Ýokary hil — esasy ölçeg

Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly innowasion önümçilikleri ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligi düzümleýin üýtgedip gurmaga aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürdäki tehniki ösüş, sarp edijileriň islegleriniň has döwrebap kanagatlandyrylmagy, köp babatda, ykdysadyýetiň hususy böleginiň alyp barýan işleriniň netijeliligine baglydyr. Bu gün türkmen telekeçileri dürli pudaklarda giň gerimli işleri alyp barmak bilen, çylşyrymly we iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde belent sepgitlere ýetýärler.

Soňky on bäş ýyla barabar wagtyň dowamynda Balkan welaýaty boýunça açylyp, ulanylmaga berlen, häzirki zaman hil ülňülerine doly laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly binalaryň, oba hojalyk önümlerini, senagat harytlaryny öndürýän, gurluşyk serişdelerini taýýarlaýan önümçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ymaratlaryny ýerli hususy kärhanalaryň gurluşykçylarynyň ýokary ölçeglere laýyk bina edendiklerini hem aýratyn nygtamak gerek.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda welaýat boýunça öndürilýän senagat önümleriniň deň ýaryna barabary ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň paýyna düşýär. Günbatar sebitde döwrebap işleri bitirýän hususy kärhanalaryň biri hem Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň senagat zolagynda ýerleşýän «Demir ölçeg» hususy kärhanasydyr. Kärhananyň hünärmenleri şu günler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri alyp barýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we onuň partiýasynyň agzasy bolan bu kärhana ýurdumyzyň elektrik energetikasy ulgamynda we dürli pudaklaryň elektrik gurnama işlerinde öz mynasyp ornuny tapan öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda tanalýar. Bu hususy kärhana öz müşderilerine enjamlary satyn almak, materiallary (serişdeleri) ibermek, synagdan geçirmek, ulanyşa tabşyrmak, tehniki hyzmatlary ýola goýmak, elektrik ulgamynda esasy howpsuzlyk çäreleriniň biri bolan ýereçatmalary, ýyldyrymdan goraýjylary gurnamak we başga-da ýöriteleşdirilen köp sanly hyzmatlary hödürleýär. Şonuň ýaly-da, kärhananyň öz işine ussat hünärmenleri elektrik enjamlaryny ýokary woltlarda synamak, ölçemek, rele goraglaryny, awtomatikany gurnamak we sazlamak, kuwwatlylygy 35 kilowata çenli bolan elektrik howa geçirijileri arkaly howa geçirijileri çekmek, tok geçiriji ulgamlaryň ugrunda yşyklandyryş üçin sütünleri oturtmak, dizel generatorlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek ýaly jogapkärli işleri birkemsiz ýerine ýetirýärler. Kärhana buýrujylaryň talaplaryny doly kanagatlandyrýandygy bilen tapawutlanýar.


— Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiligi ählitaraplaýyn ösdürmäge döredip berýän taýsyz mümkinçiliklerinden ruhlanýan hususy kärhanamyzyň hünärmenleriniň geçen ýyl Balkanabat ýod zawodynyň Hazar şäheriniň golaýyndaky önümçilik bölüminde amala aşyran işleri hem ýokary talaplara doly laýyk gelýär. Hünärmenlerimiz bu ýerde çig mal almakda ulanylýan guýularyň elektrogurnama işlerini üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şol guýulara barýan, uzynlygy 13,5 kilometrden hem geçýän elektrik geçiriji ulgamlar we olaryň sütünleriniň durky doly täzelenildi. Şeýle hem geçen ýyl Balkanabat şäherinde gurlan, her biri dört gatly, iki sany ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik işleriniň ählisini amala aşyrdyk. «Türkmennebit» döwlet konserniniň buýurmalary esasynda, onuň kärhanalaryndaky tok bilen işleýän hereketlendirijileriň abatlaýyş-sazlaýyş işlerini ýokary hilli ýerine ýetirdik. Kärhanamyzyň abatlaýyş-sazlaýyş bölüminde güýçli elektrohereketlendirijileriň we transformatorlaryň sarym işleri hem takyk we ýokary hilli amal edilýär. Demir gatlaklaryndan taýýarlanan elektrik enjamlary üçin ýörite paýlaýjy şitlerdir gutularymyz hem bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar — diýip, hususy kärhananyň direktory Serdar Mätiýew gürrüň berdi.

«Demir ölçeg» hususy kärhanasynyň önümçilik bölümindäki Türkiýäniň «DURMA» kompaniýasyndan satyn alnan kuwwatly enjamlar her bir ýerine ýetirilýän işde ýokary netijeleri gazanmaga giň mümkinçilik berýär. Kärhananyň uzak aralyklara kuwwatlylygy 35 kilowata çenli bolan elektrik toguny geçiriji ulgamlary, olaryň gurnama işlerini, elektrotehniki enjamlaşdyrma degişli taslamalary, transformatorlaryň, elektrik energiýasyny paýlaýjy we gözegçilik enjamlarynyň synagyny, degişli enjamlaryň rele goragyny we awtomatikasyny sazlamak, magdan çykarylyşynda, ýerüsti önümçilik desgalarynda gurluşyk-gurnama we başga-da köp sanly sargytlar boýunça bitirýän işleri «Türkmenstandartlary» döwlet gullugy tarapyndan barlagdan geçirilip, buýrujylara tabşyrylýar.

50-ä golaý adamy hemişelik iş orunlary bilen üpjün eden bu hususy kärhananyň hünärmenleri ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagy, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin halal zähmet çekmäge taýsyz mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny ýokary önümçilik üstünliklerine beslemek ugrunda has-da gaýratly zähmet çekýärler.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/25651