Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen, 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli düzümleriň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygyny alanyna şu ýyl 30 ýyl dolýandygyny belledi. Geçen döwrüň içinde Türkmenistan parahatçylyk söýüji, ygtybarly hyzmatdaş döwletdigini bütin dünýä äşgär edip, özbaşdaklyk syýasatyny gyşarnyksyz ýöredip geldi.
Häzirki döwürde hem Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek, parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, «Açyk gapylar» ýörelgesini amala aşyrmak boýunça köp tagallalar edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu ugurda Daşary işler ministrligi, beýleki döwletlerdäki ilçihanalarymyz we konsullyklarymyz uly işleri alyp barýarlar. Olar ata Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, gazanýan üstünliklerimizi giňden dünýä ýaýýarlar, Bitaraplyk syýasatymyzy iş ýüzünde amala aşyrýarlar. Hoşniýetli hyzmatdaş hökmünde Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny barha artdyrýarlar.
Eýsem, berkarar döwletimiziň daşary syýasatda gazanan üstünliklerini has-da berkitmek, türkmen döwletiniň dünýädäki at-abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin geljekde haýsy ugurlara aýratyn üns bermeli, daşary ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk nädip ösdürmeli?
Bitarap döwlet hökmünde Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamak, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek üçin bilelikde nähili hereket etmeli? Halkara guramalar bilen gatnaşyklarymyzy nähili täzeçe guramaly? Şu gün şu soraglary ara alyp maslahatlaşarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we maslahata gatnaşyjylara söz berdi.
Ilki bilen, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe söz berdi. Ol institut tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de şu ýyl üçin bellenen meýilnamalar barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasatyna laýyklykda, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösüşini, hemişelik Bitaraplyk taglymatynyň ýörelgelerini öwrenmek boýunça ylmy we amaly barlaglary alyp barýar hem-de milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek üçin deňeşdirme-hukuk seljermelerini geçirýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de “Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň” düzgünnamalaryna laýyklykda, institut kanunçylygy işläp taýýarlamak we hukuk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam edýär. Şunda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi halkymyzyň buýsanjydyr, döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmek hem-de raýdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýediginiň subutnamasydyr.
Hasabatda bellenilişi ýaly, institutda deňeşdirme-hukuk usulynda ylmy seljerme işleri geçirilýär, şonuň netijeleri esasynda kanun taslamalarynyň 22-si boýunça teklipler we bellikler girizildi. Şeýle hem pudaklaýyn düzgünnamalaryň we resminamalaryň taslamalarynyň 26-sy boýunça seljermeler geçirildi. Geçen ýylda hereket edýän kanunlara ylmy-amaly düşündiriş görnüşinde kitaplaryň ikisi neşir edildi. Şeýle hem institutyň gatnaşmagynda ylmy wideomaslahatlaryň 35-si guraldy.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda kanunçylyk-hukuk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de hakyky demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde Türkmenistanyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri beýan edýän ylmy-barlag işleriniň netijeleri kitaplarda, ylmy žurnallarda we beýleki döwürleýin neşirlerde yzygiderli çap edilýär.
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýubileý ýylynda bellenen meýilnamalar barada hasabat berdi.
Institutda halkara gatnaşyklar we diplomatiýa, halkara hukuk, halkara ykdysady gatnaşyklar, halkara žurnalistika hünärleri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.
Bu ýerde hereket edýän okuw studiýasy geljekki halkara žurnalistlere hünär endiklerini öwretmäge, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny ýerli hem-de halkara habarlar giňişliginde giňden ýaýmak ugrunda telegepleşikleri taýýarlamaga oňyn ýardam berýär.
Institutda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny we diplomatiýasyny ylmy esasda öwrenmek babatda meýilnamalaýyn alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijesinde daşary syýasatyň we diplomatiýanyň derwaýys meseleleri boýunça okuw kitaplary hem-de gollanmalar, sözlükler, ylmy monografiýalar yzygiderli neşir edilýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, institutyň gurluşy yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezi, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlar boýunça okuw merkezi açyldy.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli institutyň dünýäniň 23 döwletinden hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri we diplomatik akademiýalar bilen onlaýn maslahatlar we duşuşyklar geçirildi.
Soňra hasabat bermek üçin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýewe söz berildi.
Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdebinde milli we halkara derejede ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny ösdürmek, bilim işinde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar, ýaşlaryň watançylyk terbiýesine uly üns berilýär. Munuň üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly eserleri hem-de maksatnamalaýyn çykyşlary ulanylýar.
2020-nji ýylda uniwersitetde ylmy-mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamak, ylmy-barlag işlerini alyp barmak, ýaş alymlary ýetişdirmek, uniwersiteti dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça işler amala aşyryldy. Ýokary okuw mekdebiniň wekilleri dürli ylmy bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Hormatly Prezidentimiziň halkara ylmy gatnaşyklary ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, geçen ýyl daşary ýurt okuw mekdebiniň dördüsi bilen hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnamalara gol çekildi. Şeýlelikde, häzirki wagtda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Uniwersitetde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatlaryň umumy mejlisleriniň ikisi geçirildi. 2020-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary internet arkaly guralan ylmy-amaly maslahatlaryň 70-den gowragyna, şol sanda halkara maslahatlara gatnaşdylar.
Hasabat döwründe ýokary okuw mekdebiniň talyplary halkara we internet bäsleşiklerinde baýrakly orunlaryň 22-sine, ýurdumyzda geçirilen ders bäsleşiklerinde bolsa 128-sine mynasyp boldular.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň esaslaryny öwrenmäge hem-de ylmy taýdan seljermäge, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna, mähriban halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny hem-de däp-dessurlaryny wagyz etmäge berilýän ünsüň örän wajypdygyny nygtady.
Bu işler jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine hem-de halkara giňişlikde abraýynyň barha artmagyna ýardam edýär.
Milli Liderimiz Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe ýüzlenip, adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň işini işjeňleşdirmegi, dünýäde umumy kabul edilen hukuk kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri yzygiderli işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň alyp barýan ylmy işleri bilen gyzyklanyp, ýolbaşçylaryň hemişe öz talyplary üçin mynasyp görelde bolmalydygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim işini işjeňleşdirmegiň, mowzuklaýyn monografiýalary, döwletimiziň bähbitlerine mynasyp wekilçilik etmäge, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan uly üstünlikleri wagyz etmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin okuw kitaplaryny işläp taýýarlamagyň wajypdygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň 2020-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen, degişli işleriň geçirilendigi bellenildi. Garalýan döwürde döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasynda boldy, onlaýn görnüşde geçirilen birnäçe duşuşyklara we ýokary derejeli maslahatlara gatnaşdy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirdi.
Milli Liderimiziň BMG-niň Baş sekretary hem-de daşary döwletleriň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi, şolaryň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Garalýan döwürde wideoaragatnaşyk arkaly dürli duşuşyklar geçirildi. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi.
Geçen ýyl daşary syýasat edaralarynyň we diplomatik wekilhanalaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda yzygiderli çäreler görüldi. Şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek boýunça maksadalaýyk işler amala aşyryldy. Ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň hem-de beýleki degişli düzümleriň birnäçe mejlisleri, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik maslahatlary geçirildi.
Soňra daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän ornumyzy berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işiniň hil taýdan täze häsiýete eýe bolandygy bellenildi. Şeýle hem Türkmenistan bilen sebitiň beýleki döwletleriniň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Soňra daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew 2021-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri hem-de dabaralary ýokary derejede guramak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan ýörite maksatnama barada hasabat berdi. Bu maksatnamada görkezilen çäreleri we dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Şeýle hem döwletimiziň oňyn daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň diplomatiýa ulgamynyň alyp barýan köptaraply işleri, dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly çäreler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň döwletara derejede dostlukly gatnaşyklary hem-de köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürjekdigini, abraýly halkara we sebit guramalary bilen oňyn gatnaşyklary giňeltjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz DIM-niň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz döwletimiziň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyna yzygiderli ygrarlydygyny nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi. Wise-premýer Daşary işler ministrliginiň netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler we döwlet Baştutanymyzyň degişli tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň maliýe meselelerini öz wagtynda çözmek hem-de işgärleriň netijeli işlemegi üçin degişli şertleri üpjün etmek maksady bilen, şol meseleleri yzygiderli seljermegiň zerurdygy barada görkezme berdi. Olaryň işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir.
Milli Liderimiz iş maslahatyny jemläp, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy baýram edilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda daşary syýasatymyzy amala aşyrmak boýunça işleri has-da güýçlendirmek üçin, hemmeleriň örän köp we tutanýerli işlemelidigini nygtady.
Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatyny bütin dünýä giňden açyp görkezmegiň wajypdygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe ýüzlenip, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, jemgyýetiň hukuk esaslaryny has-da berkitmek, halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik däplerini baýlaşdyrmak, her bir raýatyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek boýunça işleri talabalaýyk dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
Şu institutyň ýolbaşçysyna şeýle hem dünýäde umumy kabul edilen hukuk kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri yzygiderli işläp taýýarlamak, bu ugurda adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň işini has-da güýçlendirmek tabşyryldy.
