Новости
Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Häzirki bagtyýarlyk döwrümiz uly ösüşlere, taryhy wakalara beslenýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň saýlap alan ösüş ýolunyň ygtybarlydygyna we beýik geljegi nazarlaýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýer ýüzünde ykrar edilen şeýle bir hakykat bar: ykdysady taýdan beýik ösüşleri gazanmak üçin, ilki bilen, ýurtda dost-doganlygy, parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmeli. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda dostluk, birek-birege bolan ynam has-da pugtalandy. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ösüşi, halkyň bagtyýar durmuşyny şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi öz gerimini barha giňeldýär. Dünýä ýurtlary Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak arkaly ösüş gazanmak ýörelgesini doly makullaýarlar. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň saýlap alan ýolunyň nusgalyk ýoldugyny tassyklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak häzirki wagtda ynsana iňňän zerur bolup durýar. Çünki, bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu iki düşünje hyzmatdaşlygyň, ählumumy howpsuzlygy we abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertidir. Häzirki wagtda halkara gatnaşyklaryny oňyn ugra gönükdirýän, gapma-garşylyklaryň öňüni alýan we birek-birege hormaty alamatlandyrýan parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetini ösdürmek, halklaryň arasyndaky birek-biregi sarpalamak gatnaşyklaryny giňeltmek we berkitmak boýunça bilelikdäki tagallalara badalga berilýär.

Eziz Diýarymyzyň berk we yzygiderli ýöredýän, dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk we taraplara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan doly ykrar edilýär. Şoňa laýyklykda, Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny kepillendirmek, BMG we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy. Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden edýän her bir çykyşy, teklibi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar.

Buýsançly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ähli döwürlerde hem hoşniýetliligi, parahatsöýüjiligi bilen meşhurdyr. Bu ynsanperwer ýörelgeler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda we parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen daşary syýasatymyzda aýdyň şöhlelenýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy köpsanly ykdysady taslamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilik döredýär. Türkmenistan öz saýlap alan hemişelik Bitaraplyk syýasatyna eýermek bilen ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edip, döwrüň möhüm meselelerini ynanyşmak arkaly parahatçylykly ýol bilen çözmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistan ynanyşmak arkalay parahatçylygy üpjün edijilik syýasaty ýöretmek bilen, syýasy — diplomatik we ykdysady çäreleriň ähli gurallaryny işjeň peýdalanýar. Şundan görnüşi ýaly, Türkmenistan sebitde syýasy we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmakda ägirt uly orny eýeleýär.

Jahan ARAZOWA,

Daşoguz şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20220

08.02.2021
Türkmenistanyň Prezidenti ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 6-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Geçen ýylda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny açyp, döwlet Baştutanymyz bu ugruň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaý zerarly bu pudaklarda käbir kynçylyklar ýüze çykýar, bu bolsa olaryň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsir edýär.

Şu gün ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ösüş depginlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, işleri sazlaşykly guramaga degişli meselelere serederis diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we iş maslahatyna gatnaşyjylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradowa söz berdi. Ol geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de şu ýyl üçin meýilnamalar hakynda hasabat berdi.

Agentligiň girdeji böleginiň 118,5 göterim ýerine ýetirilendigi barada habar berildi. Ýük dolanyşygy boýunça meýilnama 120,5 göterim berjaý edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ýük dolanyşygynyň göwrümini artdyrmak barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar.

Hasabat döwründe demir ýollaryň 245 kilometrinde abatlaýyş işleri geçirildi, relsleriň 32,7 kilometri çalşyldy, demir ýol geçirijileriniň 90-sy hem-de demir ýol köprüleriniň 22-si abatlanyldy. Şonuň ýaly-da, ýük we ýolagçy wagonlarynyň 930-dan gowragynda abatlaýyş işleri geçirildi, teplowozlaryň 25-siniň dizel bölegi we çekiji elektro hereketlendirijileri abatlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agentligiň işine nägilelik bildirdi hem-de häzirki wagtda demir ýol ulaglarynyň işiniň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna ünsi çekip, degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz pudagyň ýolbaşçysyna demir ýollary elektrofikasiýalaşdyrmak boýunça işler bilen baglanyşykly birnäçe görkezmeleri berip, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen peýdaly innowasion işläp düzmeler boýunça tejribe alyşmagyň wajypdygyny, munuň bolsa pudaga maýa goýumlaryň gelmegini üpjün etjekdigini nygtady.

Milli Liderimiz demir ýol ulgamyny ösdürmek babatynda pudagyň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de täzelemegiň ileri tutulýan ugurdygyny nygtap, daşary ýurtlardan biziň döwletimiziň howa şertlerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnikalaryny satyn almagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.

Soňra “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew ýolbaşçylyk edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, ugurdaş düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek boýunça alnyp barylýan çäreler, olar boýunça öňde goýlan meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Geçen ýyl ýurdumyzda telefon nokatlarynyň 192 müň 238-si gurnalyp, meýilnama 112 göterim ýerine ýetirildi. 685 kilometr aragatnaşyk ulgamlary çekildi, 266 müň 160 müşderi internet ulgamyna birikdirildi.

“Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem-de ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek hem-de işe girizmek boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzda 510 web-saýt döredildi we bellige alyndy.

Mundan başga-da, ýurdumyzda aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşleri sanly ulgam arkaly hödürlenilýär we e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda ýerleşdirildi.

Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda ilkinji “tmchat” milli onlaýn hat-habar alyş-çalyş ulgamy we “sanly.tm” milli elektron poçtasy işe girizildi.

Telekommunikasiýa we informatika institutynyň binýadynda “Sanly çözgüt — IT meýdança” hojalyk jemgyýeti döredilip, hünärmenler tarapyndan ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça sargytlar kabul edilip, olar önümçilige ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agentligiň işini guramakda kemçiliklere ýol berilýändigine nägilelik bildirdi. Pudakdaky ähli işleri hil taýdan täze derejede guramak, bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmak döwrüň talabydyr.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýdyp, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçysyna ikinji emeli hemrany taýýarlamak işini çaltlandyrmak hem-de ilkinji emeli hemranyň kuwwatlyklaryny doly güýjünde peýdalanmak babatynda tabşyryklary berdi.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy G.Akmämmedow geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we şu ýylyň iş meýilnamasy babatda hasabat berdi.

Hasabat döwründe agentlik boýunça ýük daşamagyň meýilnamasy 104,5 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy bolsa 103,1 göterim berjaý edildi.

Ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 100,1 göterim, ýolagçy dolanyşygy boýunça meýilnama 101 göterim amal edildi.

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň, “Awtomobilulaghyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini we “Awtoulagkärhanalarbirleşigi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini öz içine alýan Awtoulag kärhanalar toplumy we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezi ulanmaga berildi. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen okuw-türgenleşik merkezi ýol hereketiniň howpsuzlygyny berkitmäge we sürüjileri taýýarlamagyň hem-de gaýtadan taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmaga hem-de kämilleşdirmäge ýardam berýär.

“Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de agentligiň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agentligiň işine nägilelik bildirdi we birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Milli Liderimiz pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň, ýük daşamak babatda ösen halkara tejribesini öwrenmegiň hem-de ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň ulag strategiýasy bu ugurdaky kadalaryň we düzgünleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän birnäçe toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmagyny esasy ugur edinýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Awtoulag kärhanalarynyň işlerini kämilleşdirmek, ilata häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän hyzmatlary ýola goýmak babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Soňra “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýük daşamagyň meýilnamasy 106,1 göterim berjaý edildi. 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Türkmenbaşy we Türkmenabat Halkara howa menzillerine daşary ýurt howa gämileriniň tehniki uçuş-gonuş işleri amala aşyrylyp başlandy.

Şu ýylyň ýanwar aýyndan başlap, IL-76 kysymly ýük howa gämisinde hepdede bir gezek Aşgabat — Stambul — Aşgabat we Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat ugurlary boýunça yzygiderli ýük gatnawlary ýola goýuldy. Häzir Aziýadan Ýewropa hem-de Ýewropadan Aziýa sebitine Boeing-200LR kysymly howa gämisiniň bagaž böleginde ýükleri daşamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň pudagy goldamak üçin ähli zerur çäreleri görýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde raýat awiasiýasynyň işini täze şertlere uýgunlaşdyrmaga netijeli usullary tapmak zerur bolup durýar.

Hususan-da, halkara we içerki ugurlar boýunça ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň ýokary hilini, howpsuzlyk we amatlylyk derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýän sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň işine nägilelik bildirip, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurlarda dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy A.Haýytmuradow deňiz we derýa ulaglarynyň işini ösdürmek, bu ugurda hödürlenilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we pudagy sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziliniň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli çäreler görülýär. “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämileri abatlamak işleri alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda döredilen häzirki zaman ulag-üstaşyr, kommunikasiýa we logistika ulgamlarynyň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ýurdumyzyň ykdysady we eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilendigini belledi.

Milli Liderimiz Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen Türkmenbaşy şäheriniň deňiz menziliniň ýöriteleşdirilen terminallarynyň tehniki taýdan ýokary derejede enjamlaşdyrylandygyny belläp, Merkezi Aziýanyň esasy “deňiz derwezesiniň» üstünden geçýän ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň herekete girizilişine nägilelik bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna deňiz we derýa ulaglary pudagynyň dolandyryş işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak, halkara ýük gatnawlaryny amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowy göni wideoaragatnaşyga çagyryp, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory A.Aşirowa söz berdi. Rektor geçen ýylyň dowamynda institutda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we 2020-2021-nji okuw ýylynda göz öňünde tutulýan çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýokary okuw mekdebiniň bilim portaly, elektron web-saýty döredildi.

Şeýle hem döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde, bu ýokary okuw mekdebi bilen Kazanyň milli barlag tehniki uniwersitetiniň hem-de Astrahanyň Deňiz we derýa ulaglary Hazar institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamalara laýyklykda, netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Onuň çäklerinde sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapaklary we özara maslahatlar geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet we milli maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belledi we bu ugurda institutda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlara ýokary hilli, dünýä derejesine laýyk gelýän bilim-terbiýe bermegiň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu babatda rektora birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz talyplaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de olaryň ylmy we taslama işlerine çekilmegine, okuw ulgamyna ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini, şeýlelikde, institutda dünýäniň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iň gowy milli we halkara tejribelerini nazara alyp, ylym-bilim ulgamyny depginli ösdürmek we düýpli özgertmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, ýokary okuw mekdebiniň ýurdumyzyň ugurdaş agentlikleri bilen gatnaşyklarynyň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmegine, aýratyn-da, talyplaryň multimodal ugurlar we “Lapis Lazuli” halkara geçelgeleriniň ähmiýeti boýunça ylmy işlere çekilmegine zerur ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Soňra Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory N.Kuliýew geçen ýylda institutda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we şu ýyl üçin bellenilen iş meýilnamalary barada hasabat berdi.

Bu ýokary okuw mekdebinde sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri durmuşa geçirmek üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny belläp, rektor milli ykdysadyýetimizde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri göz öňünde tutup, täze hünärleri açmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Institutda talyp ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, olary ylmy we taslama işlerini ýerine ýetirmäge çekmek, innowasion tehnologiýalary okuw işlerine giňden ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şeýle hem institutda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak, maglumat ulgamlaryny netijeli dolandyrmak we howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly dürli meseleleri öz içine alýar.

Mundan başga-da, rektor talyplaryň okuw döwründe alan bilimlerini önümçilikde berkitmek maksady bilen, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň agentlikleriniň edara-kärhanalarynda tejribe geçýändiklerini we milli Liderimiziň goldaw bermeginde “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen institutyň hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän “Sanly çözgüt — IT meýdança” hojalyk jemgyýetiniň döredilendigini habar berdi. Bu ýerde talyplar, mugallymlar we hünärmenler täze taslamalary taýýarlamaga we önümçilige ornaşdyrmaga gatnaşýarlar, tejribe alyşýarlar we maglumat tehnologiýalary boýunça okuw geçýärler.

Rektor çykyşynyň dowamynda bu institutyň milli Liderimiziň tagallasy netijesinde Uniwersitetleriň halkara bileleşiginiň agzasy bolmak bilen, dünýäniň abraýly ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, bilim edaralary we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlaryň bilim derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini belledi we ýurdumyzyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “TürkmenÄlem 520E” milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň ikinji nobatdakysyny äleme çykarmak bilen baglanyşykly taýýarlyk işlerine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzda ýer kadastryny işjeňleşdirmekde, netijede bolsa, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmäge ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň öňe sürýän ulag diplomatiýasyny amala aşyrmak, ulag pudagy hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin zerur bolan ýokary derejeli inženerleri we tehnologiýalary ýetişdirmek boýunça Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, talyplaryň, mugallymlaryň we ylmy işgärleriň degişli ugurlar boýunça ylmy açyşlary, oýlap tapyşlary üçin zerur mümkinçilikler döredilmelidir we olar önümçilige ornaşdyrylmalydyr. Şunda dünýäniň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri we abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklar berkidilmelidir, şeýle hem daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny işe çagyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Talyplaryň hünär tejribesini ýokarlandyrmak, nazary bilimlerini önümçilikde berkitmek we göçme tejribe sapaklary guramak möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň halkara IT — kompaniýalarynyň taslamalaryna gatnaşmagynyň, milli ykdysadyýetimiziň tapgyrlaýyn bazar gatnaşyklaryna geçýändigini nazara alyp, inžener-tehniki we ulag aragatnaşyk ulgamlary üçin hünärmenleri taýýarlamakda hususy ulgam bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary boýunça okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Geldinyýazowa we institutlaryň rektorlaryna ýüzlenip, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we okuw maksatnamalaryna has zerur ugurlar boýunça täze hünärleri girizmek, okatmagyň usulyýetini döwrüň talabyna laýyk derejede özgertmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden birnäçe Kararnamalarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Olaryň hatarynda 2014-nji ýylyň dekabr aýynda “Durnukly ösüş maksatlary üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriniň orny”, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda bolsa “Durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleri döretmäge ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn özara gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda”, şeýle hem 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda “Durnukly ösüş babatda maksatlara ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmek” atly Kararnamalar bar. Munuň özi ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň belende galýandygyny alamatlandyrar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek, milli ykdysadyýetimiz üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meseleleriniň wajypdygyny nazara alyp, bu ugurda alnyp barylýan işler häzirki zaman tehnologiýalary bilen ösdürilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag-aragatnaşyk toplumynyň düzümlerinde 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we şu ýyl üçin bellenen meýilnamalar barada hasabat berdi. Şu döwürde toplumyň önümçilik meýilnamasy 123 göterim berjaý edildi.

Ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumyna pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary sanlylaşdyrmak maksady bilen, elektron görnüşde petekleri satmak, ýük ulag hyzmatlaryna sargytlary kabul etmek, taksi hyzmatyndan peýdalanmak, şeýle-de “Bir penjire” ulgamynyň kömegi bilen jemagat, ýaşaýyş, bank hem-de beýleki birnäçe hyzmatlardan peýdalanmak we olaryň töleglerini geçirmek mümkinçiliklerini girizmek hem-de kämilleşdirmek işleri tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk ulgamynda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň depginleriniň pesdigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.

Milli Liderimiz toplumyň ähli düzümleriniň girdejililigini ýokarlandyrmak ugrunda bar bolan ähli mümkinçilikleri doly herekete girizmek, edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak üçin zerur tagallalary etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň düzümleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýy we pudagara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ulag pudaklarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek, ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak ulgamynyň durnuklylygyny ýola goýmak we aragatnaşyk pudagynyň edaralarynyň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu wezipeleriň amala aşyrylyşyna berk gözegçilik etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz maslahaty jemlemek bilen, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini netijeli ýola goýmak üçin ýygnananlaryň ählisiniň zerur çäreleri görmelidigini aýtdy. Toplumyň edara-kärhanalarynyň önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmak, girdejilerini artdyrmak üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini ýatlatdy.

Döwlet Baştutanymyz bellenilen ilkinji nobatdaky wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maslahata gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradowa ýüzlenip, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen, gurlan döwrebap demir ýol üpjünçilik ulgamynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaly. Demir ýollar boýunça ýük daşalmagyny mundan beýläk-de artdyrmaly diýip, nygtady.

“Lapis Lazuli” ugruny durmuşa geçirmegiň çäklerinde döwrebaplaşdyrylan demir ýollaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaly. Daşary ýurt we milli önümleri halkara bazarlaryna çykarmak, daşary ýurt harytlaryny ýurdumyza gysga we amatly ýol bilen getirmek mümkinçiliginden ýerlikli peýdalanmaly diýip, milli Liderimiz belledi.

“Demirgazyk — Günorta” ugry boýunça “Gazagystan — Türkmenistan — Eýran” demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi bilen, Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýa ugurlary boýunça eksporty artdyrmak işlerini güýçlendirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda tabşyryklary berdi.

Maglumat tehnologiýalarynyň bütindünýä ösüşinden yza galmazlyk üçin, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we geçirijilik ukybyny has-da ýokarlandyrmaly. Pudaga döwrebap tilsimatlary giňden ornaşdyrmaly. Halkara tejribesinden ugur alyp, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaly. Internet hyzmatlarynyň halk köpçüligi üçin elýeterli bolmagyny gazanmaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewe degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenendigini aýdyp, 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça wezipeleri ýerine ýetirmekde utgaşykly işleri alyp barmaly. Milli Liderimiz aragatnaşyk pudagynyň ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy, “TürkmenÄlem 520E”milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň transponderlerini we mümkinçiliklerini doly ulanmagy, bu ugurda mahabatlandyrma hem-de marketing işlerini güýçlendirmegi tabşyrdy.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy G.Akmämmedowa ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlaryň möçberini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, orta görnüşli we kiçi awtobuslary satyn almak boýunça işleri dowam etdirmek, agentligiň kärhanalarynyň awtobuslarynda, ýeňil taksi we ýük awtoulaglarynda nagt däl elektron töleg we JIPES/Glonass ulgamlaryny, internet arkaly hyzmatlary we ýol petekleriniň satylmagyny giňden ornaşdyrmak tabşyryldy.

Milli Liderimiz şäherara we şäherýaka awtobuslaryndan peýdalanýan ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek maksady bilen, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap awtomenzilleriň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlamagy talap etdi.

Awtomobil ulaglary arkaly daşalýan ýükleriň möçberini has-da artdyryp, ýurdumyzdan geçýän üstaşyr geçelgeleri ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyny dowam etmegi belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowa ýüzlenip, howa gämilerinde düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini we tehniki hyzmatlary öz wagtynda geçirmegi, uçuşlaryň ygtybarly we howpsuz bolmagyny üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Agentligiň howa menzillerinde döwrebap ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça zerur çäreleri görüp, howa menzilleriniň has netijeli ulanylmagyny üpjün etmeli.

Milli Liderimiz dünýäde häzirki wagtda awiaýolagçylaryň azalandygyny göz öňünde tutup, täze ýük uçarlaryny satyn almagy we uçarlaryň ýük daşaýjylyk ukybyny artdyrmagy tabşyrdy we bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna öňde durýan wezipeleri çözmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy A.Haýytmuradowa ýüzlenip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda gämigurluşyk işlerini tapgyrlaýyn ýola goýmagy, zerur bolan ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlap, bu ugurda üpjünçiligi gowulandyrmagy tabşyrdy.

Halkara tejribesinden ugur alyp, pudaga maýa goýumlaryny we karz serişdelerini çekmek boýunça zerur çäreleri geçirmeli. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we Bakuwyň Halkara deňiz söwda portuny doly güýjünde ulanyp, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň üstaşyr geçirmek mümkinçiligini artdyrmalydygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem “Deňiz söwda floty” paýdarlar jemgyýetiniň kuwwatyny doly derejede ulanmaly. Flotuň gämilerinde daşalýan ýükleriň möçberlerini has-da artdyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory A.Aşirowa we Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory N.Kuliýewe ulag-aragatnaşyk we ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin ýörite ugurlar boýunça zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, innowasion bilim maksatnamalaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini halkara standartlaryna laýyklykda ýokarlandyrmak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy-tejribe işlerini geçirmek üçin sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly halkara ýokary okuw mekdepleri hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Professor-mugallymlaryň, talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini, innowasiýalaryny we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur işler geçirilmelidir.

Ulag we aragatnaşyk pudagynyň dürli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary ýetişdirmek institutyň öňünde durýan wezipedir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Halkara tejribesine laýyklykda, okuw işlerine daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini hem çekmeli. Sanly bilimi okuw işine giňden ornaşdyryp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny netijeli peýdalanmaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiz okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny döwrüň talabyna görä yzygiderli kämilleşdirmelidigini, bu ugurda täze hünärleri açmalydygyny aýtdy.

Ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna talyplaryň, mugallymlaryň we ylmy işgärleriň halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere we sergilere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylmy merkezleri we IT — kompaniýalary bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlygy netijeli ýola goýmak, halkara derejesindäki ýokary okuw mekdepleriniň hataryna goşulmak işini tapgyrlaýyn dowam etmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwletimiziň ulag diplomatiýasyny amala aşyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsleşige ukyply ykdysadyýeti ösdürmek boýunça işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Ulag we aragatnaşyk toplumynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýlaryny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljerip, önümçilikleriň doly kuwwatynda, bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek boýunça hem tabşyryklar berildi.

Toplumyň edara-kärhanalarynda çykdajylaryň düzümini seljermek we zerur bolmadyk çykdajylary aýyrmak arkaly önümiň, işleriň we hyzmatlaryň özüne düşýän gymmatyny peseltmek işleriniň yzygiderli geçirilmegine berk gözegçilik etmeli.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwlet tarapyndan ulag we aragatnaşyk toplumynyň pudaklaryna, hususan-da, sebitde iri döwrebap deňiz portuny we howa menzillerini, demir we awtomobil ýollaryny gurmak üçin uly möçberde maýa goýumlaryň gönükdirilendigini göz öňünde tutup, kärhanalaryň önümçilik netijeliligini we girdejililigini artdyrmaly. Ýurdumyzda üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri döretmek bilen, gelip gowuşýan daşary ýurt pulundaky serişdeleri artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli.

Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, ýük we ýolagçy dolanyşygy hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, müşderilere hyzmatlary ýerine ýetirmekde sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etmek bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz import harytlarynyň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we sarp ediş serişdeleriniň amatly bahalardan satyn alynmagyny we sebitdäki ýurtlar üçin hereket edýän bahalardan ýokary bolmazlygyny üpjün etmegi tabşyrdy. Harytlar satyn alnanda, önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmaly.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa hem-de ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, çökgünlige garşy 2020 — 2021-nji ýyllar üçin maksatnama laýyklykda hem-de elektron söwdasynyň, Internet hyzmatlarynyň, uzak aralykdan işlemegiň we okatmagyň giňden ýaýramagy bilen baglylykda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiliniň we geçirijilik ukybynyň gowulandyrmalydygyny aýtdy.

Maglumat tehnologiýalarynyň dünýädäki ösüşine laýyklykda, ykdysadyýetiň pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaly diýip, milli Liderimiz halkara tejribesi esasynda edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegi, ilata hödürlenýän Internet hyzmatlary we beýleki aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlara gaýtadan seretmegi, ilat köpçüligine Internet ulgamynyň giňden elýeterli bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz döwlet edara-kärhanalaryny sanly ulgama birikdirmek işini çaltlandyrmak, ilata “Bir penjire” elektron görnüşinde dürli döwlet hyzmatlarynyň ýola goýulmagyny üpjün etmek boýunça aýratyn görkezmeleri berdi.

Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, ulag pudagyndaky görkezijileriň pese düşmegini nazara alyp, ýük daşamakda edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmeli.

Müşderilere hyzmat etmek üçin sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etmeli. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkara howa menzillerinde üstaşyr geçiriş merkezlerini döretmek arkaly ýolagçy hem-de ýük gatnawlaryny artdyrmak üçin dürli üstaşyr gatnawlary köpeltmegiň zerurlygyny öwrenmeli. Munuň üçin “deňiz — demirýol — awtomobil ýoly” ulgamy boýunça gatnawlar üçin sebitdäki nyrhlaryň bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz ulag-kommunikasiýa pudagyna, hususan-da, multimodal deňiz portunyň we döwrebap howa menzilleriniň gurluşygyna döwletimiziň köp möçberde maýa goýumlaryny goýandygyny göz öňünde tutup, olaryň netijeli ulanylmalydygyny we girdejili bolmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt walýutasynda gelip gowuşýan serişdeleriň möçberlerini artdyrmagyň, üstaşyr ýük gatnawlaryna amatly şertleri hem-de multimodal logistikany ýola goýmak boýunça oňyn mümkinçilikleri döretmegiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz demir we awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek işlerini alyp barmagyň, maýa goýumlaryny çekmek arkaly howa menzillerini gurmagy hem-de aragatnaşyk serişdelerini ösdürmegi dowam etmegiň, ähli desgalar boýunça ýokary hünärli işgärleri we halkara güwänamalaryny taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy halkara deňiz portuny doly kuwwatynda ulanmaly hem-de ulag-logistika merkezleriniň üstünde işlemeli diýip, sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Öwezowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki Orunbasarlary bilen bilelikde degişli işleri alyp barmagy we Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde bu ugurda edilen işler barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işe goýberen kemçilikleri üçin “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy A.Haýytmuradowa berk käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowa berk käýinç yglan etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa berk käýinç yglan etdi.

Milli Liderimiz wise-premýer G.Müşşikowa ýüzlenip, ulag we aragatnaşyk toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna yzygiderli seljerme geçirmegi, onuň maliýe üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz pudagara bergiler we karz serişdelerini gaýtarmak bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ulag-aragatnaşyk toplumynyň edaralarynda kuwwatlyklaryň doly güýjünde peýdalanylmagynyň we ösüş depginleriniň peselmeginiň sebäplerini seljermegiň zerurdygyny belläp, ilat üçin aragatnaşyk we internet hyzmatlarynyň, bahalarynyň elýeterli bolmagyny, 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsleşige ukyply ykdysadyýeti ösdürmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň we bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow taryhyň ähli asyrlarynyň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolandygyny we häzirki döwürde bu ugruň döwrebap derejede dikeldilýändigini belläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň bu ugry ösdürmekde aýratyn möhüm orun eýeleýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumynyň ähli düzümlerine bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde we Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede ösdürilmeginde ýokary jogapkärçilik degişlidir. Şeýlelikde, bu meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20172?type=feed

08.02.2021
Aşgabat — halkymyzyň ak bagty

Bedew batly ösüşlere beslenýän zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň keşbi gün-günden özgerýär. Esasan hem, paýtagtymyz Aşgabat binagärlik we ekologik aýratynlyklary boýunça dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülýär. Ak mermere beslenen paýtagtymyzda dürli öwüşginli binalaryň, ymaratlaryň, desgalaryň milli ruhda gurulmagy türkmen halkynyň binagärlik ýörelgeleriniň asyrlara ýalkym saçýan gadymy kökleri bilen sazlaşmasydyr.

