Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmakda sanly ulgamyň ähmiýeti

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine bolan islegleriň artmagy, daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan «Ýaşyl» tehnologiýalary ýurdumyzda ornaşdyrmak maksady bilen, elektrik energiýany ýel elektrik stansiýalaryň hasabyna öndürmäge uly üns berilýär. Türkmenistanda Günüň hem-de ýeliň energiýasyny ulanmak babatynda ýurduň oňyn şertleri bar. Soňky ýyllarda Türkmenistan bu ulgamda halkara guramalary bilen tejribe alyşmak we dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.

Ýel elektrik stansiýalarynyň ygtybarly we netijeli işlemegini üpjün etmek üçin taslamany işläp düzmekde bildirilýän gurnama iş kadalaryny berjaý etmek zerurdyr. Sarp edijileri elektrik energiýa bilen üpjün etmekde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden, ýagny ýeliň energiýasyny elektrik energiýasyna öwürmekde ýel elektrik stansiýalaryndan peýdalanmagyň we ony gurnap, işe goýbermegiň derejesi çylşyrymly alamatlara baglylykda saýlanylyp alynýar. Wajyp hasaplanylýan alamatlaryň biri-de, ýel gorlarynyň energiýa potensialy we onuň wagta görä üýtgemesi, gurnaljak ýerdäki kuwwata, energiýa bolan zerurlyk, elektrik üpjünçilik ulgamynyň ygtybarlylygyna bildirilýän talaplar, elektrik üpjünçilik ulgamynyň tehniki-ykdysady görkezijileri degişlidir.

«Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny, Türkmenistanda ylmy barlaglar we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny halk hojalygyna ornaşdyrmak esasynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde ýel elektrik stansiýasyny taslamagyň tiz hem ygtybarlylygyny üpjün etmek maksady bilen, «Ýel elektrik stansiýasyny taslamagyň sanly ulgamy» atly programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. Teklip edilýän programma üpjünçiligi dolulygyna C sharp (C#) programmalaşdyryjy dilinde işlenildi. Bu programma üpjünçiligi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan resmi hasaba alyndy.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy ýurtda uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriň ýola goýulmagyna ýardam berer. Sanly bilimiň ösmegi häzirki zaman dolandyryş ulgamy bolup, ylmy-önümçilik merkezlerinde ýerine ýetirilýän işleriň hiliniň ýokary derejede alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär.

«Ýel elektrik stansiýasyny taslamagyň sanly ulgamy» programma üpjünçiligi aşakdaky mümkinçilikleri döredýär:

— ýurdumyzyň ýel energiýa resurslarynyň maglumatlar binýadynyň sanly formatyny döretmek;

— dürli beýikliklerdäki ýeliň tizliklerine baha bermek;

— saýlanan sebit üçin ýel elektrik stansiýasyny gurmagyň amatly ýerini saýlap almak;

— saýlanan sebit üçin saýlanyp alnan ýel elektrik stansiýasynyň öndürijiligini kesgitlemek;

— ýerine ýetirilýän hasaplamalary maglumatlar binýadynda saklamak, olary çapa bermek, pdf, doc, xls görnüşdäki faýllarda maglumat göterijilere eksport etmek;

Işlenilip düzülen bu programma üpjünçiligi ýel elektrik stansiýalary taslamak bilen bagly taslama işlerini ýeňil we ygtybarly usulda amala aşyrmak arkaly hasaplama we seljerme usullary teklip edilýär. Bu programmany ýel elektrik stansiýasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanylanda giňden peýdalanyp boljakdygy geçirilen hasaplamalaryň üsti bilen düşündirilýär. Programma üpjünçiliginiň hasaplamalaryň netijesinde alnan maglumatlary sebitdäki ýel energiýa gorlaryna baha bermekde, ýel energetiki gurnawlaryň guruljak ýerlerini we olaryň öndürijiligini kesgitlemekde, ýurdumyzyň ýel energiýa resurslarynyň maglumatlar binýadynyň sanly ulgamyny döretmekde peýdalanmak bolar.

Nurmuhammet ALLANAZAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň inženeri.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25714