Ykdysady ösüşiň esasy ugry

Soňky ýyllarda döwletimizde bazar gatnaşyklarynyň çalt depginde ösdürilmegine berk gözegçilik amala aşyrylýar. Şonuň ýaly-da harytlaryň we hyzmatlaryň bahalaryny bazar bahasyna laýyk getirmek üçin giň çäreler toplumy işlenilip düzülendir. Bu ugurda «2023-nji ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklary döretmek» konsepsiýasy-da üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen ykdysadyýetiniň milli nusgasyna laýyklykda ykdysadyýeti döwlet tarapyndan kadalaşdyrmak bilen bir hatarda ýurtda telekeçiligi ösdürmek üçin döwlet tarapyndan uly salgyt ýeňillikleriniň, banklar tarapyndan uzakmöhletleýin amatly karz serişdeleriniň berilmegi haryt bolçulygynyň kemala gelmegine, raýatlaryň iş bilen üpjünçilik meselesiniň çözülmegine, olaryň girdejileriniň artmagyna we ykdysady işjeňligiň ilerlemegine getirýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ykdysady özgertmeleriniň esasynda döwrebap tehnikalaryň yzygiderli satyn alynmagy we täze tehnologiýaly önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy, ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy, innowasion önümçilik düzümleriň döredilmegi, ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagynyň çuňlaşdyrylmagy uzakmöhletli geljek üçin durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin ýurdumyzda döwlet maksatnamalary we meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de beýleki döwlet we pudaklaýyn maksatnamalary görkezmek bolar. Bu Maksatnamalar ösen bazar amatlylyklaryna çalt depginde geçmäge, önüm öndürýän pudaklaryň daşary ýurtlara haryt çykarmak mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, eýeçilik gatnaşyklaryny özgertmäge, ilatyň iş bilen üpjünçilik çygryny giňeltmäge, kiçi we orta telekeçiligi milli ykdysadyýete işjeň çekmäge gönükdirilendir. Önümçiligiň ähli ulgamlarynda haryt öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazarynyň gerimini giňeltmäge we ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam eder. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan strategik ýörelgeleri esasynda ýurdumyzda durnukly makroykdysady ýagdaýyň saklanylmagyna giň ähmiýet berilmegi ykdysady ösüşiň ýokary depginini üpjün etmek bilen birlikde Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagyna şert döredýär.

Bahram KOLDA|OW,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirliginiň döwlet sanawyny alyp barýan döwlet bellige alyjysy.