Gül Watanyň guwanjy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň telekeçiligi ösdürmeklige hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde hususy ulgamda bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň kuwwatynyň yzygiderli artdyrylmagy amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ýaňy-ýakynda hut Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda we sanly ulgam arkaly ak pata bermeginde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhana toplumlary işe girizildi. Häzirkizaman döwrebap tehnologiýalary we suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň işe girizilmegi bilen, jemi 400-e golaý täze iş orunlarynyň döredilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr.

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny kesbine kämil hünärmenler bilen üpjün etmeklige oňyn şert döredýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde häzirki döwürde giň gerimde amala aşyrylýan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny tassyklamak we bu döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynda» hem ýaşlaryň ýokary hilli bilim almaklary, höwes bildirýän hünärine kämilleşmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi, ýaşlary iş bilen üpjün etmek hem-de olaryň alan bilimlerini önümçilikde ulanmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berilýär. Bu Maksatnamada we ony ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň depginli we durnukly ösüşi, bazar infrastrukturasynyň pugtalanmagy, erkin bäsleşigiň ösdürilmegi we hususy telekeçileriň başlangyçlarynyň höweslendirilmegi şertlendirilýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli ýokary derejede guralan sergide görkezilen dürli görnüşdäki önümler hem ildeşlerimiziň telekeçilik işini ýola goýmaklary üçin döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden ýaşlaryň hem giňden peýdalanýandyklaryna we olaryň ýurdumyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşýandyklaryna doly güwä geçdi. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan oba hojalyk önümlerini öndürýän hususy telekeçileriň sany ýylsaýyn barha artýar. Olaryň aglaba böleginiň ýaşlardygy bolsa bizi örän buýsandyrýar.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak barada edýän ýadawsyz aladalary we bu babatda berýän goldawlary üçin mähriban Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Leýla JORAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26906