Düýn hormatly Prezidentimiz «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Apreliň hoştap howaly säherinde paýtagtymyzyň günorta böleginden uzap gidýän Çandybil şaýolunyň ugry köp adamly boldy. Bu ýerde gurlan «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik we «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Milli Liderimiziň toý bagyny kesmegi bilen, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny al-asmana göterdi.
BEÝIK BINALAR GÖRNER
Dabaranyň geçýän ýerinde guralan telärler gadymy gaznahanalardyr zikgehanalary ýatladyp, Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişi ýaly alyslara uzap gidýän täjirçiligiň hem-de gaznaçylaryň taryhy pursatlaryny hakydaňa salýar. Rawy täjiriň gürrüň berip başlamagy bilen, hakykatdan hem, uzak geçmişe gaýybana syýahata ugraýarsyň. Sungat ussatlary — zehinli artistler, Nusaý gözelleridir tansçy ýigitler bu pursatlary tüýs jüpüne düşürip janlandyrypdyrlar.
Geçmiş sazynyň häzirki zamanyň belent owazlary bilen sazlaşmagy netijesinde, hormatly Prezidentimiziň bank ulgamyny kämilleşdirmek babatda alyp barýan beýik işlerini çeper suratlandyrýan görnüşler dabara aýratyn many çaýýar. Sebäbi 2018-nji ýylyň martynda badalga berlip, gurluşygy «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasyna ynanylan bu iri desgalar döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmekde, hususan-da, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmekde alyp barýan nusgalyk işleriniň nobatdaky subutnamasy boldy.
Gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilendigini hem-de desgalaryň bellenen möhletde ulanylmaga tabşyrylandygyny bellemelidiris. Desgalarda milli binagärlik nusgalaryna, ýörelgelerine aýratyn üns berlip, yşyklandyryş işleri we zerurlyklar bildirilýän talaplara laýyk ýerine ýetirilipdir.
Paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbine özboluşly görk goşan desgalary synlap durşuňa, Magtymguly Pyragynyň: «Seýl edeliň bu jahana, // Jahanda näler görüner. // Isgender, Jemşit saldyran // Beýik binalar görüner» diýen setirlerini gaýtalaýarsyň.
ÝURDUMYZDA ILKINJILERIŇ BIRI
Taryhy maglumatlara ser salsaň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda döredilen ilkinji banklaryň biri bolup, ol bir asyra golaý wagt bäri müşderilere ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürläp gelýär. Dürli ýyllarda dürlüçe atlandyrylan bank tarapyndan bank hasabyny açmazdan, milli pulda «Ýyldyrym», daşary ýurt walýutasynda «Western Union» pul geçirimlerini amala aşyryp bolýar.
«Senagat» paýdarlar täjirçilik banky hem ýurdumyzda ilkinji täjirçilik banklaryň biri hasaplanýar. Hususy ulgama ýakyndan goldaw bermegi, önümçilikleri giňeltmegi baş wezipe edip goýan bank häzirki wagtda müşderileriň (fiziki we ýuridiki taraplaryň) hasaplaryny açýar, alyp barýar, goýumlaryň we karz hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär.
Sanly ulgama geçmek ykdysadyýetimiziň milli nusgasyny ösdürmegiň möhüm tapgyrydyr. Şundan ugur alyp, ençeme şahamçalary we bank gulluklaryny özüne birikdirýän bu banklaryň täze desgalarynda ýerine ýetirilýän amallar, hödürlenýän hyzmatlar bilen baglanyşykly ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Hasaplaşyk amallary nokatlarynda, girdeji we çykdajy kassalarynda gysga wagtyň içinde ýerli hem-de halkara bank amallaryny ýokary derejede ýerine ýetirmek mümkin.
KÄMIL AMALLAR WE HYZMATLAR
Ýerine ýetirilýän amalyň kämilligi onuň hili hem-de tizligi bilen kesgitlenýär. Bu babatda pul-karz, maýa goýum, bank kepilligi syýasatyny durmuşa üstünlikli ornaşdyryp gelýän «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik we «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklary müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyryp gelýär. Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, bu banklar tarapyndan hödürlenýän karz, kepillik, goýum, sanly bank hyzmatlary muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
«Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň ýokary derejeli innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze edara binasynda internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny görmek, elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak, smart töleg terminallary arkaly galtaşyksyz usulda bank töleglerini ýerine ýetirmek, «Onlaýn kabulhana» ýaly döwrebap mümkinçilikler döredilipdir.
«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynda hem häzirki zaman bankomatlarynyň birnäçesi ornaşdyrylyp, olar arkaly nagt pul serişdelerini kabul edip, nagt däl görnüşli amallary ýerine ýetirip bolýar. Bu ýerde müşderileriň gymmatlyklaryny aýawly saklamak maksady bilen, ýörite depozitariýa gutujyklary ornaşdyrylypdyr. Bank tarapyndan «Elektron söwda» hyzmatynyň hödürlenýändigini bellemek hem ýerliklidir.
Görnüşi ýaly, bank ulgamynyň täze döwrebap binalary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmäge, raýatlarymyzyň sosial-durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, şeýle hem sanly bank amallaryny we hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Kakajan ÇARYÝAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby, «Nesil».