Itim — gutum

Rejepmyrat MYRADOW,
«Türkmen edermen» medalynyň eýesi:

— Milli gymmatlyklarymyz bolan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilen Türkmen alabaýynyň baýramy meniň üçin, serhet gullugymyz, bagtyýar maşgalamyz üçin goşa toýa öwrüldi. Baýramçylyk güni ilkinji gezek geçirilen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşige serhet gullugymyzdan Akguş, Töhmet, Akhan atly alabaýlaryň üçüsi gatnaşdy. Dürli päsgelçiliklerden üstünlikli geçip, Akhan atly alabaý itimiz baş baýraga mynasyp boldy. Gazanan üstünligimi nazarda tutup, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň meni «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamagy, şeýle-de milli Liderimiziň Buýrugyna laýyklykda, ilkinjileriň hatarynda, dabaraly ýagdaýda çagyryş boýunça harby gullugyň ätiýaçlygyna ugradylmagym buýsanjymy artdyrdy. Bu belent hormat meni has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrdy.

Geçen ýylyň ýanwarynda «Kasamly» jülgesinde serhet gullugynyň düzüminde «Türkmen alabaý» merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Bu ýerde arassa ganly tohum alabaýlary ýetişdirmek üçin ähli zerur şertler döredilen. Birbada 200-den gowrak alabaýlara ýaş aýratynlyklaryna görä ideg etmek, şeýle-de olary hüşgär hem-de gaýduwsyz edip ýetişdirmek babatda merkezdäki mümkinçilikler, alabaýlara gözegçilik edýän serhetçilere döredilen şertler olaryň yhlasly zähmet çekmegine ýardam edýär. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» bäsleşigine serhet gullugymyzyň düzümine degişli bolan 400-den gowrak alabaýdan iň edermenlerini saýlap aldyk. Halypa itşynaslaryň ýokary bahasyna mynasyp bolup, Şa serpaýyna mynasyp görlen Akhan 2019-njy ýylda doglan. Onuň boýy 81, uzynlygy 84 santimetre deň bolup, ol Gyzylgaplaň atly alabaýyň ugruna degişlidir. Onuň atasy Akguş, enesi bolsa Akja.

Milli buýsanjymyz bolan alabaý itlerini köpeltmek, olaryň şöhratyny dünýä ýaýmak barada döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär. Paýtagtymyzda, şeýle-de welaýatlarymyzda, harby we hukuk goraýjy edaralarda alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek, arassa ganly tohum itleri ýüze çykarmak, olary köpeltmek ugrunda alnyp barylýan işler bu günki gün özüniň oňyn netijesini berýär.

Milli gymmatlyklarymyzy sarpalaýan, olaryň şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda beýik işleri alyp barýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/27020