Habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Mähriban halkym! 

                                                                   

 Hormatly medeniýet we sungat işgärleri! 

                                                                   

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda şatlyk-şowhunly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy özgerişlere beslenýän tutumly işler alnyp barylýar. Döwletli Diýarymyzda milli medeniýetimiz we sungatymyz ösüşiň täze belentliklerine göterilip, jemgyýetiň agzybirligini we bitewüligini berkitmäge, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge uly ýardam berýär. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da kämilleşmegi, döwrebap eserler bilen baýlaşmagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. 

                                                                   

Mähriban Watanymyzda giňden bellenilýän şanly seneler, milli baýramçylyklar, geçirilýän halkara çäreler medeniýet ulgamynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini subut edýär. Ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň, medeni aň-bilim edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, medeniýet öýleriniň we beýleki medeni merkezleriň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda giň gerimli tagallalar edilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan «Türkmeniň ak öýi» binalary ajaýyp zamanamyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga, ýaşlary milli watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär. 

                                                                   

Eziz Watanymyzda halkymyza döwrebap medeni hyzmatlary hödürlemek, medeni-dynç alyş çärelerini ýokary derejede guramak, meşhur sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryny köpçülige ýetirmek ugrunda ähli şertler döredilýär. Munuň özi raýatlarymyzy il-ýurt bähbitli işlere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

 Hormatly medeniýet we sungat işgärleri! 

                                                                   

Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeni durmuşynda şanly waka — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär. Bu goşa baýramyň bilelikde bellenilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Magtymguly Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir. 

                                                                   

«Berkarar döwlet islärin» diýip, halkyň parahat durmuşyny, döwletiň berkararlygyny arzuwlan akyldar şahyryň döwletlilik hakyndaky arzuw-islegleri Gahryman Arkadagymyzyň ulus-ilimize serpaý beren döwletli döwranynda hasyl boldy. 

                                                                   

Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini giňden bellemäge döwletimiz tarapyndan uly taýýarlyk görülýär. Bu toý türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan belent hormat-sarpasynyň, dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň näderejede belentdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni has-da uly dabaralara beslenýär. Şu ýyl ýurdumyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň Mary welaýatynda üstünlikli geçirilmegi ähli watandaşlarymyz üçin aýratyn buýsançly waka boldy. Medeniýet hepdeliginiň çäginde guralan medeni-köpçülikleýin çäreler raýatlarymyzy mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda belent maksatly beýik işlere ruhlandyrdy. 

                                                                   

 Hormatly adamlar! 

                                                                   

 Mähriban watandaşlar! 

                                                                   

Berkarar döwletimizde durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan uly üstünliklere medeniýet we sungat işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar. Olar bedew bady bilen beýik ösüşlere tarap okgunly öňe barýan ajaýyp zamanamyzyň belent ruhuny çeper wasp etmek, watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýarlar. 

                                                                   

Biz geljekde-de ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, döredijilik işgärlerini höweslendirmek, maddy taýdan goldamak we olar üçin amatly iş şertlerini döretmek ugrunda ähli zerur tagallalary ederis. 

                                                                   

 Hormatly adamlar! 

                                                                   

 Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri! 

                                                                   

Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala ojaklaryňyza abadançylyk, döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri we kalbyňyzyň hemişe joşgunly bolmagyny arzuw edýärin. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

27.06.2022
Täze binalar halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir

AHAL WELAÝATY, 25-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça, Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek bilen bagly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. 

                                                                   

Häzirki döwürde dürli ugurlarda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbiniň has-da gözelleşmegini üpjün edýär. Şunda adamlaryň amatly ýaşaýşynyň, ýokary derejeli dynç alşynyň ýola goýulmagy esasy şert hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäher häkimi Ş.Durdylyýew hormatly Arkadagymyza bu ýerde alnyp barylýan işleriň netijeleri, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary barada maglumat berdiler. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ulanylýan gurluşyk serişdeleri, binalaryň bezeg germewleriniň aýratynlyklary, şeýle hem täze şäheriň çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde oturdyljak enjamlaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň çäginde alnyp barylýan gurluşyklarda Aşgabat şäherinde ulanylan täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zamanyň öňdebaryjy gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmalydygyny belledi we döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, innowasion tehnologiýalary «Aşgabat-sitiniň» gurluşygynda hem peýdalanmak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. 

                                                                   

Soňra Gahryman Arkadagymyza täze merkezde ulanyljak elektrobuslaryň we elektrotaksileriň tehniki häsiýetnamalaryny, olaryň görnüşlerini, ýolagçy ulaglarynyň reňk özboluşlylygyny beýan edýän modelirlenen şekiller hem-de taslamalar görkezildi. Hormatly Arkadagymyz merkezde ýokary ekologik ýagdaýy saklamakda, ilatyň abadançylygyny üpjün etmekde elektrobuslara we elektrotaksilere möhüm ornuň degişli boljakdygyny belläp, ýolagçy ulaglarynyň reňk taýdan özboluşly görnüşde bolmalydygyna ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň howa şertlerinden we häzirki zamanyň ösen talaplaryndan ugur alynmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz merkeziň degişli düzümleriniň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlygynyň dowamynda täze şäherde gurulýan ýerasty ulag geçelgesiniň taslamasy, şeýle hem edara binalarynyň howlulary üçin niýetlenen derwezeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkeziň ýol-ulag düzüminiň işiniň kämilleşdirilmeginde, ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmeginde ýerasty geçelgelere möhüm ornuň degişlidigini belläp, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň bildirilýän talaplara laýyk gelmeginiň wajyp şert bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda ýokary hil ýagdaýyna üns bermek bilen bir hatarda, bu ugurda dünýäniň ösen tejribesiniň içgin öwrenilmegi wajypdyr diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz täze merkezde gurulmagy meýilleşdirilýän metjidiň taslama görnüşleri hem-de aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, umumy meýdany 12,9 gektar bolan metjitde birbada 5,5 müň adam namaza durar ýaly şertler dörediler we onuň çäklerinde ugurdaş desgalaryň gurluşygy meýilleşdirildi. Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalaryň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Şunda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegi, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagy möhüm talap bolup durýar. 

                                                                   

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, aýratyn-da, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdelere degişli güwänamalary almak üçin geçirilen işler, şol sanda ugur görkeziji belgilere güwänamalaryň alnandygy barada habar berdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň bildirilýän talaplaryna laýyk derejede alnyp barylmagynda möhüm ähmiýeti bolan çözgütleriň kabul edilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilmelidigini aýtdy. 

                                                                   

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadagymyz häzirki zaman gurluşyk senagatynyň ösen ýurdy hökmünde belli bolan Wýetnam bilen bu ugurda tejribe alyşmak üçin hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň bu döwlete iş saparyna iberilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu saparyň ähmiýetli boljakdygyny belläp, toplanan tejribäniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine aýratyn orun berilmelidigini nygtady. Şunda gurluşyk işlerinde, binalaryň enjamlaşdyrylyşynda we merkeziň bezeg aýratynlyklarynda bir bitewi sazlaşyk emele gelmelidir. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bir aýyň dowamynda binalary enjamlaşdyrmagyň we degişli sazlaýyş-gurnama işlerini geçirmegiň anyk wezipelerini kesgitläp, şu döwürde öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady. 

                                                                   

Milli Liderimiz bu ýerde işleýänleriň köpüsiniň ýaşlardygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşine goşmaçalary girizmegiň teklip edilýändigini, şeýle hem ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmek üçin guralyň işlenip taýýarlanylýandygyny, eger-de, telekeçiler tarapyndan esaslandyrylan kärhanalaryň işgärleriniň 75 göterimi ýaşlardan ybarat bolsa, ony “ýaşlar kärhanasy” diýip atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny, şeýle kärhanalara döwlet goldawyny bermek üçin ýeňillikleriň göz öňünde tutuljakdygyny aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz bu gün amala aşyrylýan beýik işleriň ösüp gelýän ýaş nesilleriň nurana geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilýändigini belläp, ýaşlaryň Garaşsyz Watanymyz bilen ýaşytdaşdygyna, olaryň başy başlanan möhüm wezipeleri işjeň durmuşa geçirmäge gatnaşýandyklaryna ünsi çekip, döwletimiziň ýaşlaryň geljekki ösüş ýoluny kesgitlemekleri üçin zerur tagallalary edýändigini nygtady. 

                                                                   

Ösüp gelýän ýaş nesiller ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri has-da artdyrmak, berkarar Watanymyzyň at-abraýyny mundan beýläk-de belende götermek, milli medeniýetimizi ösdürmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaly däldirler diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şu günler eziz Diýarymyzda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan çäreleriň ähmiýetini belledi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaşlaryň döredijilikli zähmeti, göwnejaý dynç almagy ugrunda edilýän aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigini aýdyp, täze merkeziň gurluşygynda işleýänler üçin aýdym-sazly çykyşlaryň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bularyň ählisi gurluşykçylary öndürijilikli zähmete ruhlandyrar, şu baýramçylyk günleri olara özboluşly sowgat bolar. 

                                                                   

Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan dokuz gatly ýaşaýyş jaýyna baryp gördi we onda göz öňünde tutulýan şertler bilen tanyşdy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeginde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda bolşy ýaly, bu jaýyň otaglarynyň ýerleşdirilişi, aşhanasynyň enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň öňünde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini, gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär. 

                                                                   

 Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

27.06.2022
Bedew batly ösýän Diýar

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 4-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda bäş aýyň jemleri boýunça ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işlere we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garalyp, öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim ýokarlanmagy bolsa Diýarymyzyň bedew bady bilen ösýändigini doly tassyklady. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, halk hojalygynyň pudaklaryny üstünlikli sanlylaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak babatda ajaýyp işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda öňde duran wezipeler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmagy we halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmegi nazarlaýan ugurlary öz içine alýar. Şu jähetden, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amal edilýän işler ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýokary ösüş görkezijilerini gazanmaga mümkinçilik berýär. Muňa ýanwar — maý aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 104,6 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasynyň bolsa 98,3 göterim ýerine ýetirilmegi hem güwä geçýär. 

                                                                   

Durmuş ulgamy häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda durmuş syýasatynyň üstünlikli dowam etdirilmegi halkymyzyň abadançylygynyň gözbaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň bäş aýynda býujetiň serişdeleriniň 80,4 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda bolsa aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 10,4 göterim ýokarlandy. 

                                                                   

Mejlisde hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatda öňde duran möhüm wezipelere aýratyn üns çekdi. Olaryň hatarynda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmek, halkara tejribä esaslanyp býujet-salgyt işini döwrebaplaşdyrmak, býujet, salgyt, bank we pul-karz ulgamlarynyň düzgünlerini kämilleşdirmek hem-de elektron salgyt ulgamyna geçmegi çaltlandyrmak ýaly wezipeler bar. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz mejlisde ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek barada karara gelendigini nygtady. Bu bolsa Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisiniň döwletimiziň gülläp ösüşini nazarlaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.  

                                                                                                           

Gülbahar TÄÇGULYÝEWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

25.06.2022
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si

Aş­ga­bat, 24-nji iýun (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­nyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy hem-de bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, il­ki bi­len, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň оrun­ba­sa­ry M.Mu­ham­me­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer býu­jet ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, mil­li ka­nun­çy­ly­ga hal­ka­ra tej­ri­bä­ni or­naş­dyr­mak, döw­letiň ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän top­lum­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2023-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­ni iş­läp taý­ýar­la­mak, 2025-nji ýyl­dan baş­lap or­ta möh­let­li býu­jet me­ýil­leş­di­ri­li­şi­ne geç­mek we bu ul­ga­myň do­lan­dy­ry­ly­şy­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gu­ra­mak üçin dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi göz öňünde tutulýan anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di. 

                                                                   

«Türk­me­nis­tan­da býu­jet işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça çä­re­ler ha­kyn­da» Ka­ra­ryň des­lap­ky tas­la­ma­sy­nyň taý­ýar­la­nyl­ýan­dy­gy ba­ra­da aý­dyl­dy. Ol ýur­duň Býu­jet ko­dek­si­niň we­zi­pe­le­ri­ni hem-de ta­lap­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Res­mi­na­ma­da Döw­let býu­je­ti­ni 3 ýyl­lyk möh­let üçin iş­läp düz­mek, onuň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi ber­kit­mek we býu­jet ul­ga­my­ny do­lan­dyr­ma­gy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň top­lu­my, 2022 — 2024-nji ýyl­lar­da de­giş­li ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ryny iş­läp taý­ýar­la­mak göz öňün­de tu­tul­dy. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, ýö­ri­te döw­let to­pa­ry­ny dö­ret­mek we onuň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­mak tek­lip edil­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti dog­ry we so­wat­ly do­lan­dyr­ma­gyň örän mö­hüm­di­gi­ni, şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, onuň gu­ral­la­ry­nyň bi­ri­niň býu­jet ul­ga­my bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu iş­ler­de esa­sy ma­li­ýe res­mi­na­ma­sy bo­lan ýur­du­my­zyň Döw­let býu­je­ti­niň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne wa­jyp orun be­ril­ýär. Pul akym­la­ry­ny do­lan­dyr­ma­gyň güýç­li, dur­nuk­ly ul­ga­my döw­le­tiň yg­ty­bar­ly bol­ma­gy­na, Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne hem-de ra­ýat­la­ry­ň hal-ýag­da­ýy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy hem-de wi­se-prem­ýe­re bu ugur­da­ky iş­le­ri do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra wi­se-prem­ýer ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny top­lum­la­ýyn esas­da ös­dür­mek, mul­ti­mo­dal gat­naw­lar üçin müm­kin­çi­lik­le­ri art­dyr­mak we ila­ta edil­ýän hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Abu-Da­bi­niň Ösüş gaz­na­sy­nyň, Mer­ke­zi ban­kyň we Döw­let da­şa­ry yk­dy­sa­dy iş ban­ky­nyň karz se­riş­de­le­ri­ni çek­me­giň ha­sa­by­na, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Je­bel şä­her­çe­sin­de Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň gur­lu­şy­gy­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek bo­ýun­ça tek­lip­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­ler ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge hal­ka­ra gu­ra­ma­lar­dan ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek ar­ka­ly olar bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň mil­li dur­muş-yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hö­dür­le­nen tek­li­bi ma­kul­lap, wi­se-prem­ýe­re me­ýil­leş­di­ri­len iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň оrun­ba­sa­ry Ş.Abd­rah­ma­now «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň gu­ýu­la­ryň önüm be­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len elin hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­ra­da şert­na­ma­ny bag­laş­ma­gy ha­kyn­da» Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Hy­ta­ýyň ne­bit­hi­mi­ýa kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit hyz­mat­lar kom­pa­ni­ýa­sy bi­len de­giş­li şert­na­ma­ny bag­laş­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ne­bi­tiň ga­zy­lyp alyn­ýan möç­ber­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin pu­da­ga öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni giň­den çek­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hö­dür­le­nen Ka­ra­ra gol çe­kip, ony san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re iber­di hem-de bu res­mi­na­ma­nyň ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň üp­jün edil­me­gi­ni tab­şyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň оrun­ba­sa­ry Ş.Abd­rah­ma­now Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ry­ny öz­leş­dir­mek, hu­su­san-da, Önü­mi paý­laş­mak ha­kyn­da yla­la­şyk esa­syn­da «Çe­le­ken» şert­na­ma­la­ýyn çä­gi­ni öz­leş­dir­mek iş­le­ri­ni ne­ti­je­li do­wam et­dir­mek ba­bat­da gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, “Dra­gon Oil (Türk­me­nis­tan) Ltd.” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de de­giş­li iş­le­ri ge­çir­mek ba­ra­da­ky tek­lip­ler be­ýan edil­di. Bu kom­pa­ni­ýa bi­len “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni­niň ara­syn­da gol çe­kil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan şert­na­ma ba­ra­da hem ha­sa­bat be­ril­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, bu ul­gam­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­ne oý­la­ny­şyk­ly we top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow hö­dür­le­nen tek­lip­le­ri ma­kul­lap, wi­se-prem­ýe­re bu ugur­da­ky iş­le­ri do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň оrun­ba­sa­ry A.Ýaz­my­ra­dow ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň al­nyp bar­ly­şy, şeý­le hem ýer­le­riň me­de­ni­ýe­ti­ni we suw üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Wi­se-prem­ýer ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­niň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de suw se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­la­mak mak­sa­dyndan ugur alnyp, de­giş­li hü­när­men­ler bi­len ýe­rin­de zerur işleriň ge­çi­ri­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. 

