzy ösüşlerden ösüşlere ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Söhbet NURBERDIÝEW,

«Mugallymlar gazeti»


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27042