Fewral — 2022: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işler üstünlikli dowam edýär. Şu ýylyň fewral aýynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça dürli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki iş duşuşyklary, işewürlik gepleşikleridir maslahatlar, sergiler hem-de beýleki çäreler Türkmenistanyň daşary ýurtlar, abraýly guramalar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmegine ýardam etdi.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan daşary syýasat strategiýasynda hyzmatdaş döwletler, aýratyn-da, goňşy ýurtlar bilen hemmetaraplaýyn özara hereketlere uly üns berilýär hem-de möhüm taslamalar we maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda 1-nji fewralda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisini görkezmek bolar. Mejlisde toparyň geçen ýylda amala aşyran işleriniň netijeleri beýan edildi hem-de 2022-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy, şeýle-de VI Hazar sammitine taýýarlyk we ýokary derejeli bu duşuşykda garalmagy meýilleşdirilen resminamalaryň taslamalaryny işläp düzmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan halkara hukugyň çäginde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegi, Hazarýaka döwletleriňdir olaryň halklarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, özara hereketleri pugtalandyrmak maksady bilen, bu ugurda geljekde-de netijeli işleri dowam etdirmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli guralan dabara fewral aýynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär.

4-nji fewralda türkmen wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hytaýly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler.

Pekinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, HHR-iň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, şeýle-de “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde dostlukly döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli işjeňleşdirmegi dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Şol gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew dostlukly ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen duşuşdy. Hyzmatdaş ýurduň wekilleri bu ulgamyň dürli ugurlary boýunça bilelikdäki işleri mundan beýläk-de dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şunda dünýäni gurşap alan howply koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berildi, derman senagaty we saglygy goraýyş babatda mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge meýiller barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hytaýyň birnäçe kompaniýasynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyklary geçirdi. Şunda ulag-aragatnaşyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. 7-nji fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen çärä ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň koreý diline terjime edilmegi türkmen halkynyň baý medeni mirasy, taglymlary we ahlak ýörelgeleri bilen ýakyndan tanyşmaga, özboluşly däp-dessurlaryna has aýdyň düşünmäge mümkinçilik berer. Milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem şol gün Seul şäherinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan çärä ýurduň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň direktorynyň orunbasary, «Merkezi Aziýa — Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň Baş direktorynyň orunbasary, «Merkezi Aziýa — Koreýa» Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy we dostlukly ýurtda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini, iki ýurduň halklarynyň bähbidine uly mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler.

Şol gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-Çul bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleriniň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan gutlag hatlaryny alyşdylar. Özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan ýokary derejedäki türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň oňyn depginini belläp, taraplar özara bähbitli döwletara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça has-da giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar.

Şol gün Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik hem geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda hökümetara hereketleriň, hususan-da, Ykdysady, ylmy-tehniki, medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň ugry boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Ysraýyl Döwletiniň syýahatçylyk ministri Ýoel Razwozow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda lukmançylyk we saglygy goraýyş, oba hojalygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, tehnologiýa, ylym, şonuň ýaly-da, syýahatçylyk, bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

12-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň binasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlanyp geçirilen brifinge ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ählihalk forumynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, geljek üçin wezipeler tassyklanyldy, wajyp resminamalar, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Karar kabul edildi. Meýilleşdirilen işleri hem-de kabul edilýän maksatnamalary durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwleti dolandyrmakda milli ruhda we döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda terbiýelenen ýaş ýolbaşçylara ýol berilmelidigine ünsi çekip, ýaşlara uly umyt bildirýändigini aýratyn nygtamak gerek.

12-nji fewralda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary R.Sklýaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar üstaşyr ulag, söwda-ykdysady, oba hojalyk hem-de daşky gurşawy goramak ulgamlarynda türkmen-gazak gatnaşyklaryny has-da giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.

R.Sklýaryň wise-premýer Ş.Abdrahmanow hem-de ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda ýangyç-energetika, senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegine aýratyn üns çekildi. Iki ýurduň döwlet hem-de hususy ulgamyny işjeň çekmek arkaly halkara we sebitleýin awtomobil, demir, deňiz ýollary arkaly ýük daşalyşyny giňeltmek baradaky meselelere aýratyn ähmiýet berildi.

15-nji fewralda Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleri üçin sanly ulgam arkaly Sebit geňeşmeleri geçirildi. Bu çäre ýurdumyz hem-de Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin “BMG — Zenanlar” düzüminiň sebit edarasy bilen bilelikde guraldy.

