Islegli harytlar

Ýokary hilli önümleri öndürmegi baş ýörelge edinen Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mary şäherindäki «Ýeňiş» tikin kärhanasynyň tikinçi gelin-gyzlary ýurdumyzda giňden bellenilýän toýdur baýramlara ajaýyp zähmet sowgatlary bilen barýarlar. 2022-2023-nji okuw ýylynyň golaýlamagy bilen okuwçylaryň köýnekleriniň, şol sanda orta mekdeplerde okaýan gyzlaryň zähmet sapagynda ýörite geýýän halatlarynyň hem önümçiligi ýola goýuldy. Önümçiligi ilerledip bilýän her bir täzeçillik kärhananyň ykdysady peýdasyny hem barha artdyrýar.  

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň dokma önümlerini öndürmek we kärhanalary döwrebaplaşdyrmak barada berýän tabşyryklaryna öndürijilikli zähmet bilen jogap berýän «Ýeňiş» tikin kärhanasynyň ezber elli tikinçileri ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleri bilen içerki bazarymyzdaky, şeýle hem daşarky bazarlardaky ornuny barha pugtalandyrýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus işleri durmuşa geçirýän kärhananyň işçileri häzirki günde mekdep okuwçylary üçin şu günüň talabyna laýyk gelýän köýnekleri we orta mekdeplerde zähmet sapagynda geýilýän ýörite halatlary taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berýärler.  

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň batly ösüşlerine saldamly goşant goşýan bu tikin kärhanasy ýurdumyzdaky ugurdaş kärhanalaryň içinde öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Tikinçiler halkymyzyň ösen islegini nazara almak bilen, erkek adamlara, uly we kiçi ýaşly oglanlara niýetlenilen döwrebap köýnekleri tikýärler. Kärhananyň eli çeper, kärine ussat zenanlarynyň uly mähir, yhlas, zähmet siňdirip tikýän dürli ölçegdäki köýneklerinde we halatlarynda bada-bat gözüň eglenýär. Önümleriň biçüw aýratynlygy, owadanlygy hem-de göze gelüwliligi her bir adamyň ünsüni özüne çekýär.  

                                                                   

Kärhanada ýylyň başyndan bäri on dokuz million bäş ýüz kyrk sekiz müň dört ýüz ýigrimi iki manatlyk ýokary hilli harytlyk önüm öndürilipdir. Kärhana gerek bolan dürli reňkli matalar Ruhabat dokma toplumyndan getirilýär. Garyşyk we arassa pagtadan dokalan matalardan taýýarlanylýan dürli ölçegdäki köýnekler özüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Tikinçiler halkymyzyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, her paslyň özüne mahsus bolan köýneklerini önümçilige goýbermäge hem aýratyn üns berýärler. Kärhanada erkek adamlar, çagalar üçin tikilýän köýnekler bilen birlik-de, ýörite buýurmalara laýyklykda, harby gullukçylar üçin jalbarlar we köýnekler hem tikilýär. Ýokary tehnologiýaly tikin enjamlarynda tikilip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlardan birjigem kem bolmadyk köýnekler, beýleki harytlar kärhananyň ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki we Mary şäherindäki ýörite dükanlarynyň hem-de mekdep bazarlarynyň üsti bilen ilata ýetirilýär. Öndürijilikli işleýän kärhananyň öndürýän dokma önümlerine dünýä bazarlarynda-da uly isleg bildirilýär. Tikinçilik kärhanasynyň işçileri, özleri barada döredip berýän şeýle giň mümkinçilikleri üçin, hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýdýarlar.  

                                                                                                           

Welmuhammet GALANDAROW.