Ýurdumyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda ykdysady jähetden hem has uly ösüşleri nazarlaýar. Muny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» hem görmek bolýar. Resminama laýyklykda, göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek boýunça bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ençeme möhüm wezipeler ýüze çykýar. Hawa, Garaşsyz döwletimizi ýakyn 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän Milli maksatnamanyň kabul edilmegi geljekki ösüşli ýollaryň kepili bolar. Munuň özi, aslynda, dünýäniň we ýurduň ösüşinde ykdysadyýetiň barha artýan orny, geljek döwürde bu pudagyň adamzadyň tutuş ösüşindäki ähmiýeti barada oýlanmagymyza uly badalgadyr. Ynsanyýetiň abadançylygyny nazarlaýan ykdysadyýetiň ähmiýeti ähli döwürlerde-de ýokary bolupdy, soňky ýyllarda bolsa munuň özi beýik ösüşleriň kesgitleýji şertine öwrüldi. Ol häzirki zamanyň ösen ykdysadyýetiniň we ýaşaýşyň özara baglanyşykly täsiriniň barha artyp, şeýle mäkäm baglanyşygyň bir kökene düzülendiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Milli Liderimiz Hökümetiň giňişleýin mejlisindäki taryhy çykyşynda 2021-nji ýylda milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depgini esasynda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime deň bolandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, geçen ýylda ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 104,1 göterim, çykdajy bölegi 99,9 göterim berjaý edildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 31,7 milliard manat möçberinde maýa goýumlar özleşdirilip, olaryň 46,3 göterimi önümçilik, 53,7 göterimi durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,7 göterim, bölek söwdanyň möçberi 16,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 20,5 göterim artdy. Dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady çökgünlik we koronawirus pandemiýasy şertlerinde şeýle ösüşleriň gazanylmagy häzirki döwürde milli ösüş ýolumyzyň başgalar üçin hem goldanarlyk tejribedigini görkezdi. Munuň özi ýurdumyzyň geçen taryhy ýolunyň geljek 30 ýyllyk meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirjekdigine güwä geçýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň pudaklarynyň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek zerur bolup durýar. Depginli ösýän bazar gatnaşyklary şertlerinde sebitleriň täze üpjünçilik ulgamlary döredilýär. Telekeçilik işiniň netijeliligi ýokarlanýar. Importy çalyşýan önümleri artdyrmak boýunça işler çaltlandyrylýar. Şoňa görä-de, ykdysady we senagat zolaklaryny döretmek, olaryň netijeli işlemegini gazanmak üçin kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlara uly ähmiýet berilýär. Ösüşiň täze şertlerinde ýurdumyzyň sebitleriniň mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam uludyr.
Pälwan NURMEDOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.