Новости
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Iki ýurduň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga çalşyp, men jenap Irfan Ahmedi Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Jenap Irfan Ahmediň belent şahsy häsiýetleri onuň özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormat goýmagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Sizden ony hoşniýetli kabul etmegi hem-de Siziň Alyhezretiňize meniň adymdan aýtjak sözlerine, aýratyn hem, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym, hakyky dostluk baradaky ynandyrmalarymy hem-de Türkmenistana abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Dostlukly arzuwlar bilen,

Arif ALWI,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Aşgabat, 16-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Pakistanyň Prezidenti Arif Alwiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol netijeli türkmen-pakistan gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary, hususan-da, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berilýändigini nygtap, öz ýurdunyň umumy maksatlara hem-de bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Pakistanyň milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli, oňyn daşary we içeri syýasatyny hem-de hormatly Prezidentimiziň yklymara energetika we ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygy bellenildi. Şol başlangyçlar bolsa dünýä bileleşiginiň goldaw bermeginde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna salam aýdyp, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Pakistanyň Hökümetine Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny halkara giňişlikde goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz mizemez dostluga, çuňňur taryhy köklere, medeniýetleriň umumylygyna daýanýan hem-de özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilip, täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alşyldy.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini has-da ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu gaz geçiriji Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmäge, Günorta-Gündogar Aziýanyň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ilçi Pakistanyň TOPH gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygyny hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek işini çaltlandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň sebit we halkara derejede ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagynyň sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjekdigine, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi. Şol gaz geçirijisi arkaly tebigy gaz Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletli iberiler.

Duşuşygyň çäklerinde taraplaryň özara gyzyklanmalaryny hem-de uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň sazlaşykly ösýändigini nazara almak bilen, uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda Hökümetara türkmen-pakistan toparynyň has işjeň we netijeli işlemelidigini belledi.

Umumy pikire görä, däp bolan ynsanperwer gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry boldy we şeýle bolmagynda galýar. Medeniýet we sungat ulgamynda dürli derejedäki yzygiderli gatnaşyklar, özara Medeniýet günleri, ylmy we döredijilik forumlary köp babatda şol hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmed milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-pakistan hyzmatdaşlygy meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20918?type=feed

17.02.2021
Bagtyýarlyga beslenýän eziz Diýar

Ynsanyň kalbyny, göwünleri gülledýän döwürdir. Şu bagtyýar döwür hakynda, parahatçylykda gülläp ösýän Arkadagly Watanymyzyň ösüş-özgerişleri barada oýlananymda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Döwrüň bilen, bagtyýar biz Arkadag!» diýen setirleri şol bada serime doldy. Biz şahyryň nygtaýşy ýaly, sözüň doly manysyndaky Arkadagly döwrüň bagtyýar ýaşaýjylarydyrys. Bu bagtyýarlygy duýup, görüp, wasp edip ýaşamak biziň her birimiziň jana-jan borjumyzdyr.

Tereň derýalaryň joşup-joşup akyşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bat beren özgertmeleri bilen ösüşlerden-ösüşlere sary galkynyp, bütin dünýä ýaň salan üstünlikleri gazandy. Ýurdumyzyň ähli pudaklary gülläp ösdi, Watana, milli Liderimize bolan söýgi bilen galkynan raýatlarymyzyň gaýnap joşan zähmetinden tanalmaz derejede özgeren şäherdir oba-kentlerimiz göreni haýrana goýdy. Elbetde, şeýle ösüşleri bagyş eden jebisligiň özeninde “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgäniň bardygyny turuwbaşdan nygtamalydyrys. Bu ajaýyp taglymaty mertebesi belent Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinde öňe sürüpdi. Halkymyzy eşretli durmuşa eýe edip, ýurdumyzy özgerden hormatly Prezidentimiziň bu taglymaty durmuşda giňden öz beýanyny tapdy.

Bu joşgunly zähmete galkynyşyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda has-da rowaçlanjakdygyna berk ynanýarys. Şol üstünliklere ýetirjek zähmete ruhlandyrjak hormatly Prezidentimiziň halkymyzy has eşretli durmuşda ýaşatmak baradaky aladalara ýugrulan beýik işleridir. Halkymyzyň arzuwlap ýeten mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny ýokary derejede geçirmäge bagyşlanyp guralýan bäsleşikler we çärelerdir. Şonuň bilen birlikde ýetilen belent sepgitleriň täze üstünliklere ruhlandyrýan badalgasydyr. Halkymyzyň hormatly Prezidentimize, eziz Watanymyza bolan joşgunly söýgüsidir, sarpasydyr, hormatydyr.

Elbetde, adamlary ýaşaýan zamanasyna, zähmete ruhlandyrmakda medeniýete we sungata aýratyn orun degişlidir. Muňa hormatly Prezidentimiziň “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýen paýhasly jümlesiniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Ruhlandyryjy güýç bolan medeniýetiň we sungatyň eziz ýurdumyzda gülläp ösmeginde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bardyr. Sungata aýratyn sarpa goýýan milli Liderimiz onuň ähli ugurlarynyň sazlaşykly ösmegine, halkymyzyň uly ruhubelentlige galkynmagyna ýokary derejede üns berýär. Ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň ýaş zehinleri ýüze çykarmakda uly ähmiýetiniň bardygyny yzygiderli nygtaýar. Bu ulgamyň gülläp ösýän Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýmakda hem aýratyn ornunyň bardygyny belleýär.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Şonda milli Liderimiz milli gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda, ýaş zehinleri ýetişdirmekde medeniýet ulgamyna örän uly ornuň degişlidigini ýene bir ýola nygtady. Halkyň kalby bolan medeniýetiň adamlaryň aň-düşünjesini ýokarlandyrmakda, işjeňligini artdyryp, agzybirligini berkitmekde, köpçüligi beýik işlere galkyndyrmakda uly güýje eýedigini aýtdy. Şonuň ýaly-da, ýazyjy-şahyrlaryň tolgundyryjy sözleriniň, bagşy-sazandalaryň kalbyňa ornaýan şirin mukamlarynyň, suratkeşleriň täsirli şekilleriniň hiç kimi biparh goýmaýandygyny bellemek bilen, biziň millet derejesinde gazanan üstünliklerimiz, ýeten sepgitlerimiz medeniýetimiziň ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ösüş-özgerişlerimiziň waspçysy, ony bütin dünýä ýaýmakda uly orny eýeleýän medeniýet ulgamy we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda has-da uly borçlara beslenýär. Ýagny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyny we beýleki döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklary ýokary derejede geçirmekde hem-de Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny çeper dilde makalalaryň, goşgularyň, publisistik eserleriň, aýdym-sazlaryň, garaz, sungatyň ähli görnüşleriniň üsti bilen wasp etmekde netijeli işleriň durmuşda beýanyny tapjakdygyna ynanýarys. Muňa eýýämden bu ugurda yglan edilen bäsleşikler-de, meýilnamalaýyn çäreler-de şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kämil hünärmenleriň ýetişmegine hem aýratyn üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hut şonuň netijesinde milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, geçen ýyl Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi döredildi. “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy.