Şunuň bilen birlikde, «Demokratiýa we hukuk» žurnalynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny beýan etmek, amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň, şol sanda demokratik özgertmeleriň mazmunyny we häsiýetini açyp görkezýän seljeriş makalalaryny çap etmek boýunça işleri has-da kämilleşdirmek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorlary J.Gurbangeldiýewe hem-de E.Aýdogdyýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň ýokary hünär derejeli bolmagynyň we zehinli ýaş diplomatlary taýýarlamagyň şu ýokary okuw mekdepleriniň baş maksatlarynyň biri bolmalydygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň talabyna laýyklykda, Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde täze hünär ugurlaryny açmagyň ýagdaýyny seljermegi, hususan-da, geljekde dürli sebitler, şol sanda Gündogary öwreniş, Amerika we Ýewropa ýurtlary, sanly diplomatiýa, kiberhowpsuzlyk, seljeriş we strategik meýilleşdiriş boýunça ýöriteleşen hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçiligini öwrenmegi tabşyrdy.
Bilim bermek ulgamynda innowasion we sanly tehnologiýalary giňden ulanmak bilen, ylmy-pedagogik düzümiň ýokary derejede taýýarlykly bolmagy gazanylmalydyr. Şonuň üçin mugallymlaryň hünär taýdan kämilligine uly üns berilmelidir. Milli Liderimiz bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaş okuw mekdepleri bilen tejribe alşyp, zerur bolanda hünäri kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşmagyň üpjün edilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerinde däp bolan okuw sapaklary bilen bilelikde, onlaýn sapaklary hem guramagy, talyplaryň dürli ylym-bilim bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşmagyny üpjün etmegi, ýokary bilim bermek üçin okuw işine belli daşary ýurt alymlaryny we diplomatlaryny dürli ugurlar boýunça leksiýalary okamak üçin çagyrmagy, bu ugurda internet tehnologiýalaryny netijeli ulanmagy tabşyrdy.
Dünýädäki öňdebaryjy tejribeleri öwrenip, zerur bolan halatynda okuw meýilnamalaryna gaýtadan seretmek, şu ugurda talyplaryň dil taýdan taýýarlygyna aýratyn üns bermek, bu işde innowasion we sanly tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistanyň ulag, energetika, suw, ylym we sport diplomatiýasynyň ylmy esaslaryny işläp düzmek we açyp görkezmek maksady bilen, professor-mugallymlaryň hem-de talyplaryň bu ugurda alyp barýan ylmy-barlag işleriniň gerimini giňeltmek zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz bu mesele baradaky gürrüňi dowam edip, ýokary okuw mekdeplerinde internet žurnalistikasy we syýasy kommunikasiýa boýunça täze sapaklary girizmegi, beýleki zerur bolan täze hünärleri açmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Halkara hukuk boýunça bilim alýan talyplar üçin halkara ykdysady gatnaşyklaryň meselelerini çözmek we halkara arbitraž ugry boýunça täze sapaklary we amaly okuwlary girizmek mümkinçiligine seretmek wajypdyr.
Milli Liderimiz şeýle hem halkara iş boýunça ýaş hünärmenlerde hünär ussatlygy bilen birlikde Watana wepalylyk, päk ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik we belent adamkärçilik häsiýetlerini terbiýelemegiň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrliginiň öňünde durýan wezipelere geçip, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa we beýleki degişli ýolbaşçylara Türkmenistanyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny has-da giňden amala aşyrmak babatda tabşyryk berdi. Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyny ýurdumyzyň 2017 — 2023-nji ýyllary öz içine alýan daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda alyp barmaly. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 — 2029-njy ýyllar üçin Konsepsiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işlere häzirden başlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça zerur çäreleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Şundan ugur alyp, şu ýylyň birinji çärýeginiň ahyryna çenli halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak zerurdyr.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň dünýädäki ornuny we abraýyny berkitmek hem-de beýleki döwletler bilen gatnaşyklarda ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çäreleriň hem-de maslahatlaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegiň ähmiýetini belledi.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegi, bu guramanyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen Kararnamalaryny hem-de beýleki resminamalaryny taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar bilen döwletimiziň bähbitlerine gabat gelýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Türkmenistanyň daşary ykdysady işini maksatnamalaýyn esasda ösdürmek boýunça degişli tabşyryklar berildi. Şu maksat bilen, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de içerki mümkinçilikleri ýokary derejede peýdalanmak boýunça çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek zerurdyr.
Milli Liderimiz sebitdäki ykdysady ýagdaýlary seljerip, ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen geljekde alyp barjak hyzmatdaşlygyna täzeçe çemeleşmek bilen, anyk teklipleriň taýýarlanylmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli döwlet edaralary bilen bilelikde daşary ýurtlarda söwda wekilhanalarymyzy açmak üçin hem teklipleri bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen we iri halkara guramalarda goldawa eýe bolan teklipleriň hem-de halkara derejede kabul edilen çözgütleriň, şol sanda birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak zerurdyr.
Aral deňzi bilen bagly ýüze çykýan zyýanly täsirleri azaltmak babatda sebit ýurtlary bilen anyk maksada gönükdirilen işleriň depgini güýçlendirilmelidir. Şeýle hem milli Liderimiz Hazar deňziniň mümkinçiliklerini ulanmakda Hazarýaka döwletler bilen zerur hukuk binýadyny we meýilnamalary taýýarlamak işleriniň dowam etdirilmelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we pugtalandyrmak üçin, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam bermegiň wajypdygyny belledi.
Ykdysady, söwda, maýa goýumlar, ylym-bilim we tehnika, medeniýet hem-de beýleki ugurlary öz içine alýan, daşary ýurt döwletleri bilen Türkmenistanyň arasynda döredilen ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň işjeňligi ýokarlandyrylmalydyr. Bu toparlarda daşary ýurt işewürleri bilen gatnaşyklary has-da giňeltmäge, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly üns berilmelidir.
Türkmenistanyň beýleki döwletlerdäki diplomatik wekilhanalary, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan daşary ýurtlardan uly möçberde harytlar, enjamlar, ýörite tehnikalar satyn alnanda öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlyk ýola goýulmalydyr. Döwlet Baştutanymyz bu önümleri amatly bahalardan satyn almakda we zerur maglumatlary alyşmakda olara ýardam etmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirip, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, döwlet býujetinden hem-de maliýeleşdirmegiň beýleki döwlet çeşmelerinden bölünip berilýän serişdeleriň öz wagtynda we maksadalaýyk özleşdirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ýene-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, garamaga teklip edilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahaty, dabaralary we çäreleri geçirmek hakyndaky», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny tassyklamak hakyndaky», «Eksport-import amallary üçin «Bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky» Kararlar bar.
Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyny döretmek hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz bu Karara gol çekjekdigini aýdyp, beýleki pudaklaryň işi bilen hem bagly bolansoň galan Kararlara Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçiriljek giňişleýin mejlisinde seredilse, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Ýokarda agzalan tapawutlandyryş nyşany barada aýdylanda bolsa, bu nyşan bilen Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny amala aşyrmakda, daşary ýurt döwletleri bilen dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmekde we berkitmekde ýurdumyzyň abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmekde şahsy goşandyny goşan diplomatik gullugyň işgärleri sylaglanar.
Milli Liderimiz Karara gol çekip we şu mynasybetli türkmen diplomatlarynyň ählisini gutlap, ony wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny döredendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň bu çözgüdiniň ýurdumyzyň diplomatik düzümi üçin şanly wakadygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň yzygiderli goldawy netijesinde türkmen diplomatlarynyň üstünlikli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Diplomatik gullugyň hukuk binýady yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de kämilleşdirilýär, onuň işine öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Degişli düzüm döwrebaplaşdyrylýar, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary üçin täze binalar gurulýar. Diplomatik işgärleriň, olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar.
Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyza şu günki duşuşyk hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça gymmatly öwüt-ündewleri hem-de maslahatlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny birkemsiz durmuşa geçirmek, onuň halkara abraýyny has-da artdyrmak, milli Liderimiziň öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20405?type=feed
Aşgabat, 8-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, bu ulgamlaryň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde esasy hereketlendiriji güýçdügini aýtdy. Halkymyzyň sagdyn we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy köp babatda bu ulgamlaryň netijeli işine baglydyr. Şonuň üçin döwletimiz bu ulgamlary ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýär. Emma, muňa garamazdan, bu ulgamlarda kemçilikler we ulanylmaýan mümkinçilikler bar diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu günki maslahatyň maksadynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ösüp barýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hem-de terbiýäniň hilini gowulandyrmak boýunça möhüm işleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny belledi we maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňledi.
Ilki bilen bilim ministri O.Gurbanowa söz berildi. Ol ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde bilim ulgamynyň dolandyryş, düzüm ulgamyny, hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, geçen ýyl Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi döredildi. “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy.
On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynda okatmagyň innowasion usullaryny, häzirki zaman bilim maksatnamalaryny we okuw gollanmalaryny peýdalanmagyň aýratyn wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegiň we özleşdirmegiň, daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, milli Liderimiz bilim edaralarynyň işini döwrüň talabyna kybap derejede kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ösüp barýan ýaş nesli okatmak hem-de terbiýelemek bilen bir hatarda, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasyndan has zehinlilerini ýüze çykarmak meselelerine jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi. Ýaşlaryň gyzyklanmalaryna we höwes edýän ugruna laýyklykda, olaryň saýlap alan hünäri boýunça ukyplaryny ösdürmek möhüm bolup durýar. Şeýle edilende, öz işine hemmetaraplaýyn düşünýän ýaş hünärmenler ýetişer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri çaltlandyrmagyň, bu ugurda işleri has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp, ministre we ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ulgamda alnyp barlan işleriň netijeleri we şu ýyla meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek we saglygy dikeltmek, adamlary zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen elýeter üpjün etmek, hünärmenleri taýýarlamak, pudagara we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirildi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyna dünýäniň meşhur lukmanlaryny çekmek arkaly özara tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak hem-de bilim derejelerini ýokarlandyrmak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, milli lukmançylyga täze anyklaýyş we bejeriş usullaryny ornaşdyrmak, ösen tehnologiýaly saglygy goraýyş merkezleriniň işini döwrebap guramak hem-de täze merkezleriň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça saglygy goraýyş edaralarynda elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyryldy, sanly tehnologiýalar peýdalanylýar. Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan netijeli epidemiologiýa gözegçilik ulgamynyň işi ýola goýuldy. Hasabat döwründe ýurdumyza ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy. Bu maksat bilen toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri geçirildi. Dermanlar, waksinalar hem-de beýleki sanjym serişdeleri, şonuň ýaly-da, lukmançylyk serişdeleri satyn alyndy.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk hem özgertmek işleri meýilleşdirilýär. Bu özgertmeler, şol sanda öňüni alşyň, keselleri anyklamagyň, bejermegiň hem-de saglygy dikeltmegiň iň täze netijeli usullarynyň peýdalanylmagyna gönükdirilendir.
