Ýyldyrym ýetdirmez ýellere, bedew!

Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýedisi geçirildi. Onda ýeňiji bolan çapyksuwarlara, şeýle-de 19-njy aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça konkur ýaryşynda we 24-nji aprelde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde ýeňiji bolan türgenlere Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Şa serpaýlary gowşuryldy. Sagrysy serpaýly bedewlerimiziň hormatyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynda Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Begençmyrat AGAMYRADOW,
7-nji çapyşygyň ýeňijisi:

— Baýramçylyk at çapyşygynyň ýedinjisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly ak-ýal, mele at bilen çykyş edip, 1400 metr aralyga — bellenilen pellehana ilkinji bolup gelmegi başardym. Bahreýn bilen Kaknusyň nesli bolan Bezirgen bilen ozal hem birnäçe gezek çapuw ýodasynda arzyly pellehana ilkinji gelipdim.

Baş baýragy almak ugrunda dört we ulyýaşar atlaryň arasynda geçirilen çapyşyga gatnaşan bedewleriň çapyksuwarlary ussat hem-de başarjaň. Olaryň arasynda ýeňiji bolaýmak ýeňil iş däl. Bu uly taýýarlygy talap edýär. Çapuw ýodasynda Bezirgen bilen bir göwrä öwrülip çapyp barýan pursadymyz janköýerleriň şowhunly sesi bizde ýeňşe ynamy artdyrdy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy biziň üçin goşa toýa öwrüldi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda ilkinji halypam — kakam Kakamyrat Agamyradowa «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyň dakylmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

Baýramçylyk gününde ula gidip, baýrak eýesi bolup, janköýerleriň ynamyny ödemegiň özboluşly lezzeti bar. Çyn bedewlere sarpa goýýan halkymyzyň atyna söýgüsi şeýle baýramçylyklarda has-da aýdyň ýüze çykýar. Milli gymmatlyklarymyzyň hormatyna bellenýän baýramlarymyzy giňden toýlamaga döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Hoşgeldi TOÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň türgeni:

— Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gamyşgulak bedewlerimiziň arasynda dürli bäsleşikler geçirilýär. Şol bäsleşikleriň biri-de atlaryň uzak aralyga ýöriş bäsleşigidir. Men bu bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýaryn. Öz seýislän Dorbedewim bilen bäsleşigi üstünlikli tamamlamagy başardym. Iki tapgyrdan ybarat ýöriş bäsleşiginde eminler topary tarapyndan bellenilen 60 kilometrlik menzili 2 sagat 25 minutda geçip bildik. Çekeleşikli bäsleşikde ýeňiji bolmak Dorbedew ikimize ýeňil düşmedi, sebäbi garşydaşlarymyzyň ählisi ýaryşa ýokary taýýarlykly gelipdir.

Ahalteke bedewleriniň gatnaşmagynda uzak aralyga atly ýörişler geçen asyrlarda hem geçirilipdir. Olardan Aşgabat — Moskwa, Aşgabat — Garrygala ýörişlerini ýatlap bolar. Şeýle bäsleşikleriň häzir hem geçirilmegi merdana pederlerimizden miras galan asylly däbiň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň mysalydyr.

Begmämmet KULYÝEW,
1-nji çapyşygyň ýeňijisi:

— Ýaryşa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Atçapar Bajamowyň seýislän Gutly diýen gara aty bilen gatnaşdym. Gülüstan bilen Ajabyň neslinden bolan Gutly — dyzy kuwwatly bedew. Onuň bilen üçýaşar atlaryň arasynda 1200 metr aralyga geçirilen çapyşykda ýeňiji boldum.

Ady rowaýata öwrülen, 1965-nji ýylda doglan altynsow mele at Polatlynyň adyna goýlan, ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň baýragyny almak ugrunda geçirilen çapyşykda gazanan üstünligim meni indiki üstünliklerime höweslendirýär. Polatly Pereňiň ugruna degişli bolup, ol Aşgabatda, Azerbaýjanyň Baku, Russiýanyň Pýatigorsk şäherlerinde geçirilen çapyşyklara gatnaşyp, birnäçe halkara baýraklara mynasyp bolmagy başaran bedew. Şonuň üçin türkmeniň atçylyk sungatynyň taryhynda şeýle uly yz goýan bedewiň adyna goýlan baýraga mynasyp bolmagyň özi hem döwletlilikden nyşandyr. Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewlere belent söýgüsidir ata ussatlarça erk edişi bilen hemişe bize nusgalyk mekdep bolup durýar.