Elbetde, on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň ýurdumyzyň bilim ulgamyny uly üstünliklere eýe edendigini-de aýratyn nygtamalydyrys. Şeýle-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň geljekde hem uly üstünliklere ýetjekdigine ynam döredýär. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň:

Watanyň ýetendir şöhrat-şanlyga,
Öz aýry däldigiň bir ten-janlyga.
Il-günüň söýgüsi mähribanlyga,
Ygraryňdyr, yhlasyňdyr, Arkadag 
—  diýip nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň ýeten ösüş-özgerişleri hormatly Prezidentimiziň ady bilen, eziz Watanymyza bolan beýik söýgüsi, yhlasy, ygrary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA,

“Mugallymlar gazeti”.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20888

17.02.2021
Giň gerimli oňyn özgertmeler rowaçlyklaryň, üstünlikleriň binýadydyr

Täze taryhy eýýamymyzyň ýurt abadançylygynda, döwlet berkararlygynda, il agzybirliginde kerwen gurap geçýän aý-ýyllary halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň töwereginde mäkäm jebisleşip, milli Liderimiziň eziz Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek, ösüşiň täze belentliklerine ýetirmek boýunça taýsyz tagallalaryny goldaýandygyny aýan edýär. Şu maksat bilen, oýlanyşykly içeri we daşary syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu syýasat ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, parahatçylyk arkaly ösüşi gazanmaga gönükdirilendir. Şu syýasatyň, şeýle hem milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň, toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, döwletimiziň ykdysady kuwwaty artýar, halkymyzyň abadançylygy üpjün edilýär, ata Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokarlanýar.

Her bir üstünlik täze zähmet ýeňşini gazanmaga höweslendirýär, belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Ýylyň-ýylyna gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler munuň subutnamasydyr. Biz muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň toplumlaryny ösdürmek boýunça golaýda geçiren iş maslahatlarynda, şonuň ýaly-da Hökümetiň 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garalan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlar arkaly ýene-de bir gezek göz ýetirdik.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgini saklanýar, jemi içerki önüm, jemi öndürilen önüm, haryt dolanyşygy yzygiderli artýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça ösüş gazanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilen işleriň netijelerine baha bermek bilen, «Biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy» diýip belleýär.

Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň halka daýanyp, halkyň hatyrasyna, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagy üçin, Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirýän işleri, amala aşyrýan oňyn özgertmeleri rowaçlyklara we üstünliklere beslenýär. Munuň aýdyň subutnamasy bolan we bu babatda buýsançly söhbede esas döredýän mysallar köp. Milli ykdysadyýetimiziň toplumlarynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, alnyp barylýan işler arkaly hem muňa göz ýetirmek bolýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň ýangyç gorlaryna baý döwletleriniň biridir. Şonuň üçin milli Liderimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek bilen baglanyşykly işlere hemişe möhüm ähmiýet berýär, pudagyň öňdebaryjy, düşewüntli pudaklaryň birine öwrülmegini gazanmak baradaky wezipäni öňde goýýar. Şu maksat bilen, ýangyç-energetika toplumynyň işine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly “mawy ýangyjyň” we nebitiň çykarylýan möçberleri artdyrylýar. Olaryň gaýtadan işlenilmegi bilen öndürilýän önümleriň möçberleri hem, eksport edilişi hem artýar.

Nebitgaz pudagynda dünýäniň meşhur hem abraýly kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy, iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, şeýle hem kuwwatly gazhimiýa senagatyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän işler döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işine möhüm ähmiýet bermek bilen, bu düzümiň işini döwrebaplaşdyrmagy, pudagyň işgärleri üçin zerur şertleriň döredilmegini, tebigy gazy gaýtadan işlemegi, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmagy, geologiýa-gözleg işlerini geçirmegiň depginini artdyrmagy, gazy eksport etmek üçin amatly bazarlary gözlemegi, nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribeden ugur alyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagy we beýleki zerur işleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitleýär.

Milli ykdysadyýetimizde oba hojalyk toplumynyň hem aýratyn orny bar. Hut şonuň üçin milli Liderimiz bu toplumy ösdürmek boýunça işlere möhüm ähmiýet berýär, onuň düşewüntli pudaga öwrülmegi üçin zerur şertleri döredýär. Döwletimiziň we döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler üstünliklere beslenýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda bu hakynda söz açyp, «Başarjaň daýhanlarymyz we mülkdarlarymyz hem geçen ýylda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy başardylar. 1 million 500 müň tonna golaý guşgursak bugdaý, 1 million 200 müň tonnadan hem köp pagta taýýarlap, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler» diýip belledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Watanymyzyň okgunly ösüşinde ylym-bilim ulgamlaryna hem aýratyn orun degişlidir. Bu ulgamlaryň işini kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garalyp, uly ähmiýet berilýär.

Şu ýerde şeýle bir maglumaty getirmegi makul bildik. 2020-nji ýylyň dowamynda kitap önümleriniň 367 görnüşi çykarylypdyr. Şolaryň 156-sy okuw kitaplarydyr. Ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň çäklerinde bilim ulgamynyň hukuk binýady kämilleşdirildi. Bu iş häzirki wagtda hem alnyp barylýar. Okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň, gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär, sanly bilim ulgamy ösdürilýär, okatmagyň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe berlişiniň, ýaş hünärmenleriň taýýarlanylyşynyň derejesi ýokarlanýar.

Gürrüň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň guwandyryjy netijeleri barada barýarka, ýene-de milli Liderimiziň Hökümetiň golaýda geçirilen giňişleýin mejlisinde eden çykyşyna salgylanmagy makul bildik. Döwlet Baştutanymyz şonda “Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde, biz gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýumlaryny goýduk. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga berdik” diýip aýtdy.

Häzirki wagtda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän köp sanly desgalarda gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ajap eýýamynda içeri we daşary syýasatyň, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigine gurluşyk-senagat, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, medeniýet ulgamynda, ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň mysallarynda hem açyk-aýdyň göz ýetirmek bolýar. Giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwaty artýar, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy üpjün edilýär.

Elbetde, rowaçlyklara, üstünliklere beslenýän il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli bu işler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen hem-de gönüden-göni baştutanlygynda amala aşyrylýar. Şonuň üçin halkymyz milli Liderimize tüýs ýürekden buýsanýar.

Goý, ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe gitsin!