Ilaty zerur derman we möhüm saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de olaryň rejeli ulanylyşyna gözegçiligi amala aşyrmak, saglygy goraýyş edaralaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak möhüm meseleleriň hatarynda durýar. Halkara we pudagara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek, ýurdumyzyň derman senagatyny döwrebaplaşdyrmak meselesine aýratyn üns berler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň saglygyny düýpli gowulandyrmak hem-de raýatlaryň ömrüni uzaltmak ýaly baş ýörelgelere esaslanýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek, şonuň ýaly-da, iň ýokary halkara ölçeglere gabat gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny ösdürmek üçin ähli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny nygtady.
Soňra sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow ýolbaşçylyk edýän ulgamynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljekki meýilnamalar barada hasabat berdi. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçen 2020-nji ýylda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, sportuň olimpiýa görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, arhiw edaralarynyň işi ugurdaş kanunçylyk-hukuk namalarynyň hem-de “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda alnyp baryldy. Sanly elektron aragatnaşygy herekete girizmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli işler amala aşyryldy.
Mundan başga-da, raýatlaryň ýüztutmalaryny ýerine ýetirmek boýunça netijeli işler geçirildi. Baş arhiw müdirliginiň redaksion-neşir işi boýunça meýilnamasy doly ýerine ýetirildi. Arhiw edaralaryny ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň arhiw edaralary tarapyndan ýyllyk meýilnama 104,8 göterim ýerine ýetirildi.
Şu ýylda döwlet arhiwleriniň we arhiw aýawhanalarynyň ulgamyny we düzümini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, resminamalary aýawly saklamagyň amatly şertlerini we ätiýaçlyk üçin meýdanlary, peýdalanyş gaznalaryny döretmek boýunça işleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulgamyň işgärleriniň esasy wezipesiniň milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň degişli derejede saklanylmagyny hem-de döwletimiziň, jemgyýetimiziň we raýatlaryň ýüz tutmalaryny kanagatlandyrmak üçin netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda arhiw işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi eziz Diýarymyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, sanly we maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna ýardam eder.
Soňra Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalar barada hasabat berdi.
Ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda dürli ugurlar boýunça döwrebap ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasyny hem-de Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny kabul etdi.
Geçen ýylda Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” hem-de Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Taryh we arheologiýa institutynyň guramagynda “Bitarap Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara onlaýn ylmy maslahatlary geçirildi.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň meýilnamalary barada aýdylanda, ykdysady taýdan bähbitli, ýerli çig mallaryň esasynda dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply, senagat ähmiýetli önümleri öndürmegiň esasyny düzýän maksatnamalaýyn ylmy-barlag işlerini alyp barmagyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylmyň we bilimiň beýik maksatlara ýetmegiň bähbidine jemgyýeti jebisleşdirýän, döwletiň kuwwatyny artdyrýan baýlygymyzdygyny nygtady. Biz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu gün ylmy ösdürmekde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy, sanly ulgamy ornaşdyrmagy, ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliklerini ulanmagyň ugurlaryny giňeltmegi wajyp meseleleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow ýerine ýetirilen işler hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda ýolbaşçylyk edýän ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça meýilnamalar barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, häzirki zaman sport toplumlary, stadionlar gurulýar. Halkara derejedäki ýaryşlar geçirilýär.
Şu günler 2021-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek iri halkara ýaryşlary — Welotrek boýunça dünýä çempionatyny, Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyryny geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Wise-premýer bilim, ylym, saglygy goraýyş, ýaşlar syýasaty we sport ulgamlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlary, medeni-jemgyýetçilik, bedenterbiýe we sport maksatly çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzyň durnukly we depginli ösmegi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň, maksada okgunly, ylymly-bilimli ýaş nesli terbiýelemegiň wajypdygyny nygtady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijeliligi köp babatda şolaryň bilim derejesine baglydyr.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berip, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini işjeň öwrenmegiň zerurdygyny nygtady hem-de gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen giň halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň we ýurdumyzyň öňe gitmeginiň hem-de mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň möhüm şerti hökmünde milli syýasatyň iri pudaklaryna innowasion işläp düzmeleri ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna söz berdi.
Ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow häzirki döwürde jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň çäklerinde Demokratik partiýanyň düzümlerinde geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Owganowa söz berildi. Ol 2020-nji ýylyň dowamynda guralan köpçülikleýin çäreler we olaryň ähmiýeti barada habar berdi.
Soňra iş maslahaty Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol bu jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan geçen ýyl guralan çäreler barada habar berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa bu syýasy-jemgyýetçilik düzümleriniň wekilleriniň geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we şu ýyl üçin bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdi.
Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we onuň ýerlerdäki düzümleriniň wekilleriniň ýaşlaryň arasynda bolup, geçirýän köpçülikleýin çäreleri we olaryň netijeleri barada hasabat berdi.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarow bu birleşigiň dünýädäki agzalary bilen bilelikde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýyl üçin kesgitlenilen meýilnama barada hasabat berdi.
Soňra Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy M.Açylowa häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, jemgyýetiň bu ugurda alyp barýan işleri hem-de guralýan köpçülikleýin çäreler barada giňişleýin hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabat bilen çykyş etmek üçin Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa söz berdi. Ol Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň müftüsi Ý.Hojagulyýew ýurdumyzda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgelerini, ýagşy dessurlaryny döwrebap derejede dowam etmek, ýaşlary watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek boýunça meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz habarlary diňläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň, jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň ähmiýetini artdyrmakda hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekde jemgyýetçilik guramalaryna aýratyn ornuň degişlidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, aýratyn-da, häzirki döwrüň ýagdaýy we öňde goýulýan wezipeler nazara alnyp, olaryň oňyn çözgüdini taýýarlamak işlerinde syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagynyň, işjeň pikir alyşmalary guramagynyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň hasabaty bilen dowam etdirildi. Ol geçen ýylyň dowamynda akademiýada ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we diňleýjilere berilýän okuw-usulyýet sapaklarynyň, hünärleriň derejesini ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.
Soňra Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmak, uniwersitetde halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, okuw-usulyýet ulgamyna häzirki zamanyň täzeçil usullaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory B.Orazdurdyýewa söz berdi. Ol häzirki döwürde ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň derejesini hemmetaraplaýyn ösdürmek, halk hojalygynyň pudaklary üçin zerur ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa saglygy goraýyş ulgamy üçin zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ýokary okuw mekdebiniň okuw maksatnamasyna täze ugurlary girizmek, oňa dünýäniň ösen tejribesini we häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory A.Saparow türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmaga ukyply türgenleri ýetişdirmek, sportuň olimpiýa görnüşlerini ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler barada hasabat berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedowa söz berdi. Rektor institutda ösüp barýan ýaş nesillere hemmetaraplaýyn bilim-terbiýe bermäge ukyply, öz ugry boýunça dünýäniň ösen tejribesinden we milli ýörelgelerden oňat baş çykarýan ýokary derejeli mugallymlary ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Kulyýewa institutda alnyp barylýan işleriň netijeleri, talyp ýaşlaryň dünýä ylmyna düýpli aralaşmagy ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler we daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmek boýunça geçilýän goşmaça sapaklar barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek, onuň halkara standartlara kybap gelmegini üpjün etmek we ulgama häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleriniň möhüm talapdygyny belledi.
Şu nukdaýnazardan, ýaşlara berilýän bilim-terbiýe döwrüň talabyna we şöhratly pederlerimiziň döreden dünýä nusgalyk ýörelgelerine kybap gelmelidir. Munuň üçin bolsa milli bilim ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklaryny nazarda tutup, bilim-terbiýeçilik işleriniň guramaçylyk derejesine, ýaşlaryň häzirki zaman ylmyndan, täzeçil usullardan ussatlyk bilen baş çykaryp bilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda rektorlara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki döwürde emele gelen ýagdaýlary nazara alyp, ýaşlara bilim bermegiň usulyýet ulgamyny kämilleşdirmek, okuw maksatnamalaryna täze hünärleri girizmek bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn toplumlaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň dowamynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa, Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýewe hem-de M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory M.Myratnazarowa ýüzlenip, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasy ýörelgeleriniň ilatymyzyň saglygyny düýpli gowulandyrmakdan we adamlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmakdan hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekden ybaratdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, halkara ölçegleriň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş hyzmatlary ösdürilmelidir. Milli Liderimiz häzirki döwürde СOVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş çäresiniň çäklerinde ýurdumyzda ekologiýa meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini, milli tebigatymyzyň ekologiýa derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Aralýaka sebitiň gurşawyny hem-de onuň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirlerini öwrenmek, bu ugurda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de olaryň garşysyna göreşmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny aýtdy.
