Nowruz geldi ilime

Baharyň gelmegi bilen, türkmen topragy gyş ukusyndan oýandy. Zemin ýaşyl begrese bürenip, gözel görke girdi. Onuň ajaýyp keşbi — guşlaryň şirin owazy, gülleriň görki kalplary heýjana getirdi. Şahyrlaryň kalby bahar nagmasyna eýlendi. Çyplaň agaçlar gök don geýdi. Onuň waspyny şahyrlar goşgy bilen ýetirse, gyz-gelinler läle kakyp taryp etdiler. Asmanda çal bulutlar gübürdäp, Gökden inen ýagyş-ýagmyrlar teşne topragy gandyrdy. «Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!» diýip, bahar paslyny buşlan lirik şahyrymyz onuň säherlerini şeýle wasp edipdi: «Ir säherler çykyp salkyn eýwana, Daň atyp gelşin ýakyndan gördüm. Daň salamyn ýollap çygly otlara, Bileje çekişdim guşlaryň «derdin».

Dogrudan-da, bahar paslynyň säherleri şahyryň wasp edişi ýaly, örän üýtgeşik. Alys gözýetimiň gaýmagyny syryp, Günüň dogup gelşini ýakyndan görmegiň, asuda, parahat, abadan ýurdumyzda birek-birege ilkinji säher salamyny bermegiň, daň säheriniň çygly howasyndan säher bilen dem almagyň janyňa dermandygy öz-özünden görnüp dur.

Ynsan we tebigat — bu örän täsin hem ajaýyp sazlaşyk. Ynsan bilen tebigat bir göwrä öwrülip, durmuşy gözellige, ajaýyplyga, topragy ýaşaýşyň egsilmez çeşmesine, Zemini eşret mekanyna öwürýär. Häzir bu eşret mekanynda daň säherleri ajaýyp görke geldi. Dolan Aý gül ýüzi bilen agşamlaryna gülüp bakýar. Giň çöller özgerip, görke girýär. Zeminde zähmet gaýnap joşýar. Ýer bilen Asman arasynda gül çemenler birek-birege ýylgyryp bakýar hem-de ynsanlaryň kalbyna şatlyk paýlaýar. Mahlasy, türkmen topragy, gojaman Zemin yşkdan doldy. Altyn şapak gül görke giren sähralaryň gözelligine gözellik goşýar. Aýdym-sazyň, dutaryň ajaýyp owazy kalplary joşdurýar.

Ençeme asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten, dost-doganlygyň, agzybirligiň, rysgal-berekediň baýramçylygy bolan, bahar paslynyň ilkinji aýynda eziz Diýarymyzda uly şatlyk hem-de ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýän Milli bahar baýramy ynsanlaryň şatlygyny goşalandyrdy.

Külli türkmen topragynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza bagyş eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan şeýle toý-baýramlar hasda uludan tutulýar. Bereketli türkmen topragynda, asuda hem parahat ýurdumyzda tutulýan toý-dabaralarymyza diňe bir türkmen halkymyz däl, eýsem, daşary ýurtlardan gelýän myhmanlar hem uly buýsanç hem guwanç bilen gatnaşýarlar.

Hawa, eziz Diýarymyzda Milli bahar baýramynyň il asudalygynda ýurt abadançylygynda hormatly Prezidentimiziň daşyna barha jebisleşip bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň ähli raýatlaryny Asman-Zemini görke getirip, ynsanlaryň ruhuny galkyndyrýan bu baýramyň ýüreklerde bahar ýaly duýgulary oýarmagyny arzuw edeliň!

Orazjemal Myradowa, 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň

Maliýe kafedrasynyň mugallymy