Tirkeş MÄMMEDOW,

«Mugallymlar gazeti».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20889

17.02.2021
Bäsdeşlige ukyply önümler

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny ösdürmek hem-de gurluşyk önümçiliginiň kuwwatyny ýokarlandyrmak babatdaky tagallalaryna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň başlangyjy esasynda bu etrabyň Garagan geňeşliginiň çäginde ýerleşýän gazbeton we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän zawodlar toplumynda bolanymyzda anyk göz ýetirdik.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasyna degişli bu zawodlar toplumynyň işe girizilenine sanlyja ýyl boldy. Şeýle-de bolsa, gürrüňi edilýän innowasion tehnologiýaly zawodlar toplumy daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk materiallarynyň ornuny tutýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk önümlerini öndürmekde uly meşhurlyga eýe boldy. Bu ýerde öndürilýän gazbeton önümleri we gury gurluşyk garyndylary ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Zawodlar toplumy bilen tanyşlygymyzy çig mal saklanýan bölümden başladyk. Ýokary talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylan bu bölümde degişli gurluşyk önümlerini öndürmek üçin gerek bolan sement, kwars çägesi, üwelen gips, ýakylmadyk hek saklanylýar hem-de önümçilik işinde ulanylmaga taýýarlanylýar. Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, önümçilik işinde ýerli çig mal ulanylýar. Kwars çägesi, sement, hek we gips ýaly çig mal ýurdumyzyň çägindäki ýataklardyr kärhanalardan gelip gowuşýar.

Önümçilik bölümlerinde bolanymyzda, işleriň awtomatik usulda dolandyrylýandygyna we olara kompýuterde gözegçiligiň amala aşyrylýandygyna göz ýetirmek örän ýakymly boldy. Germaniýa, Türkiýe döwletleriniň iň öňdebaryjy enjamlarynyň giň mümkinçilikleri we amatlyklary işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyna şert döredýär.

Ýyllyk kuwwaty 70 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny, 180 müň kubmetre barabar gazbeton önümlerini öndürmäge niýetlenen bu zawodlar toplumynyň önümleri içeri we daşary bazarlarda uly islegden peýdalanylýar. Munuň şeýledigine diňe geçen ýylyň özünde bu ýerde öndürilen önümleriň aglaba böleginiň daşary ýurtlara eksport edilmegi hem şaýatlyk edýär. Zawodda öndürilýän dürli ölçegdäki gazbeton bloklaryna we keramiki plitalar üçin ýelimlere, daşky we içki gruntlama şpaklýowkasyna, sepleri doňdurýan garyndylaryna we beýleki gurluşyk önümlerine islegiň has-da uludygyny bellemek gerek. Bu önümleriň öndürilişiniň yzygiderli artmagy hem şeýle diýmäge esas berýär. Dünýä standartyna laýyk gelýän şol önümler ýörite gaplara gaplanyp, sarp edijilere ýetirilýär.

Täze taryhy döwrümiziň häzirki günlerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň çäginde giň gerim alan gurluşyk işlerinde gürrüňi edilýän zawodlar toplumynyň önümleri giňden ulanylýar. Bu ýerde öndürilýän önümler bahasynyň elýeterliligi, hiliniň ýokary bolmagy bilen tapawutlanýar. Munuň özi ýerli çig malyň hasabyna öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.

Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz. SURATLARDA: zawodlar toplumynyň işinden görnüşler. Surata düşüren awtor.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20902

17.02.2021
Hasabatlylyk — sanly bilimiň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň we gazanylýan durmuş-ykdysady görkezijileriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet kadalaşdyrylyşynyň we döwlet dolandyrylyşynyň ýörelgeleri durandyr. Jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň paýynyň barha artmagy ýurdumyzyň innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna esaslanýan, öndüriji güýçleri çalt ösýän döwlete öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Bu ösüş-özgertmeler bolsa, ykdysady bilimleriň kämilleşdirilmegi baradaky wezipeleri öňe çykarýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda beýan edişi ýaly, ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, onda ylym-bilimiň döwrebap ösüşi babatdaky döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir.

Barha ösýän şertler ykdysadyýeti döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek wezipelerini öňde goýýar. Häzirki döwürde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipeler ähli pudaklara, ulgamlara işjeň ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýakynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, täze Maksatnamanyň kabul edilmegi birnäçe wezipeleri öz içine alýar. Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Ýurdumyzda yzygiderli döredilýän innowasion önümçilikleriň, kuwwatly gaýtadan işleýän senagat toplumlaryň üstünlikli işlemeginiň ylym bilen önümçiligiň sazlaşygy esasynda mümkindigi bellidir.

Häzirki döwürde ylma güýçli döwlet goldawy berilýär. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça barlaglary geçirmek, döwrebap tehnologiýalaryň esasynda täze önümleri döretmek, innowasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek, ylmyň milli ykdysadyýetiň pudaklary bilen aragatnaşygyny pugtalandyrmak ugrunda möhüm çözgütler kabul edilýär. 2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň ähli pudaklaryny we sebitlerini sanly ykdysadyýete geçirmek wezipesi bellenilip, bu işler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.

Sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, býujet ulgamynda «sanly bilim», «sanly saglygy goraýyş», «elektron resminamalar dolanyşygy», «elektron görnüşde döwlet hyzmatlary», «maliýe işlerini awtomatlaşdyrmak — meýilnamalaşdyryş we hasabatlylyk ulgamlary» ýaly sanly tehnologiýalaryň paýyny artdyrmak, tehnologik başlangyçlary we ylmy çözgütleri emele getirmäge şertleri döretmek, ygtybarly maglumat goraglylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny döretmek ýaly wezipeler maksatnamalaýyn durmuşa geçirilip başlandy.

Sanly ykdysadyýetiň durnukly ösmeginde ýurduň tutuş ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşi uly ähmiýete eýedir. Sanly intellektual tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy arkaly býujet serişdelerine takyk gözegçilik etmek hem-de olary dolandyrmak üçin şertleri üpjün edýän maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamynyň döredilmegi derwaýys meseleleriň hatarynda durýar. Bu ulgamyň esasy maksady has köp zähmeti talap edýän işleri awtomatlaşdyryp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini we dessinligini artdyrmakdan, býujeti taýýarlamak, ýerine ýetirmek we hasabaty düzmek işine gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenýän maglumatlaryň netijeliligini, dürslügini, takyklygyny we şunuň netijesinde hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şunda ykdysady ugurdan bilim alýan talyplara ykdysadyýetde möhüm ähmiýete eýe bolan dolandyryş hasaba alnyşyny dogry amala aşyrmagy, awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy bilen işlemegi döwrebap derejede öwretmek bilim ulgamynyň esasy wezipeleri hökmünde öňe çykýar. Ykdysady subýektiň hasaba alnyşy şol ýa-da başga görnüşde döwlet dolandyryşynyň ähli ulgamynda diýen ýaly bardyr. Nazaryýet derejesinde hojalyk ulgamynda dolandyryş hasaba alnyşyň özboluşly kesgitli alamatlary bardyr.