Milli Liderimiz bu ugurda zerur işleri geçirmek, Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde täze ugurlary açmak, şol sanda ýöriteleşdirilen lukmançylyk edaralaryny gurmak, ylmy barlaglary geçirmek hem-de ýörite milli maksatnamalary işläp taýýarlamak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ekologiýa we biologik howpsuzlygyny üpjün etmek, ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, lukmançylyk uniwersitetinde epidemiologiýa kafedrasyny döretmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda sanly lukmançylyk ulgamyny ösdürmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine ylmy esasda çemeleşilmelidigini, bu ugurda bilelikde zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow 2020-nji ýylda durmuş ähmiýetli saglygy goraýyş, bilim, ylym we sport ulgamlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen anyk çäreler, şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiziň şol pudaklaryň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, tutuş halk hojalyk toplumynyň, şol sanda döwletimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýän bu esasy ulgamlaryň ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly ösüşini üpjün etmek üçin toplumlaýyn maksatnamalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işine bagyşlanan maslahaty jemlemek bilen, olaryň işini düýpli gowulandyrmak üçin, heniz örän köp işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri has doly peýdalanmalydygyny, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmalydygyny aýtdy.
Sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli zerur çäreler görülmelidir. Munuň üçin işi guramagyň täze, has netijeli usullaryny gözlemeli diýip, milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylaryň her birine anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz bilim ministri O.Gurbanowa ýüzlenip, bilim ulgamynyň işgärleriniň esasy wezipesiniň ylym-bilimde we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, ulgamy kämil derejede ösdürmekden, ylymly-bilimli, zähmetsöýer, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdygyny belledi.
Milli Liderimiz irki döwürden başlap çagalary terbiýelemek we okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmelidigini aýratyn nygtady.
Milli aýratynlygy göz öňünde tutup, dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda bilim-terbiýeçilik işleri ýokary derejede guralmalydyr. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ýaşlaryň ene dilinden başga-da, daşary ýurt dillerini düýpli öwrenmegini gazanmak üçin, çagalarda bu endigi artdyryp, höwes döretmek, bu babatda mugallymlaryň ýokary taýýarlykly we tejribeli bolmagyny gazanmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Garaşsyzlygymyzyň ýubileý ýylynda bilim edaralarynda häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hili we derejesi dünýä standartlaryna laýyklykda ýokarlandyrylmaly. Ýaşlara bilim bermegiň, okatmagyň, hünärmenleri taýýarlamagyň iki basgançakly — bakalawr we magistr maksatnamalaryna geçmek boýunça zerur işleri alyp barmaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Bilim ministrligine okuwçylaryň hem-de talyplaryň dogry pikir ýöretmek we erkin döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, başlangyç zähmet endiklerini öwretmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak boýunça düýpli işleri geçirmek tabşyryldy.
Bilim edaralarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, tejribelerini yzygiderli ýokarlandyrmak, okuw kitaplary we gollanmalary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülmelidir. Okuwçylara kitaplary aýawly saklamagy hemişe ündemek gerek.
Ýaş nesliň dogry iýmitlenmegi we sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi üçin bu ugurda çagalar bagyndan başlap, zerur çäreleri yzygiderli geçirmeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýaşlaryň islegine görä goşmaça ugurlar boýunça bilim almaga şertleri döretmek üçin welaýatlarda, etrap-şäherlerde gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça mekdepden daşary tölegli okuwlary gurap, degişli ygtyýarnamalaryň berilmegini ýola goýmalydygyny aýtdy.
Bilim ministrligine ylmy-tejribe işlerini geçirmek üçin sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanyp, öňdebaryjy halkara uniwersitetler hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.
Bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek üçin sanly ulgam giňden ornaşdyrylmalydyr. Zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplary, okuw kitaplary we gollanmalary, wideo we audiomateriallar bilen üpjünçiligi gowulandyrmaly.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda raýatlarymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, ulgamy depginli ösdürmek üçin alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek tabşyryldy.
Döwrüň talabyna laýyklykda, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola goýmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip, işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak işlerini dowam etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ilata edilýän hyzmatlaryň, derman serişdeleriniň elýeterli bolmagyny üpjün etmek we hilini ýokarlandyrmak, eneligi hem-de çagalygy goramak boýunça degişli işler alnyp barylmalydyr. Ýurdumyzda sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy durnukly saklamak, ýokanç keselleriň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek boýunça zerur işler geçirilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesliň dogry iýmitlenmegi, sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi we ýaramaz endiklerden daşda durmagy üçin wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň geçirilmegini ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde kesgitledi.
Dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy kliniki merkezleri, lukmançylyk okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy dowam etmegiň zerurdygyna saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň ünsi çekildi. Saglygy goraýyş ulgamyna ylmy barlaglaryň netijelerini ornaşdyryp, keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň, bejermegiň we dikeltmegiň täze innowasion usullaryny ornaşdyrmak, raýatlarymyza lukmançylyk kömegini bermek ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek möhüm wezipe bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda derman we beýleki saglygy goraýyş serişdeleriniň önümçiligini giňeldip, bu işe halkara derejesinde belli önüm öndürijileri, daşary ýurtly maýadarlary çekmegiň maksadalaýykdygyny belledi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçysyna “Aýratyn zähmet şertleri bolan işlerde goşmaça hak bellemegiň we tölemegiň Tertibine” laýyklykda, zyýanlylyk we agyrlyk derejelerine baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda aýratyn zähmet şertleri bolan işleriň, kärleriň we wezipeleriň sanawyny bellenen tertipde taýýarlamak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowa ýüzlenip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy wagyz etmek boýunça işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi ýylynda ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny berkitmek we zyýanly endiklere garşy göreşmek maksady bilen, ýaşlary bedenterbiýä we köpçülikleýin sporta has giňden çekmeli. Çagalar sportuny ösdürmegi hem netijeli dowam etmeli.
Ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň Olimpiýa oýunlaryna, şol sanda onuň gyşky görnüşlerine, dünýä, Ýewropa, Aziýa we beýleki halkara ýaryşlara ýokary taýýarlykly gatnaşmaklaryny hem-de baýrakly orunlary eýelemeklerini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekildi. Şu maksat bilen, ministrligiň ýolbaşçysyna sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamaga guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek tabşyryldy.
Sport desgalaryny netijeli dolandyrmak, sport mekdepleri bilen utgaşykly işlemek, sport desgalarynda tölegli esasda okuw-türgenleşik sapaklaryny guramak, olary uzak möhletleýin kärendä bermek boýunça degişli işler geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy talap etdi. Bu syýasata laýyklykda, ýaşlaryň alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik işlerinde netijeli ulanmaklary üçin amatly şertler döredilmelidir. Milli Liderimiz ýaşlarda dolandyryş, işewürlik we ekologiýa başlangyçlaryny ösdürmelidigini hem-de ýaş maşgalalary goldamak syýasatymyzy dowam etmelidigini aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýewe ýüzlenip, 2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyl dolýandygyny belläp, bu şanly senäni ýokary derejede belläp geçmek üçin häzirden taýýarlyk görüp başlamalydygyny aýtdy hem-de bu ugurda halkara derejesinde tanyşdyryş dabaralaryny, maslahatlary we bäsleşikleri geçirmegi meýilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz ykdysady ösüşde tehnologiýalaryň möhümdigini göz öňünde tutup, innowasiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribäni önümçilige giňden ornaşdyrmak üçin döwrebap ylmy-amaly barlaglary geçirmegiň zerurdygyny belledi.
Alymlaryň öňünde birnäçe möhüm wezipeler — Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýetilen belent sepgitleri we gazanylan üstünlikleri ylmy taýdan düýpli öwrenmek, Ylymlar akademiýasynyň, beýleki bilim edaralarynyň alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň, talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmaga goldaw bermek boýunça wezipeler goýuldy.
Nygtalyşy ýaly, ylmy-tejribe işlerini geçirmekde sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly beýleki döwletleriň ylmy edaralary, halkara uniwersitetleri hem-de abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerurdyr. Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ulanylýan önümleriň, materiallaryň has täze we ykjam görnüşlerini öndürmek, önümçilik usullaryny kämilleşdirmek boýunça ylmy-tejribe işlerini gurap, pudaklar üçin teklipleri hem-de Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy-barlag edaralaryny 3 ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn hojalyk hasaplaşygyna geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny gyssagly taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralar, kärhanalar we guramalar üçin arhiw işi we iş dolandyryş boýunça kadalary, düzgünnamalary, resminamalaryň birkysmy sanawlaryny hem-de beýleki kadalaşdyryjy-usuly gollanmalary taýýarlamak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda ylmy barlaglaryň we usuly işleriň netijelerini, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini arhiw işine giňden ornaşdyrmak, arhiw işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, maglumatlar ulgamyny, gorlaryny döretmek we elektron dolanyşygyny girizmek boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady.
Maslahata gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna ýokary okuw mekdeplerini bilim, ylym we täze tehnologiýalar merkezleri hökmünde çalt depginler bilen ösdürmek tabşyryldy.
Milli Liderimiz Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi bellenilýän şu ýylda bilim bermegiň ähli derejelerine iň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň we usullaryň has giňden ornaşdyrylmalydygyny nygtady.