Gözel paýtagtymyz Aşgabat Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilip, türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi. Paýtagtymyz diňe bir ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejeli maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde uly abraýa eýedir. BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hökmünde Aşgabadyň saýlanylyp alynmagy bolsa baş şäherimiziň şan-şöhratyny has-da belende göterdi. Galyberse-de, gözelligiň taýsyz nusgasy bolan paýtagtymyz Ginnesiň rekordlar kitabynda hem orun alan şäherleriň biridir. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat iň ýokary derejede ak mermer bilen örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde bu derejä eýe boldy. Şeýle-de paýtagtymyz bu abraýly kitapda ýer alan birnäçe binalara eýelik edýär.

Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynda Aşgabat şäherini ösdürmeklige ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garalýar. Gahryman Arkadagymyz şähergurluşygy bilen içgin gyzyklanyp, paýtagtymyzyň gurluşyk-binagärlik keşbiniň aýratynlyklaryny hem-de ösüş maksatnamasyny hemişe üns merkezinde saklaýar. Şonuň üçin hem täze açylan desgalaryň her biri owadanlygy, kaşaňlygy, özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň golaýda paýtagtymyza amala aşyran iş sapary hem-de gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty hem muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Iş maslahatynyň çäklerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan işler barada hasabatlar berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimize Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän “Altyn kölüň” kenarynda paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 17-nji tapgyryny gurmak barada teklip edilýän şekilleri görkezildi. Bu taslamada guruljak kottej jaýlarda ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulmagy, döwrebap tehnologiýalaryň we nouhaularyň ornaşdyrylmagy bolsa halkymyzy abadan durmuşda ýaşatmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň mynasyp dowamy bolar. Şeýle aýratynlyklar geçen ýyl ulanmaga berlen paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerindäki binalarda hem ornaşdyrylypdy. Bu bolsa Aşgabadyň medeni-jemgyýetçilik aýratynlyklary bilen birlikde, ylmy we intellektual baýlyklaryň ähli alamatlaryny özünde jemleýän şäherdigini ýene bir ýola äşgär edýär.

Üstümizdäki 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylymyz uly üstünliklere beslenýär, esasan hem, bu ýylda ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram eder. Bu senäniň paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen gabat gelmegi bolsa şanly ýylymyzyň many-mazmunyny has-da artdyrýar. Toý ruhundan paýly watandaşlarymyz bolsa bu goşa baýramçylyga öz zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Goý, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegi, ak şäherimiz Aşgabadyň has-da gözelleşmegi ugrunda döwletli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Maýagözel HOJABERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20137

08.02.2021
Hilli önüme hyrydar kän

Saýat etrabynyň Çaltut geňeşliginde ýerleşýän «Aýna gap» hususy kärhanasynyň gök önümlerden we miwelerden dürli gaplamalary taýýarlap, welaýatyň çägindäki çagalar baglaryna ugradýandygyny ozal habar beripdik. Ýakynda bolsa bu hususy kärhanada önümçiligiň ikinji ugry boýunça hem işleriň depgini güýçlendirildi. Häzir bu ýerde her gün 15 müňe çenli polietilen haltalar hem dokalýar.

Aslynda, bu hususy kärhanada halta dokamak işine geçen ýylyň ahyrynda girişildi. Mundan bir ýyl ozal Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen ýokary öndürijilikli ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen, täze önümçilige badalga berildi.

Täze önümiň esasy çig maly Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilendir. Galyndysyz önümçiligi üpjün edýän polipropilen, dogrusy, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde diýen ýaly ýerli önümleriň, şol sanda polietilen haltalaryň öndürilip başlanmagyna şert döretdi. Bu zerur önümiň önümçiligini üstünlikli ýola goýan hususy kärhanalaryň biri hem «Aýna gapdyr».

Iki hatardan ybarat önümçilik ulgamynyň birinji hatary polipropileni halta dokamak üçin niýetlenen ýüplüge öwürýär. Munuň üçin ýörite gurluşda çig mal 300 derejä çenli gyzgynlykda eredilýär. Ýörite dükjelere dolanan ýüplük ikinji hatarda dokalyp, taýýar önüme öwrülýär.

Işe girişilen günlerinden bäri, bu ýerde öndürilen haltalaryň 60 müňden gowragy içerki we daşary ýurtly alyjylara ýetirildi. Häzir Russiýa Federasiýasy bilen Hytaýdan örän köp mukdarda isleg bar. Olar içgin öwrenilip, eksport boýunça ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilýär.

Soňky aýlarda önümçiligiň has güýçlendirilmegi sargytçylaryň sanynyň köpelýändigini görkezýär. Üznüksiz önümçilik gelip gowuşýan sargytlaryň ählisine öz wagtynda ýetişmäge mümkinçilik döredýär. Hususy kärhananyň halta dokalýan sehinde 25-e golaý işgär zähmet çekip, iki çalşykda işleýärler.

Bu ýerde, esasan, un we gurluşyk serişdeleri üçin polietilen haltalar dokalýar. Haltalaryň göwrümi müşderileriň isleglerine görä üýtgedilýär. Gurluşyk serişdeleri üçin öndürilýän haltalary has köp sargyt edýärler. Esasy müşderilerimiz bolsa şol serişdeleri öndüriji kärhanalar — diýip, hususy kärhananyň ýolbaşçysy Jumamyrat Kerimow gürrüň berýär.

Häzirki önümçilik depginine şaýat bolup, bu ýerde ýylda millionlarça haltanyň öndüriljekdigine bolan ynamyň artýar. Çig malyň öz ýurdumyzda önmegi işleriň bökdençsizligini doly üpjün edýär.

Diýarymyzda polietilen haltalar bireýýäm ýerli önüme öwrüldi. Häzir olaryň importy düýbünden galdyryldy, ähli zerurlyklar öz ýurdumyzda öndürilýär diýen ýalydyr. Bu işde hususy kärhanalaryň uly paýy bar. Giň mümkinçilikleriň çygrynda işleýän kärhanalarda öndürilýän önümler dünýä bazaryndaky ornuny hem barha pugtalandyrýar.

Agageldi ITALMAZOW.

(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20238

08.02.2021
Özgerişlere beslenýän ulgam

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzda ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmekde düýpli işler durmuşa geçirilýär. Kommunikasiýa giň manysynda ulag, ýolagçy, ýük gatnawlarynyň geçirilmegini, aragatnaşygy: telefon, teleradio alyp eşitdirişleri, häzirki ösen täze tehnologiýalar zamanasynda interneti, sanly ulgamy we beýlekileri öz içine alýar. Şeýlelikde, ol ulag infrastrukturasyny, aragatnaşygyň iň täze serişdelerini hem özünde jemleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň awtoulag we demir ýollaryny, deňiz, derýa hem-de howa ýollaryny zamanabap kämilleşdirmek, olary infrastrukturalaýyn ösdürmek babatda edýän tagallalary, durmuşa geçirilýän taslamalar ýurdumyzda multimodal ulag geçelgelerini döretmäge, şonuň netijesinde Türkmenistany sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmäge mümkinçilik döredýär.

Demir ýollarynda iň häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleriniň bolmagy özara habarlary tiz we ýokary hilli alyşmaga, ýük hem ýolagçy gatnawlarynyň amala aşyrylyşyna uzak aralykdan gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy häzirki zaman aragatnaşyk kommunikasiýasynyň iň täze gazananlarynyň biri bolmak bilen, internet ulgamynyň saz işlemegine, telefon aragatnaşygynyň kämil guralmagyna ýardam edýär. Ol ýolagçy we ýük gatnawlaryny amala aşyrýan demir ýol düzümleriniň sazlaşykly hereketlerini gözegçilikde saklamaga, eger ýol ugrunda howply ýagdaý bar bolsa, ony öňünden duýdurmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy uzak aralykdan göni audio we wideo aragatnaşyklary amala aşyrmagyň hem möhüm serişdesi we guralydyr.

Häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň her bir pudagynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmekde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy binýatlyk esasy bolup durýar. Ol ulgamlaryň işinde amallaryň tiz amala aşyrylmagynda, hasabatlylygy talabalaýyk derejede ýöretmekde giň mümkinçilikleri döredýär.

Ýurdumyzda ulag, kommunikasiýa, aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürýän Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, berk jan saglygyny arzuw edýäris.

Süleýman SEITOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20210

08.02.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

3. GURLUŞYK-SENAGAT TOPLUMY WE ELEKTROENERGETIKA

Halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň okgunly ösdürilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşanyna hem-de döwrümiziň döredijilik ruhunyň beýanyna öwrüldi.

Gurluşyk-senagat toplumy we elektrik energetikasy bu babatda aýdyň görkeziji bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine başyny başlan ägirt uly maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde bu pudaklara möhüm orun degişlidir.

Şol döwlet maksatnamalary biri-biriniň üstüni sazlaşykly ýetirip, köpugurly milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegine, döwrebap, ýokary tehnologiýaly kärhanalary işe girizmäge, baý tebigy serişdeleri has doly ulanmagyň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň möçberini artdyrmaga, ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn özgertmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda hem-de bäsdeşlige ukyply senagat toplumyna eýe bolan Diýarymyzyň abraýyny has-da belende götermekde gurluşyk senagatynyň ähmiýetini yzygiderli nygtaýar.

Şäher gurluşygy amala aşyrylýan innowasion işleriň özboluşly görkezijisi hökmünde çykyş etmek bilen, şu günüň isleglerini hem-de mähriban halkymyzyň maksatlaryny we ymtylmalaryny beýan edýär.

Soňky ýyllarda gurluşyk işleriniň has giň gerime eýe bolmagy eziz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Diýarymyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň GDA gatnaşyjy döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň şu ýylyň maý aýynda geçirilen mejlisiniň barşynda beýan eden teklibine laýyklykda, 2021-nji ýylyň Arkalaşykda Binagärlik we şähergurluşyk ýyly hökmünde geçjekdigi bellärliklidir. Şu ýylda ýurdumyzda şanly senäniň — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň belleniljekdigini nazara almak bilen, täze binalaryň köpçülikleýin açylmagyna garaşmak bolar.

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen taryhy mejlisinde gurluşygyň giň geriminiň Garaşsyz Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösýän kuwwatly döwletdigini aýdyň görkezýändigini belledi. Bu gün ýurdumyzda bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 2,5 müňe golaýy gurulýar.

Türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şäherlerde hem-de obalarda halkara ölçeglere laýyk gelýän zerur düzümi döretmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda amala aşyrýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesidir. Watanymyzyň ähli künjeklerinde köp sanly desgalaryň gurluşygy şol syýasatyň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu desgalaryň gurluşygy «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 30-njy dekabrda geçirilen bilelikdäki mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ajaýyp desgalar, täze ýaşaýyş toplumlary gurulýar, ýokary tizlikli awtobanlaryň we polat ýollaryň müňlerçe kilometrleri çekildi, halkara ulag düzümleri döredilýär.

2020-nji ýylda umumy bahasy 7 milliard manada golaý bolan 45 sany iri desgalar ulanylmaga tabşyryldy. Olaryň hatarynda umumy meýdany 2 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, şol sanda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlar, şeýle hem çagalar baglary, mekdepler, lukmançylyk edaralary we beýleki desgalar bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda ýurdumyzda durmuş we önümçilik maksatly köp sanly desgalaryň gurlup, ulanmaga tabşyrylandygyny belledi. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaý toýlaryny tutdular. Biz durmuş we önümçilik düzümli desgalary gurmagy ýokary depginler bilen dowam edýäris.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzda gurlan desgalaryň birnäçesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda bolsa Aşgabadyň özi hem ak mermerli binalaryň dünýäde bir ýere iň köp jemlenen şäheri hökmünde bu abraýly sanawda mynasyp orun eýeledi.

Uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, paýtagtymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyny, şäheri abadanlaşdyrmak babatda taslamalaryň durmuşa geçirilişini, inžener-tehniki hem-de ýol-ulag düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyny hut özi gözegçilikde saklaýar.

Ýaşaýyş-durmuşyň ýokary görkezijilerini üpjün etmäge gönükdirilen taýsyz tagallalaryň netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň biri, sebit we halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrýar. Paýtagtymyzda iri çäreleri geçirmek hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilişiniň barşynda her ýyl türkmen paýtagtynyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täze täsin binalar hem-de desgalar bilen ýetirilýär. Şolar häzirki Türkmenistanyň hakyky buýsanjyna öwrülýär.

Bu gün Aşgabat şäheriniň günorta böleginde iri desgalaryň toplumynda, hususan-da, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Halkara maslahatlar hem-de Halkara kabul edişlikler merkeziniň, kaşaň myhmanhananyň hem-de “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň we “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binalarynyň gurluşygynda işler güýçli depginde alnyp barylýar.

Täze, has oňaýly dynç alyş zolaklaryny döretmäge uly ähmiýet berilýär. 15-nji iýunda milli Liderimiziň gatnaşmagynda ak mermerli paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşen “Altyn kölüň” kenarynda gurlan dynç alyş düzüminiň desgalarynyň açylyş dabarasy boldy. Bu dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, geljekde has oňaýly iki gatly kottejleri, çagalar hem-de sport meýdançalaryny, üsti açyk suwa düşülýän howuzlary we akwaparklary hem-de beýleki ugurdaş desgalaryň ençemesini gurmak meýilleşdirilýär.

2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi. Bütindünýä welosiped güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen 2018-nji ýylda esaslandyryldy.

Türkmen paýtagtynda, Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda “Welosiped” binasynyň açylmagy esasy wakalaryň birine öwrüldi. Bu uly bina mähriban halkymyzyň ruhubelentligini hem-de umumadamzat gymmatlyklaryna we halkara sport hereketine ygrarlylygyny alamatlandyrýar.

Ýurdumyzda häzir bedenterbiýe hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär. Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň dabaraly ýagdaýda açylmagy munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açylyş mynasybetli guralan dabarada çykyş edip, bu toplumyň Türkmenistanyň milli hem-de olimpiýa ýygyndy toparlarynyň türgenlerini Olimpiýa we Aziýa oýunlaryna, beýleki iri halkara ýaryşlara ýokary derejede taýýarlamaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Diýarymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň çäklerinde Aşgabatda 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebiniň hem açylyş dabarasy geçirildi.

30-njy oktýabrda ähli isleg bildirýänler üçin gapylaryny giňden hem-de myhmansöýerlik bilen açan, paýtagtymyzyň Astana köçesiniň ugrunda gurlan “Jahan” döredijilik merkezinde zehinli çagalaryň we ýetginjekleriň aýdym-saz, tans hem-de surat çekmek bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde dürli gurnaklar, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ses ýazýan studiýa, sport we beýleki zallar hereket edýär.

Ýeri gelende aýtsak, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçen baýramçylyk ýyly täze desgalary ulanmaga bermek bilen bagly dabaralaryň birnäçesine beslendi. Şol desgalar ählihalk baýramçylygyna uly sowgat boldy.

28-nji oktýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň toplumynyň — S.Türkmenbaşy hem-de A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerleşen awtomobil geçelgesiniň, ýerasty geçelgeleriň we “Mahabat” binasynyň hem-de täze “Diwan” myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu myhmanhananyň bezeginde milli binagärligiň äheňleri öz beýanyny tapdy.

10-njy noýabrda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly desgalaryň iri toplumy ulanylyşa tabşyryldy.

Magtymguly şaýolunyň ugrunda, Taslama we Tähran köçeleriniň arasyndaky giň meýdanda gurlan ýaşaýyş toplumy ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen aýratyn sazlaşyk döretdi.

Giň gerimli taslamanyň çäklerinde has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň altysy hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň onusy guruldy. Zerur tehniki ulgamlary, pyýadalar üçin niýetlenen ýerasty geçelgeleri we ýolagçy ulaglar üçin duralgalary öz içine alýan, umumy uzynlygy 5,5 kilometrden gowrak bolan täze ýol çekildi.

Paýtagtymyzy gurmagyň 16-njy nobatdakysynyň hem-de beýleki möhüm durmuş ähmiýetli desgalaryň ençemesiniň taslamalaryny amala aşyrmagyň ata Watanymyzyň rowaçlanmagyna we gülläp ösmegine saldamly goşant goşýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalara ynanylandygy bellärliklidir. Türkmen gurluşykçylary binalaryň we desgalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamakda, işleri ýokary hilli ýerine ýetirmekde hem-de bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmekde eýýäm baý tejribe topladylar.

Şol ýerde “Gül Zemin” söwda-dynç alyş merkezi hem guruldy. Awtomobil ýol çatrygynyň merkezini bolsa täsin “Türkmen alabaýy” heýkeli bezedi. Itleriň bu täsin tohumyny wagyz etmek işinde 2020-nji ýylyň möhüm ähmiýetli wakalara baý bolandygyny bellemek gerek. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy açyldy, Änew şäherinde bolsa döwrebap weterinariýa hassahanasy hem-de öý haýwanlaryny saklamak üçin niýetlenen jaýlar guruldy.

Häzir döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal welaýatynda Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bolsa alabaý itleriniň merkezleriniň gurluşygy alnyp barylýar.

Möhüm ähmiýetli baýramçylyk desgalarynyň hatarynda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini we Estetiki merkezi görkezmek bolar. Bu desgalar 10-njy oktýabrda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde ulanmaga berildi.

Täze saglygy goraýyş edaralarynyň peýda bolmagy döwlet Baştutanymyzyň mähriban halkymyzyň saglygy we bagtyýarlygy baradaky atalyk aladasynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga, türkmenistanlylary ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşleri bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.

2020-nji ýylyň noýabr aýynda ulanmaga berlen Ak bugdaý etrabynda bina edilen häzirki zaman “Bagabat” şypahanasy hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze gurlan 200 orunlyk ýokanç keselleri hassahanasy ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirdi.

“Bagabat” şypahanasynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde oňa tarap alyp barýan ýoluň hem-de çatryklaryň birinde oturdylan beýikligi 25 metrlik “Saglyk” binasynyň, Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde lukmanlar üçin bina edilen 4 gatly ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmeginiň binagärlik açylyşlarynyň tapgyrynyň üstüni sazlaşykly ýetirendigini bellemek gerek.

20-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazygyndaky Çoganly şäherçesinde bina edilen kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde döwrüň talaplaryna gabat gelýän täze şäher zolagyny döretmek işleri dowam edýär. Mejlisiň Karary bilen, Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaýlarynyň bu toplumyna içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Ýurdumyzyň raýatlaryna gozgalmaýan emläk üçin berilýän uzak möhletli ýeňillikli karzlaryň ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligini şertlendirýändigini bellemek gerek. Şeýle aladanyň hem-de ýaşaýyş jaý gurluşygynyň barha giň gerime eýe bolmagy netijesinde, her ýyl bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi kaşaň ýaşaýyş jaýlaryna göçüp barýarlar.

Ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyklaryndan başga-da, her ýyl paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda dürli maksatly desgalaryň ýüzlerçesi bina edilýär we durky täzelenilýär.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, täze obalary we şäherçeleri gurmak, ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, hususan-da, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak boýunça işler işjeň dowam edýär. Bu ýoly 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga tabşyrmak maksat edinilýär.

Adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçeglerini hem-de döredijilikli zähmet çekmegi, amatly durmuşy we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ilkinji derejeli ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz welaýatlar boýunça iş saparlaryny yzygiderli amala aşyryp, özgertmeleriň öňe ilerledilişiniň barşy, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler bilen ýerinde tanyşýar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyklar munuň aýdyň mysalydyr. Syn berilýän ýylyň 3-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze nusgadaky şäheriň desgalaryny bina etmäge ABŞ-nyň 1,5 milliard dollara golaý pul serişdesini bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi.

Ähmiýeti boýunça bu taryhy taslamanyň durmuşa geçirilmegi milli Liderimiziň başyny başlan özgertmeler strategiýasynda kesgitlenen wezipeleri çözmekde nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyrýar. Şol strategiýanyň aýrylmaz bölegi welaýatlary hemmetaraplaýyn ösdürmekden ybaratdyr.

25-nji maýda geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly XIX köpugurly halkara sergi Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik we şäher düzümini kemala getirmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki mümkinçiliklerini görkezdi.

Her ýyl guralýan bu sergi milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň keşbinde beýanyny tapan özgertmeleriň giň gerimlidigini aýdyň beýan etdi. Şol özgertmeler Türkmenistanyň rowaçlygyň we gülläp ösüşiň belentliklerine tarap ynamly garamagynyň nyşanyna öwrüldi.

Diýarymyzyň hem-de daşary ýurtlaryň 70-den gowrak wekili öz mümkinçiliklerini, öndürýän önümleriniň ýokary hilini we ýerine ýetirýän işleriniň köpdürlüligini görkezdiler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň gurluşyk senagatyny ösdürmekde örän uly orun eýeleýän firmalaryň we kompaniýalaryň hem-de hususy telekeçileriň onlarçasy bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu gün ýurdumyzda gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän önümçilik kuwwatlyklaryny we täze iş orunlaryny döretmek, eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak, önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler üstünlikli çözülýär.

Munuň şeýledigini halkara sergide görkezilen, Türkmenistanda öndürilýän döwrebap gurluşyk hem-de bezeg serişdeleriniň giň görnüşleri aýdyň beýan etdi.

Diýarymyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklary ýyl-ýyldan depginli artdyrylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Ahal welaýatynyň senagat zolagynda döredilýän uly gurluşyk toplumyny görkezip bolar.

Bu ýerde eýýäm metal önümlerini we armaturlary öndürýän “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasy, iri gazbeton zawody, “Türkmenmermer” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mermeri we graniti işleýän fabrigi, öňdebaryjy tehnologiýalar ulanylýan, aýna öndürmekde Merkezi Aziýada iň iri “Türkmen aýna önümleri” kärhanasy üstünlikli işleýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurluşyklary gurluşyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekip, kuwwatly senagaty döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de türkmen topragynyň baý ýerli tebigy serişdelerini özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny hemişe aýdýar.

Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, gazylyp alynýan peýdaly täze känleri ýüze çykarmak boýunça geologiki barlaglar işjeň alnyp barylýar. Garaşylyşy ýaly, bu işleriň netijeleri önümçilik toplumynyň kuwwatyny artdyrmaga we ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän beýleki önümleriň çykarylyşyny köpeltmäge gönüden-göni hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralyndaky Permanyna laýyklykda, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň hem-de onuň “Türkmensenagat” agentliginiň binýadynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň döredilmegi hem şu maksatlara ýetmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň “2020 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň senagat hem-de önümçilik desgalaryny gurmak hakynda” Kararyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhanalar gurulýar we ozalky işleýänleri döwrebaplaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde, gurluşyk desgalaryny hem-de ilaty ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümler bilen doly üpjün etmek üçin mümkinçilikler döredildi. Ministrligiň garamagyndaky kärhanalarda sement, magdan däl we diwarlyk serişdeler, metal önümler, aýna, gurnama demirbeton we iri panelli gurnamalar, keramzit, kaolin ýaly gurluşyk önümleri, maşyngurluşyk önümleri hem-de beýlekiler çykarylýar.

Milli senagat toplumynyň strategik taýdan ähmiýetli ugurlarynyň biriniň sement önümçiligidigini bellemek gerek. Häzirki wagtda sement zawodlarynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän dürli görnüşli sementiň çykarylmagy ýola goýuldy. Şeýle hem Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda her biriniň kuwwaty ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge niýetlenen sement zawodlary gurulýar.

Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak baradaky maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2020-nji ýylda ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ýerli çig mallardan gurluşyk serişdelerini çykarýan kärhanalar ulanylmaga tabşyryldy.

Hususan-da, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýokary hilli keramika önümlerini öndürýän, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda demirbeton önümlerini öndürýän iri zawod, Balkan welaýatynyň S.Türkmenbaşy adyndaky etrabynda gury gurluşyk garyndylaryny we gipsokarton hem-de beýleki önümleri çykarýan kärhana açyldy.

Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bilelikde, Diýarymyzyň elektron senagatyny ösdürmek hem-de ilatyň uly isleginden peýdalanýan dürli häzirki zaman enjamlarynyň öndürilişini ýola goýmak boýunça çäreleri görýär.

Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek, ylmy esasda pudaklaýyn önümçiligi kemala getirmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek meselelerine uly ähmiýet berilýär.

Ine, ministrlik tarapyndan “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde, Diýarymyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri çykarmak boýunça işler depginli alnyp barylýar, dürli LED-lampalaryň, öwrediji kompýuterleriň we noutbuklaryň, “Tolkun” we “Zemin” täze smart telewizorlaryň, ýakynda bolsa diagonaly 65 dýuým bolan “Älem” telewizorlarynyň çykarylmagy ýola goýuldy.

2020-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Diýarymyzyň täze elektron önümleriniň nusgalary görkezildi. Hususan-da, olar iki simkartly öýjükli telefonlar, smartfonlar, monobloklaryň dürli görnüşleri, split-sowadyjylar, Internet ulgamyny ýaýradyjy routerler, agyz suwuny sowatmaga we gyzdyrmaga niýetlenen enjamlardyr.

Himiýa senagatynyň ösdürilmegine hem uly üns berilýär. Bu pudagy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýurdumyzyň oba hojalygynyň isleglerini doly kanagatlandyrmak we azyk bolçulygynyň binýadyny pugtalandyrmak üçin dürli dökünleriň öndürilmegine degişli meseleler durýar.

Tebigy baýlyklaryň, uglewodorod, mineral we gidromineral çig mal serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlary boýunça Türkmenistanyň dünýäde öňdäki orny eýelemegi, şolary gaýtadan işlemek hem-de taýýar harytlary öndürmek boýunça ornaşdyrylýan iň täze tehnologiýalar ýokary hilli dürli önümleriň görnüşlerini ep-esli artdyrmaga we mukdaryny köpeltmäge mümkinçilik berdi.

Kabul edilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak hem-de himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin soňky ýyllarda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan uly isleg bildirilýän, häzirki döwürde dünýäniň dürli ýurtlaryna eksport edilýän önümleri çykarýan iri önümçilikler gurlup, ulanmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasyna hem-de Türkmenistanda öndürilen önümleriň eksport mukdaryny artdyrmak baradaky döwlet Maksatnamasyna laýyklykda, geljekde himiýa pudagynyň ýene-de ençeme ugurdaş desgalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, täze döwrebap önümçilikleri dolandyrmak hem-de olara hyzmat etmek üçin hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Lebap welaýatynda Himiýa tehnologiýalary institutyny gurmak maksat edinilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan, şol sanda depginli senagatlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän iri möçberli döwlet maksatnamalarynda milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk ulgamlarynyň biri bolan energetika senagatyna möhüm orun berilýär.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, täze energiýa ulgamlary döretmek, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreler görülýär. Olarda paýtagtymyzyň we welaýatlaryň sazlaşykly ösmegini nazara almak bilen, kuwwatyň ençeme esse ätiýaçlygy göz öňünde tutulýar.

Maksada gönükdirilen işleriň amala aşyrylmagy netijesinde, bu günki gün Türkmenistanyň energetika senagaty ýokary ösüş depginlerini görkezýär hem-de ýurdumyzyň içerki hajatlary bilen birlikde, eksportunyň artýan mukdaryny üpjün etmäge ukyplydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan “Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” elektroenergetika kuwwatlyklaryny artdyrmaga uly itergi berip, ýurdumyzyň dünýäniň energoulgamyna goşulyşmagy boýunça anyk ädimleri kesgitledi.

Şol Konsepsiýany amala aşyrmagyň çäklerinde, soňky ýyllarda ýurdumyzyň energetika düzüminiň üsti döwrebap gazturbinaly elektrobeketler, şol sanda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gurlan beketler bilen ýetirildi. Mary DES-de ýurdumyzda ilkinji buggazly elektrobeketler işe girizildi.

Häzir Energetika ministrliginiň ulgamynda umumy kuwwaty 6511,2 MWt deň bolan döwlet elektrik beketleriniň 12-si, önümçilik elektroulgam birleşikleriň 6-sy, elektrik geçiriji ulgamlary çekmek boýunça gurluşyk-gurnama kärhanalary hereket edýär.

Bu gün ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamynyň hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekediň gurluşygy batly depginde dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň energetika syýasaty ýakyn on ýyl üçin milli elektroenergetikany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny takyk kesgitledi. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna laýyklykda, iri energetika desgalarynyň ýene-de ýedisini gurmak göz öňünde tutulýar.

Täze desgalaryň işe girizilmegi bu pudagyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, elektroenergiýa bolan islegleri ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, 2019 — 2025-nji ýyllarda elektroenergiýany işläp çykarmagyň mukdary 17,4 göterim, eksporty bolsa, 4,5 göterim ýokarlanar.

Geçen ýylyň 9-njy sentýabrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde, taslama kuwwaty sagatda 70 megawata deň bolan gazturbinaly elektrik beketleriň ikisiniň düýbüni tutmak hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hereket edýän elektrik bekediň durkuny täzelemek dabaralaryna gatnaşdy.

Täze energiýa toplumlary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda gurulýan desgalary elektroenergiýa bilen ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bu waka döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup, energetika pudagynyň kärhanalaryny tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak, nebithimiýa önümleriniň dürli görnüşlerini çykarýan döwrebap düzümi hem-de ylmy işleri talap edýän önümçilikleri döretmek onuň ähmiýetli ugrudyr.

Şeýlelikde, bu ulgamda daşary ýurt maýalaryny çekmek bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde, taryhy nukdaýnazardan gysga möhletde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde elektrik beketlerini gurmak, energiýa işläp çykarýan kuwwatlyklary ençeme esse artdyrmak, elektrik geçiriji ulgamlaryň müňlerçe kilometrini täzelemek we çekmek başartdy.

Bularyň ählisi diňe bir ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasyny, hususan-da, goňşy Eýrana we Owganystana ibermek mümkinçiligini ep-esli giňeltmäge ýardam etdi.

Sebitiň döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugry bolup, onda hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.

Şunuň bilen baglylykda, iri halkara taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Şolaryň biri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy çekmegiň taslamasydyr. Bu ýurdumyzyň goňşy döwletde diňe durnuklylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny berkitmäge däl-de, eýsem, sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine ähmiýetli goşandy bolar.

Şu ýyllaryň içinde Türkmenistan dostlukly owgan halkyna döredijilikli durmuşy ýola goýmakda yzygiderli kömek berip gelýär. Däbe öwrülen döwletara gatnaşyklarda elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek boýunça degişli şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakynda gol çeken kararlary munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça goňşy döwletde elektrik üpjünçilik desgalarynyň, şol sanda podstansiýalaryň eýýäm birnäçesi guruldy. 2019-njy ýylda owgan tarapyna ynsanperwer kömegi hökmünde kuwwatly elektroenergetika enjamy — güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwaty 125 MWt bolan transformator iberildi, munuň özi ygtybarly energiýa üpjünçiliginiň bolmagyna ýardam etdi.

Häzirki wagtda Serhetabat — Hyrat — Turgundy hem-de Rabatkaşan — Kalaýnau ugurlary boýunça elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini artdyrmak boýunça işler amala aşyrylýar.

2020-nji ýylyň 1-nji fewralynda Mary welaýatynda «TAPP-500 Power Transmission Line FZE («Çalik Holding A.Ş.» türk kompaniýasynyň golçur kärhanasy) kompaniýasy bilen bilelikde, TOP-nyň türkmen böleginde Mary DES — Hyrat şäheri (OYR) ugry boýunça güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçiriji ulgamy gurmagyň taslamasyny amala aşyrmaga girişilmegi mynasybetli dabara boldy.

Elektrik geçiriji ulgamyň gurulmagy şol ugruň ähli düzüm desgalaryny energiýa bilen üpjün etmekden başga-da, ony Owganystanyň üsti bilen Pakistana hem-de Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermäge mümkinçilik döreder.

Energetika pudagynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak bilen, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meselesine jogapkärli çemeleşmegiň ýokary derejesini görkezýändigini bellemek gerek. Energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň esasy ugrudyr.

Gurulýan döwrebap obalary hem-de senagat toplumlaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin elektrik energiýasyny öndürmegiň, hususan-da, Günüň we ýeliň energiýasyny peýdalanmak bilen, innowasion taslamalar işlenip taýýarlanylýar.

Aşgabatda täze şäheri hem-de Balkan welaýatynda — “Altyn asyr” Türkmen kölüniň golaýynda döwrebap obany gurmagyň çäklerinde Gün we ýel energiýasyny peýdalanmagyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýylyň fewralynda Mejlisiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda “Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş etdi.

Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli maksatnamany işläp taýýarlamak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň iýun aýynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ady agzalan maksatnamany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem şol Karara laýyklykda, milli strategiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamaga halkara guramalary we beýleki düzümleri çekmäge ygtyýar berildi.

2020-nji ýylda gazanylan netijelere gysgaça synyň berilmegi gurluşyk-senagat toplumynda hem-de elektroenergetika ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli işler barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär. Bu pudaklaryň okgunly ösüşi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny hemmetaraplaýyn artdyrmaga, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamynda onuň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň netijelidiginiň we öz wagtynda amala aşyrylmagynyň görkezijisine öwrüldi.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20167

06.02.2021
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Aşgabat, 5-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.

Milli Liderimiz şu günki iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Müşşikowyň we E.Orazgeldiýewiň hem çagyrylandygyny aýtdy. E.Orazgeldiýewiň gözegçilik edýän oba hojalyk toplumy Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän söwda toplumynyň işi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda dokma pudagy üçin pagta ösdürilip ýetişdirilýändigini hem-de bugdaý we köp sanly beýleki azyk önümleriniň öndürilýändigini belledi. Bu önümler bolsa söwda toplumyna degişli kärhanalarda gaýtadan işlenilýär.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, söwda toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde esasy pudaklaryň biridigini nygtady. Şoňa görä-de, bu ugurda ýetilen sepgitler, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek köp babatda bu pudagyň netijeli ösdürilmegine hem baglydyr.

Häzirki wagtda söwda, dokma we telekeçilik pudaklaryny ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlaryny goýýandygymyza garamazdan, heniz bu ugurda kemçilikler we ulanylmaýan mümkinçilikler örän köp diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Şulardan ugur alnyp, iş maslahatynyň dowamynda häzirki ýagdaýda söwda toplumynyň işini guramagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, şu ýyl ähli döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toplumda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa söz berdi. Ministr «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ministrligiň garamagynda kärhanalaryň jemi 157-si bar. Hasabat döwründe söwda dolanyşygynyň ösüşi 106,6 göterime, önümçiligiň möçberi 116,1 göterime barabar boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ilatymyzy azyk önümleri bilen durnukly üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda öndürilýän önümleri we zerur harytlary daşary ýurtlardan getirmek arkaly sarp ediş gorlaryny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şu güne çenli Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky kärhanalara degişli desgalaryň 138-si kanunçylyga laýyklykda tapgyrlaýyn hususylaşdyryldy. Şeýle hem önümçilik kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek we hususy talaplar bilen bilelikde olary döwrebaplaşdyryp, önümçiligi artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, elektron söwda ulgamyny has-da giňeltmek, dükanlaryň we söwda kärhanalarynyň hasabatyny sanly ulgamyň üsti bilen ýola goýmak, onlaýn söwda düzgünlerini halkara tejribeler esasynda kämilleşdirmek boýunça işler amala aşyrylýar. Ministrligiň garamagyndaky Kompýuter tilsimaty merkezinde okuwçylar üçin kompýuterleriň önümçiligi alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak hem-de bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek bilen baglylykda, söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ministre söwda ulgamynyň işini kämilleşdirmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, import önümleriniň önümçiligini ösdürmek, ilata hyzmat etmegiň medeniýetini ýokarlandyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýdarlar jemgyýetlerini döretmegi, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy. Munuň özi hususy ulgamyň maýalaryny milli ykdysadyýete çekmäge, bäsdeşlige ukyply bazary kemala getirmek üçin şertleri döretmäge, import önümleriniň ýerini tutýan we eksport harytlarynyň önümçiligini artdyrmaga ýardam eder.

Soňra dokma senagaty ministri R.Rejebowa söz berildi. Ministr 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dokma senagatyny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda edara-kärhanalaryň 60-sy hereket edýär. 2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda öndürilen önümleriň ösüşi 107,4 göterime barabar boldy.

Önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, 2020-nji ýylda Mary welaýatynyň Türkmengala, Sakarçäge pagta egriji kärhanalarynda döwrebap enjamlar ornaşdyryldy. Şu ýylda Tagtabazar pagta egriji kärhanasynda döwrebaplaşdyryş işlerini geçirmek, Daşoguzyň “Serdar” pagta egriji fabriginde hem-de Baýramaly dokma toplumynda täze önümçilikleri döretmek we kuwwatlyklary artdyrmak boýunça işler göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Gypjak we Gökdepe dokma toplumlaryny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň işinde ýol berilýän kemçiliklere nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz pudagy mundan beýläk-de ösdürmegi, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi esasy işleriň hatarynda görkezip, ministre olary üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda öňden işläp gelýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly toplumlary gurmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.

Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň halkara hil ölçeglerine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegine aýratyn üns bermek zerurdyr. Ýurdumyzyň önümlerini daşary ýurtlarda has işjeň ilerletmek üçin degişli mahabat-maglumat goldawy zerurdyr.

Milli Liderimiz önümleriň hilini ýokarlandyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge, hyzmatlar we marketing ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge üns bermegiň wajypdygyny aýdyp, ministre anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew daşary ykdysady gatnaşyklary berkitmek hem-de ýurdumyzyň içerki lomaý bazaryny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ulgamynda 6 kärhana bar. 2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda 283 sany birža söwdalary geçirildi. Şeýle hem umumy bahasy 46 milliard 363 million manada deň bolan şertnamalar bellige alyndy. Girdejiniň ösüşi 108,4 göterime barabar boldy.

“Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasyna” laýyklykda, biržanyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu ugurda dünýä tejribesinden ugur alnyp, birinji tapgyrda şertnamalary bellige almak hyzmatlaryny elektron görnüşinde, sanly ulgamyň üsti bilen amala aşyrmak üçin şertler döredilýär.

Bu ulgamyň girizilmegi bilen birža hyzmatlaryny onlaýn görnüşde amala aşyrmaga mümkinçilik dörediler. Umuman, resminama dolanyşygynyň döwrebap usullarynyň ýola goýulmagy zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, şertnamalary bellige almagyň möhletini çaltlandyrmaga, şonuň bilen birlikde, maglumatlaryň ygtybarly elektron binýadyny döretmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz biržanyň Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň görkezijisi, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegi aýdyň görkezýän maglumatlaryň kuwwatly çeşmesi bolup hyzmat edýändigini aýdyp, birža söwdalaryny has-da ösdürmek hem-de olaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz türkmen eksport harytlary üçin durnukly nyrhy emele getirmegiň usullaryny döretmegiň esasy wezipedigine ünsi çekdi. Munuň özi girdejileriň artmagyna hem-de halkara bazarlarda döwletimiziň ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Soňra “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa söz berildi.

2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda pudakda önüm öndürmek boýunça ösüş depgini 120,2 göterime barabar boldy.

Geçen ýylyň dowamynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda 28 müň 560 inedördül metr el haly we haly önümleri dokaldy. Hasabat döwründe 2 müň 495 inedördül metr haly eksport edildi. Ösüş 105,1 göterime deň boldy.

Şeýle hem hasabatda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawlary bilen halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine, toplumlaýyn esasda öwrenilmegine möhüm üns berilýändigi we halylaryň gadymy nusgalarynyň aýawly saklanylmagy hem-de dünýäde wagyz edilmegi ugrunda giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygy, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy bellenildi.

Hususan-da, el halylaryny dokamagy ösdürmek, haly we haly önümleriniň önümçiligini hem-de ýerlenilmegini kämilleşdirmek, bu gadymy sungatyň halkyň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly baý milli mirasyny, medeniýetini, taryhyny açyp görkezmek boýunça bellenen wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Birleşigiň ýolbaşçysy el halylary dokamakda ulanylýan çig mallar hem-de boýaglar barada hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagy has-da ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, bütin dünýäde şöhrat gazanan köpasyrlyk milli halyçylyk däplerini häzirki döwürde mynasyp dowam edýän halyçy gelin-gyzlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin has oňaýly şertleri döretmek baradaky meselelere yzygiderli üns bermegi tabşyrdy.

Soňra iş maslahatynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hem telekeçi halyçylaryň alyp barýan işleri, dokaýan halylarynyň görnüşleri barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde Halaç etrabynda haly önümçiliginiň ýola goýlandygy, mundan başga-da, haly önümleriniň içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, birnäçe işleriň alnyp barylýandygy, hususan-da, Saud Arabystany Patyşalygynda “Berkarar” söwda dükanynyň işleýändigi, onda türkmen halylarynyň satylýandygy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ajaýyp halylaryň türkmen halkynyň mirasydygyny, olary dokamakda tebigy ýüplügiň ulanylýandygyny, şoňa görä-de, wagtyň geçmegi bilen halylaryň has-da owadanlaşýandygyny belledi. Bu bolsa, esasan, halylaryň çitimi bilen baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz bu gadymy el sungatynyň şöhratynyň hemmeleri geň galdyryp, türkmen halylarynyň wagtyň geçmegi bilen reňkiniň solmaýşy ýaly, ençeme ýüzýyllyklardan bäri hiç öçmän, dünýäniň dürli künjeklerinden halynyň sarpasyny belent tutýan köp sanly adamlary häzire çenli haýrana goýýandygyny nygtady.

Şoňa görä-de, milli Liderimiz “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde işlemegiň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Söwda öýleriniň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu ugurda işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowa söz berildi. Ol gazanylan ägirt uly durmuş-ykdysady üstünlikleri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilerde hem-de işewür maslahatlarda giňden beýan etmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, işewürligi giňeltmek we Diýarymyzyň haryt öndürijileriniň önümleriniň eksportynyň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda meýilnama 126,3 göterim ýerine ýetirildi. TSSE-niň kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 102,7 göterime deň boldy. 2020-nji ýylyň dowamynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly sergileriň 8-si we işewürlik maslahatlarynyň 31-si, “tegelek stoluň” başynda duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralan halkara sergi geçen ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Şonuň çäklerinde halkara maslahat we işewür duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň hem-de resminamalaryň 130-dan gowragyna, şol sanda ýurdumyzda öndürilen harytlary eksporta ýerlemek boýunça umumy bahasy 72,8 million amerikan dollaryna barabar bolan şertnamalara gol çekildi.

Şeýle hem hasabat döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şöhratly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Baky Bitarap Türkmenistan” atly wirtual sergi guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek “EKSPO” Bütindünýä sergisine düýpli taýýarlyk görmegi hem-de şonda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi tabşyrdy.

Biziň ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr, şoňa görä-de, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň baý ykdysady kuwwaty hem-de häzirki döwürdäki gazananlary, halkymyzyň köpasyrlyk özboluşly däp-dessurlary barada aýdyň düşünje almaklary üçin hemme mümkinçilikleri ulanmak zerurdyr, munuň şeýle bolmagyna iri möçberli halkara gözden geçirişlerine yzygiderli gatnaşylmagy gönüden-göni täsir edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Dubaýda “EKSPO” Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň gyzyklanma bildirýän ýurtlar we kompaniýalar bilen özara gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltmäge, daşarky bazarlarda ýurdumyzyň harytlaryny mahabatlandyrmaga we öňe ilerletmäge hem-de dürli ugurlarda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çärelere ykjam taýýarlyk görmek we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa guramanyň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.

Senagat önümleriniň önümçiligi boýunça ösüş 103,5 göterime, oba hojalyk we azyk önümleri boýunça 134 göterime barabar boldy. Söwda-haryt dolanyşygy 103,7 göterime, ilata edilen hyzmatlar bolsa 110,1 göterime deň boldy.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi hem-de eksportyň mukdaryny artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär. Döwletiň goldaw bermegi netijesinde hususyýetçiler tarapyndan daşary ýurtlara eksport edilýän senagat we azyk harytlarynyň möçberi artdy.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, TSTB-niň agzalary sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýarlar. Şol sanda hususy önüm öndürijilerimiz, söwda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalar Internet söwdasynyň gerimini günsaýyn giňeldýärler, elektron söwda sahypalaryny açmak, ykjam elektron goşundylaryny döretmek hem-de dünýä belli Internet söwda ulgamlarynda ýurdumyzda öndürilen harytlary hödürlemek arkaly onlaýn usulda harytlary menzilara satmak we eltip bermek hyzmatlaryny giň gerimde amala aşyrýarlar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaryň esasynda 2020-nji ýylda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 44-siniň gurluşygy tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna, hususy pudagyň ornuny giňeltmegiň döwletimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Birleşmäniň agzalary ýurdumyzda hususy telekeçiler üçin döredilýän amatly şertlerden peýdalanyp, içerki bazarda haryt bolçulygyny döretmek işinde uly tejribe topladylar. Ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän önümleri ilatyň islegini kanagatlandyrmak bilen bir hatarda hususy ulgamyň eksport kuwwatyny artdyrýar.

Bu ugurda işleri dowam edip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän Söwda öýleriniň we birleşmäniň wekilhanalarynyň sanyny artdyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz TSTB-niň başlygyna anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini, miweli baglary we üzümi ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny, ýyladyşhanalary, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak hem-de beýleki önümçilik işlerini alyp barmak maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uzak möhletleýin peýdalanmak üçin ýer bölekleriniň yzygiderli bölünip berilýändigi barada hasabat berdi.

Ilaty ýurdumyzda öndürilen ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça zerur işler geçirilýär. Şoňa laýyklykda, bu ekinleriň welaýatlarda ekilýän meýdanyny artdyrmak we hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça daýhan birleşikleri bilen bir hatarda, hususy önüm öndürijiler tarapyndan hem degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu ugurda hususy önüm öndürijilere döwrebap ýyladyşhanalary gurmak üçin berlen ýer böleklerinde ekinleriň ýokary hasylyny öndürmek ugrunda bellenen işler maksadalaýyk ýerine ýetirilýär.

Hasabatyň çäklerinde galla önümleri kärhanalarynda öndürilýän bugdaý uny we çörek önümleri bilen ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda dükanlaryna hem-de çörek kärhanalaryna bu önümleriň zerur bolan möçberiniň goýberilýändigi bellenildi.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň dokma kärhanalaryny pagta önümleri bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmek barada öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy hakynda aýdyldy. Bu ugurda pagta arassalaýyş kärhanalarynda gowaça hasylyny gaýtadan işlemek hem-de öndürilýän pagta süýümi bilen Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalaryny üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýyň tohumçylyk-seçgiçilik işini kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän tohumlary döretmegiň, bu işlerde ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri taýýarlamagyň möhümdigi barada wise-premýere käbir görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumy bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde alyp barýan işleriniň toplumlaýyn hem-de utgaşykly ýola goýulmagynyň oňyn netije berýändiginiň halkymyzyň azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilmeginde hem aýdyň görünýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň zerurdygy barada aýdyp, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, durnukly ösüş depginini saklamak üçin söwda toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljermek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň okgunly ykdysady ösüşini üpjün etmegiň häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumyna degişli düzümleriň hemişe üns merkezinde bolmalydygyny, şol sanda hususy telekeçilik üçin oňaýly şertleriň döredilmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, şu ýyl geçiriljek işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Şeýle hem azyk bolçulygyny üpjün etmek, eksport ugurly senagat hem-de gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek boýunça çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet tarapyndan ykdysadyýetiň hususy ulgamyny goldamagy güýçlendirmek, şol sanda kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn kömegini bermek zerurdyr.

Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, söwdany guramagyň döwrebap düzümini kemala getirmek boýunça işler döwrüň talabyna gabat gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemlemek bilen, toplumyň işini gowulandyrmak üçin şu ýyl hemmeleriň örän köp işlemelidigini aýtdy.

Häzirki döwürde toplumda bar bolan önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda pudaga sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeli usullaryny ulanmak, önümçilige daşary ýurt maýa goýumlaryny has köp çekmek wajypdyr.

Döwlet Baştutanymyz bellenen gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maslahata gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, içerki bazaryň azyk we ilkinji nobatda zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý ýylynda bazarlarda we dükanlarda haryt bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, satyn alynýan import harytlarynyň bahalaryny düýpli seljermek hem-de bu harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada görkezme berdi.

Alyjylar birleşmesine degişli önümçilik we hyzmat ediş desgalaryny tapgyrlaýyn esasda bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak boýunça geçirilýän işleri güýçlendirmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dokma senagaty ministri R.Rejebowa ýüzlenip, ýubileý ýylynda öndürilýän önümleriň möçberlerini, görnüşlerini artdyrmak we hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleri dowam etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz içerki we daşarky bazaryň isleglerini yzygiderli öwrenip, kärhanalaryň önümçiligini müşderileriň buýurmalary esasynda dolandyrmagy ýola goýmagy, dokma senagaty kärhanalary tarapyndan öndürilip, içerki bazardan artýan we eksport edilýän önümleriň, harytlaryň erkin ýörgünli daşary ýurt pulunda satylýan möçberlerini artdyrmak barada görkezme berdi.

Milli Liderimiz täze bazarlary we ýerlemek usullaryny tapmak arkaly gelip gowuşýan daşary ýurt pulundaky serişdeleri köpeltmek boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ministre bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Satyn alynýan import harytlarynyň, çig malyň bahalaryny düýpli seljerip, sebitdäki ýurtlar üçin bahalardan ýokary bolmazlygyny gazanmak, harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýewe ýüzlenip, geçen ýyl kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasynda» göz öňünde tutulan çäreleri we işleri öz wagtynda hem-de doly ýerine ýetirmek boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda eksport maksatly önümleriň bahalarynyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bäsleşik esasynda ýokary bolmagyny gazanmak, biržanyň işine sanly ulgamy we tehnologiýalary ornaşdyrmak, hyzmatlary Internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyrmak, elektron täjirçilik bazaryny döretmek boýunça çäreleri gyssagly geçirmek barada görkezmeleri berdi.

Mundan başga-da, eksport we import şertnamalaryny biržada bellige almagyň tertibini hem-de nyrh emele getirmegiň usulyny kämilleşdirmek, nyrhlar babatda biržanyň elektron maglumatlar binýadyny döretmek we onuň elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirmek barada tabşyryklar berildi.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa gadymdan gelýän halyçylyk sungatymyzyň milliligini we nepisligini saklap galmak bilen, öndürilýän haly önümleriniň görnüşlerini köpeltmek boýunça işleri geçirmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerlenýän önümleriň möçberini hem-de täze bazarlary we ýerlemegiň usullaryny tapmak arkaly gelip gowuşýan walýuta serişdelerini artdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem ýubileý ýylynda haly we haly önümleriniň elektron söwdasyny guramak hem-de halyny sargyt etmekde, taýýarlamakda we ýerlemekde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri geçirmegiň zerurdygy bellenildi.

Halyçylyk kärhanalarynyň çig mal üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça zerur çäreler görülmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ýubileý ýylynda ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça usulyýet taýdan ýardamy güýçlendirmegiň, täze bazarlary we ýerlemegiň usullaryny tapmakda hususy taraplara goldaw bermegiň hem-de ýurdumyzyň hyzmatdaşlary bolan daşary ýurtly telekeçilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowa anyk tabşyryklary berdi.

Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda üpjün edijileriň hem-de harytlary öndürijileriň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirijileriň işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek zerurdyr. Munuň üçin dürli görnüşli sergiler we maslahatlar guralmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe birnäçe tabşyryklary berip, bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýurdumyzda işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge uly üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Döwrebap önümçilikleri döretmek, öndürilýän önümleriň möçberini we görnüşlerini has-da artdyrmak boýunça çäreleri dowam etmek zerurdyr.

Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly bolmagyny üpjün etmäge Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem işjeň gatnaşmalydyrlar hem-de hususy we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ykdysadyýetimiziň ösmegine saldamly goşant goşmalydyrlar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän möçberini artdyrmagyň Döwlet maksatnamalarynyň doly durmuşa geçirilmegini gazanmak, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny ygtybarly üpjün etmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde hususy taraplaryň önümçilikleriniň gerimini mundan beýläk hem giňeltmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz gök-bakja we miwe önümleri bilen ilaty ýylyň bütin dowamynda bolelin üpjün etmek üçin sowadyjy ammarlar bilen üpjünçiligi gowulandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý ýylynda söwda toplumynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljerip, hyzmatlar ulgamynyň hem-de önümçilikleriň doly kuwwatynda, bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi talap etdi.

Söwda toplumyndaky edara-kärhanalarda çykdajylaryň düzümini seljermek we artykmaç (zerur bolmadyk) çykdajylary aýyrmak arkaly, önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek işleriniň yzygiderli geçirilmegine berk gözegçilik etmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, içerki bazaryň azyk we ilkinji nobatda zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmalydygyny, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, elektron söwdalary we eltip bermek hyzmatlaryny giňden guramalydygyny belledi.

Döwlet tarapyndan dokma pudagyna uly möçberde maýa goýumlarynyň goýulýandygyny göz öňünde tutup, kärhanalaryň önümçilik taýdan netijeliligini we girdejilerini artdyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Pes görkezijili işleýän dokma kärhanalaryny dolandyrmakda täzeçe usullary ulanyp, olary paýdarlar jemgyýetine öwürmek we hususy maýadarlary çekmek boýunça zerur işleri geçirmek wajypdyr.

Şeýle hem wise-premýere daşary söwdany ösdürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport edilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, önüm öndürijiniň, biržanyň, söwda-senagat edarasynyň we beýleki döwlet gulluklarynyň özara sazlaşykly işlemegini guramak, harytlaryň eksportyny ýeňilleşdirmek we talap edilýän resminamalaryň zerurlygyny gaýtadan seljermek tabşyryldy.

Dokma we haly senagaty kärhanalarynda marketing işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, sanly ulgamy ornaşdyrmak, harytlary sargyt boýunça taýýarlamakda we ýerlemekde internet-söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýle hem ýubileý ýylynda ýurdumyzyň beýleki döwletler bilen söwda-täjirçilik gatnaşyklaryny güýçlendirmek, özümizde öndürilýän ýokary hilli azyk we dokma (brend) önümlerini daşarky sarp edijilere giňden ýaýmak üçin, Türkmenistanyň beýleki ýurtlarda ýerleşýän Söwda öýleriniň işini has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa hem-de söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, geçen, 2020-nji ýylda sygyr etiniň ýurdumyza daşyndan getirilen möçberiniň baha görnüşinde 32,5 göterim, ýeralmanyň 32,6 göterim, pomidoryň 94,4 göterim, soganyň 8,4 göterim, miweleriň hem 37,3 göterim azalandygyny aýtdy. Bu gowy zat. Ýöne guş etiniň getirilişi 6,9 göterim, ýumurtga 85,8 göterim, ösümlik ýagy hem 93,2 göterim artdy. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek boýunça bellän çärelerimiziň doly ýerine ýetirilmändigini görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda azyk harytlarynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylmalydyr. Milli Liderimiz içerki bazaryň azyk önümleri we ilkinji nobatda zerur bolan harytlar bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmalydygyny, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, elektron söwda we eltip bermek hyzmatlarynyň giňden ýola goýulmalydygyny, bazarlarymyzy we dükanlarymyzy azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady.

2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, geçen ýyl dokma önümleriniň eksport edilen möçberi baha görnüşinde 1,1 göterim, halynyňky we düşekleriňki 71,8 göterim, ýüň boýunça 29,8 göterim, deri çig maly boýunça hem 43,1 göterim azaldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz dokma we haly pudagyna köp möçberde maýa goýumlarynyň goýlandygyny göz öňünde tutup, bu pudaklaryň kärhanalarynyň önümçilik taýdan netijeli we girdejili bolmagynyň gazanylmalydygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara daşary ýurt pulunda eksport edilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça teklipleri taýýarlap, ähli zerur çäreleri görmek, şeýle hem harytlary ýerlemegiň täze bazarlaryny hem-de görnüşlerini gözlemek tabşyryldy.

Bellenen wezipeler bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz dokma, haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny, buýurmalaryny, taýýarlanmagyny hem-de ýerlenmegini üpjün etmek üçin sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda, dokma we haly senagaty pudaklarynyň kärhanalarynyň çykdajylarynyň düzümini seljermegi hemişe berk gözegçilikde saklamagy, netijeli dolandyrmagyň we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna, netijesiz çykdajylary aradan aýyrmak arkaly, önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmegi talap etdi. Önümçilik enjamlary üçin satyn alynýan harytlary amatly bahalardan üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirmek wajypdyr.

Döwlet Baştutanymyz hemişelik ulanylýan kömekçi serişdeleri, ätiýaçlyk şaýlary, himiki serişdeleri, reňkleri we sarp ediş serişdeleri ygtybarly satyn almak boýunça öndürijiler we ygtyýarnama berijiler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi nygtady.

Daşary ýurtlardan getirilýän çig malyň we dokma esbaplarynyň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçiligi ýurdumyzda ýola goýmak, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen ýerlenýän eksport harytlary üçin nyrhlaryň ýokary derejede bäsleşige ukyply bolmagyny gazanmak, esasy eksport önümlerini iň ýokary birža nyrhlary boýunça ýerlemegi üpjün etmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, pudaklara walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny her aýda seljermek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlete dahylsyz ulgamyň öňünde durýan wezipelere geçip, häzirki wagtda döwlete dahylsyz pudagyň jemi içerki önümdäki paýynyň 70 göterime barabardygyny aýtdy. 2021-nji ýylda onuň paýyny 70,6 göterime ýetirmek göz öňünde tutulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen çäreleriň dowam etdirilmelidigine, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, häzirki zaman telekeçilik ulgamyny döretmäge ýardam berilmelidigine, öndürilýän önümleriň eksport edilýän möçberini artdyrmakda usulyýet kömeginiň edilmelidigine, hususy taraplara harytlary ýerlemegiň täze bazarlaryny we görnüşlerini gözlemekde goldaw berilmelidigine ünsi çekdi.

Kiçi we orta kärhanalaryň mümkinçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, işewürligi goldamagyň ýerli merkezleriniň işini giňeltmek, kärhanalary dolandyrmak, marketingi we telekeçiligi ösdürmek, maliýe serişdelerini çekmek boýunça hyzmatlary ýola goýmak zerurdyr.

2020-2021-nji ýyllar üçin çökgünlige garşy maksatnama laýyklykda, eksportyň möçberini artdyrmak we 2021 — 2025-nji ýyllarda import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilýän önümçiliklerini döretmek boýunça maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmak wajypdyr.

Döwlet Baştutanymyz söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna bu taslamany Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanan mejlisinde seretmek üçin hödürlemegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şu tabşyryklardan netije çykaryp, bellenilen wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek barada toplumyň ýolbaşçylaryna görkezme berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer G.Müşşikowa söwda toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy, pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini we karzlaryň gaýtarylyşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, söwda toplumynyň edara-kärhanalarynyň kuwwatynyň ulanylyşyny, söwda dolanyşygynyň ýagdaýyny we ösüş depgininiň peselmeginiň sebäplerini jikme-jik seljermek wajypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20170?type=feed

06.02.2021
Kerki howa menzili: işler gyzgalaňly barýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan il-ýurt bähbitli binalaryň, desgalaryň onlarçasy ulanylmaga berler. Şolaryň arasynda Kerki şäheriniň günorta-günbatar künjeginde gurulýan howa menzili aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň paýtagtyny gündogar künjek bilen baglanyşdyrjak bu howa menzili örän çalt depginler bilen ösüp-özgerip barýan sebitiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistan — Owganystan demir ýolunyň, Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý halkara awtoulag ýolunyň başlanýan ýeri hasaplanýan bu sebit beýleki döwletler üçin-de möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin-de, «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» ýerli howa gatnawlarynyň täze ugurlaryny açyp, howa menzillerini gurmak we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek bellenilýär.
Kerki howa menzili 1947-nji ýylda açylyp, tä 2004-nji ýylyň dekabr aýyna çenli hereket edipdi. Aşgabat — Kerki aralygyna gatnaýan şol wagtky «Ýak-40» uçarlarynyň uçuş möhleti tamamlanandan soňra, bu gatnaw togtadylýar we uçar menziliniň işi-de bes edilýär. Sebäbi Kerkiniň şol döwürdäki uçar menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy-da, ini-de häzirki zaman uçarlaryna niýetlenmändi.
Täze howa menziliniň uçuş-gonuş zolagy ähli görnüşdäki uçarlary kabul edip we ugradyp bilýär. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etjek howa menzilinde ýolagçylar üçin-de, işgärler üçin-de ähli amatlyklar döredilipdir. Umumy meýdany 1730 inedördül metr bolan ýolagçylar terminalynda garbanyşhana, «Tiz kömek» gullugy, kassalar, ýolagçylary bellige alyş nokatlary, ýük bölümi, gazet-žurnal we sowgatlyk önümler satylýan dükanlar göz öňüne tutulypdyr. Ýolagçylar terminalynda ýörite wideogözegçilik ulgamy oturdylyp, onda ähli bölümleriň işi, ýolagçylara hyzmat edilişi we beýlekiler howpsuzlyk gullugy tarapyndan gözegçilikde saklanar.
— Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda gurulýan her bir binanyň milli öwüşgine baý bolmalydygyny nygtaýar. Şundan ugur alyp, biz häzir howa menziliniň baş binasynyň daşyny bezeg plitalary bilen örtmek işine girişdik. Uçjak bolup, ganatyny gerip duran ak guwy ýatladýan baş binanyň öňünde milli öwüşginli bezegleri köpräk ulanmakçy. Beýikligi 28,8 metre ýetýän dispetçer gullugynyň diňi-de haly gölleri bilen bezeler. Esasy gurluşyk işlerini tamamladyk. Indi diňe daşary ýurtlardan getirilip, binada ornaşdyryljak enjamlary gurnamak işi galdy — diýip, «Gündogdy» hususy gurluşyk kärhanasynyň baş inženeri Gylyçmyrat Ataýew gürrüň berýär.
Hawa, 200 gektar meýdanda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Howa menzili üçin zerur kömekçi desgalaryň-da birnäçesi guruldy. Elektrik toguny paýlaýjy kuwwatly desga olaryň ählisini elektrik togy bilen üpjün eder. Daş-töweregi bezeg agaçlary, güller bilen örtülmeli ajaýyp bina şu ýylyň baharynda görküne geler.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna gabatlanyp ulanylmaga beriljek desga Türkmenistanyň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýerli howa gatnawlarynyň binalarynyň üstüni ýene-de bir täze howa menzili bilen ýetirer. Bu bolsa agentligiň ýolagçy gatnatmak baradaky görkezijileriniň ýokarlanmagyny üpjün eder. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan işler, goý, ýurdumyzyň abraý-mertebesini mundan-da zyýada etsin!
Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».


 https://metbugat.gov.tm/blog?id=2334

06.02.2021
Ýokary hilli önümler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri üstünlikli berjaý edilýär. Ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alan özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetde hususy pudagy goldamak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik milli ykdysady giňişliginde özüniň mynasyp ornuny eýeläp, ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň has ýokary basgançaklaryna ynamly çykmagyna kuwwatly itergi berýär, döwletimiziň gülläp ösmegini we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini has-da artdyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler kabul edilen toplumlaýyn döwlet maksatnamalarynda bellenen esasy ugurlar boýunça üstünlikli alnyp barylýar. Bazar-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolanyşygyny yzygiderli kämilleşdirmek ösüşleriň zerur şerti bolup çykyş edýär. Ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda telekeçilik işiniň ähmiýeti uludyr.

Telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, bazar gatnaşyklarynyň barha çuňlaşdyrylmagy, içerki sarp ediş bazarlarynda haryt bolçulygynyň artmagy hususy önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşligi yzygiderli güýçlendirýär. Bäsdeşlik bolsa öz gezeginde öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmagyň, olary hil taýdan kämilleşdirmegiň, nyrhlary önümçiligiň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmak arkaly pese düşürmegiň esasy tizlik beriji serişdesi bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň döwlete degişli bolmadyk ykdysady böleginde içerki we daşarky bazarda mynasyp derejede bäsdeşlige ukyply milli haryt öndürijileriň täze neslini ösdürip ýetişdirmäge kuwwatly ýardam berýär. Milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösmeginde türkmen telekeçileriniň hyzmaty uludyr. Olar ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli taýýar önümler bilen üpjün etmekde we haryt bolçulygyny kemala getirmek işlerinde özleriniň saldamly goşantlaryny goşýar.

Türkmenistanda telekeçilik ulgamynyň gerimini giňeltmek, telekeçilik işine döwlet goldawyny bermek, telekeçileriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek, hususyýetçileriň ilat üçin täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny uzakmöhletli karz serişdeleri arkaly üpjün etmek işleri toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýe bolmak bilen, özüniň oňyn netijesini berýär. Döwletimiz telekeçiligi ösdürmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmek bilen, bu ulgamyň ýurduň jemi içerki önümçiliginde tutýan paýyny yzygiderli artdyrmagy, şunuň bilen baglylykda hem ilatyň girdejisini ýokarlandyrmagy nazarda tutýar.

Telekeçiler soňky ýyllarda yhlasly işjeňligi bilen ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmaga we işlerini döwrebaplaşdyrmaga uly goşant goşýarlar. Hususan-da, bu gün türkmen telekeçileri azyk senagatynyň köpugurly pudaklaryny işjeň giňeldýärler. Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň işiniň işjeňleşdirilmegi bilen, täze iş orunlary döredilýär, önüm öndürilişiniň görnüşleri we möçberleri artýar.

Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kuwwatly milli ykdysadyýeti döretmek döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan düýpli özgertmeleriniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halk hojalygynyň pudaklaryny tehnologik taýdan ösdürmek, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini ýola goýmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine möhüm orun degişlidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň netijeli hem-de sazlaşykly ösüşi, hususy başlangyçlaryň öňe sürülmegi üçin oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegi, eksport-import çärelerini geçirmegiň ýönekeýleşdirilmegi, ýeňillikli salgyt we karz ulgamlary onuň aýdyň subutnamasydyr. Telekeçiligi yzygiderli ösdürmek, içerki bazarlary ýerli önümçiligiň ýokary hilli harytlary bilen üpjün etmek, eksport önümleriniň möçberlerini artdyrmak, hususy telekeçiligiň ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet maksatnamasynda birnäçe toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutuldy. Ýakyn geljekde milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginlerine, daşary söwda dolanyşygynyň artmagyna garaşylýar. Maliýe-ykdysady we bank ulgamlaryndaky düýpli düzümleýin özgertmeleriň geçirilmeginde, şeýle hem bazar ykdysady şertlerinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň mundan beýläk-de durnukly we deňeçer ösüşine gönükdirilen maksatnamalary öz wagtynda ýerine ýetirmek ugrunda uly işler üstünlikli amal edilýär.

