Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi has-da döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, döwrebap, ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär.
Sanly bilim ulgamy döwrebap innowasion tehnologiýalaryň çaltlyk bilen ösýän döwrüniň bilim ulgamynyň gurluşynda özboluşly aýratynlyga eýedir. Sanly elektron ulgamdaky okuw-usuly toplum bilim berlişiniň dürli basgançaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly peýdalanylýar. Bu okuw-usuly topluma elektron görnüşli okuw kitaplary, okuw gollanmalary, tejribelik boýunça gollanmalar, umumy we amaly okuwlar we dürli tejribeler boýunça usuly gözükdirijiler hem-de gündelik durmuşda söýlüp okalýan sanly elektron görnüşinde ýola goýlan gazetlerdir žurnallar degişli bolup durýar.
Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginde we barha kuwwatlanmagynda ýaşlaryň aň-düşünjeli, oýlap tapyjy, dörediji we gurujy intellektual bolup ýetişmekleri döwrüň möhüm talabydyr.
Bilim ulgamynda döwrebap ösen innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň barşynda bilim berlişiniň hil derejesiniň ýokarlanmagyny kepillendirýän, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan milli bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ýurdumyzyň ösüşiniň strategik ugrudyr. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy halk hojalyk toplumynda hem uly ähmiýete eýedir. Ol maglumatly sanly gurşawyň döredilmegine, sanly bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün edilmegine hem-de sanly bilim berilmeginiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we usullarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda hem talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan kämil baş çykarmaklary babatynda çuňňur bilim bermek maksady bilen, sanly ykdysadyýet dersi girizildi. Häzirki wagtda ylym-bilim, döwrebap, ösen innowasion tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Ýaşlaryň döwrebap bilimli, geljekde öz hünärleriniň ussatlary bolup ýetişmegi babatda bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirýäris.
Şatlyk MAMEDOW,
talyp.