Bazarlar harytlar bilen baýlaşýar

 «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bagtyýar halkymyz täze döwre gadam basdy. Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» tassyklanyldy. 30 ýyllyk döwür üçin taryhy çözgüdiň kabul edilmegi milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen birlikde, hususy ulgamyň ösdürilmeginde-de täze sahypalary açar. Eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri gyşarnyksyz durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan meselelerini we oňyn çözgütlerini öz içine alan maksatnamada «ýurdumyzyň altyn gaznasy» diýlip atlandyrylan milli telekeçilik pudagy hem möhüm ugurlaryň hatarynda öňe çykýar. Ol telekeçiligi, iri kompaniýalaryň döredilmegini hemmetaraplaýyn goldamak, bazar gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny kesgitläp, ykdysady ösüşiň mümkinçiliklerini döretmek, gaýtadan işleýän döwrebap senagat desgalaryny gurmak, şäher we oba ýaşlaryny iş bilen doly üpjün etmek we başga-da köp sanly wezipelerden ybarat. Ýörite habarçymyz bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Birleşme eksport» jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň direktory Myratberdi SEÝIDOW bilen söhbetdeş boldy.  

                                                                   

 — Myratberdi, ýurdumyzyň hususy pudagynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň abadan hem bolelin durmuşynda giň beýanyny tapýar. Söhbedimizi türkmen telekeçileriniň alyp barýan giň gerimli işlerinden başlasak?! 

                                                                   

— Elbetde, diňe geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň halk hojalygynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler mukaddes Garaşsyzlygyň otuzynjy ýylynyň jemlemesi hökmünde taryhymyza ýazyldy. Döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilmegi, köp möçberde yzygiderli maýa goýumlaryň goýulmagy netijesinde hususy pudak dürli ugurlarda işleri kämilleşdirip, ýokary netijeleri gazanmagy başardy. Muňa geçen ýylyň jemlerinden-de göz ýetirmek bolýar. 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 115,7 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini 117, 8 göterime barabar boldy. Türkmen telekeçileri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň ençemesini, şol sanda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini, paýtagtymyzdaky «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň binalar toplumyny, şonuň ýaly-da, döwrebap ýyladyşhanalary we senagat ugurly desgalary gurup ulanmaga berdiler.  

 — Soňky döwürde ak bazarlarymyz öz önümlerimiz bilen baýlaşýar. Diýmek, işewürler bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini giňeltmek ugrunda barha yhlasly işleýärler... 

                                                                   

— Dogry bellediňiz. Türkmen telekeçileri tarapyndan senagat, oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň möçberi barha artýar. Täze önümçilikler döredilip, önümleriň görnüşi yzygiderli köpeldilýär. Ýylyň jemleri boýunça geçirilen giňişleýin mejlisde berlen hasabatda bellenilişi ýaly, döwlete dahylsyz ulgamda unaş önümleriniň öndürilişinde 12,9 göterim, şöhlatda 9,1 göterim, süýji-kökede 8 göterim, süýtde 6,7 göterim, plastmassa we aýna süýümli turbalarda 33,2 göterim, gök önümlerde 5,2 göterim, miwe we ir-iýmişlerde 7,5 göterim, ýumurtgada 1,2 göterim ösüş gazanyldy. Geçen ýyl hususyýetçiler tarapyndan 9 müň gektardan gowrak meýdanda gök-bakja ekinleri ekilip, ondan bol hasyl alyndy. Miweli baglardyr üzüm nahallary ekilen 13 müň gektardan gowrak meýdandan alnan hasyl hem terligine, şeýle-de iri önümçilik kärhanalarynda gaýtadan işlenilip, ilata hödürlenildi. 

                                                                   

 — Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «...Türkmenistan azyk önümlerini beýleki döwletlerden getirýän däl-de, tersine, bu önümleri beýleki döwletlere iberýän ýurda öwrüler» diýip belledi. Gürrüň eksport ugurly önümleriň möçberiniň ýene-de artdyrylmagy barada barýar. Munuň özi önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşligiň artmagyna getirermi? 