                                                                   

Şu gün­ler ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da gal­la ora­gy güýç­li dep­gin­de do­wam et­di­ril­ýär. Bug­daý ora­gyn­dan bo­şan meý­dan­lar­da sü­rüm iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň çäk­le­rin­de daý­han­lar şa­ly, gant şu­gun­dy­ry ýa­ly ara­lyk ekin­le­ri ek­ýär­ler. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, go­wa­ça ideg et­mek bo­ýun­ça ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ha­ta­ra­ra be­jer­gi, ösüş su­wu­ny tut­mak hem-de mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri do­wam ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Suw üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hö­kü­met to­pa­ry­nyň mas­la­ha­tyn­da me­ýil­na­ma­lar dü­zü­lip, de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, gal­la ora­gy­nyň öz wag­tyn­da ta­mam­lan­ma­gy­nyň hem-de ha­sy­lyň ýit­gi­siz ýyg­nal­ma­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze ýy­lyň ha­sy­ly­nyň düý­bü­ni tut­ma­ga şu gün­ler­den taý­ýar­lyk gör­me­giň, bug­daý ora­gyn­dan bo­şan meý­dan­la­ra ara­lyk ekin­le­ri ek­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, go­wa­ça ideg et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gyn­da ýer­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek hem-de oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ägirt uly kuw­wa­ty­ny ama­la aşyr­ma­ga ýar­dam et­jek suw tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy we bu ba­bat­da de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň оrun­ba­sa­ry Ç.Pur­çe­kow ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li we eko­lo­gik taý­dan aras­sa gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni ulan­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­rar­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ser­dar et­ra­byn­da ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek hem-de “ýa­şyl” ener­ge­ti­ka­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň çäk­le­rin­de “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň tö­we­re­gin­de dö­re­dil­jek ilat­ly ýer­le­riň sarp edi­ji­le­ri­ni elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün et­mek üçin kuw­wat­ly­ly­gy 10 me­ga­wat bo­lan kö­pu­gur­ly Gün we ýel elekt­rik be­ket­le­ri­ni gur­mak bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri do­wam et­di­ril­ýär. Şeý­le hem gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni ýur­du­my­zyň çet gy­ra­la­ryn­da we bar­ma­sy kyn ýer­le­r­de ýer­leş­ýän ilat­ly no­kat­la­ryň elekt­rik üp­jün­çi­li­gi üçin ulan­mak mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­nyl­ýar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, hö­dür­le­nen tek­li­bi ma­kul­la­dy hem-de ýur­du­my­zyň elekt­roe­ner­ge­ti­ka ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak­da we onuň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýedigini na­za­ra al­mak bi­len, bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “ýa­şyl” ener­ge­ti­ka­nyň müm­kin­çi­lik­le­rinden peý­da­lan­mak bo­ýun­ça tä­ze tas­la­ma­la­ryň aý­ra­tyn ze­rur­dy­gy ba­ra­da aý­dyp, daş­ky gur­şa­wa zy­ýan ýe­tir­me­ýän ener­ge­ti­ka­nyň yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li des­ga­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy ba­bat­da bel­le­nen me­ýil­na­ma­la­ryň, şol san­da eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy we ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne gö­nü­den-gö­ni ýar­dam et­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy hem-de de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň оrun­ba­sa­ry B.At­da­ýew «EKS­PO — 2025» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň gat­naş­ma­gy­nyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. “Ýa­şaý­şy­myz üçin gel­je­giň jem­gy­ýe­ti­ni dö­red­ýä­ris” şy­ga­ry as­tyn­da gu­ral­jak bu hal­ka­ra fo­ru­myň 2025-nji ýy­lyň 13-nji ap­re­li — 13-nji okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Osa­ka şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek­di­gi ha­bar be­ril­di. 

                                                                   

Gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri­niň do­wa­myn­da ýa­pon ta­ra­py Türk­me­nis­ta­nyň mil­li pa­wil­ýo­ny­ny “Dur­muş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek” at­ly bö­lüm­de ýer­leş­dir­me­gi tek­lip ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «EKS­PO — 2025» ser­gi­sin­de mil­li pa­wil­ýo­ny­my­zy gur­ma­gyň tas­la­ma­la­ry­ny saý­lap al­mak üçin ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da bäs­le­şik yg­lan et­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­let stra­te­gi­ýa­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da yk­dy­sa­dy ösü­şiň mil­li nus­ga­sy ke­ma­la ge­ti­ril­di, mu­nuň özi türk­men hal­ky­nyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge hem-de Di­ýa­ry­my­za dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy taý­dan ösen we sy­ýa­sy taý­dan dur­nuk­ly döw­let­le­riň ha­ta­ryn­da my­na­syp orun eýe­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär di­ýip bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «EKS­PO — 2025» ser­gi­si­ne gat­naş­ma­gyň mö­hüm­di­gi ba­ra­da aý­dyp, şeý­le giň ge­rim­li göz­den ge­çi­riş­le­riň Wa­ta­ny­my­zyň ga­za­nan­la­ry­ny, onuň eks­port kuw­wa­ty­ny açyp gör­kez­mek, tej­ri­be alyş­mak, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri­ni oňyn çöz­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň mil­li pa­wil­ýo­ny­nyň be­zeg iş­le­rin­de öz­bo­luş­ly çöz­güt­le­riň ula­nyl­ma­gy ze­rur­dyr, olar­da mil­li bi­na­gär­li­giň ga­dy­my ýö­rel­ge­le­ri öz be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bu ba­bat­da top­la­nan oňyn tej­ri­bä­niň yzy­gi­der­li baý­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, wi­se-prem­ýe­re ýur­du­my­zyň bu hal­ka­ra ser­gä gat­naş­ma­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri­ni he­mi­şe gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň оrun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa şu ýy­lyň iýul aýyn­da ge­çi­ril­jek esa­sy çä­re­le­riň ter­ti­bi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şol çä­re­ler mas­la­hat­la­ry, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry­ny, on­laýn çä­re­le­ri­, ser­gi­le­ri hem-de şan­ly se­ne­le­re ba­gyş­la­nan wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri­ni özün­de jem­le­ýär. 

                                                                   

Aý­dym­çy ýaş­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän “Ýaň­lan, Di­ýa­rym!” te­le­bäs­le­şi­gi­niň we­la­ýat­lar bo­ýun­ça jem­leý­ji tap­gyr­la­ry­ny we du­tar­çy bag­şy-sa­zan­da­la­ryň ara­syn­da yg­lan edi­len “Çal­sa­na, bag­şy!” bäs­le­şi­gi­niň we­la­ýat­lar bo­ýun­ça tap­gyr­la­ry­ny ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. 2024-nji ýyl­da Fran­si­ýa­da türk­men sun­ga­ty­na we ta­ry­hy­na de­giş­li ser­gi­ni ge­çir­me­giň gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak bo­ýun­ça şu ýy­lyň 7-nji iýu­lyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyň ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Wi­se-prem­ýer Gur­ban baý­ra­my my­na­sy­bet­li Aş­ga­bat şä­he­rin­de hem-de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da dür­li me­de­ni çä­re­le­riň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Gel­jek aý­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­nil­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, hal­ky­my­zyň ägirt uly dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny gör­kez­mä­ge, ul­ga­myň iş­gär­le­ri­niň hü­när us­sat­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, tä­ze ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­ma­ga ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len iýul aýyn­da­ky çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hö­dür­le­nen me­ýil­na­ma­ny ma­kul­lap, wi­se-prem­ýe­re de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Soň­ra wi­se-prem­ýer «Türk­me­nis­ta­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Baş dra­ma teat­ry­na «Aka­de­mi­ki» hu­kuk de­re­je­si­ni ber­mek ha­kyn­da» Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat be­rip, ony hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, äh­li beý­le­ki ul­gam­lar bi­len bir­lik­de, hä­zir türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni we sun­ga­ty­ny kä­mil­leş­dir­me­giň, baý­laş­dyr­ma­gyň esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy hem-de hö­dür­le­nen res­mi­na­ma gol çek­di we ony san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re ibe­rip, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ne mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

                                                                   

Öz no­ba­tyn­da, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň оrun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa Ma­ry we­la­ýa­tyn­da giň ge­rim­de geçiril­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň do­wam ed­ýän gün­le­rin­de bu şat­lyk­ly ha­ba­ryň me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň ru­hu­ny has-da be­len­de gö­te­rjek­di­gi­ni aý­dyp, me­de­ni­ýet, sun­gat hem-de dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň işi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýän­di­gi üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, öňde goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň оrun­ba­sa­ry S.Toý­ly­ýew ça­ga­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­niň gu­ra­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýaş nes­liň do­ly de­re­je­de dynç al­ma­gy, sag­dyn ös­me­gi hem-de boş wagt­la­ry­ny me­de­ni­ýet­li, gy­zyk­ly ge­çir­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Gök­de­re­dä­ki sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de, ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da we “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ýer­leş­ýän ça­ga­lar dynç alyş-sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de dynç alyş möw­sü­mi do­wam ed­ýär. 

                                                                   

De­giş­li mi­nistr­lik­ler we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin hem-de sport çä­re­le­ri­niň gi­ňiş­le­ýin me­ýil­na­ma­sy taý­ýar­la­nyp, şo­ňa la­ýyk­lyk­da, sag­dyn iý­mit­len­mä­ge, açyk ho­wa­da ge­ze­lenç­le­ri gu­ra­ma­ga, be­den maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge, spor­tuň hem-de mil­li türk­men oýun­la­rynyň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­ga gö­nük­di­ri­len çä­re­ler gu­ral­ýar. Ça­ga­lar üçin da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek, komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy, şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty bo­ýun­ça öw­re­di­ji-ös­dü­ri­ji hä­si­ýet­li okuw­lar hem-de aý­dym-saz­ly çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, to­mus möw­sü­min­de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň dynç al­şy­ny mun­dan beý­läk-de gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mä­ge örän jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aý­dyp, Bi­lim mi­nistr­li­gi hem-de Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan ça­ga­la­ryň oňat, gy­zyk­ly dynç al­mak­la­ry­na we aras­sa­çy­lyk-öňü­ni alyş çä­re­le­riniň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, aras­sa­çy­lyk we howp­suz­lyk ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edi­li­şi­ne berk gö­zeg­çi­li­giň üp­jün edil­me­lidigi­ni tab­şyr­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Aş­ga­bat­da 29-njy iýun­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň VI sam­mi­ti­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li mak­sat­na­ma hö­dür­le­nil­di. 

                                                                   

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ýur­du­myz pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li, dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, Ha­zar deň­zin­de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da, se­bit äh­mi­ýet­li wa­jyp me­se­le­le­riň saz­la­şyk­ly çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da mö­hüm orun eýe­le­ýär. Aş­ga­bat sam­mi­ti­niň gün ter­ti­bi­ne ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar­da ne­ti­je­li döw­le­ta­ra hyzmatdaşlygy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­riň top­lu­my gi­ri­zi­ler. Şeý­le hem fo­ru­myň çäk­le­rin­de bir­nä­çe iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. 28-nji iýun­da ge­çi­ril­jek Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň mej­li­si hem sam­mi­te gö­rül­ýän taý­ýar­lyk me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, goň­şy döw­let­ler bi­len däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­niň ata Wa­ta­ny­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bu sy­ýa­sat oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik hem-de umu­my bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hö­dür­le­nen mak­sat­na­ma­ny ma­kul­lap, VI Ha­zar sam­mi­ti­niň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri çöz­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň ke­nar­ýa­ka ýurt­la­ryň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­me­gi, Ha­zar deň­zi se­bi­ti­niň ägirt uly se­riş­de, ulag-ara­gat­na­şyk, ener­ge­ti­ka we se­na­gat kuw­wa­ty­nyň ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ug­run­da yzy­gi­der­li çy­kyş ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­ga, eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, ga­dy­my Ha­za­ryň bio­dür­lü­li­gi­ni aýaw­ly sak­la­mak, te­bi­gy baý­lyk­la­ryn­dan re­je­li peý­da­lan­mak ýa­ly mö­hüm ul­gam­lar­da gat­na­şyk­la­ra uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň ara­syn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge, de­giş­li şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len anyk baş­lan­gyç­la­ry mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­me­nis­tan ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky do­gan­lyk hem-de hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­na, Ha­za­ryň pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk we hyz­mat­daş­lyk deň­zi de­re­je­si­niň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­me­gi­ni do­wam et­di­rer. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow şu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, wi­se-prem­ýe­re, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­ga tä­ze iter­gi ber­jek Aş­ga­bat sam­mi­ti­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­me­gi hem-de be­lent mer­te­be­li myh­man­la­ryň hal­ky­my­zyň myh­man­sö­ýer­lik däp­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da gar­şy alyn­ma­gy­ny tab­şyr­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýew mil­li elekt­ron kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­nyň we ola­ry iş­läp taý­ýar­laý­jy­la­ryň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. «Mag­lu­mat we ony go­ra­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, mil­li elekt­ron kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­nyň Döw­let sa­na­wy ha­kyn­da we mil­li elekt­ron kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­laý­jy­la­ryň Döw­let sa­na­wy ha­kyn­da Düz­gün­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. 

