Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Bu ýoluň ugry diňe bir söwda ýoly bolman, eýsem, halklaryň we döwletleriň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýaýbaňlanýan ýeri hökmünde hem meşhurlyk gazanypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny açmak we ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin biz hökmany suratda golýazmalara we ylmy çeşmelere ser salmaly bolýarys. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň hem Günbataryň halklarynyň taryhynda wajyp orun eýeledi. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologik tapyndylar, etnografik we edebi gymmatlyklar, halk hakydasynda saklanyp galan ruhy miras gitdigiçe gyzyklanmany artdyrýar».
Mälim bolşy ýaly, türkmen topragynda ençeme mekdep-medreseler, şol bir wagtyň özünde ylmy merkezler döredilipdir. Olarda ýazuw sungatyndan, hatdatlykdan, sahaplamadan, kitap bezeginden, nakgaşçylyk sungatyndan baş çykarýan ussatlar hem-de kätipler işläp, golýazma kitaplaryny döredipdirler.
Çaphanalar we metbeçilik döremezinden ozal, alymlar tarapyndan ýazylan golýazma eserleri asyl nusgadan birnäçe nusgalara göçürilip gelnipdir. Bu bolsa golýazma eserleriniň goralyp saklanmagynyň we ýitip gitmezliginiň aladasynyň asyrlardan asyrlara geçip gelýändigini subut edýär. Ýazgylar ilki daşa, süňke, eýlenen derileriň (gönler) üstüne ýazylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen, kagyzlaryň ýüzüne ýazylyp başlapdyr. Golýazma eserleri ýazylanda, ilkinji nobatda, ýokary hilli kagyz gerek bolupdyr. Kagyzlar ýüpek galyndylaryndan hem-de ýüpek bilen kenep garylyp ýasalypdyr. Ýüpek galyndylaryndan ýasalan kagyzlar örän berk bolupdyr. Olaryň ýüzüne ýazylan jümlelerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ençeme taryhy saparlaryň bolandygy barada maglumat berilýär.
Şol kitaplaryň biri hem Klawihonyň saparnamasydyr. Klawiho öz saparnamasyny 1406-njy ýyldan soň doly taýýar edipdir. Ol ilkinji gezek 1582-nji ýylda, ikinji gezek 1782-nji ýylda Madridde, soňra 1881-nji ýylda çap edilipdir.
Klawiho ýetginjek wagtynda Ispaniýanyň Kastiliýa şäheriniň patyşasynyň ýakyn adamlarynyň biri bolupdyr. Soňra onuň hormat garawulynyň başlygy bolupdyr. Ol patyşanyň ynamdar adamy, örän düşbi, ýiti zehinli bolup, türki we pars dillerinden gowy baş çykarypdyr.
Bu ispan ilçisi we syýahatçysy Marko Polonyň Merkezi Aziýa syýahatyndan bir asyr gowrak wagt soň, onuň geçen ýollaryndan hem ýöräpdir. Klawiho 1403 — 1406-njy ýyllarda türkmen topragynyň üsti bilen, has takygy, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen Ispaniýadan Samarkanda sapar edýär. Klawihonyň ýanynda Ispaniýanyň patyşasynyň iki sany serkerdesi bar eken. Müsüriň Menikli Bugaý atly ilçisi hem olara goşulypdyr, ol soltan Memluk Berkukyň wezipeli we ynamdar adamlarynyň biri bolupdyr.
Klawiho we onuň ýaranlary kerwen ýollarynyň ugry bilen, ilki Sarahsa, Tejen derýasy bilen gaýyklara münüp, Murgap derýasyna çenli barypdyr. Soňra Jeýhun derýasynyň üsti bilen gadymy Balhyň demirgazygyndan geçip, Mawerennahra ýetipdir.
Haçanda, Klawiho öz ýaranlary bilen Tejen derýasynyň kenaryna baranlarynda, ol ýerde gurlan ak öýleriň birinde myhman bolupdyr. Ol özüniň ýatlamalarynda türkmenleriň myhmansöýerliginden söz açyp, süýji gawun-garpyzlary dadyp görendiklerini ýazýar. Ol ýeriň adamlarynyň ak öýlerde ýaşaýandyklaryny hem-de pagta we galla hasylyny alýandyklary barada maglumatlary berýär. Şeýle-de ol gawun-garpyz ekilýän meýdanlaryň juda uludygyny wasp edip, “Olaryň dünýäde deňi-taýy ýokdur” diýip belleýär. Soňra ol uzak ýollary geçip, Murgap derýasyna baryp, onuň kenarynda ýerleşen kerwensaraýda myhman bolandygyny uly guwanç bilen ýatlaýar. Munuň üstesine, Murgap derýasynyň kenarynda açyk howada serginläp, ak öýleriň birinde naharlanandyklaryny belleýär. Ondan soň bolsa Jeýhun derýasyna ýetýär.
Klawiho öz saparnamasynda Samarkantdan yzyna dolanan wagty Bawerde (Abiwerde, häzirki Kaka etrabyna) baryp, ol ýeriň ýaşyl ýaýlaly, bol hasylly ýer bolandygyny we dagyň üstlerinde gar görünýändigini ýazyp, bu ýeriň adamlarynyň myhmansöýerliginden hoşal bolandygyny uly buýsanç bilen ýazypdyr. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda Abiwerdiň Merkezi Horasan, ilkinji nobatda hem, Köpetdagyň üstünden geçýän söwda ýolunyň ýörite bir şahasynyň ugrunda ýerleşen Nişapur bilen ykjam gatnaşykda bolandygyny ýazýar.
Görşümiz ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan gadymy türkmen topragy barada taryhy çeşmeler we saparnamalar bu ýerlere degişli gymmatly maglumatlary we ýatlamalary öz içine alýar. Bu bolsa türkmen taryhynyň örän baýdygyndan nyşandyr. Arkadag Prezidentimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ylmy kitaplary taryhy ýoluň täzeden janlanmagyna we dünýä derejesinde mynasyp baha berilmegine giň ýol açdy. Alym Arkadagymyzyň ylmy-edebi mirasymyzy we şöhratly taryhymyzy düýpli öwrenmekde döredip berýän mümkinçilikler üçin köp sagbolsun aýdýarys.
Geldimyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň müdiri.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/25647