Häzirki döwürde Türkmenistanda dolandyryş hasaba alnyşyny kämilleşdirmek boýunça mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Hasaba alnyş döwlet dolandyryşynyň özbaşdak uniwersal we pudagara guraly bolup durýar. Döwlet hojalyk subýektlerinden dolandyryş hasaba alnyşy kesgitlemek we ýygnamak ýoly bilen, birnäçe wezipeleri çözýär. Meselem, olaryň hatarynda ykdysadyýetiň degişli pudaklarynda ösüşiň gidişiniň we hadysalaryň monitoringini amala aşyrmak, hojalyk subýektleriniň düzgüne laýyk ýöredilişine gözegçilik etmek, döwlet edaralary üçin möhüm bolan hojalyk subýektleriniň görkezijilerini kesgitlemek we gözegçilik etmek ýaly wezipeler bar. Bu wezipeler bolsa, ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine gönüden-göni täsir edýär. Şonuň üçin ykdysadyýet biliminde ýaşlaryň sanly ykdysadyýetiň möhüm ähmiýete eýe bolan innowasiýa maglumat-aragatnaşyk gurallaryndan sowatly bolmaklary şu günüň öňe çykaran talabydyr. Innowasiýa maglumat-aragatnaşyk gurallary býujet işine gatnaşyjylaryň arasynda yzygiderli maglumatlaryň alşylmagyny aňsatlaşdyrýar, tizleşdirýär, dürs we takyk maglumatlaryň öz wagtynda elýeter bolmagyny hem-de howpsuzlygyny üpjün edýär. Hödürlenýän maglumatlaryň dessin barlagyny awtomatlaşdyrylan usulda alyp barmaga we olaryň esasynda jemlenen maglumatlaryň dürli görnüşlerini taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Ýuridiki şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak işinde internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly talap edilýän resminamalaryň sanawyny azaltmaga şert döreder. Kärende we hususylaşdyrylýan desgalaryň tölegleri boýunça kagyz göterijide amal edilýän hasaplaşyklary elektron görnüşinde geçirmegi ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir” diýlip bellenilýär. Intellektual we tehnologik bäsdeşligiň barha ýiti häsiýete eýe bolýan häzirki döwürde taryhy tejribe dünýä hojalygynda öňdebaryjy orunlary eýelemegiň diňe ykdysadyýeti innowasiýalara esaslanýan ýurtlara başardýandygyny görkezýär. Şonuň üçin-de, bilim-terbiýeçilik işleriniň ykdysady ösüş, innowasiýalar, sanly bilim bilen utgaşdyrylyp kämilleşdirilmegi milletiň gurýan döredijilik ýolunyň dowamat-dowamdygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini we ylym, bilim ulgamlaryny ösüşiň täze derejelerine çykarýan hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Bahar JEPBAROWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20905

17.02.2021
Maksat — özgertmeler ýoly bilen öňe gitmek

Ýyllar ýyllardan zyýada. Sebäbi tamamlanýan her bir ýyl halkymyzyň çekýän tutanýerli zähmetiniň netijesinde gazanylýan uly-uly ösüşlere, düýpli özgerişliklere, ýatda galyjy taryhy wakalara beslenýär. Şonuň netijesinde Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde gülläp ösýän, ilaty abadan we eşretli durmuşda ýaşaýan ýurt hökmünde giňden ykrar edilýär. Olar barada geçen anna güni hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde jikme-jik durlup geçildi. Onda 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlisde eden çykyşynda dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzda geçen ýylda ýokary ösüş depgininiň saklanyp galandygyny kanagatlanma bilen belledi. Halkymyzyň tutanýerli zähmet çekmegi netijesinde milli ykdysadyýetde tamamlanan ýylda düýpli ilerlemeler üpjün edildi: jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterime barabar boldy. Oňyn ösüşler ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolup geçdi. Şeýle guwandyryjy görkezijiler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini gazanmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanyldy.

Ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler geljekki ösüşlere badalga, özgerişliklere pugta binýat bolup durýar. Olara daýanmak arkaly geljegiň has jogapkärli wezipeleri çözülmelidir. Döwlet Baştutanymyz olar barada giňden durup geçdi. Döwletimiziň uly möçberli maýa goýum serişdeleri ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmek ýaly wezipeleri çözmäge gönükdirildi. Tamamlanan ýylda ýurdumyz boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna umumy bahasy ABŞ-nyň 8 milliard dollaryna barabar bolan dürli maksatly iri desgalaryň 45-si ulanylmaga berildi. Olaryň birnäçesiniň biziň welaýatymyzda desgalandyrylandygy bellärliklidir. Şeýle binalaryň arasynda ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar agdyklyk edýär. Şu ýerde ýene bir möhüm maglumaty mysal getirmek ýerlikli bolar. Oba milli maksatnamasynyň hereket edip başlan döwründen, ýagny, 2008-nji ýyldan häzirki wagta çenli welaýatymyzda ilatyň ýaşaýşyny düýpli gowulandyrmaga, obadyr şäherlerimiziň tanalmaz derejede özgermegine getiren möhüm desgalaryň 220-siniň gurlup, ulanylmaga berlendigi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr.

Häzirki döwürde hem welaýatymyzda ýokarda ady agzalan maksatnamanyň çäginde ýurdumyza ösüş, ilata abadançylyk getirjek täze desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji aýynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde welaýatymyzda olaryň birnäçesiniň açylyş dabaralary bolup geçdi. Eýýäm ýakyn geljekde bu buýsandyryjy sanawa Kerki şäherindäki täze howa menzili, welaýat merkezinde gurulýan «Türkmeniň ak öýi» binasy, Çärjew etrabynyň çäginde gurulýan kuwwatly elektrik stansiýasy we beýlekiler goşular. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynda bolup geçýän şeýle şatlykly wakalar Gahryman Prezidentimiziň gurmak, döretmek ýoluny ynamly ýöredip, ata Watanymyzy röwşen geljege alyp barýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dünýä ýaň salýar.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen tutumly işler ilatyň saglygyny goramak, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, olary ýokary netijeli sporta we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine giňden çekmek, milletimiziň kalby hasaplanylýan medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek hem-de dünýä ýaýmak ýaly möhüm işler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy, özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga, döwletleriň arasynda köpugurly, deňhukukly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen parasatly daşary syýasaty halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.

Tamamlanan ýylda, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda hem ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ilerlemeler gazanyldy. Pagtadyr bugdaý, gökdür bakja önümlerini we beýleki ekerançylyk, maldarçylyk önümlerini öndürmegiň meýilnamalary berjaý edildi. Bu uly üstünlige daýhan birleşikleri bilen birlikde hususy önüm öndürijiler saldamly goşant goşdular. Olaryň bazarlarymyzy zerur azyk önümleri we hyzmatlar bilen üpjün etmekdäki paýynyň barha artýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Oba zähmetkeşleri şanly ýylda hem yhlasly zähmet çekip, nygmat bolçulygyny döretmek, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny ygtybarly üpjün etmek işine ruhubelentlik we maksada okgunlylyk bilen gatnaşýarlar.