                                                                   

Bu ugur­da iş­le­riň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­ny şu Düz­gün­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi­niň üs­tü­ne ýük­le­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu res­mi­na­ma­lar ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­syn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin mil­li elekt­ron kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­nyň sa­ny­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na, gi­ňel­dil­me­gi­ne we ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, san­ly­laş­dyr­ma­gyň türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry hök­mün­de kes­git­le­nen­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ýo­kar­da ag­za­lan mak­sat­na­ma mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny giň­den ulan­ma­gyň ha­sa­by­na dür­li pu­dak­la­ryň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni hem-de dur­muş ul­ga­my­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iri tas­la­ma­la­ryň has-da kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne we yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­me­li­dir di­ýip bel­le­di hem-de agent­li­giň ýol­baş­çy­sy­na bu me­se­lä gi­ňiş­le­ýin çe­me­leş­me­gi, bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re iç­gin sel­jer­me ge­çir­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra agent­li­giň Baş di­rek­to­ry suw aka­ba­la­ry­ny çu­ňalt­mak hem-de gyr­man­ça­lar­dan aras­sa­la­mak üçin ula­nyl­ýan lä­bik so­ru­jy der­ýa gä­mi­le­ri­ni abat­la­mak we tä­ze gä­mi­le­ri gur­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. De­ňiz we der­ýa ulag­la­ry ul­ga­myn­da pu­dak­la­ýyn eda­ra­lar bi­len iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, hyz­mat­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, abat­la­nyl­ýan hem-de tä­ze gu­rul­ma­ly der­ýa gä­mi­le­ri­niň ýyl­lyk ze­rur­lyk­la­ry­ny, bu­ýur­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň möh­let­le­ri­ni kes­git­le­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri ge­çir­mek hem-de hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak we goş­ma­ça iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na iş me­ýil­na­ma­sy­nyň de­giş­li tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky tek­lip hö­dür­le­nil­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi dur­nuk­ly ös­dür­mek­de ulag ul­ga­my­nyň äh­mi­ýe­ti­ne üns çek­di hem-de ýur­du­my­zyň için­de bol­şy ýa­ly, hal­ka­ra ulag gat­naw­la­ry­nyň ösü­şi ba­bat­da-da de­ňiz we der­ýa ar­ka­ly gat­naw­la­ryň bar­ha art­ýan or­nu­ny nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz lä­bik so­ru­jy gä­mi­le­riň gur­lu­şy­gy­nyň teh­no­lo­gik hem-de in­no­wa­sion dü­züm bö­lek­le­ri we beý­le­ki en­jam­la­ry bi­len gi­ňiş­le­ýin gy­zyk­la­nyp, hil hem-de bäs­deş­li­ge ukyp­ly­lyk ala­mat­la­ry bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ýo­ka­ry sep­git­le­re çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­niň, iň tä­ze in­že­ner­çi­lik iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ryň we nou-hau­la­ryň çe­kil­me­li­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hä­zir Türk­me­nis­tan­da der­ýa dü­züm­le­ri ul­ga­my­nyň top­lum­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne hem-de kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­tap, ýur­du­my­zyň lä­bik so­ru­jy gä­mi­le­ri­ni abat­la­mak hem-de gur­mak me­se­le­le­ri­niň mö­hüm­di­gi­ne, ola­ryň öz wag­tyn­da çö­zül­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di we agent­li­giň ýol­baş­çy­sy­na oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň dü­züm­le­ri bi­len bi­le­lik­de, bu ugur­da me­ýil­leş­di­ri­len iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek üçin anyk çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Mej­lis­de döw­let dur­mu­şy­nyň beý­le­ki bir­nä­çe me­se­le­le­ri­ne-de ga­ra­lyp, olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mej­li­si­ni ta­mam­lap, oňa gat­na­şan­la­ryň äh­li­si­ne berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

25.06.2022
Hu­su­sy­ýet­çi­ler hö­wes­len­di­ril­ýär

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny ber­kit­mekde te­le­ke­çi­le­re gol­daw ber­mek bi­len bag­ly çöz­güt­le­ri iş­jeň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu ýy­lyň 4-nji iýu­nyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­dä­ki gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, söw­da we hyz­mat­lar ul­ga­my­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, te­le­ke­çi­li­gi hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça mö­hüm we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, guş­çu­lyk oba ho­ja­ly­gy­nyň ok­gun­ly ös­ýän pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da guş eti we ýu­murt­ga, esa­san, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýär. Ola­ryň önüm­çi­li­gi­ni tap­gyr­la­ýyn art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, iým­lik bug­da­ýy, mek­ge­jö­we­ni we so­ýa­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin goş­ma­ça ýer bö­lek­le­ri bö­lü­nip be­ril­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň içer­ki ba­za­ryn­da ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň guş­çu­lyk pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan önüm ön­dü­ri­ji­le­re gol­daw ber­mek hem-de guş eti­niň we ýu­murt­ga­nyň ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Ka­ra­ra gol çe­kil­me­gi bol­sa bu ug­ruň has-da ös­me­gi­ne ýar­dam eder. 

                                                                   

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy­» ýylynyň ge­çen bäş aýyn­da, 2021-nji ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, je­mi ön­dü­ri­len önüm 11,5 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Bö­lek sa­tuw ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri 10,6, da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri 41,8 gö­te­rim art­dy. Ýan­war — maý aý­la­ryn­da Döw­let býu­je­ti­niň gir­de­ji bö­le­gi­niň me­ýil­na­ma­sy 104,6 gö­te­rim, çyk­da­jy bö­le­gi­niň me­ýil­na­ma­sy bol­sa 98,3 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Býu­je­tiň se­riş­de­le­ri­niň 80,4 gö­te­ri­mi dur­muş ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ril­di. Ýur­du­my­zyň iri we or­ta kär­ha­na­la­ryn­da aý­lyk zäh­met ha­ky ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rü­ne gö­rä, 10,4 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Zäh­met hak­la­ry, pen­si­ýa­lar, döw­let kö­mek pul­la­ry, ta­lyp hak­la­ry öz wag­tyn­da ma­li­ýe­leş­di­ril­di. Umu­man, gu­ra­ma­çy­lyk­ly iş­le­riň ne­ti­je­sin­de je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi ge­çen bäş aý­da 6,2 gö­te­rim möç­ber­de bol­dy. Şeý­le ösüş­ler Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň, döw­let-hu­su­sy­ýet­çi­lik hyz­mat­daş­ly­gy­na esas­lan­ýan ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň giň ge­rim bi­len or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň, hu­su­sy te­le­ke­çi­le­re ber­ýän he­ma­ýat-gol­daw­la­ry­nyň esa­syn­da ga­za­nyl­ýar. 

                                                                   

Öň­de goý­lan we­zi­pe­ler­den ugur alyp, türk­men te­le­ke­çi­le­ri da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan hem-de eks­por­ta gö­nük­di­ri­len önüm­çi­lik­le­ri art­dyr­ma­gyň Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek ug­run­da yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Te­le­ke­çi­li­gi mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, bu ugur­da­ky ka­nun­çy­ly­gy yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mä­ge üns be­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de dö­re­di­len ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy hem ýur­du­myz­da ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, ra­ýat­la­ryň te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ma­ga, ki­çi, or­ta we iri te­le­ke­çi­li­giň ne­ti­je­li ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Bu ugur­da be­ýik iş­le­riň ba­şyn­da du­ran hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, iş­le­ri ro­waç bol­sun! 

                                                                                                           

Döw­let MÄM­ME­TE­SE­NOW,

                       

«Dor be­dew» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň baş di­rek­to­ry, Türkmenistanyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty.

25.06.2022
Ha­zar­ýa­ka port­lar: netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine

Dün­ýä geo­sy­ýa­sa­tyn­da we geoyk­dy­sa­dy­ýe­tin­de has mö­hüm se­bit­le­riň bi­ri bo­lan Ha­zar deň­zi­niň hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy­nyň kes­git­len­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň des­lap­dan Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri bi­len el-ele, egin-eg­ne be­rip, uly ta­gal­la­lar eden­di­gi­ni, ne­ti­je­de, 2018-nji ýyl­da Ak­tau­da ge­çen V sam­mit­de bu res­mi­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi­ne uly go­şant go­şan­dy­gy­ny tu­ruw­baş­dan bel­le­mek ze­rur. 2019-njy ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da bol­sa mil­li Li­de­ri­miz, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­nyň ser­he­din­de ýer­le­şen bu se­bi­tiň yk­dy­sa­dy ut­gaş­ma­syn­da tä­ze meý­dan­ça­nyň bin­ýa­dy­ny goý­dy. 

                                                                   

 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň VI sam­mi­ti hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da aý­ra­tyn or­na eýe bo­lan Ha­zar ug­ru­nyň has iş­jeň­leş­me­gi üçin tä­ze hu­kuk bin­ýa­dy­ny dö­re­der. Se­bi­tiň dün­ýä geo­sy­ýa­sa­tyn­da­ky äh­mi­ýe­ti­ni mun­dan beý­läk-de art­dyr­ma­ga, Ýew­ra­zi­ýa­nyň dür­li yk­lym­la­ry­ny bir­leş­dir­jek ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka, se­na­gat-inf­rastruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry­ny tä­ze­den jan­lan­dy­rar, se­na­gat koo­pe­ra­si­ýa­sy­ny güýç­len­di­rer, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň halk­la­ry­nyň ta­ryh­dan göz­baş al­ýan me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­di­rer.  

                                                                   

 Yk­ly­ma­ra ýol­la­ryň çat­ry­gyn­da ýer­le­şen Ha­zar­ýa­ka se­bit­de De­mir­ga­zyk bi­len Gü­nor­ta­nyň, Gün­do­gar bi­len Gün­ba­ta­ryň ara­syn­da­ky üs­ta­şyr ulag ugur­la­ry­nyň hem-de söw­da ýol­la­ry­nyň ka­da­ly he­re­ket et­me­gi üçin se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň öza­ra ulag gat­naw­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly ul­ga­my­ny dö­ret­mek ze­rur. Mu­nuň üçin döw­re­bap port dü­züm­le­ri­niň dö­re­di­lip, ne­ti­je­li lo­gis­tik hyz­mat­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy der­wa­ýys me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, öz wag­tyn­da Türk­me­nis­tan Ha­zar se­bit lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ni dö­ret­mek baş­lan­gy­jy­ny öňe sü­rüp­di. Bu mer­kez Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýän tä­ze üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek we olar­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň bi­le­lik­dä­ki işi­ni ut­gaş­dyr­ýan dü­zü­me öw­rü­ler.   

                                                                   

 Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar se­bit lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça baş­lan­gy­jy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň port­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm orun de­giş­li­dir. Se­bit döw­let­le­ri­niň yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň köp ba­bat­da kä­mil port ho­ja­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny I Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my-da gör­kez­di.  

                                                                   

  Ha­zar­ýa­ka port­lar söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ta­ra­pyn­dan döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ast­ra­han sam­mi­tin­de tek­lip edi­lip, Ak­tau sam­mi­tin­de ka­bul edi­len «Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Hö­kü­met­le­ri­niň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da» Yla­la­şyk Ha­za­ry hal­ka­ra söw­da­nyň mö­hüm çat­ry­gy­na öwür­mä­ge ýar­dam ber­ýär. 

                                                                   

 I. TÜRK­ME­NIS­TA­N
 

                                                                   

 Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty. Bu port öz ta­ry­hy­ny 1896-njy ýy­lyň okt­ýabr aýyn­dan alyp gaýd­ýar. Ýük hem-de ýo­lag­çy gat­naw­la­ry­ny bi­rik­dir­mek we ter­tip­le­mek mak­sa­dy bi­len, 1903-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da söw­da de­ňiz por­tu­nyň do­lan­dy­ryş eda­ra­sy dö­re­dil­di. Ýyl­la­ryň geç­me­gi bi­len ýük gat­naw­la­ry­nyň art­ma­gy pa­rom ugur­la­ry­ny dö­ret­mek pi­ki­ri­ni ýü­ze çy­kar­dy. 1959-njy ýyl­dan baş­lap, por­tuň çä­gin­de pa­rom ugur­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy baş­lan­dy. 1962-nji ýyl­da ozal­ky Kras­no­wodsk (häzirki Türkmenbaşy şäheri) bi­len Ba­ku­wyň ara­syn­da yzy­gi­der­li pa­rom gat­na­wy ýo­la go­ýul­ýar. 2000 — 2003-nji ýyl­lar­da port­da düýp­li abat­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. 2013-nji ýyl­da port «Çar­lak» ýo­lag­çy ka­ta­ma­ra­ny­ny gur­dy. Bu bol­sa por­tuň ta­ry­hyn­da il­kin­ji gä­mi­gur­lu­şyk tas­la­ma­sy­dyr. 2014-nji ýyl­da ýo­lag­çy­la­ryň de­ňiz wok­za­ly açyl­dy. 

  Ha­za­ry se­bi­tiň mö­hüm ulag çat­ry­gy­na öwür­mek üçin, il­kin­ji no­bat­da, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki de­ňiz por­tu­nyň düýp­li tä­ze­den gu­rul­ma­gy ze­rur­dy. Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň gur­lu­şy­gy «Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­ny we Türk­men de­ňiz söw­da flo­tu­ny 2020-nji ýy­la çen­li ös­dür­me­giň Baş me­ýil­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­dy. Bu hal­ka­ra por­tuň gur­lu­şy­gy­na Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2014-nji ýy­lyň 29-njy ma­ýyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry esa­syn­da ba­dal­ga be­ril­di. 2018-nji ýy­lyň 2-nji ma­ýyn­da Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ýe­ne bir şan­ly sa­hy­pa­sy­na öw­rül­di. Şol gün «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky Kong­res­ler mer­ke­zin­de «Be­ýik Ýü­pek ýo­ly — tä­ze ösüş­le­re ta­rap» at­ly hal­ka­ra fo­rum ge­çi­ril­di. Onuň açy­ly­şyn­da eden mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Ga­ra de­ňiz we Bal­ti­ka se­bit­le­ri­niň, Gü­nor­ta hem-de Gü­nor­ta — Gün­do­gar Azi­ýa­nyň, Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň de­ňiz ter­mi­nal­la­ry­na çyk­mak ar­ka­ly, Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­my­nyň gi­ňiş­li­gi­ni gur­şap al­ýan hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek baş­lan­gyç­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de Ýew­ra­zi­ýa­nyň de­ňiz der­we­ze­si­ne öw­rül­jek bu por­tuň hal­ka­ra äh­mi­ýe­ti­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz tas­la­ma­nyň yk­dy­sa­dy, tä­jir­çi­lik, eko­lo­gik öl­çeg­ler­den baş­ga-da, geo­sy­ýa­sy äh­mi­ýe­ti­ni-de ýat­dan çy­kar­ma­ly däl­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek bi­len, Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň tä­ze por­tu­nyň iş­läp baş­la­ma­gy­nyň se­bit­de we onuň çäk­le­rin­den da­şar­da sy­ýa­sy ýag­daý­la­ra hem örän oňyn tä­sir et­jek­di­gi­ne ynan­ýan­dy­gy­na üns çe­kip­di.  

