6-7-nji awgustda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp, paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat milli ykdysadyýetimiziň şu öňdebaryjy pudaklarynda gazanylan üstünliklerdir ýetilen sepgitler, geljekki mümkinçilikler bilen giňden tanyşmak üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat etdi.
Biz nobatdaky gözden geçirilişe gatnaşyp, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň hödürleýän hyzmatlary barada degişli hünärmenler bilen pikir alyşdyk.
Iri gurluşyklar — türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň nyşany
«Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň düzüminde 1996-njy ýylda döredilen «Gap Inşaat» kompaniýasy dünýäniň 22 ýurdunda 30 müňden gowrak hünärmeni bilen üstünlikli iş alyp baryp, bu günki gün Türkiýäniň gurluşyk pudagynyň hakyky buýsanjyna öwrüldi. Üç yklymda ýokary hilli, döwrebap taslamalaryň 130-dan köpüsini amala aşyran kompaniýanyň dünýäniň iň iri potratçylarynyň sanawynda mynasyp orun almagy hem munuň anyk delilidir. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli guralan «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergä öz diwarlygy bilen gatnaşan «Gap Inşaat» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň şertnamalar bölüminiň hünärmeni Kerwen Çoganow bu meşhur türk şereketiniň biziň ýurdumyzdaky iri taslamalary barada, ine, şeýle gürrüň berdi:
— «Gap Inşaat» indi 25 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda, esasan, üç ugurda gurluşyklary amala aşyrýar. Şolardan infrastruktura ugry awtomobil we deňiz ýollarynyň, howa menzilleriniň desgalar ugry durmuş-medeni, saglyk ugurly binalaryň, senagat ugry bolsa gazhimiýa, gazy gaýtadan işleýän önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryny öz içine alýar. 2018-nji ýylyň maýynda ulanmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty kompaniýamyzyň Türkmenistanda durmuşa geçiren iň iri taslamasydyr. Onuň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeleriniň ugrundaky iň uly «deňiz derwezesidigini» aýratyn nygtamak gerek. Ýurdumyzyň günbatar sebitinde açylan we häzirki wagtda üstünlikli işledilýän «Garabogazkarbamid» zawody bolsa her gije-gündizde 3500 tonna karbamid öndürmek bilen, bu ugurda sebitde iň öňdäki orny eýeleýär. Häzirki wagtda hem türkmen paýtagtynda täze taslamalaryň 3-siniň — Aşgabat şäheriniň gulluklarynyň binasynyň, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşyklary güýçli depginde dowam edýär.
Tejribeli hünärmen gürrüňdeşlikde türkmen bazarynyň «Gap Inşaat» üçin özüne çekijiligi barada-da durup geçip, ýurdumyzyň tebigy gaza örän baý döwlet bolmagynyň bu ugurda gurulýan desgalaryň özüne düşýän gymmatynyň amatlylygyny şertlendirýändigini, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmeginiň söwda, üstaşyr ulag gatnaşyklaryny ilerletmäge ýardam edýändigini, täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagynyň bolsa has oňaýly, döwrebap durmuş-medeni maksatly taslamalary durmuşa geçirmäge islegi artdyrýandygyny belledi.
Täze awtomobil köprüsi: goňşudan dünýä uzajak ýol
Ukrainanyň «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetine Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň ynanylandygyny göz öňünde tutup, halkara serginiň çäginde bu kompaniýanyň alyp barýan işleri bilen gyzyklandyk. «Altkomyň» Türkmenistandaky şahamçasynyň bölüm başlygy Suraý Gurbanowanyň beren gürrüňleri hem, esasan, şu möhüm gurluşyk taslamasy bilen bagly boldy. Onuň aýtmagyna görä, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda gurluşygyna başlanýan bu awtomobil köprüsi Garabogazköl aýlagynyň üstünden Gazagystanyň serhedine çenli uzalyp gider. Onuň gurulmagynyň esasy maksady goňşy ýurtlar, ilkinji nobatda, Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberini has-da artdyrmaga, ýolagçy we ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Ýeri gelende bellesek, «Altkom» maliýe-senagat topary 2010-njy ýylda Türkmenistanda öz şahamçasyny açmak bilen, geçen döwrüň dowamynda ýurdumyzyň çäginde ýokary derejeli köprüleriň 5-siniň gurluşygyny amala aşyrdy. Şolaryň hatarynda Amyderýanyň üstünden gurlan Türkmenabat — Farap, Kerki — Kerkiçi awtomobil köprüleri, Kerki — Ymamnazar aralygyndaky demir ýol köprüleriniň 2-si we Türkmenabat — Farap polat ýoly bar. Daşoguz Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluşygy hem şu iri düzümiň ussat ýol gurluşykçylarynyň zähmetiniň netijesidir. Ýol gurmak, köpri çekmek ýaly sogaply işlere dahylly bolup, ýurtlardyr halklaryň birek-birek bilen ýakynlaşmagyna goşant goşýan kompaniýanyň hünärmenleri geljekde-de Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler.
