Önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda

Ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün edýän esasy pudaklaryň arasynda nebitgaz pudagy aýratyn orun eýeleýär. «Garaşsyz Türkmenistan nebitiň, gazyň ummasyz gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäde iri energiýa serişdelerini öndüriji ýurt hökmünde bellidir. Biz öz tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň abadan, bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirýäris. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda güneşli ülkämiziň ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işi üstünlikli amala aşyrylýar. Mähriban Prezidentimiz nebitgazy gözläp tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we burawlaýyş işlerini ýaýbaňlandyrmagy, ýataklaryň önüm berijiligini artdyrmagy, täze meýdançalary açmagy bu ulgamyň öňünde wezipe edip goýýar. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» esasy ýol görkeziji bolup durýar.

Gözleg we ulanyş guýularyny burawlamak, nebiti, tebigy gazy we gaz kondensatyny çykarmak, nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamak we özleşdirmek bilen meşgullanýan önümçilik kärhanalarynyň birnäçesini özünde birleşdirýän «Türkmennebit» döwlet konserninde soňky ýyllarda önümçilige täze tehnologiýalardyr kämil enjamlary giňden ornaşdyrmaga girişildi. Munuň üçin dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen ýörite tehnikalar, guýulary düýpli we ýerasty abatlamak üçin desgalar, buraw enjamlarynyň toplumlary, guýularyň içinde oturdylýan enjamlar alyndy.

Ýurdumyzda nebitgaz toplumyna giňden çekilen daşary ýurt firmalarydyr kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Şolaryň biri-de hormatly Prezidentimiziň ýokary bahasyna mynasyp bolan Russiýanyň «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýetidir. Onuň nebitgaz pudagyndaky hyzmatlary öz gerimini barha giňeldýär. Golaýda «Türkmennebit» döwlet konserniniň hajatlary üçin Balkanabat şäherinde nasos-kompressor turbalaryny abatlamak boýunça bölümçesiniň açylmagy munuň ýene bir mysalydyr.

«Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýeti birnäçe ýyldan bäri «Türkmennebit» döwlet konsernine guýulary düýpli abatlamak, olaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmat edip gelýär. Onuň döwlet konserniniň guýularynda geçiren geologiýa-tehnologiki çäreleri 300 müň tonnadan gowrak nebitiň goşmaça çykarylmagyna mümkinçilik berdi.

Guýulary abatlamakda bolşy ýaly, olaryň ulanylyşynda hem peýdalanylýan nasos-kompressor turbalaryň abatlanmagy maýa goýum çykdajylaryny azaltmaga, turbalaryň jebis däldigi sebäpli durmalary kemeltmegiň hasabyna guýularyň abatlanma döwrüniň arasyny uzaltmaga mümkinçilik berýär.

Bölümçäniň sehinde turbalary gidrawliki synag etmek, turbalary basyş astynda synag etmek üçin, muftalary açýan we ýapýan desgalar, turba kesiji stanok, turbalara gözegçilik ediji enjam bolup, olaryň hemmesinde işler kompýuter arkaly amala aşyrylýar. Şeýle-de, bölümçede nasos-kompressor turbalary bug bilen ýuwulýan desga gurnalan. Onuň kuwwatlylygy sagatda 12 turba çenli bolsa hem, zerur ýagdaýlarda goşmaça çykdajy edilmezden, iki esse artdyrmaga mümkinçilik bar.

Amanmyrat KIÇIGULOW,

«Balkan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20828