                                                                   

Yl­my taý­dan in­no­wa­si­on çöz­güt­ler esa­syn­da gur­lan bu hal­ka­ra tas­la­ma iki sa­ny tä­sin­li­gi bi­len — «De­ňiz de­re­je­sin­den pes­de ýer­leş­ýän iň uly port» hem-de «De­ňiz de­re­je­sin­den pes­de ýer­leş­ýän iň uly eme­li ada» gör­ke­zi­ji­le­ri bo­ýun­ça Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Bu­lar­dan baş­ga-da, dür­li ugur­lar bo­ýun­ça de­giş­li hal­ka­ra gü­wä­na­ma­la­ryň, Hor­mat hat­la­ry­nyň 7-si­ne my­na­syp bol­dy.  

                                                                   

Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň tas­la­ma­sy­nyň ABŞ-nyň «En­gi­nee­ring News-Record» žur­na­ly­nyň her ýyl­da yg­lan ed­ýän «Pro­ject of the Year Award» («Ýy­lyň tas­la­ma­sy») at­ly bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­si bo­lan­dy­gy­ny-da bel­le­me­li.  

                                                                   

Tas­la­ma­nyň gö­te­ri­mi (1,2 mil­li­on ine­dör­dül metr) bar bo­lan te­bi­gy zo­la­ga zy­ýan ýe­tir­mez­den deň­ziň içi­ni gum bi­len dol­du­ryp eme­le ge­ti­ril­di. «Ýa­şyl port» hal­ka­ra öl­çe­gi deň­ziň we de­ňiz ke­na­ry­nyň daş­ky gur­şa­wy­ny go­ra­ma­gy, de­ňiz te­bi­ga­ty­ny ne­ti­je­li ulan­ma­gy, bio­dür­lü­li­gi go­ra­ma­gy mak­sat edin­ýär. Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa­sy­ny aýaw­ly sak­la­mak mak­sa­dy bi­len, ter­mi­nal­la­ryň her bi­rin­de bioa­ras­sa­la­ýyş en­jam­la­ry or­naş­dy­ryl­dy. 

                                                                   

Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň meý­da­ny 156 gek­ta­ra go­laý­dyr. Bir wag­tyň özün­de gä­mi­le­riň 17-si­ne hyz­mat edip bil­ýän de­ňiz du­ral­ga­la­ry­nyň umu­my uzyn­ly­gy 1800 metr­den gow­rak­dyr. Port ýyl­lyk 300 müň ýo­lag­ça we 75 müň ýük ula­gy­na hyz­mat edip bil­ýär hem-de ýyl­da 400 müň kon­teý­ne­ri, 75 müň treý­le­ri ka­bul et­mä­ge ukyp­ly­dyr. De­ňiz por­tu­nyň umu­my ýük ge­çi­ri­ji­li­gi ýyl­da 25 — 27 mil­li­on ton­na ba­ra­bar­dyr.  

                                                                   

Umu­my ýük­le­riň ter­mi­na­ly ýyl­da 4 mil­li­on ton­na ýü­ki — gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni, me­tal­la­ry, agaç­la­ry, teh­ni­ka­la­ry, en­jam­la­ry we beý­le­ki­le­ri ge­çir­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Bu ýer­de ýük gö­te­ri­ji­li­gi 5 müň ton­na bo­lan gä­mi­le­riň 4-si birba­da ur­ga­na bag­la­nyp bi­ler.  

                                                                   

Ür­gün ýük­le­riň ter­mi­na­ly­nyň ýyl­lyk kuw­wa­ty 3 mil­li­on ton­na ba­ra­bar­dyr. Ter­mi­na­lyň am­ma­ryn­da dä­ne, iým, un, hi­mi­ki önüm­ler we se­ment sak­la­mak üçin ýö­ri­te en­jam­lar gur­nal­dy.   

                                                                   

Ýo­lag­çy we ýük ter­mi­nal­la­ry ýyl­da 300 müň ýo­lag­ça we 75 müň ula­ga hyz­mat et­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Ter­mi­na­lyň 256 metr uzyn­ly­gyn­da­ky gur­na­lan du­ral­ga­sy­na bir wag­tyň özün­de iki sa­ny gä­mi ýa­na­şyp bil­ýär. Ter­mi­na­lyň aw­tou­lag­lar we ýo­lag­çy­lar üçin has oňaý­ly bol­ma­gy üçin bir ta­ra­pyn­da de­mir ýol wa­gon­la­ry, beý­le­ki ta­ra­pyn­da bol­sa aw­tou­lag du­ral­ga­la­ry göz öňün­de tu­tul­dy. Aw­tou­lag­lar üçin ýö­ri­te gö­zeg­çi­lik mer­ke­zi ýer­leş­di­ril­di. Ýo­lag­çy­la­ryň ra­hat sy­ýa­hat et­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler göz öňün­de tu­tu­lyp gur­lan ter­mi­na­lyň bi­na­sy 800 ýo­lag­ça ni­ýet­le­nen­dir. 

                                                                   

Kon­teý­ner ter­mi­na­ly ýyl­lyk 400 müň TEU üçin ni­ýet­le­nen­dir (TEU — şert­li stan­dart kon­teý­ne­ri aň­lad­ýar). Ter­mi­na­lyň du­ral­ga­sy­nyň uzyn­ly­gy 480 metr­dir. Bu du­ral­ga­da şol bir wag­tyň özün­de 3 sa­ny 5000 DWT ag­ram­ly gä­mi ýük­le­me we dü­şür­me iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip bo­lar. Kon­teý­ner­le­ri da­şa­mak mak­sa­dy bi­len ter­mi­na­lyň dü­zü­min­de 50 we 25 ton­na ýük gö­te­ri­ji­lik­li 22 sa­ny ýük aw­tou­la­gy hem ýer­leş­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Po­lip­ro­pi­len ter­mi­na­ly­nyň kuw­wa­ty ýyl­da 120 müň ton­na po­lip­ro­pi­le­ni sak­la­ma­ga we gä­mi­le­re ýük­le­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Du­ral­ga 3 sa­ny gä­mi ýa­na­şyp bil­ýär. 

                                                                   

Por­tuň gi­ňiş­li­gin­de gä­mi­le­riň he­re­ke­ti­ne, ýük ýük­le­mek we dü­şür­mek iş­le­ri­ne gö­zeg­çi­lik aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ryň kö­me­gi bi­len ama­la aşy­ryl­ýar. 

                                                                   

Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň des­ga­la­ry bi­len bir ha­tar­da, «Bal­kan» gä­mi gur­lu­şyk we gä­mi abat­la­ýyş za­wo­dy hem gu­rul­dy. Ýyl­da po­la­dyň 10 müň ton­na­sy­ny iş­le­mek müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bo­lan bu za­wod gä­mi­le­riň 4 — 6-sy­ny gur­ma­ga hem-de 20 — 30 gä­mi­ni abat­la­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir. 

                                                                   

Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi bi­len Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de ulag akym­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik açyl­dy, se­bi­ta­ra we yk­ly­ma­ra hyz­mat­daş­lyk stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Port Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň Ýa­kyn we Or­ta Gün­do­ga­ryň ha­ryt hem-de çig mal ba­zar­la­ry­na, Hin­di um­ma­ny se­bi­ti­niň döw­let­le­ri­ne çyk­mak üçin amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär. Bu bol­sa örän uly möç­ber­li ýük­le­riň daşal­ýan ara­ly­gy­ny hem-de möh­le­ti­ni ep-es­li gys­galt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.  

                                                                   

Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň gu­rul­ma­gy döw­le­ti­mi­ziň Ha­zar deň­zin­dä­ki ulag müm­kin­çi­lik­le­ri­niň kuw­wa­ty­nyň art­ma­gy­na gör­ne­tin tä­sir et­di. Türk­me­nis­tan­da de­ňiz ulag ul­ga­my me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da ös­dü­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2015-nji ýy­lyň 27-nji mar­tyn­da­ky Ka­ra­ry esa­syn­da «De­ňiz söw­da flo­ty» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti dö­re­dil­di. Ýur­du­my­zyň deňiz flo­tu­nyň yg­ty­ýa­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň bu­ýur­ma­sy bo­ýun­ça daşary ýurt­lar­da gur­lan döw­re­bap gä­mi­le­riň en­çe­me­si, şol san­da deňiz-der­ýa gör­nüşli «Sum­bar», «Ha­zar», «Jeý­hun», «Bi­ta­rap», «Et­rek», «Ala­ja», «Ke­nar» at­ly ne­bit gu­ýul­ýan tan­ker­le­riň 7-si, «Älem», «Ja­han», «Se­ýil», «Gud­rat» at­ly çe­ki­ji tir­keg gä­mi­le­ri ge­lip go­wuşdy. Bu bol­sa ne­bit we ne­bit önüm­le­ri­ni daşamak müm­kin­çi­li­gi­ni has-da art­dyr­dy. 2014-nji ýy­lyň 5-nji de­kab­ryn­da Türk­men­başy Hal­ka­ra deňiz por­tu­nyň gä­mi du­ral­ga­sy­na 200 ýo­lag­çy we 50 sa­ny aw­tou­lag, şol san­da ýük aw­tou­lag­la­ry­ny we beý­le­ki ulag se­rişde­le­ri­ni daşama­ga ni­ýet­le­nen «RO-PAХ» gör­nüşli «Ber­ka­rar» gä­mi­si ge­ti­ril­di. Gä­mi Türk­men­başy por­tun­dan Ba­ku (Azer­baý­jan), Ol­ýa (Rus­si­ýa), En­ze­li we Ami­ra­bad (Eý­ran) port­la­ry­na yzy­gi­der­li gat­na­wy ama­la aşyr­ýar. Türk­men­ba­şy — En­ze­li — Nou­şehr ara­ly­gyn­da tä­ze gä­mi gat­na­wy ýo­la go­ýul­dy. 2015-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da bol­sa Hor­wa­ti­ýa­dan ge­ti­ri­len «RO-PAХ» gör­nüşli ikin­ji gä­mi — «Bag­ty­ýar­lyk» gä­mi­si Türk­men­ba­şy de­ňiz por­tu­na la­byr taş­la­dy.  

                                                                   

2019-njy ýyl­da, bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na taý­ýar­ly­gyň soň­ky gün­le­rin­de türk­men de­ňiz flo­tu­nyň üs­ti Ta­ta­rys­tan­da ön­dü­ri­len «Ro­waç» at­ly ýe­ne bir ýo­lag­çy gä­mi­si bi­len ýe­ti­ril­di. 

                                                                   

Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň üs­ti bi­len Öz­be­gis­tan we Azer­baý­jan öza­ra ýük do­la­ny­şy­gy­ny art­dyr­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler. Öz­be­gis­tan Türk­me­nis­tan, Azer­baý­jan we Gru­zi­ýa bi­len öz­bek ha­ryt­la­ry­ny Ha­za­rüs­ti ug­ry bo­ýun­ça üs­ta­şyr ge­çir­mek­de 50 gö­te­ri­me çen­li ýe­ňil­lik­le­ri al­mak ba­ra­da yla­la­şyk ga­zan­dy. Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň we Azer­baý­ja­nyň Ba­ku por­tu­nyň ara­syn­da 2022-nji ýy­lyň ba­şyn­da ýük gämileriniň gat­na­wy ýo­la go­ýul­dy. Mun­dan ozal, Türk­men­ba­şy bi­len Ba­ku port­la­ry­nyň ara­syn­da di­ňe bir fi­der gä­mi­si gat­na­ýar­dy. Bu port­la­ryň ara­syn­da gä­mi gat­na­wy­ny art­dyr­mak ba­ra­da­ky tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi «Azer­baý­ja­nyň Ha­zar ýük da­şa­ýyş kom­pa­ni­ýa­sy» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň, «Ba­ku Hal­ka­ra de­ňiz söw­da por­ty» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň we Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň gol­da­wy bi­len ama­la aşy­ryl­dy. Bu ädim Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti — Hy­taý — Gyr­gy­zys­tan — Öz­be­gis­tan — Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Gru­zi­ýa — Tür­ki­ýe — Ýew­ro­pa ulag ge­çel­ge­si­ni ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Tür­ki­ýe hem bu ug­ra 2021-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da go­şul­dy. Hä­zir­ki wagt­da bu ugur­da kon­teý­ner­li ýük­ler Ba­ku — Tbi­li­si — Kars de­mir ýo­lu­nyň üs­ti bi­len, şeý­le hem Gru­zi­ýa­nyň Po­ti we Ba­tu­mi port­la­ryn­dan Öz­be­gis­ta­na, Türk­me­nis­ta­na, Gyr­gy­zys­ta­na we gar­şy ugur bo­ýun­ça ug­ra­dyl­ýar. 2021-nji ýyl­da bu ugur­da ýük gat­na­wy, 2020-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 101 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Ýü­küň da­şal­ma­gy «Pacific Eu­ra­sia Lo­gis­tics» türk kom­pa­ni­ýa­sy, Gru­zi­ýa­nyň «GR Lo­gis­tic and Ter­mi­nals», «ADY Con­tai­ner», TULM, Öz­be­gis­ta­nyň «Uz­bek­te­mi­ryo­lexpe­di­ti­on» kom­pa­ni­ýa­sy we Gyr­gy­zys­ta­nyň de­mir ýol­la­ry ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar. Ta­rap­lar ugur­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len bir­nä­çe du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di­ler. Bu ugur­da 2021-nji ýy­lyň maý aýyn­da yla­la­şyk ga­za­ny­lyp, kon­teý­ner­ler 18 gü­nüň do­wa­myn­da Tür­ki­ýä­niň Iz­mir şä­he­rin­den Gyr­gy­zys­ta­nyň Oş şä­he­ri­ne çen­li da­şal­dy. Kom­pa­ni­ýa­lar bu ugur­da sarp edil­ýän wag­ty 12 gü­ne çen­li azalt­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň gün­ba­ta­ryn­da, stra­te­gik taý­dan mö­hüm bo­lan Ha­zar se­bi­tin­de tä­ze ulag-lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­niň ulan­ma­ga be­ril­me­gi bi­len, se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, Ha­za­rüs­ti gat­naw­la­ryň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak üçin iri meý­dan­ça dö­re­di, ulag akym­la­ry­nyň tä­ze gur­lu­şy ke­ma­la gel­di. Türk­men­ba­şy­da­ky tä­ze port hal­ka­ra we se­bit dü­züm­le­ri — Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­syn­dan, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­dan, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­syn­dan, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­syn­dan bo­lan hyz­mat­daş­lar bi­len ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň tä­ze göz­ýe­tim­le­ri­ni aç­dy. 

                                                                   

 Ga­ra­bo­gaz por­ty. Men­de­le­ýe­wiň pe­rio­dik tab­li­sa­syn­da­ky hi­mi­ki ele­ment­le­riň ag­la­ba­sy ýer­le­şen ýur­du­my­zyň bu hi­mi­ýa ha­zy­na­sy­ny öz­leş­dir­mek­de Ga­ra­bo­gaz por­tu­nyň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, Ga­ra­bo­gaz tä­ze de­ňiz men­zi­li bi­na edil­di. 2018-nji ýy­lyň güý­zün­de ulan­ma­ga ber­len «Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid» za­wo­dyn­da ön­dü­ri­len önüm­ler de­ňiz por­tu­na ug­ra­dyl­ýar, ol ýer­den bol­sa da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port edil­ýär. Top­lu­myň önüm­le­ri­ni ga­ra ýol ar­ka­ly eks­port et­mek üçin Türk­men­ba­şy — Ga­ra­bo­gaz — Ga­za­gys­tan aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň hem-de Ga­ra­bo­gaz aý­la­gy­nyň üs­tün­den tä­ze aw­tou­lag köp­rü­si­niň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny do­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky döw­let agent­li­gi­ne Türk­men­ba­şy — Ga­ra­bo­gaz — Ga­za­gys­ta­nyň ser­he­di­ne çen­li bar­ýan aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň ug­run­da Ga­ra­bo­gaz köl aý­la­gy­nyň üs­tün­den geç­ýän iki gat­naw­ly 2 sa­ny he­re­ket zo­la­gyn­dan yba­rat bo­lan aw­to­mo­bil köp­rü­si­niň hem-de onuň el­ti­ji ýol­la­ry­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we ola­ry gur­mak ba­ra­da Uk­rai­na­nyň «Do­rož­no­ýe stroi­telst­wo «Alt­kom» jo­gap­kär­çi­li­gi çäk­li jem­gy­ýe­ti bi­len şert­na­ma­ny bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.  

                                                                   

 Ala­ja por­ty — Ha­zar şä­he­ri­niň (ozal­ky Çe­le­ken) 6 ki­lo­metr gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da, gü­nor­ta Çe­le­ken aý­la­gy­nyň ke­na­ryn­da ýer­le­şen ne­bit ter­mi­na­ly. Şä­he­riň mer­ke­zin­den 2 ki­lo­metr de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da ikin­ji de­ňiz por­ty ýer­leş­ýär. 

                                                                                                           

Ju­ma­my­rat GUR­BAN­GEL­DI­ÝEW,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.

24.06.2022
Gel­je­giň ener­ge­ti­ka­sy­na geç­mek ug­run­da hyz­mat­daş­lyk

Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa fo­ru­my ge­çi­ril­di 

                                                                   

 Aş­ga­bat, 23-nji iýun (TDH). Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da “Ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­ma­gyň eko­lo­gi­ýa jä­het­le­ri” at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ol “Türk­men­gaz” we “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­sern­le­ri­niň, “Türk­men­geo­lo­gi­ýa” döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň “Türk­men Fo­rum” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti bi­len hyz­mat­daş­ly­gyn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň “Gaff­neyСli­ne” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýar­dam ber­me­gin­de gu­ral­dy. 

                                                                   

Şu ge­zek­ki fo­rum di­ňe bir ada­ty gör­nüş­de ge­çi­ril­män, eý­sem, Aş­ga­bat­dan dün­ýä­niň on­lar­ça ýur­du­na on­laýn ter­ti­bin­de hem gör­ke­zil­di. Oňa Hö­kü­met dü­züm­le­ri­niň, ugur­daş mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän hal­ka­ra mis­si­ýa­la­ryň, mil­li we da­şa­ry ýurt köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Şeý­le hem fo­ru­myň işi­ne Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp­la­ry on­laýn gör­nü­ş­de go­şul­dy­lar. Fo­rum ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni öz­leş­dir­me­giň eko­lo­gik ta­rap­la­ry we tä­ze döw­rüň ener­gi­ýa­sy­na ge­çiş, wo­do­rod — gel­je­giň ýan­gy­jy, zy­ňyn­dy­la­ry do­ly aýyr­mak we mo­ne­ti­za­si­ýa üçin me­tan zy­ňyn­dy­la­ry­ny we kö­mür­tur­şy ga­zy­ny azalt­mak, eko­lo­gi­ýa we ho­wa bo­ýun­ça ma­li­ýe­leş­dir­me­giň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri hem-de aras­sa ener­gi­ýa­ny ön­dür­mek­dä­ki baş­lan­gyç­lar ýa­ly dört ug­ry öz içi­ne al­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, oňyn Bi­ta­rap­lyk we ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ama­la aşyr­ýan Türk­me­nis­tan hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň de­ňe­çer çöz­gü­di­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Aras­sa ener­gi­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga, tu­tuş dün­ýä­de eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýän “ýa­şyl” gel­je­gi ös­dür­mä­ge ba­gyş­la­nan bu ge­zek­ki fo­rum de­giş­li ugur­da­ky me­se­le­le­riň çöz­gü­di­ne gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da “ýa­şyl” ösüş stra­te­gi­ýa­sy öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ra hem-de kö­pa­syr­lyk mil­li ýö­rel­ge­le­re da­ýan­ýan döw­le­ti­mi­ziň dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi­niň gu­ral­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa­nyň hem-de ener­ge­ti­ka pu­da­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne, ug­le­wo­do­rod ba­zar­la­ry­nyň tä­ze döw­rüň ener­ge­ti­ka­sy­na geç­mek­de eýe­le­ýän or­nu­na, ne­bit­gaz tas­la­ma­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek­de hä­zir­ki za­man me­ýil­le­ri­ne, te­bi­gy se­riş­de­le­re aýaw­ly çe­me­le­şil­me­gi­ne we beý­le­ki­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­di. 

                                                                   

Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan te­bi­ga­ty go­ra­mak ul­ga­myn­da­ky sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak­da mil­li, se­bit hem-de hal­ka­ra de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­lar­dyr tas­la­ma­lar, şol san­da te­bi­gy se­riş­de­le­ri re­je­li peý­da­lan­mak, ýur­du­myz­da gu­rul­ýan se­na­gat des­ga­la­ryn­da hä­zir­ki za­man, eko­lo­gik taý­dan aras­sa we tyg­şyt­ly “ýa­şyl” teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak ba­bat­da ge­çi­ril­ýän çä­re­ler bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de tä­ze gaz­hi­mi­ýa top­lum­la­ry­ny, şol san­da izo­bu­tan, me­ta­nol, po­li­wi­nilh­lo­rid, po­li­wi­ni­la­se­tat we beý­le­ki önüm­le­ri çy­kar­ýan kär­ha­na­la­ry gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si tu­tuş­ly­gy­na yk­dy­sa­dy­ýe­tiň in­no­wa­si­ýa­lar esa­syn­da ös­dü­ril­me­gi­ni güýç­len­dir­mä­ge, eks­por­ta ibe­ril­ýän ha­ryt­la­ryň dü­zü­min­de ýo­ka­ry goş­ma­ça ba­ha­ly önüm­le­riň pa­ýy­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. 

                                                                   

Dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ryn­da “gel­je­giň ýan­gy­jy” stra­te­gi­ýa­sy hök­mün­de iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýan wo­do­rod önüm­çi­li­gi­niň ýur­du­myz­da ýo­la go­ýul­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Yl­my bar­lag­la­ryň bar­şyn­da tas­syk­la­ny­lan wo­do­rod ener­ge­ti­ka­sy­nyň ýo­ka­ry ula­ny­lyş, teh­no­lo­gik we eko­lo­gik hä­si­ýet­na­ma­la­ry ýan­gy­jyň bu gör­nü­şi­niň ar­tyk­maç­lyk­la­ry­dyr. Ony se­na­gat­da hem, bi­na­la­ry ýy­lat­mak ul­ga­myn­da hem ne­ti­je­li peý­da­la­nyp bo­lar. Mun­dan baş­ga-da, wo­do­rod daş­ky gur­şaw üçin howp­suz­dyr. Bu ýan­gy­jy peý­da­lan­ma­gyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri hut şu­lar bi­len şert­len­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä­niň iri ener­ge­ti­ka döw­let­le­ri­niň bi­ri bol­mak bi­len, özü­niň ägirt uly se­riş­de­ler kuw­wa­ty­ny tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne ulan­mak ar­ka­ly äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň tä­ze keş­bi­niň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar, onuň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri ama­la aşyr­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan mö­hüm iş­le­riň bi­ri­dir. On­da BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry, Hal­ka­ra Ener­ge­ti­ka Agent­li­gi, Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň Sek­re­ta­ria­ty hem-de beý­le­ki ugur­daş dü­züm­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň anyk ugur­la­ry kes­git­le­nil­ýär. 

                                                                   

Çy­kyş­lar­da bi­ziň ýur­du­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­dä­ki çä­re­le­re gat­na­şy­jy­la­ryň öň ha­ta­ryn­da bol­mak bi­len, özü­niň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni äh­lu­mu­my bäh­bit­ler üçin ulan­ma­gy tek­lip ed­ýän­di­gi, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ga­raý­şy­ny hem-de ola­ra ýet­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni be­ýan ed­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan stra­te­gi­ýa ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly pu­dak­la­ryň hem-de döw­le­ti­mi­ziň dur­muş üp­jün­çi­li­gi­niň äh­li dü­züm­le­ri­niň saz­la­şyk­ly he­re­ket et­me­gi­niň bin­ýat­la­ýyn dü­zü­mi hök­mün­de “ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dün­ýä ba­zar­la­ry­na çy­kar­ma­gyň ugur­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, ne­bi­tiň we ga­zyň çy­ka­ryl­ýan möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, tä­ze ug­le­wo­do­rod ýa­tak­la­ry­ny göz­le­me­giň hem-de öz­leş­dir­me­giň, şol san­da da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­me­giň ha­sa­by­na pu­da­gyň çig mal bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek bu ul­gam­da Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­lar bi­len tä­ze kän­le­ri aç­mak, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly ozal açy­lan ýa­tak­la­ryň çäk­le­ri­ni gi­ňelt­mek, yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, tä­ze ha­ryt­la­ryň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça kuw­wat­lyk­la­ry dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, bi­le­lik­de ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti bel­le­nil­di. 

                                                                   

Çy­kyş eden­le­riň nyg­ta­ýyş­la­ry ýa­ly, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň bu ul­gam­da­ky gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma­la­ry, oza­ly bi­len, ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz top­lu­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler, şeý­le hem dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy işe­wür­lik to­par­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si esa­syn­da şert­len­di­ri­len­dir. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, gel­je­gi uly türk­men ba­za­ryn­da äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin örän amat­ly hu­kuk, ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ne aý­ra­tyn üns çe­kil­di. 

                                                                   

Ne­bit­gaz ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň eko­lo­gik ugur­la­ry­na hem äh­mi­ýet be­ril­di. Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da aý­dy­lan­da, soň­ky ýyl­lar­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry dep­gin­le­re eýe bo­lan­dy­gy bel­le­nil­di, bu ul­gam­da ama­la aşy­ryl­ýan bi­le­lik­dä­ki iri tas­la­ma­lar ola­ryň ne­ti­je­le­ri­dir. Çy­kyş eden­le­riň bi­ra­gyz­dan nyg­ta­mak­la­ry­na gö­rä, bu ge­zek­ki çä­re ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry ýurt­ly hü­när­men­le­riň ara­syn­da tej­ri­be alyş­mak, giň ge­rim­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak, öza­ra bäh­bit­li, gel­je­gi uly tas­la­ma­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça öw­rül­di. 

                                                                   

Bu gün türk­men yl­my­nyň te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça top­lan tej­ri­be­si­ne hem-de ägirt uly kuw­wa­ty­na tu­tuş dün­ýä­de gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýär. Mu­ňa ýur­du­my­zyň iri eko­lo­gi­ýa fo­rum­la­ry­ny, mas­la­hat­la­ry ge­çir­mek üçin en­çe­me ge­zek saý­la­nyp alyn­ma­gy hem şa­ýat­lyk ed­ýär. No­bat­da­ky fo­ru­myň çäk­le­rin­de gel­jek­ki hyz­mat­daş­ly­gyň anyk ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň we­kil­le­ri­niň we ola­ryň da­şa­ry ýurt­ly kär­deş­le­ri­niň ara­syn­da du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di.

24.06.2022
Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa fo­ru­my ge­çi­ril­di

Aş­ga­bat, 23-nji iýun. Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da “Ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­ma­gyň eko­lo­gi­ýa jä­het­le­ri” at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ol “Türk­men­gaz” we “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­sern­le­ri­niň, “Türk­men­geo­lo­gi­ýa” döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň “Türk­men Fo­rum” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti bi­len hyz­mat­daş­ly­gyn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň “Gaff­neyСli­ne” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýar­dam ber­me­gin­de gu­ral­dy. 

                                                                   

Şu ge­zek­ki fo­rum di­ňe bir ada­ty gör­nüş­de ge­çi­ril­män, eý­sem, Aş­ga­bat­dan dün­ýä­niň on­lar­ça ýur­du­na on­laýn ter­ti­bin­de hem gör­ke­zil­di. Oňa Hö­kü­met dü­züm­le­ri­niň, ugur­daş mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän hal­ka­ra mis­si­ýa­la­ryň, mil­li we da­şa­ry ýurt köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Şeý­le hem fo­ru­myň işi­ne Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp­la­ry on­laýn gör­nü­ş­de go­şul­dy­lar. Fo­rum ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni öz­leş­dir­me­giň eko­lo­gik ta­rap­la­ry we tä­ze döw­rüň ener­gi­ýa­sy­na ge­çiş, wo­do­rod — gel­je­giň ýan­gy­jy, zy­ňyn­dy­la­ry do­ly aýyr­mak we mo­ne­ti­za­si­ýa üçin me­tan zy­ňyn­dy­la­ry­ny we kö­mür­tur­şy ga­zy­ny azalt­mak, eko­lo­gi­ýa we ho­wa bo­ýun­ça ma­li­ýe­leş­dir­me­giň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri hem-de aras­sa ener­gi­ýa­ny ön­dür­mek­dä­ki baş­lan­gyç­lar ýa­ly dört ug­ry öz içi­ne al­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, oňyn Bi­ta­rap­lyk we ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ama­la aşyr­ýan Türk­me­nis­tan hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň de­ňe­çer çöz­gü­di­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Aras­sa ener­gi­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga, tu­tuş dün­ýä­de eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýän “ýa­şyl” gel­je­gi ös­dür­mä­ge ba­gyş­la­nan bu ge­zek­ki fo­rum de­giş­li ugur­da­ky me­se­le­le­riň çöz­gü­di­ne gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da “ýa­şyl” ösüş stra­te­gi­ýa­sy öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ra hem-de kö­pa­syr­lyk mil­li ýö­rel­ge­le­re da­ýan­ýan döw­le­ti­mi­ziň dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi­niň gu­ral­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa­nyň hem-de ener­ge­ti­ka pu­da­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne, ug­le­wo­do­rod ba­zar­la­ry­nyň tä­ze döw­rüň ener­ge­ti­ka­sy­na geç­mek­de eýe­le­ýän or­nu­na, ne­bit­gaz tas­la­ma­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek­de hä­zir­ki za­man me­ýil­le­ri­ne, te­bi­gy se­riş­de­le­re aýaw­ly çe­me­le­şil­me­gi­ne we beý­le­ki­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­di. 

