Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan syýasatynyň netijesinde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol sanda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyny giňden ýola goýmak, elektron resminamalar dolanyşygyny hem-de elektron senagatyny kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalaryň üpjün ediliş derejesinde şäherleriň we obalaryň tapawudyny aradan aýyrmak ýaly wezipeler amala aşyrylyp, durmuşymyza giňden ýaýrap, yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça wezipeler maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyndan şeýle hem adamyň intellektual ukyplarynyň doly derejede ulanylmagyndan we beýleki zerur bolan şertleriň ýerine ýetirilmeginden ybaratdyr.
Umuman aýdylanda, sanly ykdysadyýet — munuň özi, innowasion tehnologiýalaryň esasynda gurnalan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolup, şol bir wagtyň özünde harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykaryp, ykdysady netijeliligiň we ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Sanly giňişligiň aýratynlygy bolup, harytlary bazarlara dessin çykarmak we sarp edijiler üçin ähli amatlyklary döretmek mümkinçilikleriň artmagy çykyş edýär. Beýle diýilmegi, onlaýn düzgüninde hödürlenýän harytlaryň we hyzmatlaryň internet ulanyjylaryň ählisi üçin elýeterliligi bilen häsiýetlendirilýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet harytlaryň we pul serişdeleriň dolanyşygynyň täze tizligi, harytlaryň hem-de hyzmatlaryň ýokary hili we olara laýyk gelýän sarp edijiler üçin döredilýän amatlylygyň derejesi bilen adaty ykdysadyýetden tapawutlanýar.
Sanly ykdysadyýete düýpgöter geçmek üçin intellektual tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek, şeýle hem degişli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ýaly meseleler möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Mundan başga-da, bu işi amala aşyrmak üçin ykdysadyýetiň döwlet hem-de hususy sektorlarynyň wekillerini, ýuridiki we fiziki taraplary, IT hünärmenlerini, jemgyýetiň beýleki agzalaryny degişlilikde çekmek zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň bilen birlikde, sanly ykdysadyýet çygrynda maglumatyň we innowasion tehnologiýalaryň goragynyň üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenýär.
Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçilmegi maglumatlaryň kibergoragynyň üpjün edilmegini hem talap edýär. Goragyň şu görnüşine düzüm birlikleriň ählisi degişlidir. Öz gezeginde, ol maliýe we söwda ulgamlarynyň hem-de ykdysadyýet ösüşiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen faktor hökmünde çykyş edýär. Mundan başga-da, sanly ykdysadyýetde ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gös-göni täsir edýän dolandyryş işiniň, kanunçylygyň şertnamalaýyn gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi, şeýle hem ýokary tehnologiýalaryň, bäsleşige ukyply taslamalaryň hödür edilmegi özleriniň oňyn netijelerini berýär. Has takygy, sanly ykdysadyýetiň pudaklarynda önümçiligiň ähli görnüşleri awtomatlaşdyrylýar, pudaklaýyn edara-kärhanalaryň öňünde goýlan wezipeler bolsa merkezleşdirilen dolandyryş, şeýle hem şertnamalaýyn ýörelgeler arkaly amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň artykmaçlyklary diňe bular bilen çäklenenok. Täze ykdysady we innowasion şertlerde önümçiligiň hiliniň hem-de ykdysady işiniň subýektleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, tehnologik pudaklarda döwrebap iş orunlarynyň döredilmegi ýaly mümkinçilikler emele gelýär.
Häzirki wagtda, öňdebaryjy ýurtlaryň tejribesinde, hökümet tarapyndan ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak meselelerine işeňňirlik bilen çemeleşilýär, hususan-da ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, şeýle hem döwlet hyzmatlarynyň elektron görnüşleriniň hereket edip başlamagy ýaly özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Dünýä ykdysady ulgamynda sanly özgertmelere sezewar bolmaýan pudaklaryň sany barha azalýar, sebäbi olar döwrüň talaplaryna laýyk gelip bilmeýär, şol laýyksyzlygyň netijesinde bolsa, pudak özüniň bäsleşige ukuplylygyny ýitirýär. Sanly ykdysadyýete geçmek meselesinde, ilki bilen, döwlet dolandyryş edaralaryna we bank ulgamlaryna innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny gazanmaly. Soňra şol tehnologiýalar degişli ykdysadyýetiň pudaklarynda we jemgyýetde ýüze çykýan gaýry zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin peýdalanylanda aýdyň netijeleri gazanmaga, ykdysadyýetiň ösüşine oňaýly täsirini ýetirýärler.
