Biziň halkymyzyň halkara bileleşik bilen bilelikde giňden belläp geçen Bütindünýä saglyk gününiň şanyna geçirilen dabaralar geçen hepdäniň wakalaryna aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýola goýlan asylly däbe görä, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga ýardam edýän bu möhüm senäniň hormatyna 7-nji aprelde Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, jemgyýetimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki saglyk güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, doly bahaly we abadan durmuşyň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem ol Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygyndaky welosipedçiler topary Saglyk ýolundan uzap gidýän Arçabil hem-de Bitarap Türkmenistan şaýollaryndan geçdiler.
Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň dowamynda, şol sanda Döwlet münberi ýerleşýän ýurdumyzyň Baş meýdançasyna çenli ýoluň ugrunda sport çäresine gatnaşyjylary döredijilik toparlary dürli öwüşginli çykyşlary bilen garşyladylar.
Paýtagtymyzyň ajaýyp binalarynyň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanynda ýörişe gatnaşyjylara Döwletliler köşgünde terbiýelenilýänler hormatly Prezidentimiziň sowgat beren welosipedleri bilen goşuldylar.
Şunuň bilen baglylykda, ýakynda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilendigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däplerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiz ilkinji bolup, ýokarda agzalan gaznanyň hasabyna özüniň aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirdi.
Milli Liderimiz ösüp gelýän ýaş nesil barada hemmetaraplaýyn alada edýär. Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesi ýaşlary terbiýelemek işinde uly orun tutýar. Şu maksatlar bilen, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty wagyz etmek we elbetde, Watanymyzy halkara derejedäki iri sport döwleti hökmünde berkarar etmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Syn berilýän hepdäniň başynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän işler, hususan-da, Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň atçylyk toparlarynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdy.
Çapuw atlaryny seýislemek bilen meşgullanýan seýisler saýlama atlaryň baş sanyny artdyrmakda hem-de olary seýislemekde uly tejribe topladylar, munuň şeýledigini bu ýerde geçirilen 1000 we 1200 metr aralyk boýunça çapyşyklar aýdyň görkezdi.
Döwlet Baştutanymyza ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigine gatnaşdyryljak, özboluşly reňk aýratynlyklary bolan dokuz sany bedew görkezildi. Şeýle hem milli Liderimiz athanada ideg edilýän bedewleriň ýagdaýy hem-de olara degişli esbaplaryň görnüşleri bilen tanyşdy, taýlara ideg edilişi bilen gyzyklandy.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň haýyşy boýunça döwlet Baştutanymyz täze doglan, meşhur Gelşikliniň neslinden bolan taýçanaga Esger diýip at goýdy we onuň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde geçirilýän senesiniň dünýäde şöhrat eýesi bolan Polatly, Ýanardag, Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllygy mynasybetli bina edilen on atyň heýkelleriniň hem-de dutarly ata atlanan ýigidiň, şeýle hem alabaýyň heýkelleriniň ýanynda ýurdumyzyň döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda çeper okaýyşlaryň, aýdym-sazly çykyşlaryň guralmagy bilen dabaralandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynda işleriň barşyna üns berdi. Täze toplumyň açylyş dabarasy öňde boljak baýram güni geçiriler.
Milli gymmatlyklary gorap saklamak we dünýä ýaýmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmen alabaýy hem halkymyzyň milli mirasydyr. Şonuň üçin hem alabaýlaryň häsiýetli aýratynlyklaryny kämilleşdirmek we olaryň baş sanyny artdyrmak bu ugurdaky işleriň gerimini giňeltmäge täze mümkinçilikleri açýar.
Döwlet Baştutanymyz alabaý itleriniň taryhyny ylmy esasda öwrenmek hem-de has belli nesil ugurlaryny kesgitlemek bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu ugurda degişli alymlar, oba hojalyk toplumynyň hünärmenleri bilen bilelikde zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen bir hatarda, parasatly ata-babalarymyzyň umumadamzat medeniýetine uly goşandy hem-de halkymyzyň buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny artdyrmaga gönükdirilen işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur tagallalar edilmelidir.
6-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
Mejlisde Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk hukuk namalaryny yzygiderli seljermegi mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, Türkmenistanyň täze belentliklere tarap üstünlikli ösüşini üpjün etmäge ýardam berýän kanunlary işläp taýýarlamagyň häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridigini aýdyp, “Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi.
8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomat Merkezi Aziýada geosyýasy deňagramlylygy, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm şerti bolan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny hem-de häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge ýurdumyzyň oňyn çemeleşmelerini Eýranyň doly goldaýandygyny belledi.
Goňşy ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy eýran tarapynyň möhüm halkara taslamalara gatnaşmaga hem-de Türkmenistanyň döwlet we hususy edaralary bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek hyzmatyny bermäge niýetlenip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly “ANSAT” kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy.
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň buýurmasy boýunça Kazan dikuçar zawody (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) tarapyndan öndürilen täze tiz kömek dikuçary paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşen saglygy goraýyş edaralarynyň dikuçar meýdançasynda görkezildi.