Türkmenistan geçen ýylda 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi meseleleri we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň (BMG — Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy. Bu duşuşygyň maksady Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna öňde boljak geňeşmelere taýýarlyk görmekde goldaw bermek hem-de howanyň we daşky gurşawyň üýtgemegi, tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak babatda ýagdaýy düýbünden üýtgedýän hereketler boýunça tejribe alyşmak, maslahat bermek, onuň geljegine bolan sebit garaýyşlaryny kemala getirmek üçin bilelikde umumy pikirleri ylalaşmakdan ybarat boldy.

16-njy fewralda DIM-de Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmet kadalary departamentiniň direktory hanym Korinn Warga bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Taraplar ýurdumyzyň halkara konwensiýalara we köptaraplaýyn ylalaşyklara goşulmagy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasynyň agzasy bolmak bilen, öz durmuşa geçirýän syýasatynda hemmelere mynasyp zähmet we durmuş adalatlylygy üçin has oňaýly şertleri döretmäge, bu guramanyň düzgünleriniň umumy ykrar edilen kadalaryny hem-de ýörelgelerini milli kanunçylyga ornaşdyrmaga ygrarlydygyny nygtadylar.

17-nji fewralda DIM-niň binasynda BMG-niň ýurdumyzdaky düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hususan-da, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Filipp Saprykin bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda kabul edilen taryhy çözgütler, şonuň ýaly-da 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzdi.

Şol gün Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew bilen geçirilen onlaýn duşuşygyň çäklerinde-de Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görülmegine we onuň geçirilişine gözegçilik etmek boýunça guramanyň synçylar toparyny ibermek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

17-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Feýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy, ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri yzygiderli guramagyň, halkara guramalaryň çäklerindäki döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, şeýle-de VI Hazar sammitine taýýarlygyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili R.Kastberg bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine garaldy. ÝHHG tarapyndan saýlaw işini guramakda berilýän ýardamy we bilelikdäki toplanan iş tejribesini nazara almak bilen, 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy.

18-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanyp «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahat geçirildi. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanandygy baradaky habary uly ruhubelentlik we buýsanç bilen kabul etdiler hem-de milli Liderimize ýurdumyzyň diplomatik gullugyny kämilleşdirmek meselelerine berýän yzygiderli ünsi üçin hoşallyk bildirdiler.

Hünär baýramy mynasybetli diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine hem-de TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň soňky ýylynda okaýan talyplaryna, döwletimiziň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşandyklary üçin, Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy hem geçirildi.

21-nji fewralda guralan duşuşykda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine ýollan haty gowşuryldy. Hatda şu ýylyň 3 — 5-nji fewralynda Pekine bolan saparynyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik, şeýle-de türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna şahsy goşandy üçin minnetdarlyk sözleri beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça 22-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde resmi saparda boldy we döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmegi ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklary geçirdi.

Russiýanyň daşary işler ministri S.Lawrow bilen geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de şu ýyl bellenilýän iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň ähmiýeti nygtaldy.

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara işler boýunça komitetiniň başlygy G.Karasin bilen geçirilen duşuşygyň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň, giňeltmegiň derwaýysdygy bellenildi, 2022-nji ýylyň maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi, oňa häzirden taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň GDA gatnaşyjy ýanaşyk ýerleşen döwletler bilen RF-niň serhediniň delimitasiýasy we demarkasiýasy boýunça Ýörite wekili, Hazar deňzi boýunça köptaraplaýyn gepleşiklerde rus wekiliýetiniň ýolbaşçysy M.Petrakow bilen söhbetdeşlikde Hazar deňzi sebitinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, sebiti Ýewraziýada ykdysady, ulag-logistika, energetika, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň birine öwürmegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitiniň aýratyn ähmiýetini bellediler hem-de bu çäräni üstünlikli taýýarlamak, guramaçylykly geçirmek üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary I.Nematow bilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň soňky döwürde ykdysadyýetde, senagat hyzmatdaşlygynda iri göwrümli düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini güýçlendirmäge gönükdirilen täze hil derejesine eýe bolandygy bellenildi.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeli boýunça daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi, şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça özara hereketleriniň «Ýol kartasyna», 2022 — 2025-nji ýyllar üçin halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň durmuşa geçirilmeginiň meýilnamasyna, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyna gol çekildi.