Giňişleýin mejlisde döwlet Baştutanymyz döwlet durmuşynyň möhüm ugurlaryna degişli resminamalaryň birnäçesine gol çekdi we olaryň berjaý edilmegini degişli ýolbaşçylardan talap etdi. Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda agzybirlik bilen zähmet çekilmegi şanly ýylyň rowaçlyklara beslenmeginiň berk kepili bolar.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,

ýörite habarçymyz.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20814

16.02.2021
Hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi bilen tanyşdy

Aşgabat, 15-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda elektron senagaty önümçiliginiň ösdürilmegine, oňa dünýäniň ösen tejribeleriniň we häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ady agzalan merkeziň işiniň ýola goýulmagy bu ugurda wajyp ädime öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere gelende Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.

Ýurdumyzyň içeri işler ministri M.Çakyýew döwlet Baştutanymyza Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi we onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna uçarmansyz uçýan enjamlaryň dürli görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berýän şekiller görkezildi. Içeri işler ministrliginiň harby gullukçysy milli Liderimize enjamlar, olaryň ulanylýan pursatlary, uçarmansyz uçýan enjamlaryň uçuş tertibi hem-de olaryň degişli maglumatlary almagy üçin döredilen mümkinçilikler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaýlarynda, durmuş maksatly we edara binalarynda oturdylýan tüsse anyklaýjy enjamlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan döwrebap enjamlaryň önümçilik işi, olaryň önümçiliginde ulanylýan serişdeler barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.

Hünärmen binanyň eýwanynda oturdylan monitor arkaly merkezde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy. Bu ýerde ýerine ýetirilýän işler, uçarmansyz uçýan enjamlary ýasamak, olary uçurmak, enjamlara degişli serişdeleri taýýarlamak bilen baglanyşykly işler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän enjamlar bilen tanyşlygynyň dowamynda uçarmansyz uçýan enjamlar, olaryň görnüşleri hem-de enjamlary taýýarlamagyň aýratynlyklary, çyzgylary bilen içgin gyzyklandy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna merkezde taýýarlanýan uçarmansyz uçýan enjamlaryň mümkinçilikleri, häsiýetli aýratynlyklary ýörite çyzgylaryň, suratlaryň we beýleki serişdeleriň üsti bilen jikme-jik habar berildi.

Şolar bilen bir hatarda, bu ýerde taýýarlanylýan enjamlaryň we beýleki ugurlara degişli serişdeleriň 3D görnüşde şekilini alyp, islendik enjamy ýasamaga mümkinçiligiň bardygy aýdyldy.

Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy ýurdumyzyň serhet bölümlerinde ulanylýan enjamlar, uçarmansyz uçarlaryň Watanymyzyň mukaddes çäklerinde wideogözegçiligi amala aşyrmakda ähmiýeti hem-de enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, serhet gullugynyň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döretdi.

Soňra ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy harby bölümlerde ulanylýan enjamlar we sanly tehnologiýalar, Watan goragçylarynyň jogapkärli wezipesini üstünlikli ýerine ýetirmegi üçin olaryň ähmiýeti barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, goşun bölümleriniň işinde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagy, şeýle hem Goranmak ministrliginiň türgenleşik okuwlarynda netijeli özleşdirilmegi bilen baglanyşykly işlere aýratyn üns berilýär.

Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň gurluşygynyň baş meýilnamasynyň esasynda täze gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyryldy. Şolaryň hatarynda uçarlaryň angarynyň, uçar binasynyň, awtoulag binasynyň, dolandyryş nokatly hem-de uçarlary awtomatik usulda dolandyrýan bölümleriň, syn ediş nokadynyň, merkeze degişli bolan ýyladyşhananyň hem-de elektrik bekediniň binalarynyň taslamalary görkezildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalara degişli belliklerini aýdyp we birnäçe düzedişleri girizip, olaryň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylmalydygyny belledi. Bu ýerde taýýarlanylýan uçarmansyz uçar enjamlary dürli pudaklarda netijeli ulanylmaga niýetlenilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň elektron senagatynyň önümçiliginiň işjeň ösdürilýändigini belläp, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde zerur bolan bu enjamlaryň önümçiligini ösdürmegiň we oňa täzeçil tehnologiýalaryň, nou-haularyň işjeň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz bu ýerde görkezilen gurluşlar we olary öndürmekde ulanylýan şaýlar bilen içgin gyzyklanyp, bu enjamlaryň ýokary hilli bolmagy we uzak wagtlap hyzmat etmegi ugrunda ähli tagallalaryň görülmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň täze gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarynyň ýerleşjek ýerlerini synlap, gurluşykda häzirki zaman serişdeleriniň işjeň ulanylmagy we binalaryň ýokary hil derejesine laýyk gelmegi hem-de olaryň bellenilen möhletinde tamamlanmagy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Dürli maksatly binalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, bu ýerde dünýäniň ösen tejribeleri nazara alynmalydyr. Binalaryň gurluşygyna we enjamlaşdyrylyşyna hem-de öz ulanyş maksadyna laýyk gelmeginiň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşilmelidir diýip, milli Liderimiz bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini açyp, ilki bilen, ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol ministrligiň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, harby gullukçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuşlygyna goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini we oňa sanly tehnologiýalaryň, täzeçil usullaryň işjeň ornaşdyrylmalydygyny belledi.

Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi, ony mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we bu merkezde işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde içeri işler edaralarynyň ähli düzümleriniň ýurdumyzda tertip-düzgüni, ýangyn howpsuzlygyny, awtoulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek babatda ýerine ýetirýän işleri barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň batly depginlerde alnyp barylýandygyny, şeýle hem Aşgabat-siti şähergurluşyk maksatnamasyny nazarda tutup, bu ýoluň ugrunda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem awtoulaglaryň guratlyk derejesini, olaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini kesgitleýän enjamlaryň işini netijeli peýdalanmak, şeýle hem täze dörediljek şäheriň çäklerinde degişli gözegçiligi ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, bu işleriň häzirki zamanyň talaplaryna we halkara ülňülere laýyk derejede guralmagy ýollarda hereket sazlaşygyny üpjün etmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýurdumyzyň mukaddes çäklerini goramak, ony dost-doganlyk serhedine öwürmek, şeýle hem gullugyň işine öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet serhet gullugynyň düzümleriniň işinde häzirki zamanyň sanly tehnologiýasyny netijeli peýdalanmak, onuň çäklerinde yzygiderli wideogözegçiligi ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekdi we serhet goşunlarynda bu ugurda degişli işleri alyp barmak hem-de olaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz serhet goşunlarynyň gulluklarynda sanly ulgamyň netijeli peýdalanylmagynyň wagty, gorag güýçlerini hem-de ykdysady tygşytlylygy üpjün etmekde aýratyn ähmiýetlidigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimini yzygiderli giňeltmegi tabşyrdy.

Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ministrligiň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, halk hojalygynyň ulgamlarynda degişli düzümleriň işlerinde kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň emele gelen ýagdaýlaryny nazara alyp, kiberhowpsuzlygyň üpjün edilmeginiň wajypdygyny nygtamak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin iň oňat tejribäni we dünýäniň iň kämil usullaryny işjeň ulanmalydygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy S.Berdimuhamedowa ýüzlenip, beýleki ähli pudaklarda bolşy ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralarda sanly tehnologiýalary ösdürmegi, halkara tejribe alyşmak babatda degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy, döwrebap tehnologiýalar boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow çykyş edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, olar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hem-de harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralarda alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi. Şu günki iş maslahatynyň gün tertibinden gelip çykýan möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr. Munuň özi degişli düzümlerde ýerine ýetirilýän işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmegini we onuň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralara degişli ýokary okuw mekdeplerinde okuw maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigi, oňa ösen halkara tejribäniň we ylmyň gazananlarynyň, aýratyn-da, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň wajypdygy barada aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda hem döwrüň ösen tilsimatlaryna başarjaň erk edýän ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak işlerini kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, degişli tabşyryklary berdi.

Elektron senagatdan baş çykarýan we öňdebaryjy bilimlere eýe bolan ýaşlaryň ösdürilip ýetişdirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.

Şunlukda, ýokary okuw mekdeplerinde elektron kitaphanalaryň işi ýola goýulmalydyr hem-de harby talyplar üçin olaryň elýeterli bolmagy üpjün edilmelidir. Bu bolsa häzirki döwrüň möhüm talabydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek aýratyn belläp, dünýäniň iň oňat tejribesiniň peýdalanylmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň baş şertini emele getirer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20858?type=feed

16.02.2021
Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Durnukly depgin rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri üstünlikli amala aşyrylýan düýpli ykdysady özgertmeleriň zamanasy boldy. Arkadag Prezidentimiziň badalga beren düýpli özgertmeleri milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly we durnukly ösüşini üpjün edip, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär. Halk hojalygygymyzyň dürli pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige uly üns berilýär.

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan ykdysady özgertmeler täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň hasabyna uly üstünliklere beslenýär. Şeýle ösüşli depginiň üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem saklanyp galjakdygy guwandyrýar. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň çar künjeginde kämil tehnologiýaly döwrebap kärhanalar ulanmaga berilýär.

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmeginde uly işler bitirilýär. Şol bir wagtda daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň we harytlaryň mukdarynyň artdyrylmagynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda öndürilip, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň we harytlaryň mukdarynyň ýylsaýyn artýandygyna biz gündelik iş tejribämizden göz ýetirýäris. Bu bolsa Garaşsyz döwletimiziň durnukly ösüş depgininiň rowaçlanýandygyna güwä geçýär.

Berdimyrat GURBANOW.

Welaýat gümrükhanasynyň gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş bölüminiň harby gullukçysy, maýor.

Täze ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere eýe bolunýar. Arkadag Prezidentimiziň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan düýpli özgertmeleriň bady artýar. Şeýle tutumly işleriň türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim alyp, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak bilen sazlaşykly utgaşdyrylýanlygy guwanjymyza guwanç goşýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige uly üns berip, täze ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly wajyp wezipeleri öňde goýýar. Bu wezipelerem elektron senagaty ösdürmegiň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň zerurlygyny öňe çykarýar. Sanly ulgamyň ylym-bilim ulgamynda ähmiýeti has-da ýokary bolmak bilen, bu babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Täze ulgam talyp ýaşlara bilim berip, hünär öwretmekde giň mümkinçilikleri açýar. Şonuň üçinem lukmançylyk mekdebimizde sanly ulgama geçmek bilen bagly tagallalar gowy netijesinem berýär. Köptaraplaýyn bähbitli bu ulgama geçilmegi talyplara bilim bermegi hil taýdan täze derejelere çykarmaga amatly mümkinçiliklere ýol açýar. Şonuň üçinem sanly ulgama geçmek, onuň eýeleýän ornuny giňeltmek häzirki döwrüň wajyp wezipesi bolup durýar. Bu mesele boýunça Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýetiljek belent sepgitler uly geljege badalga bolar.

Aşyrmyrat AMANMYRADOW.

S. A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20763

16.02.2021
Belent sepgitlere ýetilýär

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilip geçiljek şu ýylda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary netijeli işlemegini dowam edýärler. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda hem guwandyryjy netijeler gazanyldy. Bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem jikme-jik gürrüň edildi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýyl 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3, söwdada 15,1, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy.

Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýumlary goýuldy. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 178,9 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 83,1 göterim ýerine ýetirildi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Aşgabat şäherini mundan beýläk-de okgunly ösdürmek hem-de abadanlaşdyrmak meselesi barada hem aýratyn durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,4 göterim berjaý edildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şanly seneleri, ýagny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramlaryny ýokary derejede belläp geçmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimize häzirki döwürde şanly seneler mynasybetli degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berildi hem-de medeni maksatnama taýýarlanyp, onuň çäklerinde dürli derejedäki döredijilik bäsleşikleriniň, aýdym-saz agşamlarynyň, çeper okaýyşlaryň, festiwallaryň we sergileriň guraljakdygy habar berildi. Meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda taýýarlyk işleri giň gerime eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu seneleriň ak mermerli paýtagtymyzyň durmuşynda aýratyn möhüm orun eýeleýändigini belledi. Meýilleşdirilen dabaralarda hem-de çärelerde ýurdumyzyň, aýratyn-da, Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň okgunly ösüşi we şäher ilatynyň ajaýyp durmuşy öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.


«Aşgabat».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20801

16.02.2021
Önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda

Ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün edýän esasy pudaklaryň arasynda nebitgaz pudagy aýratyn orun eýeleýär. «Garaşsyz Türkmenistan nebitiň, gazyň ummasyz gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäde iri energiýa serişdelerini öndüriji ýurt hökmünde bellidir. Biz öz tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň abadan, bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirýäris. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda güneşli ülkämiziň ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işi üstünlikli amala aşyrylýar. Mähriban Prezidentimiz nebitgazy gözläp tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we burawlaýyş işlerini ýaýbaňlandyrmagy, ýataklaryň önüm berijiligini artdyrmagy, täze meýdançalary açmagy bu ulgamyň öňünde wezipe edip goýýar. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» esasy ýol görkeziji bolup durýar.