Ýokary okuw mekdeplerinde okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, kitaplaryny we gollanmalary ösen halkara tejribä laýyklykda yzygiderli kämilleşdirip durmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş aýratynlygyna we pudaklaryň zerurlygyna görä, täze ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak işlerini dowam etmek wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz innowasion ykdysadyýetiň talaplaryna we halkara standartlaryna laýyk gelýän ýokary bilimiň iki basgançakly ulgamyny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak işini dowam etmegi, ylmyň we tehnologiýalaryň, şeýle hem halkara tejribäniň gazananlaryny ulanmak bilen, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünärini ýokarlandyrmagy hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Bu maksada ýetmek ugrunda, şonuň ýaly-da, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň bilelikde ýerine ýetirýän, döwletimiziň ylmy we ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän düýpli we ylmy-amaly barlaglary ösdürmegi tabşyrdy.
Professor-mugallymlaryň hem-de talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur işleri yzygiderli geçirip durmaly, beýleki döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldip, bilelikde simpoziumlary, ylmy-amaly maslahatlary, sergileri, bäsleşikleri guramaly diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdirdi. Şonuň ýaly-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow talyplaryň halkara olimpiadalara gatnaşmagyny we baýrakly orunlary almagyny üpjün etmegiň, ýokary okuw mekdeplerini bilim görkezijisi boýunça dünýäniň meşhur bilim edaralarynyň sanawyna girizmek babatda zerur işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.
Syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna işlerini döwrüň talabyna görä, yzygiderli kämilleşdirip durmak hem-de öz jemgyýetdäki ornuny yzygiderli ýokarlandyrmak tabşyryldy. Şu maksatlar bilen täze tehnologiýalary, maglumatlary ýaýratmagyň ulgamlaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini giňden peýdalanyp, düşündiriş-wagyz işlerini güýçlendirmek zerurdyr.
Nygtalyşy ýaly, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek boýunça çäreleri ýygy-ýygydan geçirmek, köpçüligiň döredijilik güýjüni ýurdumyzy ösdürmegiň öňde goýlan wezipelerini, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny doly ýerine ýetirmäge gönükdirmek, Garaşsyzlyk döwründe gazanan üstünliklerimizi berkidip, has belent sepgitlere ruhlandyrmak gerek.
Milli Liderimiz demokratik döwletimizde döredilýän ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp, syýasy partiýalaryň dürli derejedäki saýlawlarda ýokary aň-düşünjeli, baý syýasy tejribeli, Watana, halkymyza we ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza wepaly, jogapkärçilikli adamlary teklip etmelidigini aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowa birnäçe aýratyn tabşyryklary berdi.
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine häzirden gowy taýýarlyk görüp, bu çäreler ýokary derejede geçirilmelidir.
Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary ulgamlarynyň alyp barýan işlerini döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek zerurdyr.
Ulgamlaryň düzüm birlikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga uly üns berilmelidir. Işleri dolandyrmakda sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etdirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlarynyň her biri boýunça aýratyn tabşyryklary berip, saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek arkaly ilatyň ömür dowamlylygynyň uzaldylmagyny gazanmak, raýatlarymyz üçin ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilişini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.
Bilim barada aýdylanda, ösüp gelýän nesillerde watançylyk, ahlaklylyk, adalatlylyk, dogruçyllyk, ululara hormat goýmak, halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine söýgi we tebigata aýawly garamak häsiýetlerini terbiýelemek wajypdyr.
Çagalaryň tebigy zehinini, ukyplaryny, şahsy başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin dürli medeni-köpçülik, çeper-döredijilik çärelerini geçirip durmaly, çagalar üçin ýokary hilli kitaplary, çeper eserleri çap etmegi dowam etmeli. Bilim edaralarynda okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary, kitaplary we gollanmalary ösen halkara tejribä laýyklykda yzygiderli kämilleşdirip durmaly.
Wise-premýere Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini has-da kämilleşdirmek bilen, olaryň görkezijisi boýunça dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralarynyň sanawyna girizilmegi üçin zerur işleri geçirmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz ýokary we ýörite orta bilim berýän okuw mekdeplerinde okuw üçin tölegler kesgitlenende, döwletiň goldawyna mätäç talyplara we okuwçylara ýeňillikleri göz öňünde tutmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport barada aýdyp, Aşgabat şäherinde Welotrek boýunça dünýä çempionatyny, Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyryny ýokary guramaçylykly geçirmek üçin ähli çäreleri görmek barada tabşyryk berdi.
Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine ulgamyň işgärleriniň guramaçylykly gatnaşmalydygyny aýratyn belledi. Şonuň ýaly-da, hökümetara ylalaşyklara laýyklykda, ýaşlarymyzy daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okatmak işini has-da güýçlendirmek boýunça wezipeler öňde goýuldy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Geldinyýazowa we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýewe ýüzlenip, häzirki döwürde ýaşlardan ylmy işgärleri taýýarlamak işiniň talabalaýyk alnyp barylmaýandygyna nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz döwletimiziň gowy maddy-enjamlaýyn binýady döredendigine we döredýändigine garamazdan, ylmy ösdürmegiň, aýratyn-da ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmegiň anyk maksatnamasynyň hem ýokdugyna ünsi çekdi.
Sanly ykdysadyýeti dolandyrmak boýunça ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamak işleri ýeterlik derejede alnyp barylmaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň sanly bilime, aýratyn-da, umumymilli ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak wezipelerini çözmäge uly üns bermegi talap etdi.
Nygtalyşy ýaly, orta mekdepler üçin hem, ýokary okuw mekdepleri üçin hem okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek we täzelerini taýýarlamak işleri yza galýar, hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä tejribesi az öwrenilýär hem-de ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşmak üçin beýleki ýurtlar bilen wideokonferensiýalary ýygy-ýygydan gurap durmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän özgertmeleri, aýratyn-da, oba ýerlerinde çaltlandyrmaga örän düýpli üns berilmelidigini, häzirki döwürde täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygynyň hem, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek işleriniň hem ýaramaz alnyp barylýandygyny belledi.
Milli Liderimiz ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek barada kabul edilen maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň-de çaltlandyrylmalydygyny, şäherleriň we obalaryň arassaçylygyna aýratyn uly üns berilmelidigini belledi.
Jemgyýetçilik guramalarynyň işini utgaşdyrmak hem talabalaýyk alnyp barylmaýar. Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň jemgyýetçilik taýdan goldawy ýeterlik däl. Bu çäreler, köplenç, bir gezeklik geçirilýär, soňra bolsa unudylýar. Şoňa görä-de, her bir başlanan işi ahyryna çenli ýerine ýetirmek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ýaşlar guramasy hem gowşak işleýär. Ykdysadyýetimizi ösdürmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny goldamakda ýaşlaryň işjeňligi duýulmaýar. Döwletimiziň ýaşlar üçin köp işleri edýändigine garamazdan, Ýaşlar guramasy hiç hili başlangyç bilen çykyş etmeýär. Ýurdumyzda bolsa ýaş nesilleriň mynasyp bilim-terbiýe almagy, sport bilen meşgullanyp, talabalaýyk dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyz döredilen şu şertlerden netijeli peýdalanylmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz aýdylan şu tankydy belliklerden degişli netije çykaryp, ýagdaýy düzetmek üçin zerur çäreleri görüp, alnyp barylýan işleri has güýçlendirmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Şonuň ýaly-da wise-premýere özara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini we karzlaryň gaýtarylyşyny gözegçilikde saklamak, býujetden maliýeleşdirilýän bilim, saglygy goraýyş we beýleki edaralara bölünip berlen maliýe serişdeleriniň öz wagtynda özleşdirilişine we bellenen maksada görä ulanylyşyna gözegçilik etmek barada tabşyryk berildi.
Bilim ministrligi tarapyndan bilim bermek we hünäre taýýarlamak boýunça ygtyýarnamalaryň berlişini seljermegiň hem-de ähli welaýatlarda tölegli esasda okuw merkezleriniň işini ýola goýmagyň zerurdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýokanç keselleriň öňüni almak ýaly möhüm meseläniň üstünde durup geçdi. Siziň bilşiňiz ýaly, biziň halkymyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähim bar. Şu pähimden ugur alyp, döwletimiz raýatlarymyzyň abadan, bagtyýar we sagdyn durmuşda uzak ömür sürmegi üçin hemişe uly alada edip gelýär. Mähriban halkymyzyň saglygy bilen bagly işlerde hiç hili serişde gaýgyrmaýar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Siziň bilşiňiz ýaly, häzirki döwürde dünýäniň köp ýurdunda ýiti öýken sowuklama keseli bolan, koronawirus ýokanjy giňden ýaýrady. Türkmenistanda bu keseliň öňüni almak üçin öz wagtynda ähli zerur çäreler görüldi diýip döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara, ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ýaňy-ýakynda bu ýokanjyň garşysyna sançmak üçin ýokary hilli we howpsuz waksinalaryň iki görnüşiniň ýurdumyzda hasaba alnandygyny we bu işleriň dowam etdirilýändigini belledi.
Biz iň gymmatly baýlyk bolan halkymyzyň saglygyny goramak üçin ähli zerur çäreleri göreris. Ýöne, muňa garamazdan, eziz watandaşlarymyz, saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan talap edilýän arassaçylyk kada-kanunlaryny berjaý etmek her birimiziň borjumyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20352?type=feed
Aşgabat, 7-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir Hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olary ösdürmegiň geljekki wezipeleri kesgitlendi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry we durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeli guraly bolan medeniýet ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda, ýaş zehinleri ýetişdirmekde medeniýet ulgamyna örän uly orun degişlidir. Halkyň kalby bolan medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini ýokarlandyrmakda, işjeňligini artdyryp, agzybirligini berkitmekde, köpçüligi beýik işlere galkyndyrmakda uly güýje eýedir.
