«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 20 müň gektara gowaça eken Halaç etrabynyň ekerançylary gowaçalaryň hatarara bejergisine köpçülikleýin girişdiler. Her günde meýdana çykarylýan 140-a golaý kultiwator bejergi enjamlary asylan traktorlaryň kömegi bilen gowaçalaryň hatarara bejergisi ýokary hilli geçirilýär.
Irki ekiş geçirilen ýerlerde, eýýäm ýerden iki gulak bolup gögerip çykan ýaşajyk gowaçalar hatarlaryny deňläp, atyzlara gelşik berýär. Bu görnüş pagtaçy daýhanyň çeken zähmetiniň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. Gowaça ekişindäki üstünlikler daýhany indiki işlere ruhlandyrýar. Ol işler bolsa gämikläp çykan ýaşajyk gowaçalaryň hatar aralaryny bejermekden, soňra dökünläp, üç-dört ýaprak bolandan soň, ösüş suwuny bermekden ybaratdyr. Ine, şundan soň gününi sanap ösýän gowaçalar sähel wagtdan gülläp ugraýar. Şeýdip, biri beýlekisine berk bagly agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi bol hasylyň girewi bolup durýar.
— Ine, şu gowaça üns beriň, ol eýýäm üç ýaprak bolupdyr. Sähel wagtdan dördünji we bäşinji ýapraklar peýda bolar. Bu döwürde gowaça dessine dökün talap edip başlaýar. Şol döküni gijikdirmän berseň, gowaçanyň ok köki ýene-de aşak, çuňluga tarap uzaýar. Şol kök näçe uzyn bolsa, hasyllylyk şonça-da ýokary bolýar — diýip, etrabyň «Pelwert» daýhan birleşiginiň başlygy Ýolbars Durdyýew tejribeli kärendeçi Bagtyýar Ahmedowyň kärende ýerindäki gowaçalary görkezdi. Alty gektar meýdanda ekilen gowaçanyň «S-2606» sorty kemsiz gögeripdir. Daýanç Jumagulyýew, Aziz Rahmanow ýaly tejribeli mehanizatorlaryň ussatlygyny şundan hem görmek bolýar. Olaryň traktorlaryndan asylan kultiwator enjamlarynyň saz we bökdençsiz işlemegi köp derejede mehanizatora bagly. Aganyýaz Eýýekow, Babamyrat Rozyýew, Hangeldi Jumakulyýew ýaly tejribeli mehanizatorlar hem halypalaryň göreldesine eýerip, hatarara bejergide tutanýerlilik görkezýärler. Oba hojalygyna gelip gowuşýan täze, kämil tehnikalar we enjamlar mehanizatorlar üçin köp ýeňillikleri döredýär. Fransiýanyň «Monosem» kompaniýasynyň önümi bolan sekiz hatarly kultiwator enjamlary kompýuter arkaly dolandyrylýar. Şu ýyl Lebap welaýatynda şeýle kämil tehnikanyň 21-si meýdana çykaryldy.
Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler halaçly daýhanlaryň-da işe höwesini artdyrýar. Olaryň 67-si şu ýyl 99 ýyllyk möhlet bilen 779 gektar ýeri uzak möhletleýin kärendesine alypdyr. Şolaryň 38-si eýýäm öz alan ýeriniň 70 göterimine gowaça ekipdirler. Bu bolsa olaryň şu ýyl ýerden gowy hasyl alyp, görelde görkezjekdigine şaýatlyk edýär. Ýeriň dilini tapyp bilen daýhana ol zer eçilýär.
«Kämilligiň çägi ýok» diýlişi ýaly, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeler mydama oňyn netijeleri berýär. Şu ýyl Halaç etrabynyň hojalyklarynda gowaçanyň hatar aralarynyň 90 santimetr aralygynda ekilmegi-de gowy netijesini berer. Bu usul mehanizatorlar üçin-de, ekiniň özi üçin-de amatly. Gowaça şeýle usulda ekilse, pagtanyň süýümi-de ýokary bolýar. Galyberse-de, hasyllylyk artýar. Hut şonuň üçin-de etrabyň tejribeli daýhanlary her gektar ýerden 45 sentnere çenli hasyl alýarlar.
Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/27921