Gözleg we ulanyş guýularyny burawlamak, nebiti, tebigy gazy we gaz kondensatyny çykarmak, nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamak we özleşdirmek bilen meşgullanýan önümçilik kärhanalarynyň birnäçesini özünde birleşdirýän «Türkmennebit» döwlet konserninde soňky ýyllarda önümçilige täze tehnologiýalardyr kämil enjamlary giňden ornaşdyrmaga girişildi. Munuň üçin dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen ýörite tehnikalar, guýulary düýpli we ýerasty abatlamak üçin desgalar, buraw enjamlarynyň toplumlary, guýularyň içinde oturdylýan enjamlar alyndy.

Ýurdumyzda nebitgaz toplumyna giňden çekilen daşary ýurt firmalarydyr kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Şolaryň biri-de hormatly Prezidentimiziň ýokary bahasyna mynasyp bolan Russiýanyň «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýetidir. Onuň nebitgaz pudagyndaky hyzmatlary öz gerimini barha giňeldýär. Golaýda «Türkmennebit» döwlet konserniniň hajatlary üçin Balkanabat şäherinde nasos-kompressor turbalaryny abatlamak boýunça bölümçesiniň açylmagy munuň ýene bir mysalydyr.

«Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýeti birnäçe ýyldan bäri «Türkmennebit» döwlet konsernine guýulary düýpli abatlamak, olaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmat edip gelýär. Onuň döwlet konserniniň guýularynda geçiren geologiýa-tehnologiki çäreleri 300 müň tonnadan gowrak nebitiň goşmaça çykarylmagyna mümkinçilik berdi.

Guýulary abatlamakda bolşy ýaly, olaryň ulanylyşynda hem peýdalanylýan nasos-kompressor turbalaryň abatlanmagy maýa goýum çykdajylaryny azaltmaga, turbalaryň jebis däldigi sebäpli durmalary kemeltmegiň hasabyna guýularyň abatlanma döwrüniň arasyny uzaltmaga mümkinçilik berýär.

Bölümçäniň sehinde turbalary gidrawliki synag etmek, turbalary basyş astynda synag etmek üçin, muftalary açýan we ýapýan desgalar, turba kesiji stanok, turbalara gözegçilik ediji enjam bolup, olaryň hemmesinde işler kompýuter arkaly amala aşyrylýar. Şeýle-de, bölümçede nasos-kompressor turbalary bug bilen ýuwulýan desga gurnalan. Onuň kuwwatlylygy sagatda 12 turba çenli bolsa hem, zerur ýagdaýlarda goşmaça çykdajy edilmezden, iki esse artdyrmaga mümkinçilik bar.

Amanmyrat KIÇIGULOW,

«Balkan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20828

16.02.2021
Durnukly ösüşiň ygtybarly esaslary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatly binýadynyň döredilen döwrüdir. Şu ýyllarda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrmak babatda düýpli işler alnyp baryldy. Innowasion ösüş diňe bir senagaty däl, eýsem, agrosenagat toplumyny, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny, gurluşygy, söwda we beýleki hyzmat pudaklaryny gurşap aldy. Häzirki wagtda innowasion ösüşiň täze tapgyry — sanly ykdysadyýete geçmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Nebitgaz toplumynda uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, tebigy gazyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda düýpli işler durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşyklary hem bu ugurda ýola goýlan tutumly işleriň dowamydyr.

Dünýä bazarlaryna amatly ugurlar boýunça çykmak maksady bilen, ulag we kommunikasiýa infrastrukturasyny kämil derejede ösdürmekde halkara ähmiýetli taslamalar amala aşyryldy. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşendigini nazara alyp, üstaşyr ulag geçelgeleri, logistika merkezleri döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, öndürilýän önümleri daşary ýurtlara dürli ugurlar bilen çykarmak üçin ähli ulag görnüşleri innowasion esasda ösdürilýär. Gurlup, ulanmaga berlen halkara aerowokzal toplumlary, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, Demirgazyk — Günorta demir ýol geçelgesi bu işleriň naýbaşylarydyr. Aragatnaşyk ulgamynda ýetilen belent sepgitleriň biri-de, Türkmenistanyň «TürkmenÄlem 52oE» aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen baglydyr. Internet we öýjükli telefon aragatnaşyk abonentleriniň sany yzygiderli artýar. Häzirki wagtda döwrebap awtobanyň gurluşygy alnyp barylýar. Sebitde durnukly ulag ulgamyny döretmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen ýygjam gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistanyň başlangyçlary bilen, Baş Assambleýa tarapyndan üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça Kararnamalaryň üçüsi kabul edildi. Bu sepgitleriň gazanylmagy Durnukly ösüşiň «Barha ilerleýän, hemme zady öz içine alýan we durnukly ykdysady ösüşe, hemmeleriň önümçilikde meşgul bolmagyna hem-de mynasyp işde işlemegine ýardam bermek», «Durnukly infrastrukturany döretmek, hemme zady öz içine alýan durnukly senagatlaşma we innowasiýalara ýardam bermek», «Hemmeler üçin arzan, ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa çeşmeleriniň elýeterliligini üpjün etmek» maksatlarynyň amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyzyň azyk üpjünçiligini berkitmek maksady bilen, ekerançylykda azyklyk ekinleriň meýdanlaryny giňeltmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, guşçulygy, iri şahly maldarçylygy ösdürmek babatda düýpli işler alnyp barylýar. Bu ösüşler ýer gatnaşyklaryny, agrar bölekde haryt öndürmegiň eýeçilik görnüşini we dolandyrylyşyny kämilleşdirmek esasynda ýola goýulýar. Agrosenagat toplumy bir bitewi hojalyk mehanizmine öwrülýär. Onda ýyladyşhanalaryň, azyk önümlerini uzak möhletleýin saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilikleriň gurluşyklary utgaşykly alnyp barylýar. Türkmenistan diňe bir içerki azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, beýleki ýurtlar üçin bu maksadyň amala aşyrylmagyna saldamly goşant goşmaga mümkinçiligi bolan ýurtlaryň hatarynda durýar. Bu işleriň netijesinde, Durnukly ösüşiň «Açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmitlenmegi gowulandyrmak hem-de oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek» maksadyny amala aşyrmak boýunça düýpli öňegidişlikler gazanylýar.

Ýurdumyzda gysga döwrüň içinde ykdysadyýetiň hususy bölegini maksatnamalaýyn esasda ösdürmegiň berk binýady döredildi. Munuň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüşinde ykdysadyýetiň hususy böleginde döredilýän goşulan gymmatyň paýy yzygiderli ýokarlanýar. Senagatda, gurluşykda, söwdada we azyk önümlerini taýýarlamakda hususy eýeçilige daýanýan kärhanalaryň sany yzygiderli artýar.

Oba milli maksatnamasy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ilkinji başlangyçlarynyň biri boldy we öz ähmiýetini şu günki gün hem saklap gelýän wajyp resminama bolmagynda galýar. Ol, ilkinji nobatda, Durnukly ösüşiň «Şäherleriň we ilatly ýerleriň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny we ekologik durnuklylygyny üpjün etmek» maksadynyň giň gerimde amala aşyrylmagyna şert döredýär.

Ilatyň ähli gatlaklarynyň sagdyn durmuşyny üpjün etmekde halkara ülňülere laýyk gelýän işler alnyp baryldy. Durnukly ösüş syýasatynyň bu wajyp ugry giň gerimliligi bilen tapawutlanýar. Şunda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösüşini belläp geçmek zerurdyr. Bu ugurda ýurdumyzda dürli keselleri bejermäge we öňüni almaga niýetlenen lukmançylyk merkezleriniň we hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurluşyklaryny aýratyn nygtamak gerek. Şu döwürde döwletimiz lukmançylyk senagatyna, ilkinji nobatda, derman önümçiligine giň goldaw berdi. Şypahana bejergisiniň ähmiýeti göz öňünde tutulyp, hereket edýän şypahanalaryň durky düýpli täzelendi, täzeleri gurlup, ulanmaga berildi. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi işjeň alnyp barylýar, şol bir wagtda hem Türkmenistan iri sport ýaryşlarynyň we çempionatlaryň geçirilýän mekanyna öwrülýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diňe bir ilatyň dynç alyş-sagaldyş merkezi bolmak bilen çäklenmän, ýokary derejedäki duşuşyklaryň, halkara maslahatlaryň, forumlaryň, festiwallaryň we beýleki çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Hormatly Prezidentimiziň bu köpugurly syýasaty Durnukly ösüşiň «Sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we ähli ýaşdakylaryň abadançylygyna ýardam bermek» maksadynyň dolulygyna ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.

Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamak işini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem uly üns berildi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanylýan hünärmenleriň saýlap alýan hünär ugurlarynyň ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlary bilen kybapdaş gelmegi üns merkezinde saklanylýar. Döwrebap tehnikalara we tehnologiýalara erk edip bilýän hünärmenleri iş bilen üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu işler Durnukly ösüşiň «Hemmeleriň ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek we olara bütin ömrüniň dowamynda okamaga mümkinçilik döretmek» hem-de «Hemmeler üçin gender deňligini üpjün etmek we aýallaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek» maksatlarynyň bähbidine alnyp barylýar.

Milli Liderimiz durnukly ösüşiň ekologik meseleleriniň doly berjaý edilmegini-de üns merkezinde saklaýar. Uglewodorod serişdeleri özleşdirilende, täze kärhanalar gurlanda, daşky gurşawy goramak, tokaý zolaklaryny döretmek we ösdürmek, çölleşmek meýline garşy zerur çäreleri geçirmek bu günki gün hökmany işleriň hatarynda goýulýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek üçin giň möçberli işler amala aşyrylýar. «Ýaşyl ykdysadyýetli» iri önümçilikleriň döredilýändigini belläp geçmek zerurdyr. Birinji Hazar ykdysady forumynda hem Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramak üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly teklipler öňe sürüldi. Aral deňzini halas etmek babatda Türkmenistanyň alyp barýan işleri hem sebitiň ekologik durnuklylygyny üpjün etmegiň wajyp ugry bolup durýar. Bu toplumlaýyn işleriň netijesinde, Durnukly ösüşiň «Howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek boýunça gyssagly çäreleri görmek», «Durnukly ösüşiň hatyrasyna ummanlary, deňizleri, deňiz serişdelerini goramak we netijeli peýdalanmak», «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň degradasiýasyny bes etmek we yzyna öwürmek hem-de biologik dürlüligiň ýitmegini bes etmek» ýaly maksatlarynda düýpli öňegidişlikler gazanylýar.

Ýokarda bellenip geçilen sepgitlere ýetmek üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan ylmy taýdan esaslandyrylan bir bitewi durnukly ösüş syýasaty toplumlaýyn häsiýetde alnyp barylýar. «Giň, köpugurly halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen oýlanyşykly syýasatymyz geljege ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz belleýär. Munuň şeýle boljakdygy şübhesizdir.

Muhammetgeldi ATAÝEW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň baş redaktory, ykdysady ylymlaryň doktory, professor.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20850

16.02.2021
Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýyly dünýä derejesinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Munuň özi dünýä halklarynyň asuda durmuşda ýaşamak baradaky pikirleriniň esasyny düzýän beýik başlangyçdyr.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ählumumy maksatnamalary, dünýä halklarynyň isleglerini özünde jemleýän başlangyjy Ýer ýüzinde uly goldawa eýe bolýar. Çünki, dünýä halklary ynanyşmak bilen öňe gitmegi, asuda durmuşda ýaşamagy, işlemegi maksat edinýär. Şonuň üçin bilelikdäki tagallalar hem-de umumy jogapkärçilik hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge mümkinçilik döredýär. Parahatçylykly ýaşaýşy üpjün etmek wezipesi ähli döwürlere hem ilkinji zerurlyk hasaplanylypdyr.

Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň mazmuny döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda asudalygy hem-de ynanyşmagy berkitmek, sazlaşygy üpjün etmek maksady bilen, anyk hereketler arkaly dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Parahatçylyk hem-de ynanyşmak düşünjesi dünýä halklary üçin hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi rowaçlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Elbetde, parahatçylyk, birek-birege ynanyşmak dünýäde özara gatnaşyklary ýola goýmagyň berk binýadydyr. Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetinde halkara derejesinde ylalaşygy höweslendirmek, birek-birege sarpa goýmak ýaly ynsanperwer ýörelgeler kemala gelýär.

Gahryman Arkadagymyz dünýä döwletleri, şol sanda iri halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak bilen bir hatarda şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde bähbitli we oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda tagalla edýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda biz dostluk we ynanyşmak arkaly ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň has ygtybarly hem-de hemişelik bolýandygyna berk ynanýarys we şu ýörelgä pugta eýerýäris. Türkmenistana dostluk goluny uzadýan ýurtlaryň, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge döwtalap we bu ugurdaky hyzmatdaşlyklara uly gyzyklanma bildirýän halkara guramalarynyň sanynyň barha artýandygy biziň hemişe parahatçylygy we ynanyşmagy pugta ýörelge edinýän Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň Ýer ýüzünde goldanylýandygyny hem-de gyzgyn seslenme döredýändigini aňladýar. Şoňa baglylykda hormatly

Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we ýöredýän öňdengörüjilikli hoşniýetli syýasaty netijesinde dünýäniň iri halkara guramalary bilen köpugurly hem-de giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi parahatçylyk we ynanyşmak arkaly has-da giňeýär.

Mähriban halkymyz milli Liderimiziň başda durmagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň her bir gününi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmetde gazanýan ajaýyp üstünliklerine besleýär. Ähli ýeňişlerimiziň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, türkmen halkynyň röwşen geljeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleri rowaç bolsun!

Hudaýnazar DURDYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20723

15.02.2021