                                                                   

Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan te­bi­ga­ty go­ra­mak ul­ga­myn­da­ky sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak­da mil­li, se­bit hem-de hal­ka­ra de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­lar­dyr tas­la­ma­lar, şol san­da te­bi­gy se­riş­de­le­ri re­je­li peý­da­lan­mak, ýur­du­myz­da gu­rul­ýan se­na­gat des­ga­la­ryn­da hä­zir­ki za­man, eko­lo­gik taý­dan aras­sa we tyg­şyt­ly “ýa­şyl” teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak ba­bat­da ge­çi­ril­ýän çä­re­ler bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de tä­ze gaz­hi­mi­ýa top­lum­la­ry­ny, şol san­da izo­bu­tan, me­ta­nol, po­li­wi­nilh­lo­rid, po­li­wi­ni­la­se­tat we beý­le­ki önüm­le­ri çy­kar­ýan kär­ha­na­la­ry gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si tu­tuş­ly­gy­na yk­dy­sa­dy­ýe­tiň in­no­wa­si­ýa­lar esa­syn­da ös­dü­ril­me­gi­ni güýç­len­dir­mä­ge, eks­por­ta ibe­ril­ýän ha­ryt­la­ryň dü­zü­min­de ýo­ka­ry goş­ma­ça ba­ha­ly önüm­le­riň pa­ýy­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. 

                                                                   

Dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ryn­da “gel­je­giň ýan­gy­jy” stra­te­gi­ýa­sy hök­mün­de iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýan wo­do­rod önüm­çi­li­gi­niň ýur­du­myz­da ýo­la go­ýul­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Yl­my bar­lag­la­ryň bar­şyn­da tas­syk­la­ny­lan wo­do­rod ener­ge­ti­ka­sy­nyň ýo­ka­ry ula­ny­lyş, teh­no­lo­gik we eko­lo­gik hä­si­ýet­na­ma­la­ry ýan­gy­jyň bu gör­nü­şi­niň ar­tyk­maç­lyk­la­ry­dyr. Ony se­na­gat­da hem, bi­na­la­ry ýy­lat­mak ul­ga­myn­da hem ne­ti­je­li peý­da­la­nyp bo­lar. Mun­dan baş­ga-da, wo­do­rod daş­ky gur­şaw üçin howp­suz­dyr. Bu ýan­gy­jy peý­da­lan­ma­gyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri hut şu­lar bi­len şert­len­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä­niň iri ener­ge­ti­ka döw­let­le­ri­niň bi­ri bol­mak bi­len, özü­niň ägirt uly se­riş­de­ler kuw­wa­ty­ny tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne ulan­mak ar­ka­ly äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň tä­ze keş­bi­niň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar, onuň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri ama­la aşyr­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan mö­hüm iş­le­riň bi­ri­dir. On­da BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry, Hal­ka­ra Ener­ge­ti­ka Agent­li­gi, Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň Sek­re­ta­ria­ty hem-de beý­le­ki ugur­daş dü­züm­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň anyk ugur­la­ry kes­git­le­nil­ýär. 

                                                                   

Çy­kyş­lar­da bi­ziň ýur­du­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­dä­ki çä­re­le­re gat­na­şy­jy­la­ryň öň ha­ta­ryn­da bol­mak bi­len, özü­niň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni äh­lu­mu­my bäh­bit­ler üçin ulan­ma­gy tek­lip ed­ýän­di­gi, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ga­raý­şy­ny hem-de ola­ra ýet­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni be­ýan ed­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan stra­te­gi­ýa ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly pu­dak­la­ryň hem-de döw­le­ti­mi­ziň dur­muş üp­jün­çi­li­gi­niň äh­li dü­züm­le­ri­niň saz­la­şyk­ly he­re­ket et­me­gi­niň bin­ýat­la­ýyn dü­zü­mi hök­mün­de “ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dün­ýä ba­zar­la­ry­na çy­kar­ma­gyň ugur­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, ne­bi­tiň we ga­zyň çy­ka­ryl­ýan möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, tä­ze ug­le­wo­do­rod ýa­tak­la­ry­ny göz­le­me­giň hem-de öz­leş­dir­me­giň, şol san­da da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­me­giň ha­sa­by­na pu­da­gyň çig mal bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek bu ul­gam­da Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­lar bi­len tä­ze kän­le­ri aç­mak, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly ozal açy­lan ýa­tak­la­ryň çäk­le­ri­ni gi­ňelt­mek, yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, tä­ze ha­ryt­la­ryň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça kuw­wat­lyk­la­ry dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, bi­le­lik­de ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti bel­le­nil­di. 

                                                                   

Çy­kyş eden­le­riň nyg­ta­ýyş­la­ry ýa­ly, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň bu ul­gam­da­ky gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma­la­ry, oza­ly bi­len, ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz top­lu­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler, şeý­le hem dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy işe­wür­lik to­par­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si esa­syn­da şert­len­di­ri­len­dir. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, gel­je­gi uly türk­men ba­za­ryn­da äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin örän amat­ly hu­kuk, ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ne aý­ra­tyn üns çe­kil­di. 

                                                                   

Ne­bit­gaz ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň eko­lo­gik ugur­la­ry­na hem äh­mi­ýet be­ril­di. Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da aý­dy­lan­da, soň­ky ýyl­lar­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry dep­gin­le­re eýe bo­lan­dy­gy bel­le­nil­di, bu ul­gam­da ama­la aşy­ryl­ýan bi­le­lik­dä­ki iri tas­la­ma­lar ola­ryň ne­ti­je­le­ri­dir. Çy­kyş eden­le­riň bi­ra­gyz­dan nyg­ta­mak­la­ry­na gö­rä, bu ge­zek­ki çä­re ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry ýurt­ly hü­när­men­le­riň ara­syn­da tej­ri­be alyş­mak, giň ge­rim­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak, öza­ra bäh­bit­li, gel­je­gi uly tas­la­ma­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça öw­rül­di. 

                                                                   

Bu gün türk­men yl­my­nyň te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça top­lan tej­ri­be­si­ne hem-de ägirt uly kuw­wa­ty­na tu­tuş dün­ýä­de gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýär. Mu­ňa ýur­du­my­zyň iri eko­lo­gi­ýa fo­rum­la­ry­ny, mas­la­hat­la­ry ge­çir­mek üçin en­çe­me ge­zek saý­la­nyp alyn­ma­gy hem şa­ýat­lyk ed­ýär. No­bat­da­ky fo­ru­myň çäk­le­rin­de gel­jek­ki hyz­mat­daş­ly­gyň anyk ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň we­kil­le­ri­niň we ola­ryň da­şa­ry ýurt­ly kär­deş­le­ri­niň ara­syn­da du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. 

                                                                                                           

www.tdh.gov.tm

24.06.2022
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi

Duşuşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Merkezi  bankynyňTäjigistan Respublikasy tarapyndan Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministriniň orunbasary  Şarifa Hudobahş, Täjigistan Respublikasynyň Maliýe ministriniň orunbasary Ýusuf Madjidi, Täjigistan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň daşary ýurt bergisini düzgünleşdirmek müdirliginiň başlygy Şohin Mulloýew dagylar gatnaşdylar.

    Şeýle hem duşuşyga, Täjigistan Respublikasynyň Döwlet material ätiýaçlyk agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

    Duşuşygyň esasy maksady  söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň onunjy mejlisiniň Teswirnamasynda göz öňünde tutulan meseleleri ara alyp maşlahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar toparyň 2021-njy ýylyň iýulynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň onunjy mejlisiniň çözgütlerine laýyklykda bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar eksport-import amallarynyň gowulandyrylmagy, özara üpjün edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň göwrüminiň artdyrylmagy bilen birlikde söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamyndaky gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegine itergi berýän şertleriň kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda himiýa,                 ýangyç-energetika, oba hojalygy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň özara hereketleriň derwaýys ugurlaryna seredilip geçildi.

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň on birinji mejlisiniň 2022-nji ýylyň 4-nji çärýeginde Aşgabatda geçirilmegi teklip edildi we täjik wekilleri tarapyndan bu teklip goldanyldy.Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.  


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

23.06.2022
Ministrligiň merkezi binasynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça Iş toparynyň nobatdaky sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi

2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň  Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça Iş toparynyň nobatdaky  sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

         Duşuşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň,  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri gatnaşadylar.

Bu duşuşygyň esasy maksady ýurdumyzda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň amala aşyrylyşy boýunça edilen işleri we Türkmenistanyň ikinji meýletin milli synynyň taýýarlyk işleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow duşuşygyň başynda giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ministrlik tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň  Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça uly ähmiýetli işleriň alyp barylýandygy barada aýdyp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, ministr Muhammetgeldi Serdarow şeýle-de öz çykyşynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi we Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça alnyp barylýan işler barada ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan uly ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de duşuşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada giňişleýin beýan etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan Durnukly Ösüş Maksatlaryny maliýeleşdirmek meseleleri boýunça Durnukly ösüş maksatlarynyň baş ýörelgesine – «hiç kimi çetde goýmaly däl» diýen ýörelgesinden ugur alyp milli syýasatymyzyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça işleriň güýçlendiriljekdigi barada ministr Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda belläp geçdi.  

Şu ýylyň başynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän uzakmöhletleýin maksatnamanyň ýagny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilendigi barada bellenilip geçildi. Bu maksatnamada Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça giňden beýan edilendigi barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko öz tarapyndan giriş sözi bilen çykyş etdi. Şeýle hem bu duşuşygyň maksady we meseleleri barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle-de Dmitriý Slapaçenko öz çykyşynda ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça uly ähmiýetli işleri alyp barýandyklary barada aýdyp geçdi.

2022-nji ýylda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň  ortamöhletli syny boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň maslahatçysy Marian Petreski Durnukly Ösüş Maksatlaryny amala aşyrmakda öňe gidişlikleri (halkara maglumat çeşmeleriň esasynda),  2022-nji ýylda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň  ortamöhletli synyň netijeleri barada çykyş etdi. Şeýle hem, 2023-nji ýyl boýunça Meýletin Milli Syny taýýarlamak boýunça taýýarlyk işleri barada aýdyp geçdi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Zähmetiň we iş hakynyň statistikasy müdirliginiň başlygy Gözel Nurmyradowa Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Milli maglumat binýadyny işe girizmekde öňe gidişlikleri (Onlaýyn görnüşine geçmekde gelejekki ädimleri) barada aýdyp geçdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Güljemile Annaniýazowa öz çykyşynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Milli maglumat binýadyny işe girizmekde uly ähmiýetli işleri alyp barýandyklary barada aýdyp geçdi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň başlygy Atajan Ataýew ýurdumyzda ýylyň dowamynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň  Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça ýerine ýetirilen işleri barada hasabat berdi. Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň   Türkmenistanda  ornaşdyrylmagynyň ähmiýetini ýokarlandyrmak we olary amala aşyrmak  boýunça uly işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyp geçdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan taýýarlanan Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça ýerine ýetirilen işleri barada gürrüň berýän prezentasiýa bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistan maliýeleşdirmek boýunça Addis-Abeba hereketleriniň meýilnamasyny doly goldaýandygyny we onuň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýändigi barada beýan etdi. Şeýle hem häzirki wagtda durnukly ösüşi maliýeleşdirmek meselelerini çözmek boýunça Türkmenistan maliýeleşdirmek ösüşiniň sebitleýin platformasynda işjeň gatnaşýandygy barada aýdyp geçdi. 

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda  ornaşdyrylmagy boýunça degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gatnaşýan wekilleriň arasynda sorag-jogap alşyldy.

Soňra degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň bilen guramaçylaryň arasynda duşuşygyň işiniň dowam etmegi, berjek netijeleri barada özara pikir alşyldy we gatnaşyjylara sag bolsun aýdylyp, işlerinde üstünlik arzuw edildi hem-de duşuşyk jemlendi.

Duşuşugyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň        abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman,     il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

23.06.2022
Sahawatly türkmen topragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her güni şatlykly, taryhy wakalara beslenýär. Munuň şeýledigi şu ýylyň 17-nji, 18-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mary hem-de Lebap welaýatlaryna toý saparyny amala aşyranda ýene bir gezek aýdyň ýüze çykdy. Saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat-önümçilik toplumyndaky işleriň ýagdaýy,  şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Bu sebitlerde ulanylmaga berlen durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalar ata Watanymyzyň ykdysady ösüşine we halkymyzyň rowaçlygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam berer. Hormatly Prezidentimiz Mary we Lebap welaýatlaryna toý saparlaryny tamamlap, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň maslahatlar zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly, ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi. Döwlet Baştutanymyz   Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň ahyrynda onda garalan meseleleriň, kesgitlenen wezipeleriň doly ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek Arkadagly Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Häzirki döwürde ýurdumyz boýunça milli ykdysadyýeti, şol sanda obasenagat toplumynyň ähli pudaklaryny özgertmek bilen baglanyşykly düýpli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň ekerançylaryň netijeli zähmeti, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak meselelerine yzygiderli üns bermegi netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy, oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmegiň möçberlerini artdyrmak üpjün edilýär hem-de ekerançylaryň öz işlerine gyzyklanmalary ýokarlanýar.  

                                                                   

Şu ýyl Mary welaýatynda 345 müň tonna, Lebap welaýatynda bolsa 310 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Ekerançylyk meýdanlaryna ak bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi. Döwlet Baştutanymyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi netijesinde, şu gezekki galla oragy möwsüminde «John Deere» we «Сlaas» kysymly häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanylýar. Bu ýokary öndürijilikli kombaýnlar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär. Sapar mahalynda hormatly Prezidentimize Tagtabazar hem-de Darganata etraplarynyň edermen daýhanlarynyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edendikleri baradaky hoş habarlar aýdyldy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz toý saparlary mahalynda Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde kärendeçi daýhan Atageldi Ärnyýazowyň hem-de Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçisi Azat Joraýewiň iş şertleri, maşgala ýagdaýlary we kärende ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriniň görnüşleri hem-de galla meýdanlarynyň hasyllyk derejesi, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işleriniň geçirilişi bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde oba hojalyk önümlerini öndürijileriň — daýhanlaryň netijeli zähmeti, kärendeçileriň zerur dökün, ýokary hilli tohum bilen üpjün edilmegi ugrunda hemme şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet tarapyndan daýhanlara hemmetaraplaýyn goldawlaryň berilmegi alnyp barylýan syýasatyň hemişe ileri tutulýan ugry bolar. Munuň özi milli daýhançylyk däplerini ösdürmekde, ýaş nesilleri halal zähmete söýgi ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz daýhanlar bilen duşuşanda «Bismilla» diýip, olaryň kärende ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilen bugdaý oragyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyz kärendeçi daýhanlara çekýän yhlasly we öndürijilikli zähmetlerine minnetdarlygyň nyşany hökmünde sowgatlaryny gowşurdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz kärendeçi daýhanlaryň haýyşlary boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.  

