Hormatly Prezidentimiz döwletimizde ylmy, bilimi dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde ösdürmegi, halkymyzyň gadymy we orta asyrlar döwürleriniň örän baý medeni mirasyny giňişleýin çuňňur öwrenmegi, gorap saklamagy, dikeltmegi, wagyz etmegi döwlet derejesindäki möhüm, wajyp wezipeleriň biri edip goýdy. Arkadag Prezidentimiziň tagallalary bilen bu ugurda saldamly işlere badalga berildi. Milli Liderimiziň ýadawsyz aladalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyny ösdürmek boýunça öňe süren özgertmelerini, gazanylan ösüşleri hem-de bu ugurda amala aşyrýan düýpli, tutumly işlerini göz öňünde tutup, halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň 2022-nji ýylyna “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip adalatly at berdi.
Türkmenler dünýäde iň gadymy halklaryň biridir. Türkmen topragynda emele gelen medeniýetiň, sungatyň, edebi mirasyň ýeke-täk eýesi hem türkmenler hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeni mirasy öwrenmeklige uly ähmiýet berilýär. Gadymy we müdimi mirasymyzy dünýä çykarmaklygy baş maksat edip goýan Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan medeni ugry umumadamzat medeni gatnaşyklaryna gönükdirilendir. Türkmen halky tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda döredilen maddy däl medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň nusgalaryny toplap öwrenmek, gorap saklamak babatynda maksatlaýyn işleri alyp barmaklyk hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda ylmy-usulyýet, wagyz-nesihat häsiýetli işleri ýola goýmak, ilatdan toplanylan maglumatlary arhiwleşdirmek, olaryň maglumatlar binýadyny döretmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar.
Türkmen halky dünýäniň maddy we medeni gymmatlyklaryna öz mynasyp goşandyny goşan halk. Häzirki döwürde halkymyzyň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Medeni we ruhy gymmatlyklaryň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň buýsanç çeşmesidir. Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýadygärlikler toplumlary dünýäniň dürli ýurtlarynyň hünärmenlerinde, syýasatçylarynda uly gyzyklanma döredýär. Türkmen halysy, ahalteke bedewi, alabaýy, milli lybaslarymyz, şaý-seplerimiz, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligi, dessanlarymyz, mukamlarymyz gaýtalanmajak özboluşlulygy bilen tapawutlanýar. Maddy-medeni mirasymyz bilen birlikde, ruhy mirasymyz, ýagny, türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen halk döredijiligi dünýä medeniýetiniň naýbaşy ýadygärlikleri hasaplanýar. Meşhur “Görogly” şadessanymyzyň, “Küştdepdi” tans sungatymyzyň, türkmen halyçylyk sungatynyň, şeýle-de “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda uly orun tapypdyr. Ahalteke bedewleriniň edil Oguzhan ýaly, Görogly ýaly janköýer dosty-Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly eserleri milli buýsanjymyz ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelişi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup, türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirdi.
Hormatly Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby şol maglumatlaryň üstüni ýetirip, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä ýaýdy. Hormatly Arkadagymyzyň bu kitabynda “...halkymyzyň watançylygynyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewleriň ornunyň has ýokary bolupdyr diýmek bilen” nesil terbiýesinde ganatly bedewlerimiziň hem ýakyn arabaglanyşygynyň bardygyny belläp geçýär. “Türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi, gadymdan bäri edebi ýazgylaryň esasy gahrymany bolmagynda galýar”. Hormatly Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly “...biziň ata-babalarymyz ýüwrük bedewlerine atlanyp, dünýä ýol salypdyrlar”. Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, nesillerimize galdyrypdyr. Şonuň üçinem Türkmenistan-behişli bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdyr.
Hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde ata-babalarymyzyň asyrlarboýy uly yhlas bilen ösdüren atçylyk sungatynyň halkara derejesine ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. Türkmen halky elmydama bedew atlaryny aýawly saklap, olary mähir we söýgi bilen gurşapdyrlar. “Oguznama” eposyndaky “Saňa at diýmerin, gardaşym diýerin, ýöne sen dogandan hem zyýada” ýaly setirler ýa-da “Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň-atyňy” we “At dosty-ata dosty” ýaly, çuň manyly pähimler türkmenleriň atlaryna “maşgalasynyň bir agzasy” hökmünde garandyklaryna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”atly kitabynda belleýşi ýaly: “Atda lakam diýen zat bolmandyr, diňe at goýlupdyr. Olaryň nesil daragty hem edil ynsanyňky ýaly-ogul, gyz, agtyk, çowluk diýlip atlandyrylypdyr...”
Bu günki bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistan ýurdumyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty dünýä dolýar. Türkmenistan ösüşleriň, rowaçlygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Munuň şeýle bolmagynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, alyp barýan parasatly syýasaty esas bolýar. Ynsan durmuşyny gözellige öwürýän, medeniýete we sungata uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.
Mergen Annanurow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy