Türkmenistan — Hytaý: strategik hyzmatdaşlyk ýoly bilen

AŞGABAT, 9-njy maý (TDH). Şu gün DIM-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar duşuşygyň barşynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler wagtynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda şu ýylyň 6-njy maýynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde deglip geçilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Duşuşykda biziň halklarymyzyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli amala aşyrylýan döwletara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy.

HHR-iň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen hytaý tarapynyň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Öz nobatynda, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň Hytaý bilen köp ýyllaryň dowamyndaky strategik hyzmatdaşdygyny aýtdy. Döwletimiz deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini berjaý etmek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berýär.

Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda we beýleki pudaklarda üstünlikli hyzmatdaşlygyň toplanylan baý tejribesini, bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak arkaly, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýokary depgini bellenildi.

Nebitgaz pudagy ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi, bu ugurda eýýäm bilelikdäki iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, häzirki wagtda netijeli ulanylýan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisidir, bu gaz geçiriji boýunça ýurdumyzyň gündogar böleginde ýerleşýän iri Malaý gaz käninden milliardlarça kub metr “mawy ýangyç” akdyrylýar.

Türkmenistanda dürli ulgamlarda Hytaý Halk Respublikasynyň iri kompaniýalary türkmen kärdeşleri bilen bilelikde üstünlikli iş alyp barýarlar. Hytaýly işewürler ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşmalarynda hem işjeň hereket edýärler, olar ýurdumyzda öndürilýän pagta, ýod, brom, nebit önümlerini we beýleki harytlary satyn alýarlar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça komitet döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli guralydyr, bu komitet söwda, energetika, howpsuzlyk we medeniýet ugurlarynda iş alyp barýar.

Taraplar sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara gurallary peýdalanmak boýunça garaýyşlarynyň birmeňzeşdigini bellediler.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, türkmen wekiliýetiniň Hytaýa boljak iş sapary bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesine garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji maýynda Sian şäherinde (HHR) geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa — Hytaý” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna hem-de Daşary işler ministrlikleriniň ikitaraplaýyn syýasy geňeşmelere taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi. Ýokary, hökümetara hem-de pudaklaýyn derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklaryň köpugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine ýardam berýändigi nygtaldy.

Söhbetdeşler ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklaryň, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport hem-de syýahatçylyk boýunça gatnaşyklaryň giňeldilmelidigi barada bir pikire geldiler, bular babatdaky ösüşleri gazanmak iki dostlukly ýurduň Liderleriniň alyp barýan döwlet syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlaryndandyr.

Koronawirus ýokanjyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk hem ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Taraplar bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlyga, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşde mundan beýläk-de toplanylan tejribäni alyşmaga gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan dostluk we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28208