23-nji fewralda Ženewa şäherinde Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde, düzümiň döredilmegi hakynda Marrakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt (işjeň synçy) derejesini bermek baradaky çözgüt kabul edildi. Guramanyň tertip-kadalaryna görä, bu derejäniň alynmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy baradaky Iş topary döredildi.

24-nji fewralda BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurujylyk meseleleri boýunça departamentiniň saýlawlaryň geçirilmegine ýardam bermek boýunça bölüminiň direktory Kreýg Jenness bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy BMG-niň bu düzüminiň saýlawlara bilermenlik goldawynyň berilmegi, zerurlyklara baha bermek boýunça missiýalaryň geçirilmegi, şeýle-de saýlawlara gönüden-göni synçylygyň amala aşyrylmagy babatda dünýäniň dürli künjeklerindäki ähmiýetli tejribesini nygtap, K.Jennesse Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk hakynda habar berdi hem-de bu ugurda bilelikdäki işiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Şol gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärleriň ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny hem-de abadançylygyny goramak işine goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde BSGG-niň ýörite nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi. Oňa milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Narine Saakýan hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gatnaşdylar.

Ýygnaga gatnaşyjylar BSGG-niň Ýewropa sebit edarasyna hem-de onuň direktory Hans Klýuga bu ýörite nyşan üçin hoşallyklaryny beýan edip, ilatyň saglygyny goramagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň baş maksadydygyny bellediler. “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge bu syýasatyň özenini düzýär.

24-25-nji fewralda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly ulgam arkaly «Gurluşlaýyn dialog» geçirildi. Taraplar halkara giňişlikde, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, ÝB-niň çäklerinde iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň zerurdygyny nygtadylar. Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dürli görnüşli çäreleri geçirmek teklip edildi.

Diplomatlar Eksport karzlaryny kepillendirmek departamenti bilen hyzmatdaşlygyň hem-de türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Beýik Britaniýanyň eksporty maliýeleşdirmek düzüminiň teklipleriniň tanyşdyrylyşy hem geçirildi. «Gurluşlaýyn dialogyň» jemleri boýunça iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

25-nji fewralda Daşary işler ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Döwlet habarlar agentligi tarapyndan “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygaryna bagyşlanyp, Türkmenistanyň ösüşi bilen baglylykda, dünýä jemgyýetçiliginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny bilen bagly onlaýn görnüşde halkara mediaforum geçirildi. Çärä TDH-niň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de Russiýa Federasiýasynyň, Yragyň, Iordaniýanyň, Bahreýniň, Gruziýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Ýaponiýanyň teleradiokompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda Türkmenistanda milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmekde uly üstünlikleriň gazanylandygy hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak üçin gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi nygtaldy. Munuň özi ýurdumyzyň durnuklylygy, parahatçylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem dünýäniň ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary we sebitde hoşniýetli goňşuçylygy giňeltmäge meýillidigini subut edýär.

26-njy fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Mehmet Muş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň geljegi uly ugurlaryň ählisi boýunça, hususan-da, söwda-ykdysady, ulag ulgamlarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi, şeýle-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi.

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Garagum” myhmanhanasynda “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň” we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegine bagyşlanyp brifing geçirildi. Bu maksatnama temmäkä garşy göreşi we gözegçiligi güýçlendirmäge, ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň temmäkiniň ýaramaz täsirleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

27-nji fewralda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik gullugynyň işgärleri bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda 12-nji martda boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Dünýäniň 30 döwletinde ýerleşýän Türkmenistanyň ilçihanalarynda hem-de konsullyk edaralarynda saýlawlara işjeň taýýarlyk görmegiň netijesinde saýlaw uçastoklarynyň 41-siniň döredilendigi nygtaldy.

28-nji fewralda DIM-de hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary bilen duşuşyklar geçirildi. Topara GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow ýolbaşçylyk edýär.

Bu jemgyýetçilik-syýasy çärä halkara synçylaryň gatnaşmagynyň wajypdygy barada aýdylyp, olaryň işlemegi üçin saýlaw möwsümine gözegçilik etmek, şol sanda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ynanylan adamlary bilen duşuşyklar üçin hemme şertleriň döredilendigi aýratyn nygtaldy. Hususan-da, merkezi saýlaw toparynyň ýardam bermeginde agzalan toparyň zerur guramaçylyk tehnikalary we aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilen Baş ştaby açyldy.

Şeýlelikde, geçen aýyň wakalary halkara jemgyýetçilikde Türkmenistanyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýynyň barha belende göterilýändigini, ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň we gülläp ösüşiň bähbidine gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilýändigini aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.

(TDH)