Ýazyjy-şahyrlaryň tolgundyryjy sözleri, bagşy-sazandalaryň kalbyňa ornaýan şirin mukamlary, suratkeşleriň täsirli şekilleri hiç kimi biparh goýmaýar. Şoňa görä-de, biziň millet derejesinde gazanan üstünliklerimiz, ýeten sepgitlerimiz medeniýetimiziň ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Döwletimiz bu ulgamy ösdürmäge we baýlaşdyrmaga köp möçberde maýa goýumlaryny goýýar. Ýöne, muňa garamazdan, heniz bu ugurda kemçilikler we ulanylmaýan mümkinçilikler hem az däl diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Häzirki döwürde bu ulgamyň işini nähili edip talabalaýyk guramaly, asyrlarboýy sünnälenip, biziň günlerimize ýetirilen medeni mirasymyzy, aýdym-saz sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy asyl nusgasynda geljek nesillerimize nädip ýetirmeli — şu gün maslahatda şu we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz maslahatyň gün tertibine geçip, medeniýet ministri A.Şamyradowa söz berdi. Ol milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumyzda medeniýeti we sungaty, döredijilik işgärleriniň çeperçilik işini ösdürmek üçin aňrybaş şertleriň döredilendigini aýtdy.
Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralarda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatda bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanlylaşdyrmak, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, baý many-mazmunly we ýokary çeperçilikli döwrebap eserleri döretmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen “Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, teatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň, medeniýet öýleriniň, taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Geçen ýylyň dowamynda onlaýn tertipde sungat ussatlarynyň, şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, fotosuratlaryň sergileri guraldy we döredijilik duşuşyklary, festiwallar, bäsleşikler hem-de maslahatlar geçirildi.
Hasabat döwründe umumadamzat ähmiýetli milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmäge hödürlemek boýunça degişli resminamalary we wideorolikleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirildi. Şonuň bilen birlikde, bagşyçylyk sungatymyzy, dutar ýasamak senediniň aýratynlyklaryny açyp görkezýän resminamalar we wideorolikler taýýarlanyldy.
Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň bu abraýly sanawyna “Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň we seýislemegiň medeniýetini” girizmek üçin zerur maglumatlar toplanyldy. Häzir bu sanawa “Türkmen alabaý itini terbiýelemegiň milli tejribesini” girizmek boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda uly üstünlikleriň gazanylmagyna ruhlandyrýan milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça ägirt uly işleriň geçirilýändigini belläp, häzirki döwürde bu ugurda alnyp barylýan çärelere nägilelik bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdebini tamamlaýan ýaşlaryň saýlap alan ugry boýunça iş bilen üpjün edilmegine Medeniýet ministrliginiň we degişli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gönüden-göni jogapkärçilik çekýändiklerine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz çagalar sungat mekdepleriniň hem-de çeperçilik mekdepleriniň işiniň talabalaýyk guralmaýandygyny, bu ugurda birnäçe kemçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, munuň üçin olaryň okuw meýilnamalaryna täzeden seretmegi tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň medeniýet merkezlerinde we teatrlarynda häzirki döwürde gazanylýan üstünlikleri, bagtyýar durmuşy wasp edýän täze eserleriň döredilmeýändigini, gysga göwrümli sahna oýunlarynyň az goýulýandygyny belläp, teatrlaryň režissura babatda derejesiniň pes bolmagynyň döredilýän eserleriň çeperçiligine ýaramaz täsir edýändigini belledi.
Dünýä medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşan türkmen halky asyrlaryň dowamynda dünýä nusgalyk milli gymmatlyklary, asylly ýörelgeleri döretdi. Emma halkymyzyň ruhy we medeni mirasyny öwrenip, ony wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek işleri talabalaýyk guralmaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şeýle hem ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň arasynda döredijilik we çeperçilik bäsleşiklerini geçirmek boýunça ýeterlik işler alnyp barylmaýar. Mundan başga-da, ýerlerde kitaphanalaryň kitap gaznalarynyň bir bitewi sanly ulgama birikdirilendigine garamazdan, olaryň işinde bökdençliklere ýol berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu ýagdaýlardan netije çykarmagy ministrden talap etdi.
Soňra Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Aşyrowa söz berildi.
Ol komitetiň düzümlerinde 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we onuň geljekki meýilnamalary barada hasabat berdi. Döwrüň talabyna laýyklykda, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça işleriň dowam edýändigi nygtaldy.
Hasabat döwründe milli tele we radioýaýlymlarda ýurdumyzda bolup geçýän wakalar öz wagtynda beýan edildi. Dürli konsertler, telefilmler, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetli gepleşikler, syýasy geňeşmeler we şekilli görnüşler ýaýlyma berildi. Şeýle hem onlaýn tertipde halkara derejede gepleşikler geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, tele we radiogepleşikleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek, olary däp-dessurlarymyzy, milli aýratynlyklarymyzy nazara almak arkaly taýýarlamak, halkymyzyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny giňden wagyz etmek boýunça zerur işler amala aşyryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar. Beýleki ýurtlaryň teleýaýlymlarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazananlaryny beýan etmäge gönükdirilen işler özüniň oňyn netijesini berýär. Daşary ýurtlaryň teleradioýaýlymlary bilen, baglaşylan ylalaşyklaryň çäklerinde ýurdumyzyň hünärmenleri, milli žurnalistler üçin onlaýn maslahatlar geçirilýär. Sanly ulgam babatda halkara tejribäni öwrenmek we çuňňur many-mazmunly gepleşikleri taýýarlamak meselelerine ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna taýýarlanan wideorolikler Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň internet torunda giň meşhurlyga eýe boldy.
Döwlet komitetiniň başlygy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şeýle hem “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna giňden taýýarlyk işlerine başlanandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna, teleradioýaýlymlar babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegine möhüm üns berilmelidigini belledi.
Žurnalistler, medeniýet işgärleri we ideologiýa gullugynyň hünärmenleri jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek üçin giň, köptaraply bilime eýe bolmalydyr, ähli ugurlar boýunça dünýäde bolup geçýän wakalary öwrenmelidir, täzeçil pikirlenip işlemelidir we döwrüň talabyny esasy ugur edinmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylmalydyr.
Häzirki döwürde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde sanly tehnologiýalaryň, elektron neşirleriň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ähmiýetli habarlary dünýäniň maglumat giňişliginde dessin ýerleşdirmek üçin wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy A.Hudaýberdiýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe önüm öndürmek we hyzmatlary etmek boýunça meýilnama 108,9 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň dowamynda kitap önümleriniň 367 görnüşi çykaryldy. Şolaryň 156-sy okuw kitaplarydyr. “Galkynyş” kitap merkezi tarapyndan ýurdumyzyň kitaphanalaryna 31 görnüşli kitaplar paýlanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgama geçmek, onuň mümkinçiliklerinden has giň peýdalanmak barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň metbugat.gov.tm internet saýty ulanylmaga berildi. Onuň degişli bölümlerinde häzirki wagtda gazetleriň 25-siniň hem-de žurnallaryň 7-siniň elektron görnüşleri ýerleşdirilýär.
2020-nji ýylda “Türkmenmetbugat” internet neşiri döredildi. Onda ýurdumyzda neşir edilýän gazetleriň 19-synyň we žurnallaryň 7-siniň elektron görnüşleri ýerleşdirilýär.
Metbugat öýi toplumynyň poligrafiýa önümçiliginde sanly tehnologiýalar esasynda çykarylýan önümleriň ýokary hilli bolmagyny hem-de işleriň bellenilen möhletinde ýerine ýetirilmegini üpjün edýän häzirki zaman programmalary ornaşdyryldy.
Ulgam boýunça sanly resminama dolanyşygyna geçmek üçin önümçilik we döredijilik edaralarynyň arasynda içki tor ulgamy döredildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, internet serişdeleriniň mümkinçiliklerini giňden ulanmak, bu ulgamdaky iň öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek arkaly bu gullugyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Milli Liderimiz “Türkmenistan —–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini nygtap, bu şöhratly senäni hem-de ýurdumyzyň durmuşyndaky beýleki şanly wakalary giňden beýan etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň — TDH-niň başlygy B.Amansaryýewe söz berildi.
TDH-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Her gün ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşyndaky esasy wakalary şöhlelendirip, syn hem-de seljerme makalalary taýýarlap, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini hem-de elektron neşirlerini habarlar bilen üpjün edýär.
Döwlet habarlar agentliginiň «Türkmenistan: Şu gün” hem-de “Türkmenistan: Altyn asyr” saýtlarynda halkara internet köpçüligi üçin türkmen, iňlis we rus dillerinde habarlar, wideogörnüşler hem-de fotoreportažlar ýerleşdirilýär.
Agentligiň şu ýyldaky esasy wezipeleriniň biri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen baglanyşykly möhüm wakalary işjeň beýan etmekden ybaratdyr. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy ählumumy internet torunda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dürli ulgamlarda hem-de pudaklarda gazanan üstünlikleri, şonuň ýaly-da, iri senagat, ulag, durmuş we ynsanperwer taslamalaryň durmuşa geçirilişi baradaky täzelikleri dessin, onlaýn görnüşde ýaýratmaga mümkinçilik berýär.
Halkara we milli habarlar agentlikleri, iri neşirler, daşary ýurtlaryň döredijilik hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen habarlary alyşmakdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň işiniň wajyp bölegidir.
Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, agentligiň işini sanlylaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, TDH-niň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwletimiziň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmekdäki üstünlikleri, ulag, energetika we suw diplomatiýasynyň möhüm ugurlary, maksatlary hem-de wezipeleri, ýurdumyzyň bu ulgamlarda öňe sürýän başlangyçlary dünýäniň maglumatlar giňişliginde giňden beýan edilmelidir.
Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de durmuş-medeni ösüşindäki ýetilen belent sepgitler hakyndaky materiallary taýýarlamak, olary halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli ýaýratmak zerurdyr. Şonuň ýaly-da, içerki syýasy özgertmeleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan durmuş-ykdysady üstünlikler hakynda makalalar tapgyryny taýýarlamak we olary metbugatda yzygiderli çap etmek gerekdir.
Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň habarlar ulgamyndaky işjeň hyzmatdaşlygy iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek, şonuň ýaly-da, täze tehnologiýalaryň ulanylmagy we bilelikdäki habarlar taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Soňra Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we 2020-2021-nji okuw ýylynda göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Milli medeniýetimizi ösdürmegiň we ony dünýäde giňden wagyz etmegiň çäklerinde institutda ylmy-döredijilik çäreleri yzygiderli geçirilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, institutyň sanly bilim portaly we web-saýty döredildi. Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Okuw meýilnamalary we maksatnamalary yzygiderli esasda kämilleşdirilýär.
Talyplar ugurdaş edaralarda önümçilik tejribelerini geçýärler. Uçurymlar tassyklanan meýilnamanyň esasynda degişli pudak edaralaryna işe ugradylýar. Halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Talyplar döredijilik bäsleşiklerine we ders olimpiadalaryna işjeň gatnaşýarlar.
Hasabat döwründe halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklar, ussatlyk sapaklary guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň pugta maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilendigini we onuň ähli mümkinçilikleriniň herekete girizilmeginiň wajypdygyny belledi. Ýaşlaryň hünär taýdan ýokary derejeli taýýarlygy bu işleriň netijeli bolmagyny üpjün edýär.
Şunlukda, okatmagyň sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy usullar, şol sanda teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň we beýleki medeni ojaklaryň mümkinçilikleri giňden peýdalanylmalydyr. Şeýlelikde, halkymyzyň ruhy gymmatlyklary we şöhratly taryhy wagyz edilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz instituty tamamlaýan ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine hemmetaraplaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, institutda häzirki döwrüň talaplaryna we özgerýän şertlere laýyk gelýän ugurlar boýunça hünärmenleriň taýýarlanmagy, okuw meýilnamasyna we hünär ugurlaryna düýpli özgertmeleri girizmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen birlikde, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, halkara döredijilik bäsleşiklerinde, onlaýn gözden geçirişlerde Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmäge ukyply, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak boýunça işler dowam etdirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda rektora birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz talyp ýaşlaryň halkymyzyň döreden milli mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny ylmy esasda öwrenip, olaryň ähmiýetini we many-mazmunyny açyp görkezýän ylmy işleri alyp barmaklary üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ýokary derejede geçirmäge institutyň ýaşlarynyň mynasyp goşant goşmagy, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amal edilmegi ugrunda zerur işler ýerine ýetirilmelidir.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýew geçen ýyl ýerine ýetirilen işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Bu ýokary okuw mekdebinde medeniýet ulgamynyň edaralary üçin şekillendiriş sungatynyň 16 hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.
Milli Liderimiziň öňe süren “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, akademiýanyň sanly bilim portaly we web-saýt döredildi. Onda ýokary okuw mekdebiniň muzeýi we kitaphanasy, okuw hem-de döredijilik işleri, jemgyýetçilik çäreleri we Ýaş alymlar merkezi barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirildi.
Akademiýanyň talyplary 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berlen, paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň binalarynyň daşky diwar bezeg işlerine, Diýarymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan bezeg taslamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşdylar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda akademiýanyň iş meýilnamasynda talyplaryň şanly senelere bagyşlanan köp sanly bäsleşiklere, sergilere, ylmy-amaly maslahatlara gatnaşmagy we beýlekiler göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda gurulýan durmuş-medeni maksatly desgalaryň binagärlik çözgüdine, olaryň içki we daşky bezeg işlerine bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.
Soňky ýyllarda dizaýn sungatyna birnäçe häzirki zaman usullary girizildi, şu özgertmeleri nazara alyp, Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyplaryň dizaýn sungaty boýunça ukyp-başarnygyny ösdürmek, olaryň dünýäniň ösen tejribesini, ylmyň gazananlaryny özleşdirmekleri üçin zerur şertler döredilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipelerden ugur alyp, döredijilik ýokary okuw mekdebinde has köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça täze hünärleri girizmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi dowam etdirmegiň, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň we döredijilik işgärleriniň öz ugurlary boýunça sanly ulgam arkaly halkara bäsleşiklere, gözden geçirişlere gatnaşmagyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Munuň özi milli sungatymyzyň dünýä derejesinde wagyz edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Ýurdumyzda giňden tanalýan halypa heýkeltaraşlar, suratkeşler, zergärler we beýleki döredijilik işgärleri bilen talyp ýaşlaryň duşuşyklary yzygiderli guralmalydyr, olaryň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede berkitmekleri ýerine ýetirilýän heýkeltaraşlyk işlerine we beýleki sungat eserleriniň döredilmegine, şol sanda bina edilýän desgalaryň içki we daşky bezeg işlerine gatnaşmaklarynda zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän ýylynda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, sanly tehnologiýalaryň netijeli ulanylmalydygyny belledi.
Soňra Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew ýokary okuw mekdebinde saz sungaty boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we sungaty giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň zehininden kemal tapan aýdym-sazlar we ýokary çeperçilik edebi eserler mugallymlar hem-de talyplar üçin nusgalyk mekdep bolup durýar.
Bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, konserwatoriýada sanly bilim portaly we web-saýt döredildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek ugrunda şanly baýramlaryň hormatyna halkara derejede onlaýn konsertler, ussatlyk sapaklary geçirildi. Konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary guralýan konsertlere, telegepleşiklere yzygiderli gatnaşýarlar. Talyplar öwrenýän hünärleri boýunça saz bilim edaralarynda tejribe geçýärler.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýiniň döredilmegi geljekki sazandalary ýetişdirmekde örän ähmiýetli waka öwrüldi. Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça täzeden dikeldilen opera çykyşlaryna mugallymlar bilen talyplaryň bilelikde gatnaşmagy halypa-şägirtlik ýolunyň döwrebap dowam edýändigini alamatlandyrýar.
Ýokary okuw mekdebinde halkymyzyň saz sungatyny öwrenmek boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Bu işde döwlet Baştutanymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp eserleri ýaşlar üçin bahasyz gollanma bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda geçiren iş maslahatynda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli işler meýilleşdirildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ýokary okuw mekdebinde halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli sungatynyň taryhyny işjeň öwrenip, ussat sazandalaryň döreden mukamlaryny, ajaýyp sazlaryny ösdürmek we häzirki zaman mukamlaryny döretmek ugrunda zerur işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi. Milli konserwatoriýada ýokary derejeli hünärmenler ýetişdirilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz fortepiano saz gurallaryny sazlaýan, olaryň owaz çykaryşyny talabalaýyk derejä getirýän hünärmenleri taýýarlamagy, şeýle hem ýaş sazandalaryň, kompozitorlaryň onlaýn tertipde halkara bäsleşiklere gatnaşmaklary, olaryň bu ugurda üstünlik gazanmaklary üçin maksatnamalaýyn işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmegiň çäklerinde talyplaryň halypa sazandalar, kompozitorlar bilen duşuşyklaryny guramagyň, konserwatoriýanyň uçurymlarynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mynasyp goşant goşmagy ugrunda zerur mümkinçilikleriň döredilmeginiň wajypdygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow konserwatoriýanyň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bilen onlaýn duşuşyklary guramaga işjeň gatnaşmalydyklaryny belledi we bu babatda rektora birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli medeniýetimizi, sungatymyzy hem-de edebiýatymyzy ösdürmek, maddy we ruhy medeni mirasymyzy geljek nesillere ýetirmek üçin aýawly saklamak, döredijilik adamlarynyň netijeli işi, sungatyň dürli görnüşlerine degişli ýokary çeperçilikli täze eserleri döretmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär.
Medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär we milli baýramlar, şanly seneler mynasybetli guralýan çäreler ýokary derejede geçirilýär.
Hasabat döwründe milli žurnalistikanyň işini kämilleşdirmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaýlyma berilýän tele we radio gepleşikleriň, makalalaryň hilini gowulandyrmak, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalaryny düzümleýin döwrebaplaşdyrmak hem-de elektron görnüşe geçirmek boýunça zerur çäreler amala aşyryldy. Milli kino sungatynyň hilini ýokarlandyrmak, döwrebap kinolaryň önümçiligini artdyrmak boýunça işler dowam edýär.
Şu günler medeniýet ulgamynyň işgärleri degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler bilen bilelikde, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge taýýarlyk işlerini alyp barýarlar. Şeýle hem iri dabaralary guramak boýunça dünýäniň oňyn tejribesi öwrenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda iri dabaralary we köpçülikleýin-medeni çäreleri geçirmek boýunça oňyn tejribäniň toplanandygyny belledi. Döwletimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde gadymy medeni däpler baýlaşdyrylýar we üsti täze mazmun bilen ýetirilýär.
