Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Aşgabat, 26-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti ömrüni Türkmenistanyň halkyna gulluk etmäge bagyşlan M.Berdimuhamedowyň ýaş nesil üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentine we dogan-garyndaşlaryna şu agyr wagtda güýç-gaýrat arzuw etdi.

Milli Liderimiz, öz nobatynda, agyr ýitgi — kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly bildiren gynanjy üçin russiýaly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň Baştutanynyň şeýle agyr günlerde hakyky dost hökmünde hasraty we gynanjy paýlaşýandygyna ýokary baha berýändigini aýtdy.

Şeýle hem RF-niň Baştutany türkmen kärdeşini Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu wakanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan syýasaty halkyň goldaýandygynyň ýene-de bir subutnamasy bolup durýandygyny belledi.

Dostlukly ýurduň Prezidenti döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini nazara almak bilen guralýan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň işjeň ilerledilýändigi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, rus tarapynyň ýokary wezipeli türkmen wekiliýetiniň 29-30-njy aprelde Kazan şäherinde geçiriljek Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna ýokary baha berýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, forumyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wise-premýeriniň derejesinde ýokary wezipeli wekiliýetiň iberiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak duşuşygyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynam beýan edildi.

RF-niň Baştutany koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygyň we özara goldawyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň daşary döwletleriň içinde ilkinjileriň biri bolup, Russiýada öndürilen wirusa garşy sanjymy hasaba alandygy üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Astrahana iberen ynsanperwer ýüki üçin hoşallyk sözleri beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Prezident Wladimir Putiniň Russiýada öndürilen sanjymlary satyn almakda beren şahsy goldawyny belläp, diňe bilelikdäki tagallalar arkaly pandemiýany ýeňip boljakdygyny aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler öňümizdäki tomusda geçiriljek ikinji Hazar ykdysady forumynyň hem-de güýzde geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň iki ýurduň arasyndaky we tutuş sebitdäki dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de giňeltmek üçin oňat esas bolup hyzmat etjekdigi baradaky pikiri makulladylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçiriljekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygyň meselelerine geçmek bilen, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk, öňden gelýän dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanandyr.

Russiýa bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şunda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň ösüşine aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli gatnaşyklary has-da berkitmek işinde rus tarapynyň işjeň ornuny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň taryhy taýdan kemala gelen dostlugyň we hyzmatdaşlygyň oňat däpleri ýola goýlan Russiýa Federasiýasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany Prezident Wladimir Putine duýgudaşlyk sözleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglygyny, abadançylyk we uly üstünlikleri, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/27026