Sanly hyzmat bilen hojalyk aladalaryňy aňsatlaşdyr!
«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergide ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň gazananlaryny görkezýän diwarlyk hem özüne çekiji boldy. Onda Türkmenistanda elektrik energiýasy pudagyny ösdürmek, energiýa serişdelerini ýerlemek bilen bagly alnyp barylýan syýasata gönüden-göni dahylly bolan Energetika ministrliginiň iş ugurlarydyr durmuşa geçirýän taslamalary baradaky maglumatlar bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik döredilipdir.
— «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar binýadyny döretmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň çäklerinde geçen ýylda Energetika ministrliginde hem maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölümi döredildi. Aslynda, milli ykdysadyýetimiziň elektrik energetikasy ýaly iň bir girdejili pudagynyň sanlylaşdyrylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, elektrik energiýasyny öndürmegiň, ony daşary ýurtlara çykarmagyň has amatly usullarynyň işlenilip taýýarlanylmagy we iş ýüzünde ornaşdyrylmagy babatda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, biziň alyp barýan işimiz ministrligiň merkezi edarasynda, şol sanda onuň garamagyndaky ugurdaş kärhanalarda sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, galyberse-de, maglumatyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir — diýip, ministrligiň maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölüminiň başlygy Hangeldi Ýusupow täze sanly hyzmat hökmünde «Milli Pay» mobil goşundysynyň aýratyn gyzyklanma döredendigini nygtady.
«Milli Pay» mobil goşundysy barada aýdylanda, ol Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanylyp, raýatlara tebigy gaz hem-de elektrik energiýasy üçin tölegleri elektron görnüşde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şunlukda, töleg geçmek üçin wagtyňy sarp edip, bir ýere gitmek zerurlygy aradan aýrylýar. Bu mobil goşundy «Play Market» we «App Store» internet dükanlarynda elýeterli bolup, ony telefondyr planşete ýükläp almak bilen, ulanyjylar bank kartlary arkaly hojalykda sarp edilen gazdyr toguň tölegini nagt däl görnüşde hasaplaşyp bilýärler. Bir sözde aýdylanda, «Milli Pay» «Türkmengazüpjünçilik» hem-de «Döwletenergogözegçilik» kärhanalarynyň öýden uzakda ýerleşýän bölümdir müdirliklerini «eliň aýasyna getirmekdir».
«Ojar Aziýanyň» gurluşyklary: Ýokary hil. Ussatlyk. Takyklyk
«Ojar Aziýa» hususy kärhanasy Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda, hususan-da, ýol gurluşygy boýunça üstünlikli iş alyp barýan hususy düzümleriň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. 2008-nji ýylda esaslandyrylan bu kärhana Diýarymyzyň çar künjeginde durmuş-medeni, sport maksatly binadyr desgalaryň, awtomobil ýollarynyňdyr köprüleriň gurluşyklaryna işjeň gatnaşyp gelýär. Ilkibaşda ýük daşamak ulgamynda işe girişen bu düzümiň hususy awtoparky bolup, onda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýük daşaýjy tehnikalarynyň dürli görnüşleri bar. Munuň özi diňe bir kärhananyň öz zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga däl, eýsem, tehnikadyr enjamlaryny gyzyklanma bildirýän taraplara kärendesine bermäge-de mümkinçilik döredýär. Häzir bolsa «Ojar Aziýanyň» ýol gurluşykçylary Köpetdagyň eteginde gyzgalaňly dowam edýän düýpli gurluşykda netijeli iş alyp barýarlar.
«Şu günlerde kärhanamyzyň 600 işgäriniň ýarysyndan gowragy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde zähmet çekýär. Bize merkeziň birinji tapgyrynda içerki awtomobil ýollarynyň 48,8 müň metrini, ikinjisinde bolsa 17,8 müň metrini gurmak ynanyldy. Ýene 5,4 müň metre uzaýan ýolda hem abatlaýyş işlerini geçirmeli. Bu ugurda kärhanamyzyň kuwwatly tehnikalarynyň 120-ä golaýynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň başyny başlan Gahryman Arkadagymyz ähli desgalarda, şol sanda onuň çäginde gurulýan awtomobil ýollarynda iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagynyň esasy talaplaryň biridigini yzygiderli nygtaýar. Şoňa görä-de, biz «Ýokary hil. Ussatlyk. Takyklyk» ýörelgesini şygar edinip, ýol gurluşygy pudagyna dünýä standartlaryna laýyk gelýän täzeçil çemeleşmeleri işjeň ornaşdyrmaga, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmäge çalyşýarys. Nesip bolsa, munuň ajaýyp miwelerini görjek günlerimiz hem uzakda däl» diýip, «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň direktory Amanmuhammet Ojarow aýdýar.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.