Ýokary tizlikli dikuçar reanimasiýany, ýokary derejeli bejerişi özünde jemlemek bilen, şikes alan raýatlara gönüden-göni ýerlerde ilkinji gyssagly lukmançylyk kömegini bermäge şert döredýän iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Dikuçaryň iň ýokary tizligi sagatda 275 kilometre, iň uzak uçuş aralygy 510 kilometre barabardyr. Onuň ýere gonýan böleginiň goşmaça enjam bilen üpjün edilmegi bolsa dikuçaryň dag eteklerine, gum we çöllük hem-de barmasy kyn ýerlere gonmaga mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyz dikuçaryň içindäki ýöriteleşdirilen keseli anyklaýyş hem-de näsagyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge niýetlenen enjamyň işi bilen tanyşdy we täze dikuçar iş ýüzünde ulanylyp görlenden soň, şeýle tehnikany ýurdumyzyň beýleki welaýatlary üçin hem satyn almagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi, eger zerur bolsa, tehnikalary Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň alyp barýan işlerinde hem ulanmagy tabşyrdy.
9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy. Mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyna baha berildi, Hökümetiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň ýerine ýetirilen işleriniň netijelerine seredildi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy hem-de dünýä ykdysadyýetine ýetirýän zyýanly täsiri sebäpli ýüze çykan daşarky meselelere garamazdan ýurdumyz göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam etdi. Jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 5,9 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär, zähmet haklary bolsa 10 göterim ýokarlandyryldy.
Senagat we durmuş maksatly iri desgalaryň giň gerimli gurluşyklary dowam edýär. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, ylym we bilim ulgamlarynda hem özgertmeler amala aşyrylýar. Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilip, bazar ykdysadyýeti emele gelýär. Nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem TOPH gaz geçirijisiniň gurluşyklary alnyp barylýar. Beýleki halkara taslamalary amala aşyrmaga hem taýýarlyk görülýär.
Hususy pudagy ösdürmegi goldamak, ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmaga telekeçileri giňden çekmek syýasaty yzygiderli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek işleri dowam edýär.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2021 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegi, esasy baýramlara — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe ýokary derejede taýýarlyk görmegi ýakyn geljek üçin möhüm wezipe hökmünde kesgitledi.
Garaşsyz döwletimiziň ýubileýi her şäherde, her obada gurlan ähli täze binalar we desgalar bilen ýatda galmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
Sanly ulgamy ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini döretmek, öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek, daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşýan möçberlerini ýokarlandyrmak boýunça syýasatymyzy dowam etmek zerurdyr.
Döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek boýunça özgertmeleri alyp barmak, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik edip, göz öňünde tutulmadyk we dolandyryş çykdajylaryny azaltmak bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanmalydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şonuň ýaly-da, pul-karz we maliýe ulgamlarynda bazar usullaryny has giňden ulanmak, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek wajypdyr. Hususy pudagyň paýyny artdyryp, ony ýurdumyzyň ykdysadyýetine işjeň gatnaşdyrmak üçin hem zerur çäreler görülmelidir.
Mejlisiň dowamynda birnäçe resminamalara garaldy we kabul edildi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, “Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň meseleleri hakynda” Karara gol çekip, bu ministrligiň merkezi edarasynyň düzümini tassyklady, şeýle hem “Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň meseleleri hakynda” Karara gol çekdi.
Milli Liderimiz Russiýa we Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de has anyk we netijeli işleri geçirmek maksady bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň hem-de türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň düzümlerini tassyklap, bu düzümleriň türkmen böleginiň başlyklygyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowy belledi.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken ýene-de bir Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda 18 müň 300 gektar ýere şaly ekmek hem-de 82 müň 400 tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär.
Geçen hepdede döwlet Baştutanymyz atlaryň ýokary derejede ösdürilip ýetişdirilmegine goşant goşan degişli taraplaryň arasynda Türkmenistanyň atçylyk sport toplumlarynda geçirilýän at çapyşyklarynda, gözellik bäsleşiklerinde hem-de atly sport ýaryşlarynda ýeňiş gazananlara gowşurylýan baýraklary paýlamak hakynda Karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz her ýylyň aprel aýynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Şeýle hem resminama bilen, degişli baýraklar bellenildi.
Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň we telekeçileriniň, şeýle hem ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki maýa goýum forumyny görkezmek bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen çäräniň maksady ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ulag hyzmatlaryna isleg bildirýänleriň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmakdan, döwlet we hususy pudaklary ösdürmekden, ulag we kommunikasiýa ulgamynda işleýän ýurdumyzyň telekeçileriniň maýalaryny çekmek arkaly import önümleriniň ornuny tutýan harytlary, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmekden ybaratdyr.
Forumyň dowamynda ulag hem-de kommunikasiýa toplumynyň hünärmenleri pudagyň mümkinçilikleri baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrdylar. Bu ulgamyň kärhanalarynyň önümçilik hajatlary üçin zerur bolan serişdeleriň hem-de ätiýaçlyk şaýlarynyň uly möçberi daşary ýurtlardan satyn alynýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýokary hilli import we eksport ugurly önümçilik babatda kuwwaty artdyrmak üçin tehnologik täzeliklerini teklip etmäge taýýar bolan ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň mümkinçiliklerine garaldy.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň döredijilik maksatly mazmunyny ýene-de bir gezek tassyklady. Şol özgertmeler halkymyzyň mynasyp durmuşyny üpjün etmäge, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň täzeleniş, döredijilik we rowaçlyk ýoly bilen yzygiderli hereket etmegine gönükdirilendir.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25655?type=feed