Şu günki çapyşykda ýeňiş gazanjakdygymyz entek pellehana ýetmänkäk diýen ýaly belli boldy. Biz beýleki atlary gerek wagtynda öňe goýberdik. Esasy garşydaşymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gülüstan bilen Aýjemalyň neslinden Ajapgül atly dor gysrakdy. Ajapgül bilen Gutly dogan. Olaryň ikisem kuwwatly, ýyndam. Atlarymyz bilen dogry ýola düşenimizde, aýlaw ýodasynyň iç ýüzünden pellehana tarap okduryldyk. Şeýdibem, birinji gelmegi başardyk.

Ýazgeldi GARAJAÝEW,
Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy:

— Atçylyk sportuny ösdürmekde soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän işler özüniň oňyn netijesini berip gelýär. Konkur boýunça ýaş türgenleri ýüze çykarmak, olaryň başarnygyny artdyrmak boýunça Türkmen bedewiniň milli baýramy, şeýle-de şanly seneler mynasybetli ýaryşlar geçirilýär. Oňa gatnaşýan türgenleriň sany ýylsaýyn artýar. Atçylyk sportunyň bu görnüşiniň özüne mahsus aýratynlyklary bar. Hünärmenler, türgenler tarapyndan atçylyk sportuna gatnaşdyryljak atlar ilki seçilip alynýar, olaryň birinji we soňraky ýyllardaky seýislenişine, türgenleşdirilişine aýratyn üns berilýär. Bu uzak wagtlap türgenden hem, sport atyndan hem irginsiz zähmeti, jogapkärçiligi talap edýär. Dünýäde konkur bäsleşigi örän gyzykly bolup, ol sport atlarynyň päsgelçiliklerden böküş güýjüni, çydamlylygyny kesgitleýär. Türgen edenli, dogumly bolmaly. Ol sportuň bu görnüşiniň özüne mahsus inçe hasaplamalaryndan, ata ezberlik bilen erk etmekden, oňa diýeniňi etdirmekden oňat baş çykarmaly. Türgeniň umumy fiziki taýýarlygy-da ýokary derejede bolmaly. Sport atyndan bolsa uly güýç, hereketleriň ýokary sazlaşygy, päsgelçiliklerden geçilende, deňagramlylygy saklamak ukyby, hereketleriň çeýeligi talap edilýär.

Türgenleriň ýeňşi gysga wagt aralygynda päsgelçiliklerden şowly geçip, jerime bahalary almazlygy ýa-da az almagy arkaly kesgitlenýär. Şonuň üçin türgen atyna diýenini etdirmegi başarmaly. Başgaça aýdylanda, ol aty bilen bir hörpden gopmaly. Bu bolsa uzak türgenleşikleriň netijesinde gazanylýar.

Özüm indi bassyr iki ýyl bäri, behişdi bedewlerimiziň baýramy mynasybetli geçirilýän ýaryşda birinji orny eýeläp, Şa serpaýyna mynasyp bolup gelýärin. Şu ýyl men bu bäsleşige Altynhan atly bedewim bilen gatnaşyp, päsgelçilikleriň ählisinden üstünlikli geçmegi başardym. Meniň bu ugurda kämilleşmegimde doganym Begliniň, şeýle-de ilkinji halypam Nikolaý Beglerýanyň uly ýardamynyň bardygyny belläsim gelýär. Şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewi türkmen halkynyň buýsanjydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz at çapyşyklarynyň, atçylyk sporty boýunça ýaryşlaryň geçirilýän ýurduna öwrülýär. Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň üstünlikleri her birimizi buýsandyrýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Ýazga geçiren Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.

«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.