 — Bäsdeşlik bar ýerinde ösüş bar, ýokary hil, netijelilik bar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň ekologik taýdan arassa önümleriniň dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilmegi-de bäsdeşligiň netijesinde gazanylýan üstünlikdir. Geçen ýyl «Geljege miras», «Ak Diýar», «Batly gadam», «Lälezar zaman», «Abraýly dostlar» hususy kärhanalary, «Türkmen senet» hojalyk jemgyýeti senagat önümleriniň dürli görnüşini, «Datly şerbet», «Duýgy» hususy kärhanalary, «Balkandag», «Hasar» hojalyk jemgyýetleri süýji we konditer önümlerini, «Nurana söwda hyzmaty», «Maksatly söwda» hususy kärhanalary dürli däneli ekinleriň hasylyny daşarky bazarlara eksport etdiler. Eksporta gidýän oba hojalyk önümleriniň arasynda ekologik taýdan arassa, süýji tagamly pomidor hem esasy orun tutýar. Telekeçi Maksat Ibragimow «Maksada okgunly» haryt nyşany bilen öndürýän hind guşunyň etiniň 22,5 tonnasyny Azerbaýjan Respublikasyna eksport etdi. 

                                                                   

 — Esasy hyzmatdaşlar hökmünde haýsy ýurtlary agzap bolar?  

                                                                   

— Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyz, Belarus, Azerbaýjan, Ermenistan, Täjigistan Respublikalary, Russiýa Federasiýasy, Pakistan Yslam Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Owganystan biziň esasy hyzmatdaşlarymyzdyr. Daşary döwletleriň işewürleri bilen onlaýn görnüşde işewürlik maslahatlary, sergiler geçirilýär. Özara pikir alyşmalar guralýar, teklipler öwrenilýär. Galyberse-de, hususy pudagyň wekilleri daşary ýurtlara guralýan döwlet saparlarynyň düzüminde bolup, ykdysady forumlara, halkara sergilere gatnaşmaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle mümkinçiligiň geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda milli Liderimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary wagtynda hem dörändigini aýtmaly. Goňşy ýurda saparyň çäklerinde Daşkent şäherinde geçirilen bilelikdäki ykdysady forumda söwda şertnamalarynyň we maýa goýum ylalaşyklarynyň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleri öndürýän kärhanalary döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek barada hem ylalaşyklar gazanyldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde hususy ulgamdan «Aýdyň gijeler», «Ak bulut» hojalyk jemgyýetleriniň döwrebap önümleriniň bolandygyny bellemek ýakymly.  


 — Myratberdi, 4-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlendi. Bu döwürde hususy pudagyň gazanan ilkinji üstünlikleri guwandyrýar. 

                                                                   

— Mejlisde aýdylyşy ýaly, şu ýylyň iki aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüşiniň 162,8 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüşiniň 113,7 göterime barabar bolmagy hususy pudagyň täze döwürdäki ilkinji ädimleriniň ösüşlere beslenýändiginden habar berýär. Milli Liderimiz bazarlaryň hem-de dükanlaryň halkyň giňden sarp edýän harytlary bilen bolelin üpjün edilmeginiň, nyrhlaryň derejesine gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtap, bu işlerde telekeçilere aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Bu aýdylanlardan ugur alyp, daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan täze önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak babatda yhlasly işläris. Döwletimiziň ýokary ynamy türkmen işewürlerini täzeçe işläp, eksport ugurly önümleri öndürmäge, dünýä bazarlarynda mynasyp orun almaga ruhlandyrýar. Türkmen telekeçileri geljegi nazarlaýan 30 ýyllyk maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, eziz Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.  

                                                                   

 — Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! 

                                                                                                           

Söhbetdeş bolan Keýik UMAROWA.          

«Türkmenistan».