Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ugruny ösdürmekde, täze pudaklary döretmekde, içerki zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsleşlige ukyply dürli önümleriň özümizde öndürilýän möçberlerini artdyrmakda hem-de eksport ugurly önümleri öndürmekde himiýa senagatyna uly ähmiýetli orun degişlidir. Bu ugurda alnyp barylýan syýasat tebigy baýlyklarymyzyň rejeli hem-de netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilendir. Strategik taýdan möhüm ähmiýetli bu wezipeler, diňe bir çig maly çykarmagy däl, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýokary hilli dürli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary esasynda çig malyň düýpli gaýtadan işlenilmegini hem öz içine alýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda utgaşdyrylyp taýýarlanan pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde senagatyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryna esaslanyp, himiýa pudagyna hem innowasion sanly tehnologiýalar we öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar.

«Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» düzüm bölegi bolup durýar. Döwlet Maksatnamasy himiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini mundan beýläk-de çaltlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar hem-de ylmyň gazananlary esasynda ykdysadyýetimizi ösdürmekde himiýa ylmynyň we tehnologiýalarynyň tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak, ylmy barlaglaryň netijelilerini önümçilige ornaşdyrmagyň depginini güýçlendirmek, ýurdumyzy suw serişdeleri bilen durnukly üpjün etmek we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary döretmek barada Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan wezipelerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Şeýlelik bilen, islendik himiýa kärhanasynda sanlaşdyryş ulgamy täzelikler üçin katalizator hökmünde ulanylyp bilner.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda köp ugurlar boýunça tehnologiýanyň ösmegi işewürlik we iş modelleriniň, şeýle hem alyjylaryň funksional, guramaçylyk we maliýe endikleriniň üýtgemegine sebäp boldy. Bu infrastruktura üýtgemeleri, çalt ösýän tehnologiýalar bilen birlikde, önümçiligi hem öz içine almak bilen, işewürligi ösdürmäge güýçli itergi berýär. Şeýle şertlerde innowasiýa çözgüdiniň ýüze çykmagy bilen, ony durmuşa geçirmegiň arasyndaky wagt aratapawudyny göz öňünde tutup, himiýa kompaniýalary ilkinji nobatda sanly strategiýany işläp düzmäge we içerki işleri sanlylaşdyrmaga gönükdirmelidir. Olar şulardan ybarat:

• häzirki zaman sanly kärhanany döretmek üçin anyk strategiýadan başlap, ösen işewürligi özgertmek prosesini çaltlandyrmak;

• meselä çuňňur düşünmek we kärhananyň içerki mümkinçiligini emele getirmäge we berkitmäge ukyply uzak möhletleýin strategiýany işläp düzmek arkaly kärhanada sanly tehnologiýalary ulanmak üçin zerur şertleri döretmek;

• çylşyrymly we dinamiki ekoulgamlarda töwekgelçilikleri kesgitlemek üçin gurluşly çemeleşmäni ösdürmek;

• sanly amallary meýilleşdirmek, durmuşa geçirmek we gözegçilik etmek üçin täze, täsirli çeşmeleri özüne çekip bilýän çeýe iş modellerini gurmak;

• täze pikirleri goldajak we öwrenmek islegini höweslendirjek täzelikleri korporatiw medeniýete yzygiderli birleşdirmek ulgamyny gurmak degişlidir.

Bular, esasan, gazyň we nebitiň öndürilişine, gaýtadan işlenişine we daşalyşyna gözegçilik edýän ulgamlardyr. Häzirki zaman ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň, şeýle-de, sanly aragatnaşyk we awtomatlaşdyryş esasly dolandyryş ulgamlaryň önümçilige we durmuşa has çuňňur we hemmetaraplaýyn aralaşandygyny hem bellemek gerek. Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar adaty himiki önümçiligiň köp basgançaklarynda adamlar üçin doly hukukly we girdejili usul bolup durýar.

Sanlylaşdyrma we awtomatlaşdyryş ulgamlary bolan häzirki zaman çylşyrymly enjamlar, ilki bilen, daşky gurşawy hem goşmak bilen, islendik adatdan daşary ýagdaý töwekgelçiligini düýpgöter azaldar. Şeýle hem çykdajylary azaltmaga, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýagny gelýän çig malyň birligi üçin ýokary hilli önümiň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ep-esli kömek edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak: elektron senagatyny ösdürmek, bäsleşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak Konsepsiýasyna laýyklykda, halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda ylym ulgamynda hem degişli işler ýola goýulýar. Sanly tehnologiýany giňden ulanmak arkaly ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky özara baglanyşygy has-da işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimizdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Şonuň esasynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatyny sanlylaşdyrmak bilen, ýokary okuw mekdepleri bilen önümçiligiň arasynda ylmy maglumatlary alyşmagyň toruny emele getirmek möhüm ähmiýete eýe bolýar. Tehnologiýanyň adamzadyň durmuşyna ornaşan gününden onuň wezipesi işçi güýjüni, wagty we serişdeleri tygşytlamakdaky artykmaçlyklary ýüze çykarmakdyr.

Ejegül BERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24184