Häzirki döwrüň ýagdaýy we tehniki ösüşiň gazananlary döwrebap çözgütleri tapyp, olaryň ýurdumyzyň ösüş maksatlaryna gönükdirilmegini talap edýär. Döwlet Baştutanymyz aň-bilim işiniň, ýaşlaryň döredijilik işjeňliginiň höweslendirilmeginiň, milli mirasymyzyň öwrenilmeginiň we umuman, ruhy taýdan ösüşiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Diýarymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmagyň hem-de halkara abraýyny artdyrmagyň wajyp ugurdygyny belläp, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine aýratyn ornuň degişlidigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa medeniýet ulgamyna degişli düzümleriň maliýe-ykdysady ýagdaýy we bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ugurdaş düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ony sanly ulgama geçirmek we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri öz wagtynda çözmek maksady bilen, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň maliýe ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz iş maslahatyny jemläp, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işleriň ýerine ýetirilendigini belledi. Şeýle-de bolsa işleri kämilleşdirmek üçin köp çäreleriň geçirilmelidigini we önjeýli zähmet çekilmelidigini belledi.
Ulgamyň bar bolan mümkinçiliklerini doly güýjünde peýdalanmak zerurdyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryna esaslanyp, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak boýunça görkezme berdi. Zähmeti guramagyň netijeli usullaryny seçip alyp, olar ulgamyň düzümlerinde we edaralarynda işjeň ulanylmalydyr. Şunda döwlet Baştutanymyz daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge üns berilmelidigini belläp, bu babatda maslahata gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz medeniýet ministri A.Şamyradowa ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny düýpli öwrenmek bilen, halkymyza täzeden ýetirmek üçin zerur işler geçirilmelidir. Taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler has-da netijeli ýola goýulmalydyr.
Medeniýet we sungat ulgamynyň edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilmelidir, bu düzümleriň işgärleriniň hünär derejesi ýokarlandyrylmalydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministre milli medeniýetimizi, baý mirasymyzy, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi, halk döredijiliginiň eserlerini we beýik şahsyýetlerimiziň nusgawy eserlerini dünýäde giňden wagyz etmäge üns bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz kitaphana işini ösdürmek meselesine degip geçmek bilen, elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadynyň we kitaplarynyň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy boýunça işleri geçirip, sanly kitaphana hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegine gönükdirilen çäreleri dowam etmegi tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz Medeniýet ministrligine Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde, halk köpçüligi üçin gyzykly, özüne çekiji, milli äheňli, ýokary hilli, döwrebap kinofilmlere taýýarlamak we olary tomaşaçylar köpçüligine ýetirmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Pudaklaýyn edaralaryň we düzümleriň işini guramak babatda olaryň çykdajylarynyň düzümini seljerip, artykmaç çykdajylary azaltmak we tölegli hyzmatlaryň gerimini giňeltmek zerurdyr.
Türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasynyň gymmatlyklaryny halkara derejede giňden ýaýmak ugrundaky işleri dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) we beýleki abraýly düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ministre anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz soňky döwürde medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işlerinde örän köp kemçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, halkymyzyň gadymy mirasynyň, medeniýetiniň ýeterlik derejede öwrenilmeýändigini belledi. Öňler W.Masson we W.Sarianidi ýaly dünýä belli alymlaryň ýurdumyzda işläp, halkymyzyň taryhy bilen içgin gyzyklanyp, geçmişiň açylmadyk sahypalaryny dikeltmek boýunça bitiren işleri biziň üçin nusga bolup durýar.
Milli Liderimiz geçen ýyl Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenendigini, ýöne bu şanly sene mynasybetli hem netijeli medeni çäreleriň talabalaýyk guralmandygyny, ugurdaş edaralaryň ýagdaýynyň, maddy-enjamlaýyn we hünärli işgärler bilen üpjünçiliginiň hem örän ýaramaz derejede bolmagynda galýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin medeniýet ministri A.Şamyradowa berk käýinç yglan edip, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Soňra milli Liderimiz Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygyna ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ýokary hilli gepleşikleri yzygiderli ýaýlyma bermegi tabşyrdy. Guramaçylyk işlerini güýçlendirmek maksady bilen, ussat alypbaryjylary bu işe çekmek, halypa-şägirtlik ýörelgelerini yzygiderli dowam etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazananlaryny we durmuşa geçirilen özgertmeleri dünýä giňden ýaýmak, şol sanda tanyşdyryş wideoroliklerini, çeper, telewizion we dokumental filmleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýle hem teleradioýaýlymlar boýunça berilýän gepleşikleriň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmak üçin hünärine ökde işgärleri taýýarlamak we olar üçin ýörite okuwlary guramak işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow teleradioýaýlymlarda türkmen diliniň edebi kadalarynyň we sözleýiş medeniýetiniň berk berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi, şeýle hem ýaýlyma berilýän gepleşiklere gözegçilik edýän redaktorlaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigine döwrebap çeper we dokumental filmleri köpräk çykarmak babatda görkezme berdi.
Milli Liderimiz döwlet komitetiniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy barada aýdyp, onuň tapgyrlaýyn esasda hojalyk hasaplaşygyna geçmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygyna ýurdumyzda neşir edilýän gazetleriň we žurnallaryň hiline we mazmunyna hemişe gözegçilik etmegi, onlaýn abuna boýunça hyzmatlary giňeltmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi bellenilýän ýylda kitap önümleriniň neşir edilişi we ýaýradylyşy bilen baglanyşykly meselelere degip geçip, orta we ýokary okuw mekdeplerini zerur kitaplar hem-de gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň, şol sanda çagalar üçin çeper eserleriň çap edilişini artdyrmagyň, şeýle hem neşir önümleriniň hiline gözegçilik etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz neşirýat gullugynyň önümçilik kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, olaryň zerurlyklaryny we satyn alynýan kagyzlaryň, kartonlaryň we beýleki poligrafiýa serişdeleriniň hem-de gazet-žurnallary elektron görnüşde neşir etmegi nazara alyp, ätiýaçlyk şaýlarynyň we enjamlaryň bahalaryny seljermegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, neşirýat işi üçin zerur bolan harytlar satyn alnanda, Döwlet býujetiniň serişdelerini tygşytlamak we netijeli ulanmak maksady bilen, öňdebaryjy önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygyna Garaşsyzlygymyzyň ýubileý ýylynda agentlik tarapyndan alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, habarlary taýýarlamak, ýaýratmak we çap etmek boýunça hyzmatlary giňeltmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak agentligiň alyp barýan işiniň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazetleriň we žurnallaryň redaktorlaryna ýüzlenip, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler we şanly wakalar barada, halkymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge gönükdirilip, özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezýän, dürli žanrlarda ýazylýan we çap edilýän eserleriň sanyny has-da köpeltmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz okyjylaryň sanyny artdyrmak we gazet-žurnallaryň okyjylara öz wagtynda ýetirilmeginiň täzeçil usullaryny gözlemek boýunça işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz şol bir wagtyň özünde döwürleýin neşirleriň döredijilik we tehniki işgärleriniň bilim we hünär derejesini hemişe ýokarlandyrmagy talap etdi.
Medeniýet ulgamynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýörite ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini dünýä standartlaryna laýyklykda ýokarlandyrmak tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim we medeniýet ulgamlarynda gazanylan milli tejribä hem-de dünýä ylmynyň soňky gazananlaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagy tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri hem-de beýleki ugurdaş edaralary bilen gatnaşyklary yzygiderli alyp barmagy, hususan-da, talyplary we mugallymlary halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere hem-de sergilere işjeň gatnaşdyrmagy tabşyrdy. Ýokary okuw mekdeplerinde döwrüň talabyna laýyk gelýän täze hünärler girizilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Mämmedowa ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý ýylynda bu ugurda häzirki zaman gazanylanlaryny peýdalanyp, medeniýet edaralary tarapyndan geçirilýän köpçülikleýin çäreleri, baýramçylyk hem-de teatrlaşdyrylan dabaralary döwrebap guramagy tabşyrdy.
Döredijilik çäreleriniň hem-de sahna eserleriniň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrmak, milli däp-dessurlary, halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklaryny giňden beýan etmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Milli Liderimiz ýaşlaryň tebigy zehinini we sungata höwesini ösdürmek, aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek maksady bilen, mekdepden daşary çeperçilik, sungat we sazçylyk ugurly tölegli okuwlaryň we hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljerip, alyp barýan iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirip durmagy, bu edaralar üçin ýokary derejeli hünärmenleri yzygiderli taýýarlamagy talap etdi.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guraljak döwlet çärelerine hem-de şu ýylyň 22 — 27-nji iýuly aralygynda Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine häzirden göwnejaý taýýarlyk görmek zerurdyr.
Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda medeniýet ulgamy boýunça “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda göz öňünde tutulan çäreler babatda ýerine ýetirilýän işler berk gözegçilikde saklanylmalydyr.
Halkara medeni gatnaşyklary ösdürip, ýurtlaryň arasynda özara Medeniýet günlerini we berkarar döwletimiziň parahatçylyk dörediji syýasatyny amala aşyrmaga ýardam berýän beýleki çäreleri geçirmek däbini dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şeýle hem wise-premýer G.Müşşikowa medeniýet ulgamynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça seljermeleri geçirmek, olaryň algy-bergilerini, çykdajylarynyň düzümini jikme-jik öwrenmek, bu edaralara Döwlet býujetinden berlen maliýe serişdeleriniň öz wagtynda özleşdirilişine we göz öňünde tutulan maksatlara görä ulanylyşyna gözegçilik etmek tabşyryldy.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20242?type=feed