Döwletimiziň import strategiýasyny amala aşyrmakda telekeçilige möhüm ähmiýet berilmegini birnäçe sebäpler bilen delillendirip bolar. Birinjiden, häzirki döwürde hususy kärhanalar ýurdumyzda jemi hereket edýän kärhanalaryň dörtden üç bölegini düzýär. Bu maglumat hususyýetçilik ulgamynyň täze gymmaty döretmekde egsilmez çeşmedigini, ykdysady garaşsyzlygy üpjün etmegiň netijeli ýoly bolan bu syýasaty üstünlikli amala aşyrmakda onuň kuwwatly güýç bolup durýandygyny görkezýär. Ikinjiden, telekeçilik işi özüniň içki mazmuny boýunça ykdysadyýetde bolup geçýän özgerişliklere çalt seslenmek we tiz uýgunlaşmak häsiýeti bilen tapawutlanýar. Hut şu aýratynlyklar importyň ornuny tutýan önümçilikleri gysga wagtda döretmäge mümkinçilik bermek bilen, ýurdumyzyň içinde öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirýär. Ahyrky netijede, şeýle çäreleriň durmuşa geçirilmegi goşulan gymmaty ýokary bolan önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmegiň hasabyna milli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna getirýär.

Türkmenistanda işewür düzümler yzygiderli kämilleşdirilýär, häzirki zaman söwda toplumlary, dükanlar, dürli hyzmat ediş desgalary gurulýar. Bu söwda we bazar hyzmatlaryny ösdürmekde hususy işewürligiň aýgytly ornuny ýüze çykarýar. Telekeçiler gurluşyk serişdeleri, metal önümleri, durmuş himiýasy, elektrik enjamlary, mebeller, keramika we plastmassa önümleri hem-de beýlekiler ýaly ozal daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup biljek önümleri öndürmekde üstünlik gazanýarlar.

Kiçi we orta işewürlik ýurduň eksportyny ösdürmek boýunça hem uly mümkinçilige eýedir. Milli ykdysadyýetimizde öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary hilli, görnüşleri we bezeg aýratynlyklary boýunça daşary ýurtlardan getirilýän harytlardan pes bolmadyk önümleriň sanawy has-da giňeýär. Ýurdumyzyň içerki bazarlary we daşarky bazarlary süýt we süýt önümleri, towuk eti, ýumurtga, balyk we balyk önümleri, pomidor, hyýar, üzüm, mal eti, şöhlat önümleri, miwe şireleriniň we alkogolsyz içgileriň dürli görnüşleri, süýji-köke, bakja önümleri bilen üstünlikli üpjün edilýär.

Telekeçiler we hususyýetçiler ýurdumyzyň içerki bazarlarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen önümleri öndürmekde uly üstünlikleri gazanýarlar. Bu kärhanalaryň esasy bölegi gurluşyk materiallaryny, ýagny, çagyl we ýuwlan çägäni, keramiki we gazbeton kerpiçleri, mermer plitalary, polietilen turbalary, ýylylyk izolýasiýa harytlaryny we ýüzlerçe beýleki önümleri öndürýän kärhanalardyr. Türkmen telekeçileri halkara sergilerine yzygiderli gatnaşýarlar. Geçirilýän halkara söwda sergileri daşary ýurtlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmekde hem-de öndürijileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm orun eýeleýär. Döwlet bähbitli geçirilýän bu çäreleriň netijesinde daşary ýurtly işewürler bilen tejribe alyşmaklyga uly mümkinçilikler döreýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan şähergurluşygyna işjeň gatnaşyp, durmuş-medeni maksatly desgalaryň onlarçasyny gurýarlar.

Goý, ata Watanymyzy ösen döwletleriň hataryna çykarýan, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Ali KULIÝEW,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Içerki we daşarky bazarlarda haryt dolanyşygyny öwreniş müdirliginiň esasy hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20123

06.02.2021
Telekeçilikde müşderiniň we hiliň ähmiýeti (Ýaş telekeçilere maslahatlar)

«Daewoo» şereketini esaslandyran Kim Wu-Çonguň maslahatlary

■ Müşderiniň ynamyny gazanmakda satyjynyň müşderä berýän ünsi ilkinji orunda durýar. Şonuň üçin hem müşderini özüňe çekmekde hünärine ökde satyjylar hökmandyr.

■ Müşderi bir şereket bilen näçe köp işleşdigiçe, şonça-da şol şereketiň müşderiniň gözündäki gymmaty artýar. Hemişelik müşderiler şereketiň wagtyny tygşytlaýar, harytlaryň bahasy meselesinde az çekeleşýär we özi bilen täze müşderileri getirýär.

■ Müşderä hödürlenilýän hyzmat we harytlaryň hili ýokary bolmalydyr. Çünki harydyň bahasy tiz ýatdan çykýar. Emma hili welin hiç unudylmaýar.

■ Müşderi şereket üçin iň gymmatly adamdyr. Eger-de bir şereketiň müşderisi az bolsa, onda şol şereket müşderi bilen işleşmekde nogsanlyk goýberýändir.

■ Müşderi bilen nähili işleşmelidigini bilmek ýeterlik däl. Ony durmuşa geçirmek möhümdir.

■ Müşderä berilýän üns şereketiň geljegi bilen gös-göni baglanyşyklydyr.

■ Müşderi şereket üçin ýat adam däl-de, onuň bir bölegidir.

■ Müşderi bilen jedelleşmek şereketiň abraýyny pese gaçyrýar. Çünki jedelde siziňki dogry bolsa-da, zyýana galjak ýene sizsiňiz.

■ Müşderi ýolbaşçydyr. Çünki aýlygymyzy şol töleýändir.

■ Müşderiniňki hemişe dogry bolsa, hem şereket, hem-de müşderi öser.

■ Müşderilere güler ýüz beriň. Olar güler ýüzli hünärmenler bilen işleşmegi halaýandyrlar.

■ Müşderiniň talaplaryny ýerine ýetirmäge çalşyň. Çünki müşderiniň talaby şereketiň kämilleşmegine ýol açýar.

■ Uzak möhletleýin girdeji üçin gysga wagtlyk çykdajylardan gaçmaň!

■ Hil ýokarlandygyça, şereketiň çykdajysy azalýandyr. Hiliň gowulanmagy az çykdaja we ýokary önümçilige ýol açýar. Çykadyjynyň az bolmagy bilen harytlaryň bahasy hem arzanlaýar. Arzan baha müşderiniň ruhuny göterýär. Alyjynyň köp bolmagy şereketiň bazar paýyny artdyrýar.

■ Futbolda pökgini derwezä salmak üçin bir oýunçynyň ýeterlik bolmaýşy ýaly, telekeçilikde hem hiliň we girdejiniň ýokarlanmagynda ähli işgärleriň, şol sanda müşderileriň-de hyzmaty uludyr.

■ Harydyň bahasy bilen däl-de, hili bilen gyzyklanyň. Çünki hil müşderiniň keýpini göterer.

■ Hil telekeçiligiň ahlagydyr. Eger-de ynsany bezeýän onuň ahlagy bolsa, şereketi bezeýän hem onuň öndürýän önümleriniň hilidir.

■ Hilde iň soňky sepgit bolmaly däldir. Ol hemişe ýokarlandyrylmalydyr.

■ Hil girdeji gazanmakda iň az çykdajyly we iň ygtybarly ýoldur.

■ Hil bolmasa, harydyň bahasy hiç zatdyr. Müşderi harydy bir gezek alar. Soň golaýyna barmaz.

Taýýarlan Şageldi ÝABANOW,

«Nesil».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20129

06.02.2021
Ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Diýarymyzda geçirilýän giň gerimli ykdysady özgertmeler halk hojalygyny doly sanlylaşdyrmaga we ykdysady kuwwatymyzy mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilýär. Munuň özi ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga we ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyçlary bilen häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek babatda kadalaşdyryjy hukuk namalar kabul edilýär we maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Diýarymyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dürli görnüşli täze senagat kärhanalaryny gurmak, telekeçiligi we ätiýaçlandyryşy ösdürmek ýaly düýpli işler alnyp barylýar. Bu bolsa ykdysadyýeti ösdürmek işiniň halkara ülňülerine laýyklykda alnyp barylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ätiýaçlandyryş hyzmatlary ýokary derejede ösdürilýär. Degişli ugurdaky işler ýurdumyzda hereket edýän kanunlara laýyklykda netijeli alnyp barylýar. Bu iş bilen bagly bar bolan kanunlar esasynda Türkmenistanda meýletin we hökmany ätiýaçlandyryşyň görnüşleri kesgitlenendir.

Ýurdumyzda ätiýaçlandyryş işiniň we hyzmatlarynyň ösdürilmegi halkymyza döredilýän ajaýyp durmuş ýeňillikleri ýaly mümkinçiliklerde öz beýanyny tapýar. Muňa mysal edip, Türkmenistanda saglyk ätiýaçlandyrmasy bilen bagly döwlet hyzmatlaryny görkezmek bolar. Öz nobatynda ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň bu görnüşi halkymyza köp babatlarda oňaýly şertleri döredýär. Olar şypahanalarda, hassahanalarda saglyklaryny dikeldenlerinde, dermanhanalardan derman serişdelerini alanlarynda köp ýeňilliklerden peýdalanýarlar. Munuň özi häzirki döwürde ýurdumyzda ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň ösdürilmeginiň ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertine oňaýly täsir edýändigine güwä geçýär.

Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini has-da ösdürmekligiň ileri tutulýandygy ylym-bilim ulgamynda hem has-da aýdyň duýulýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlaryna bu babatda sapaklaryň okadylmagy degişli ugry döwrebap hünärmenler bilen üpjün etmek ugrunda-da işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn ylymly-bilimli hünärmenler hökmünde ýetişmegi bolsa, milli ykdysadyýetimizi geljekde has-da ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Bularyň ählisi milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Güljan ATAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20136

06.02.2021
Gurluşyk we senagat toplumynyň işini kämilleşdirmek möhüm döwlet wezipesidir

4-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahatda ýokary ösüş depginini saklamak, toplumyň ähli kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, umuman, ýubileý ýylynda döwletiň maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini artdyrmak üçin işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmaga degişli meselelere serediljekdigini belledi we maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňledi.

Ilki bilen gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymow ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ministrligiň işine düýpli nägilelik bildirdi hem-de gurluşykda öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, oňa ylmy esasda çemeleşmegiň wajypdygy, sebitiň seýsmik ýagdaýynyň nazara alnyp, olaryň ylmy taýdan esaslandyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.

Soňra gurluşyk we binagärlik ministri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň giňden belleniljekdigini, aýratyn-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenmelidigini belläp, şu mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy we bu babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ministr häzir Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, bu desgalaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga beriljekdigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kuwwatly senagaty döretmegi çaltlandyrmagyň wajypdygyna hem-de ministrligiň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, senagat we gurluşyk önümçiligini yzygiderli ösdürmegi, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň, aýratyn-da, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Iş maslahatynda energetika ministri Ç.Purçekow ýolbaşçylyk edýän pudagynda hem-de onuň düzümleýin bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudagyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi hem-de elektrik energiýasynyň önümçiligi, desgalaryň netijeli işi we olara edilýän hyzmatlar boýunça bellenen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýew ýolbaşçylyk edýän konserni tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we konserniň işine nägilelik bildirip, ýurdumyzda öndürilýän, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan himiýa önümleriniň möçberini artdyrmak, görnüşlerini giňeltmek boýunça işleriň depgininiň güýçlendirilmelidigini belledi.

Iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow geçen ýylda ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbini özgertmek, şäher ilatynyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzyň ähli görkezijiler babatda ýokary derejesine laýyk gelýän abadanlaşdyrylyşy we ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneler mynasybetli hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak boýunça maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Atamanow «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda institutda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iň gowy milli we halkara tejribeleri nazara alyp, ylym-bilim ulgamynyň depginini ösdürmek hem-de düýpli özgertmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu wezipeleri möhüm ugur hökmünde kesgitläp, institutda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmegi, ýaşlary okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagy we olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegine, ýokary hünärli ýaş işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gara ýollaryň gurluşygynda ulanylýan, ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli serişdeleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy bilen bagly meseläni öwrenmek boýunça rektora birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow institutda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlaryň bilim derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini belledi.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde durýan wezipelere laýyklykda, institutyň okuw maksatnamasyna has zerur ugurlar boýunça täze hünärleri girizmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda işler geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we rektora birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli düzümleriň önümçilik hem-de eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmek we olaryň işine berk gözegçiligi ýola goýmak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, halk hojalygy toplumynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşini saklamak üçin maksatnamalaýyn hereketleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de kärhanalaryň düşewüntliligi, olaryň ýokary önümçiligi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak boýunça bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemlemek bilen, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işini gowulandyrmak üçin has tijenip, tutanýerli zähmet çekmegiň wajypdygyny nygtady.

Ylmyň hem-de tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda pudaklaryň önümçiligine sanly ulgamlar giňden ornaşdyrylmalydyr. Önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň oňat peýda berýän, has netijeli usullary ulanylmalydyr. Bu önümçiliklere daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bellenen gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maslahata gatnaşyjylara anyk görkezmeleri berdi.

Soňra wise-premýer Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 17-nji tapgyryny gurmak barada teklip edilýän şekilleri görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalary, umuman, makullap, döwrebap dynç alyş düzümi döredilende ähli meseleleri göz öňünde tutmagyň, şol sanda ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagynyň wajypdygyny belledi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

«Daşoguz habarlary».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20113

05.02.2021