Kiçi göwrümli karzlaryň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň bank ulgamynda hem hyzmatlaryň täze-täze görnüşleri halka hödürlenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda durmuşa geçirýän ykdysady özgertmelerine jogap edip, dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini ulanmak arkaly bank amallaryny sanlylaşdyrmak işleri netijeli ýola goýulýar.

Häzirki wagtda raýatlarymyz tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän bank karzynyň ýene bir görnüşine — — kiçi göwrümli karzlara bolan islegler günsaýyn artýar. Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän bank şahamçalarynda, bellenen tertipde bölünip berlen melleginde, kömekçi hojalygynda, ýaýladaky ýer böleginde şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek maksatlaryna kiçi göwrümli karzlary bermek ýola goýlan. Munuň özi mellek ýerlerinde, kömekçi hojalygynda, mülk ýerlerinde ekerançylyk, maldarçylyk, guşçylyk we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan raýatlaryň önümçilik işlerini giňeltmek, şeýle hem önüm öndürmeklige islegi bolan, emma maliýe serişdeleri ýetmezçilik edýän raýatlara gysga wagtyň içinde berilýän bank karzydyr. Şeýle görnüşli bank karzynyň berilmegi raýatlaryň melleginde, şahsy hojalygynda gök-bakja we miwe önümlerini, tohum mallary, guş önümlerini öndürmäge mümkinçilik döredýär. Kiçi göwrümli karzlar ýyllyk 10 göterimli, 30 (otuz) müň manada çenli, 6 aý ýeňillikli döwür bilen 3 (üç) ýyla çenli möhlete nagt däl görnüşinde berilýär.

Kiçi göwrümli karzlaryň hasabyna raýatlaryň hususy mellek ýerlerinde ýyladyşhanalaryň gurulmagy, öňden bar bolanlarynyň giňeldilip, durkunyň täzelenmegi netijesinde gök-bakja ekinleri ýetişdirilip, ýerli bazarlarda önüm bolçulygyny döretmäge amatly mümkinçilik döredýär. Mysal hökmünde karzyň bu görnüşi boýunça raýatlarymyzyň maldarçylykdan alýan önümleri bilen ýerli önüm öndürijileri çig mal bilen üpjün edýändigini hem görkezmek bolar. Welaýatyň daýhan birleşikleriniň, hojalyklarynyň ekin ýerlerinden şertnama esasynda kärende ýerleri alnyp dürli ekinleriň hasylyny ýetişdirýän kärendeçiler hem banklar tarapyndan tohumlary we gaýry zerurlyklary satyn almak maksadyna kiçi göwrümli karzlar bilen üpjün edilýär. Welaýatymyz boýunça welaýatymyzyň banklary tarapyndan 2021-nji ýylyň 1-nji marty ýagdaýyna 685 sany karz alyja jemi 15 830,8 müň manat möçberinde kiçi göwrümli karzlar berildi. Karzlaryň agramly böleginiň ýyladyşhanalary gurmak, ownuk we iri şahly mallaryň baş sanyny köpeltmek maksadyna berlendigini hem bellemek gerek.

Häzirki wagtda welaýatymyzyň çäginde melleginde, hususy ýer böleginde önümçilik bilen meşgullanýan raýatlaryň sany günsaýyn artýar. Welaýatymyzyň banklary tarapyndan berilýän kiçi göwrümli karzlaryň maksady diňe bir raýatlaryň melleginde ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, bu ugurda zerur bolan tehniki enjamlary ýurduň çäginde öndürmek hem göz öňüne tutulýar. Ýagny, el güýji sarp edilýän işleri innowasion tehnologiýalar arkaly ýerine ýetirmek maksady bilen dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň tejribeleri öwrenilýär, olary ýerli mümkinçiliklerimizde ulanyp, kärhanalarda kiçi göwrümli oba hojalyk gurallaryny, enjamlaryny öndürmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda olaryň birnäçesiniň taslamalarynyň üstünde işlenilýär. Mysal hökmünde ot üweýän, mekge sökýän ýaly kiçi göwrümli ýöne iş öndürijiligi ýokary bolan gurallar öndürilip synagdan geçirildi. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän birnäçe görnüşli gurallaryň öwezini tutýan hem-de el güýji bilen ýerine ýetirilýän işleri ýeňilleşdirmäge we işiň netijeliligini birnäçe esse ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär.

Şahsy hojalyklarynda belli bir önümiň görnüşi boýunça önümçilik bilen meşgullanýan raýatlar bilen olaryň öndürýän önümlerine isleg bildirýän taraplaryň arasynda şertnamalar baglaşmak arkaly ýerinde aluw-satuwlary gurnamak hem-de bada-bat hasaplaşyklary geçirmek işleri ýola goýlanda, bu ugurda iş alyp barýan raýatlaryň wagtyny tygşytlamaga, önümçilige bolan höwesiniň artmagyna, netijede ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna getirer.

Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, bank ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmäge amatly şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!

Balkan Çaryýew.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň bölüminiň başlygy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26921