                                                                   

Sapar mahalynda döwlet Baştutanymyz Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri, alym B.Nowruzow bilen söhbetdeş boldy. Alym bu merkezde köp ýyllaryň dowamynda degişli ugurlar boýunça ylmy-barlaglaryň geçirilýändigini gürrüň berdi. Mysal üçin, bugdaýyň dok däneli, kesele durnukly we ýokary hasylly täze görnüşleri döredildi. Alym-agronom şeýle hem bugdaýyň täze, gylçykly we gylçyksyz görnüşleriniň hasyllylyk derejesiniň her gektardan 55 — 60 sentnere barabardygyny, olaryň 200 — 210 günüň dowamynda ýetişýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, B.Nowruzow hormatly Prezidentimize bugdaýyň täze döredilen görnüşlerine at goýmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Arkadagly Serdarymyz türkmen alymlarynyň ylmy taýdan esaslandyryp döreden tohumlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň miwesidigini bellemek bilen, bugdaýyň täze görnüşleriniň häzirki döwrüň ruhuny alamatlandyrýan «Berkarar» we «Galkynyş» diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de alym-agronomlara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy, onda gowaçanyňdyr bugdaýyň tohumlarynyň dürli görnüşleri, şeýle hem täze hasyldan taýýarlanylan çörek we çörek önümleri görkezildi. Bu sergi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilendiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Arkadagly Serdarymyza tamdyrda ýaňy bişirilen çörek hödür edildi. 

                                                                   

Bilşimiz ýaly, Arkadagly hajy Serdarymyz ýakynda Mekge-Medinede bolup, ol ýerde haj zyýaratyny berjaý etdi. Şonda hormatly Prezidentimiz mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň hemişe abadan, parahat durmuşda ýaşamagy üçin ýagşy doga-dilegler etdi. Hudaýyň öýüniň berekediniň, päkizeliginiň ýurdumyza, milletimize nur bolup ýagmagy dileg edilip, dost-doganlykdan nyşan hökmünde döwlet Baştutanymyza mukaddes teperrik berildi. Bu waka Arkadagly Serdarymyza, mähriban halkymyza, ýurdumyza goýlan çuňňur hormatdan nyşandyr.  

                                                                   

Sapar mahaly döwlet Baştutanymyz Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidine bardy. Bu metjitde mukaddes Mekgeden getirilen teperrik goýuldy. Hormatly Prezidentimiz ony beýleki welaýatlaryň metjitlerinde gezekli-gezegine goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3 müň orunlyk binany dabaraly açyp berdi. Şanly waka mynasybetli bu ýerde toý sadakasy berildi. Soňra Arkadagly Serdarymyz täze binadan çykyp, Mary welaýatynyň häkimine täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Şol gün şeýle hem hormatly Prezidentimiziň umra hajyny berjaý etmek üçin mukaddes Käbä zyýaraty amala aşyran mahalynda gowşurylan teperrik goýlan Gurbanguly hajy metjidinde juma namazy okaldy. Metjidiň ýanyndaky ýörite binada toý sadakasy berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna toý sapary mahalynda Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna-da gatnaşdy. Şol ýerde täze gaz ýygnaýjy bekediň açylyşy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, bu bekediň işe girizilmegi bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady. Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda möhüm binýat bolup durýar. Şundan ugur alnyp, Türkmenistan Watanymyz dünýäde ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde özüni tanadýar. Bu ýagdaý döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga şert döredip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Uglewodorod serişdelerini daşarky bazarlara ibermek tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzyň strategik maksady bolup durýar. Bu ugurda amala aşyrylýan taslamalar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de beýleki döwletleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, sebitara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. Indi 13 ýyl bäri türkmen «mawy ýangyjy» dostlukly hytaý halkynyň ojaklaryny ýyladyp, senagat kärhanalaryny herekete getirýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar. Türkmenistan Hytaýy gaz bilen üpjün edýän ygtybarly, iri döwletdir. Hytaý bolsa Türkmenistanyň tebigy gazyň söwdasy boýunça örän uly hyzmatdaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, «Galkynyş» gaz käniniň ikinji tapgyrynyň özleşdirilmegi bilen, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak üçin çäreler durmuşa geçirilýär. Maslahatyň dowamynda wideofilm görkezilip, onda ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistanyň we HHR-niň netijeli gatnaşyklary, «Gadyn» täze gaz ýygnaýjy bekediniň ähmiýeti beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda düwmäni basyp, bu bekediň işläp başlamagyna ak pata berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen Çärjew etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekedini hem-de Lebap welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenen Üçajy — Zerger gaz geçirijisi ulanmaga berildi.  

                                                                   

Halk bähbitli, il-ýurt, halkara ähmiýetli şeýle döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Sahawatly türkmen topragy egsilmejek naz-nygmatyny, tebigy baýlygyny bolluk bilen eçilýär. Arkadagly Serdarymyzyň sözleri bilen aýtsak, goý, sahawatly türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we abadançylyk berkarar bolsun! 

                                                                                                           

«Esger».

23.06.2022
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar BERDIMUHAMEDOW: — Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi Wa­ta­ny­my­zyň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny art­dyr­ýan sun­gat baý­ra­my­dyr

Me­de­ni fo­ru­myň da­ba­ra­ly ba­dal­ga­sy 

                                                                   

 Ma­ry, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Ma­ry şä­he­rin­dä­ki Ru­hy­ýet köş­gün­de Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi — 2022-niň da­ba­ra­ly açy­ly­şy bol­dy. Mil­li me­de­ni­ýe­ti go­rap sak­la­ma­ga, iç­gin öw­ren­mä­ge hem-de wa­gyz et­mä­ge gö­nük­di­ri­len bu giň ge­rim­li çä­re me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň ösü­şin­de eýe­le­ýän, bar­ha art­ýan äh­mi­ýet­li or­nu­ny, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji kuw­wa­ty­ny açyp gör­kez­ýär. 

                                                                   

In­di onun­jy ge­zek ge­çi­ril­ýän bu çä­re umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na sal­dam­ly go­şant go­şan hal­ky­my­zyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­nyň köp gör­nüş­li­li­gi­ne do­ly de­re­je­de dü­şün­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­ýän hep­de­lik dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­le­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na, tä­ze ze­hin­le­riň ýü­ze çy­ka­ryl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň, sun­ga­ty­nyň, ede­bi­ýa­ty­nyň bu baý­ra­my äh­mi­ýet­li wa­ka bo­lup, Ga­raş­syz türk­men döw­le­ti­niň iň tä­ze ta­ry­hyn­da my­na­syp orun eýe­le­di. 

                                                                   

Giň ge­rim­li me­de­ni fo­rum her ýyl ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň bi­rin­de ge­çi­ri­lip, onuň do­wa­myn­da her we­la­ýat öz ýe­ten sep­git­le­ri­ni, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ne go­şan go­şan­dy­ny, dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny açyp gör­kez­mä­ge ça­lyş­ýar. 

                                                                   

Şu ge­zek­ki Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­me­gi aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. We­la­ýa­tyň çäk­le­rin­de, ata Wa­ta­ny­my­zyň beý­le­ki kün­jek­le­rin­de hem bol­şy ýa­ly, hal­ky­my­zyň ga­dy­my ta­ry­hy we bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri, aja­ýyp te­bi­gy kün­jek­ler bar­dyr. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň gü­nor­ta se­bi­tin­de bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki VI-V asyr­lar­da otu­rym­ly ýa­şaý­şyň bo­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­me­gi Mer­wiň esa­sy ar­tyk­maç­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ga­dy­my söw­da ýo­lu­nyň ug­run­da beý­le­ki şä­her­ler hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup­dyr, ýö­ne şo­la­ryň ara­syn­da Merw aý­ra­tyn orun eýe­läp­dir. Şo­nuň üçin hem ony “Ma­ru-Şa­hu Ja­han” — “Ja­ha­nyň şa­sy” di­ýip at­lan­dy­ryp­dyr­lar. 

                                                                   

Da­şy ga­la di­war­la­ry bi­len aý­la­nan şä­her hem-de onuň umu­my meý­da­ny 1,5 müň gek­tar­dan gow­rak bo­lan çäk­le­rin­dä­ki ga­dy­my köşk­le­riň hem-de küm­met­le­riň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ga­lyn­dy­la­ry “Ga­dy­my Merw” ta­ry­hy-me­de­ni döw­let go­rag­ha­na­sy­nyň öze­ni­ni düz­ýär. Ga­dy­my­ýe­tiň Erk­ga­la, Gä­wür­ga­la, şeý­le hem Sel­juk­ly­lar döw­rü­ne de­giş­li Sol­tan­ga­la we Şäh­ri­ýa­r gala, Teý­mir­ler ne­sil­şa­ly­gy döw­rün­de gur­lan Ab­dyl­la han ga­la­sy, giç­ki or­ta asyr­la­ryň Baý­ra­ma­ly han ga­la­sy, Uly Gyz­ga­la hem-de Ki­çi Gyz­ga­la, ha­lyf Al Ma­mu­nyň ka­bul­ha­na­la­ry, Sol­tan San­ja­ryň, Mu­ham­met ibn Zeý­diň, Gyz­bi­bi­niň we Päl­wan Ah­me­diň küm­met­le­ri ýa­ly ýa­dy­gär­lik­ler özün­de köp syr­la­ry sak­la­ýar. 

                                                                   

Gün­do­ga­ryň ta­ry­hy­nyň mö­hüm bö­le­gi bo­lan “Ga­dy­my Merw” ta­ry­hy-me­de­ni döw­let go­rag­ha­na­sy özün­de ar­heo­lo­gik we bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň köp san­ly­sy­ny jem­le­mek bi­len, 1999-njy ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer di­ňe bir alym­la­ry däl, eý­sem, dün­ýä­niň äh­li kün­jek­le­rin­den ja­han­keş­de­le­ri hem özü­ne çek­ýär. 

                                                                   

Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi — 2022-niň açy­lyş da­ba­ra­sy ir bi­len Mary şäherindäki Ru­hy­ýet köş­gü­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da ge­çi­ril­di. Bu ýe­re Hö­kü­met ag­za­la­ry, ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň, we­la­ýat we şä­her hä­kim­lik­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, Ma­ry şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­dyr myh­man­la­ry ýyg­nan­dy­lar. 

                                                                   

Fo­ru­ma gat­naş­ýan we­ki­li­ýet­le­riň ha­ta­ryn­da ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­den ta­ny­mal teatr ar­tist­le­ri, est­ra­da we halk aý­dym­çy­la­ry, mu­zeý, ki­tap­ha­na işi­niň hü­när­men­le­ri, sa­zan­da­lar, su­rat­keş­ler, ýa­zy­jy-şa­hyr­lar, dö­re­di­ji­lik hem-de folk­lor to­par­la­ry bar. 

                                                                   

Bu ýer­de hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy ba­ra­da gür­rüň ber­ýän ser­gi ýaý­baň­lan­dy­ry­lyp, on­da ama­ly-ha­şam, nak­gaş­çy­lyk sun­ga­ty­nyň önüm­le­ri, halk se­net­çi­li­gi us­sa­la­ry­nyň iş­le­ri, mil­li ly­bas­lar, şaý-sep­ler, saz gu­ral­la­ry, türk­men hal­ky­nyň dur­muş­da ulan­ýan ho­ja­lyk es­bap­la­ry gör­ke­zil­di. 

                                                                   

Pa­wil­ýon­la­ryň her bi­rin­de ge­lin-gyz­lar el iş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýar­lar, ýüň egir­ýär­ler, ke­çe bas­ýar­lar, ha­ly do­ka­ýar­lar, zer­gär­ler we de­mir­çi us­sa­lar öz sun­gat­la­ry­ny gör­kez­ýär­ler. Bu­la­ryň hem­me­si öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­my­zyň do­wa­mat-do­wam bol­ýan­dy­gy­na, hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan di­ňe bir aýaw­ly sak­la­nyl­man, eý­sem, has-da ös­dü­ril­ýän­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. 

                                                                   

Ser­gi meý­dan­ça­la­ry­nyň her bi­ri, we­kil­çi­lik ed­ýän we­la­ýa­ty­na gö­rä, reňk­le­ri we be­zeg­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ser­gi­de her bir we­la­ýa­tyň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ta­ry­hy-bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň şe­kil gör­nü­şin­de taý­ýar­la­ny­lan tas­la­ma­la­ry­na­dyr fo­to­su­rat­la­ry­na aý­ra­tyn orun ber­lip­dir. Dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň, est­ra­da aý­dym­çy­la­ry­nyň, bag­şy­la­ryň we folk­lor to­par­la­ry­nyň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry da­ba­ra­nyň şow­hu­ny­ny has-da art­dyr­ýar. 

                                                                   

Ru­hy­ýet köş­gü­niň eý­wa­nyn­da myh­man­la­ry Ma­ry şä­he­ri­niň Mol­la­ne­pes adyn­da­ky ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­niň skrip­ka­çy­lar to­pa­ry gar­şy­la­ýar. Şeý­le hem bu ýer­de dür­li ugur­la­ra de­giş­li çe­per­çi­lik eser­le­ri gör­ke­zil­di. Çä­rä gat­na­şy­jy­lar ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň hem-de paý­tag­ty­my­zyň mu­zeý­le­ri­niň bi­le­lik­de gu­ran ser­gi­si­ni uly gy­zyk­lan­ma bi­len syn­la­dy­lar. Ser­gi mil­li şe­kil­len­di­riş hem-de ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň ösü­şi ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­ýär. 

                                                                   

Sun­gat us­sat­la­ry­nyň eser­le­rin­de ata Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za, te­bi­ga­ty­my­za bo­lan çäk­siz söý­gi aý­dyň du­ýul­ýar. Ser­gi­de mu­zeý gym­mat­lyk­la­ry­ny, mil­li saz gu­ral­la­ry­ny, fo­to­su­rat­la­ry, ki­tap­la­ry we çap­ha­na önüm­le­ri­ni hem gör­mek bol­ýar. 

