Golaýda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Ankara uniwersiteti bilen bilelikde bu ýokary okuw mekdebiniň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» we «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynyň türk dilindäki neşirleriniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerinidir medeni gymmatlyklaryny şöhlelendirýän fotosurat sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Baş geňeşçisiniň, ýurduň Parlamentiniň Türkmen-türk dostluk toparynyň ýolbaşçysydyr agzalarynyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň we Ukrainanyň Türkiýede akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyňdyr professor-mugallymlarynyň, bu ýurtda okaýan türkmen talyplarynyň hem-de žurnalistleriň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň başynda ilçihana tarapyndan guralan serginiň açylyş dabarasy boldy. Onda türkmen Lideriniň döwet galamyndan çykan eserler, Türkmenistanyň taryhyndan we şu günki ösüşlerinden söz açýan fotosuratlar ýerleşdirildi. Myhmanlar sergide görkezilýän eserleri ýakyndan synlap, özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.
Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň türk dilindäki nusgalarynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini hertaraplaýyn şöhlelendirýän wideoşekiller görkezilip, türk diline terjime edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» we «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplaryň ähmiýeti dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi öz çykyşynda milli Liderimiziň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý senesi mynasybetli ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan çärelerdir taýýarlyk işleri barada aýdyp, türk dilinde neşir edilen kitaplaryň many-mazmuny dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.
Dabaranyň dowamynda çykyş eden dostlukly döwletiň wekilleri hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň milli gymmatlyklaryndan we iň ýagşy däplerinden söz açýan bu eserleriniň türkmen-türk gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer ugruny mazmun taýdan baýlaşdyrmakda hem-de birek-biregiň gazananlaryny içgin öwrenmekde uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar. Çykyşlarda türkiýeli kitap muşdaklaryna Türkmenistanyň şöhratly taryhy, baý medeniýeti, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen şeýle ajaýyp eserler arkaly ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredýän türkmen Liderine hoşallyk sözleri beýan edildi. Çäräniň ahyrynda bolsa myhmanlara ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp, türkmen milli tagamlary hödürlenildi.
Ýeri gelende, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki Baş konsullygy tarapyndan Stambul uniwersitetiniň Jerrahpaşa ýokary hünärmentçilik mekdebinde hem döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilendigini aýtmak gerek.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/25649