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, sanly ykdysadyýete geçmek üçin döwletiň öňünde çözülmeli iki sany möhüm wezipe durýar. Olaryň birinjisi — täze ykdysady şertlere laýyk gelýän, şeýle hem ykdysady işe ähli gatnaşyjylaryň hukuk goraglylygyny, şol sanda kibergoragyny üpjün edýän kämil kanunçylyk binýady döretmekden ybaratdyr. Şondan soň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmegi zerur bolup durýar. Olaryň ikisi hem önümçiligiň sanly ýörelgesine eýermäge, şeýle-de ykdysadyýetiň pudaklarynda innowasion ösüşi gazanmaga niýetlenendir.
Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän ykdysady we durmuş hadysalardan düzülen ulgam bolmak bilen, şol bir wagtda internet torundan peýdalanmaga giň mümkinçilikleri bolan, täze görnüşli ykdysady nusgany emele getirýär. Sanly ykdysadyýet şertlerinde zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň pese düşmegi, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy, şonuň ýaly-da beýleki peýdaly aýratynlyklary ýüze çykýar. Ykdysadyýetde innowasion özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin üpjünçilik ulgamynyň döwrebaplygy, elektron dolanyşygynyň ýola goýulmagy, elektron söwdasynyň amala aşyrylmagy ýaly ugurlaryň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär.
Häzirki wagtda dünýäniň aglaba ýurtlarynyň ilaty internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýar. Ony ulanyjylaryň sany ýyl-ýyldan artýar, bu bolsa sanly ykdysadyýetiň kämilleşmegi üçin amatly ýagdaýy emele getirýär. Netijede, ol ykdysady ösüşe itergi berýän güýç diýip hasap edilip, onuň jemgyýetiň durmuşynda tutýan orny barha pugtalandyrylýar. Sanly ykdysadyýetde we onuň üpjünçilik ulgamynda bolup geçýän tehnologiki ösüş meýilleri (bulut tehnologiýalary, maglumatlaryň sanlylaşdyrylmagy) ähli internet torunyň ulanyjylary üçin täze hilli hyzmatlary hödürleýär.
Ykdysadyýetiň innowasion pudaklarynyň emele gelmegi, sanly ykdysadyýetde bolup geçýän prosesleriň kanunalaýyk dowamaty hökmünde çykyş edýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet jemgyýeti we döwleti düzýän ähli elementleriň bütinleý yzygiderli sanlylaşdyrylmagynyň netijesinde emele gelýär, sanly ykdysadyýetiň ösüşi bolsa, onuň subýektleriniň özara amala aşyrylýan sanly şertnamalaýyn gatnaşyklaryny ýola goýmak işiniň gurnalmagy bilen bagly bolup durýar. Bu işde ilkinji mesele bolup, berk kanunçylyk binýadynyň döredilmegi çykyş edýär, ondan soň sanly ykdysadyýete geçiş prosesiniň tehniki üpjünçilik meselesi orta çykýar. Şu ýerde, maglumat tehnologiýalary bilen bagly aragatnaşygyň, bank hem-de maglumat üpjünçiliginiň sazlaşykly gurnalmagy, sanly ykdysadyýete geçiş prosesleriň hökmany şerti hökmünde çykyş edýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda elektron ulgamlarynyň ornaşdyrylmak işiniň has-da üstünlikli dowam etdirilmegine oňaýly şert döredýär.
Goý, durnukly ösüşiň ygtybarly kepili bolan sanly ykdysadyýeti döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna ornaşdyrmakda giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt ähmiýetli tutumlary hemişe rowaç alsyn!
Zamira BABANAZAROWA,
Lebap welaýat kazyýeti, kazynyň kömekçisi.