                                                                   

Ru­hy­ýet köş­gü­niň za­ly­na ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler. Gut­lag­da: “Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­ky­my­za ser­paý be­ren bu sun­gat baý­ra­my me­de­ni­ýet we sun­gat, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni yl­ham dün­ýä­si­ne ga­nat­lan­dyr­ýar, tä­ze, kä­mil eser­le­ri dö­ret­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar. Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň do­wa­myn­da gu­ral­jak me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­riň her bi­ri ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet eda­ra­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­de, sun­gat us­sat­la­ry­nyň öza­ra tej­ri­be alyş­mak­la­ryn­da, ila­tyň me­de­ni aň-bi­lim de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da, bu ul­gam­da­ky ösüş­le­ri­mi­zi giň­den wa­gyz et­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar” di­ýlip bel­le­nil­ýär. 

                                                                   

Da­ba­ra sun­gat us­sat­la­ry­nyň, dür­li dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­niň ýe­ňi­ji­le­ri — ýaş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň, meş­hur saz to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry bi­len do­wam et­di. 

                                                                   

Da­ba­ra­da “Äle­me ýaň sa­lan türk­men sun­ga­ty” at­ly ede­bi-saz­ly kom­po­zi­si­ýa ýaň­lan­dy. Kon­ser­tiň mak­sat­na­ma­sy­na hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy­ny, onuň dö­re­di­ji­lik ze­hin­i­niň kö­pu­gur­ly­ly­gy­ny açyp gör­kez­ýän hä­zir­ki za­man we halk aý­dym­la­ry, nus­ga­wy saz­lar, ho­reog­ra­fik kom­po­zi­si­ýa­lar gi­ri­zil­di. To­ma­şa­çy­lar mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň gel­je­gi bo­lan ýa­şa­jyk ar­tist­le­ri mä­hir bi­len gar­şy al­dy­lar. 

                                                                   

“Des­san”, “Näz­li”, “Al­tyn asyr”, “Gal­ky­nyş”, “Jeý­hun”, “Mar­gia­na” tans we folk­lor to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ryn­da mil­li däp­le­ri­miz hem-de Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň be­lent ru­hy öz be­ýa­ny­ny tap­dy. 

                                                                   

 Söý­gi saz­la­ry, şow­hun­ly türk­men tans­la­ry to­ma­şa­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri gal­dyr­dy. 

                                                                   

“De­his­tan” folk­lor to­pa­ry­nyň bäş we­la­ýa­tyň folk­lor-tans to­par­la­ry bi­len bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren “küşt­dep­di” tan­sy­ny to­ma­şa­çy­lar şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry bi­len gar­şy al­dy­lar. Bu tans geç­mi­şi­mi­ziň aja­ýyp däp­le­ri­niň hä­zir­ki döw­rüň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň nus­ga­sy­dyr. “Küşt­dep­di” aý­dym we tans des­su­ry­nyň öz­bo­luş­ly­ly­gy, ga­dy­my­ly­gy na­zar­da tu­tu­lyp, ol 2017-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň gör­nük­li nus­ga­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. 

                                                                   

Kon­ser­tiň ahy­ryn­da oňa gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si bi­le­lik­de “Gül­le sen, sun­ga­tym, gül Di­ýa­rym­da!” at­ly aý­dy­my ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Aý­dym­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk duý­gu­la­ry­dyr iň go­wy ar­zuw­lar, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ösü­şiň we dö­re­di­ji­li­giň ýo­ly bi­len bat­ly ga­dam ur­ýan Wa­ta­ny­my­zyň nu­ra­na gel­je­gi­ne bo­lan uly ynam öz be­ýa­ny­ny tap­dy. 

                                                                   

Soň­ra Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de “Ma­ry” myh­man­ha­na­syn­da ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de hal­ka­ra me­dia­fo­rum ge­çi­ril­di. Ol mil­li köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ni hem-de ýur­du­myz­da iş­le­ýän da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik iş­gär­le­ri­ni, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar to­pa­ry­ny bir ýe­re jem­le­di. Oňa gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da Rus­si­ýa­nyň “ITAR-TASS” ha­bar­lar agent­li­gi­niň baş di­rek­to­ry­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Mi­hail Gus­man, Azi­ýa — Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň (ABU) Baş sek­re­ta­ry Ja­wad Mot­ta­gi, “Rus­sia To­day” te­le­ýaý­ly­my­nyň baş di­rek­to­ry Alek­seý Ni­ko­low, “TRT-niň” Türk­me­nis­tan­da­ky we­ki­li Ugur Sa­mi Ge­zer, “Azer­baý­ja­nyň te­le­wi­de­ni­ýe­si we ra­dio­sy” ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ra­fik Ga­şy­mow we beý­le­ki­ler bol­dy. 

                                                                   

Me­dia­fo­ru­myň esa­sy me­se­le­si hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň eýe­le­ýän or­ny ba­ra­da­ky me­se­le bol­dy. Şeý­le hem gün ter­ti­bi­ne ösüş­le­re bes­le­nen öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­tyn­da ata Wa­ta­ny­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­niň we sun­ga­ty­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň eýe­le­ýän or­ny, ýur­du­my­zyň ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni wa­gyz et­mek, hal­ky­my­zyň baý mi­ra­sy­ny gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek, mil­li ru­hy we ah­lak däp­le­ri­niň hem-de maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­nyň do­wa­mat­ly­ly­gy ba­ra­da­ky me­se­le­ler gi­ri­zil­di. 

                                                                   

Çä­re­de Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry, ga­dy­my döw­rüň bi­na­gär­li­gi­niň öz­bo­luş­ly des­ga­la­ry­ny go­rap sak­la­mak, da­şa­ry ýurt­la­ryň te­le­ýaý­lym­la­ryn­da Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zyň ga­za­nan ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­ri­ni giň­den be­ýan et­mek ba­bat­da iş­le­riň iş­jeň­leş­di­ri­li­şi bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar be­ýan edil­di. 

                                                                   

Fo­ru­ma san­ly ul­gam ar­ka­ly Azi­ýa — Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň (ABU), TASS-nyň, “CGTN-Rus­sian” hy­taý me­dia­kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň, «Ko­rean Broadcas­ting Sys­tem», “So­ny Midd­le East and Af­rica FZE” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, Tür­ki­ýä­niň «TRT World» te­le­ýaý­ly­my­nyň, “Rus­si­ýa 24”, “Rus­sia To­day” ha­bar­lar te­le­ýaý­lym­la­ry­nyň, «Se­tan­ta Sports», “Mir” hal­ka­ra te­le­kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri we beý­le­ki­ler go­şul­dy­lar. 

                                                                   

Çy­kyş­lar­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan ga­za­ny­lan köp san­ly hö­kü­me­ta­ra yla­la­şyk­la­ryň esa­syn­da dün­ýä­niň iri ugur­daş dü­züm­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ar­ka­ly hal­ka­ra me­dia­gi­ňiş­li­ge iş­jeň go­şu­lyş­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne soň­ky ýyl­lar­da dür­li ýurt­la­ryň öň­de­ba­ry­jy ha­bar­lar agent­lik­le­ri we te­le­ra­dio kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da gol çe­ki­len yla­la­şyk­lar­dyr äht­na­ma­lar, Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň Azi­ýa — Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­ne ag­za bol­ma­gy aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. 

                                                                   

Bu gün ýur­du­my­zyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri “Mir” döw­le­ta­ra te­le­ra­dio­ýaý­ly­my ta­ra­pyn­dan giň­den be­ýan edil­ýär. “Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ro­wa­ýat­la­ry” mow­zu­gyn­da ýur­du­my­zyň tä­sin ta­ry­hy-bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri ba­ra­da do­ku­men­tal film­le­riň tap­gy­ry taý­ýar­la­nyl­ýar. Ita­li­ýa­nyň “RAI” te­le­ra­dio­ýaý­ly­my, Ger­ma­ni­ýa­nyň “ZDF”, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň “KBS”, Ýa­po­ni­ýa­nyň “NHK” te­le­ýaý­lym­la­ry, şeý­le hem Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Ka­tar Döw­le­ti­niň de­giş­li dü­züm­le­ri bi­len gat­na­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hu­su­san-da, türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň baý däp­le­ri ba­ra­da gür­rüň ber­ýän film­le­riň taý­ýar­la­nyl­ýan­dy­gy­ny aý­dyp bo­lar. Azer­baý­ja­nyň, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň we beý­le­ki da­şa­ry ýurt­la­ryň de­giş­li eda­ra­la­ry bi­len hem ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. 

                                                                   

Bu ugur­da ýo­la goý­lan gat­na­şyk­la­ryň hem-de al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­le­riň ne­ti­je­sin­de Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki dö­wür­dä­ki ösü­şi, şeý­le hem hal­ky­my­zyň baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy ba­ra­da ynam­ly mag­lu­mat­lar dün­ýä de­re­je­sin­de giň halk köp­çü­li­gi­ne el­ýe­ter­li bol­dy. 

                                                                   

Fo­ru­ma gat­na­şy­jy da­şa­ry ýurt­lu­lar onuň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, we­kil­çi­lik­li du­şu­şy­gyň gu­ra­lan­dy­gy üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne we Hö­kü­me­ti­ne ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. 

                                                                   

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir bi­zi tä­ze mag­lu­mat­lar dün­ýä­si gur­şap al­ýar, şo­nuň ös­me­gin­de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ne örän uly orun de­giş­li­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, KHBS-iň öňün­de du­ran öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň ulan­mak hem-de bu ba­bat­da ýü­ze çyk­ýan ça­gy­ryş­lar, şeý­le hem ynam­dar tä­ze­lik ha­bar­la­ry­nyň taý­ýar­la­nyl­ma­gy we ýaý­ra­dyl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­re üns çe­kil­di. 

                                                                   

Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýän me­dia­fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň umu­my pi­ki­ri­ne gö­rä, bu çä­re şu ul­gam­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, KHBS-iň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge ugur­daş dü­züm­le­riň ara­syn­da tej­ri­be alyş­mak üçin aja­ýyp müm­kin­çi­lik bo­lup dur­ýar. Öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly mil­li žur­na­lis­ti­ka­ny ös­dür­mek üçin tä­ze­çil iş tej­ri­be­le­ri­niň öw­re­nil­me­gi hem-de iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy dün­ýä de­re­je­sin­de mag­lu­mat­lar gi­ňiş­li­gin­de öza­ra he­re­ket et­mä­ge uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. 

                                                                   

Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da Ma­ry we­la­ýa­t ki­tap­ha­na­syn­da “Ar­ka­da­gyň do­wa­ma­ty do­wam­dyr” ady bi­len iş mas­la­ha­ty we şyg­ry­ýet ag­şa­my ge­çi­ril­di. Oňa me­de­ni­ýet we bi­lim iş­gär­le­ri, ki­tap­ha­na işi­niň hü­när­men­le­ri, şa­hyr­lar­dyr ýa­zy­jy­lar, žur­na­list­ler gat­naş­dy­lar. Mas­la­ha­tyň we dö­re­di­ji­lik ag­şa­my­nyň çäk­le­rin­de, ru­hy mi­ra­sy go­rap sak­la­mak, ony dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mek, döw­re­bap de­re­je­de me­de­ni aň-bi­lim iş­le­ri­ni gu­ra­mak ba­ra­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­lip, pi­kir al­şyl­dy. 

                                                                   

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, de­giş­li mak­sat­na­ma­la­ryň çäk­le­rin­de, Türk­me­nis­tan­da türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni we sun­ga­ty­ny yzy­gi­der­li ös­dür­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir bu ul­ga­my san­ly­laş­dyr­mak, elekt­ron we in­ter­net hyz­mat­la­ry­ny ýo­la goý­mak, me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­le­riň tä­ze usul­la­ry iş­jeň ula­nyl­ýar. 

                                                                   

Döw­let ta­ra­pyn­dan ki­tap­ha­na­la­ryň, mu­zeý­le­riň, teatr­la­ryň hem-de beý­le­ki me­de­ni aň-bi­lim eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly möç­ber­de ma­ýa go­ýum­lar gö­nük­di­ril­ýär. Ne­ti­je­de, mil­li me­de­ni­ýe­ti­miz we sun­ga­ty­myz döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ös­dü­ril­ýär. 

                                                                   

Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar mil­li me­de­ni­ýe­ti we sun­ga­ty çuň­ňur öw­ren­me­giň, ös­dür­me­giň hem-de kä­mil­leş­dir­me­giň, Ýer ýü­zü­niň halk­la­ry bi­len me­de­ni gat­na­şyk­la­ry ber­kit­me­giň mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Ýur­du­myz­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän dür­li me­de­ni çä­re­ler, me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra mas­la­hat­lar, ser­gi­ler­dir fes­ti­wal­lar şu mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de gu­ral­ýan çä­re­le­riň her bi­ri aý­dym-saz, ope­ra, teatr, ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa, şe­kil­len­di­riş we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty ul­ga­myn­da ga­za­ny­lan­la­ry dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. 

                                                                   

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ke­mi­ne adyn­da­ky döw­let dra­ma teat­ry­nyň sah­na­syn­da ýur­du­my­zyň wä­şi­le­ri­niň çy­kyş­la­ry dö­re­di­ji­lik mak­sat­na­ma­sy­nyň do­wa­my bol­dy. 

                                                                   

Şeý­le giň ge­rim­li çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin uly teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­sy hem bir hep­de­läp ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň çy­kyş et­jek ýe­ri­ne öw­rü­ler. Bu ýer­de ag­şam Aş­ga­ba­dyň we Ahal we­la­ýa­ty­nyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti bol­dy. 

                                                                   

Dö­re­di­ji­lik fo­ru­myn­da il­kin­ji ge­zek hö­dür­le­nil­ýän çy­kyş­lar gü­nor­ta se­bi­tiň ýa­şaý­jy­la­ry­na ýat­dan çyk­ma­jak sow­gat bo­lar. Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi — 2022-niň çäk­le­rin­de meş­hur ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň we ýaş ze­hin­le­riň kon­sert­le­ri­ni, çe­ki­len su­rat­la­ryň, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň, fo­to­su­rat­la­ryň we ne­şir önüm­le­ri­niň ser­gi­le­ri­ni, Oguz han adyn­da­ky “Türk­men­film” bir­le­şi­gi­niň dü­şü­ren ki­no­la­ry­nyň gör­ke­zi­liş­le­ri­ni, usu­ly­ýet mas­la­hat­la­ry­ny, wi­deo­mas­la­hat­la­ry, yl­my we ede­bi du­şu­şyk­la­ry gu­ra­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. 

                                                                   

Me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­ler ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­niň köp­ta­rap­ly­ly­gy­ny gör­ke­zer. Ol bol­sa türk­men hal­ky ta­ra­pyn­dan en­çe­me ýüz­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­di­len baý mi­ra­sy go­rap sak­la­mak, tä­ze­den di­kelt­mek hem-de äh­li­ta­rap­la­ýyn öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len, onuň mun­dan beý­läk-de baý­laş­dy­ryl­ma­gy­ny we gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­ti­ril­me­gi­ni kes­git­le­ýär.

23.06.2022